Sungat basgançaklary bilen öňe!
Sungata we döredijilige uly üns berilýän bagtyýar zamanda eziz Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan tutumly işlerini wasp edip, özleriniň ýürek buýsanjyny aýdym-saza siňdirýän ýaşlaryň sany az däl. Şolaryň biri hem Adylşa Tagandurdyýewdir. Sungata höwesli Adylşa körpelikden aýdym-sazyň inçe syrlaryny öwrenip başlaýar. Kakasy oglunyň zehinini açmak üçin kän zähmet siňdiripdir. Şonuň üçin hem Adylşa kakasyny ilkinji halypasy hasaplaýar we onuň ynamyny ödemek üçin sungat äleminde üstünlik gazanmagy arzuw edýär. Adylşa ikinji synpda okaýan döwründe Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanylyp geçirilen aýdym-saz bäsleşiginde birinji orny eýeleýär. Ilkinji üstünligi ony has-da hyjuwlandyrýar we onuň çagalar sungat mekdebinde okuwyny dowam etdirmegine sebäp bolýar. Bu ýerde ol fortepianodan sapak alyp başlaýar. 2014-nji ýyldan başlap, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň halk saz gurallary bölüminde okuwyny dowam etdirýär. Adylşa akkordeon saz guraly boýunça halypa mugallymlary Öwezmyrat Amanmyradowyň, Aknur Hojagurbanowanyň we Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gülşat Ödenyýazowanyň ýolbaşçylygynda «Güneş» çagalar hor toparynyň düzüminde birnäçe döwlet çärelerine gatnaşdy. Häzir bolsa Halk saz gurallary bölüminiň «Joşgun» akkordeonçylar toparynda ukypdyr zehinini taplaýar.