"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ruhubelent nesiller

Golaýda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebinde 2020 — 2021-nji okuw ýylynyň jemi boýunça hasabat konserti geçirildi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramçylygynyň dabaralary bilen utgaşan konserte mekdebiň okuwçylary, mugallymlary, sungatyň köpsanly muşdaklary hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy. Konsert «Watan» kinokonsert merkeziniň ajaýyp zalynda «Aşgabat» aýdymynyň ýaňlanmagy bilen açyldy. Mekdebiň «Altyn serpaý» skripkaçylar toparynyň we ýaşajyk aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymy uly şowhun bilen garşylandy. Dabaranyň dowamynda türkmen halk aýdymlary, türkmeniň nusgawy we daşary ýurt kompozitorlarynyň sazlary bilen bir hatarda, mekdebiň ýaş mugallymlarynyň döreden eserleri hem ýaňlandy. Uly şowhun bilen geçirilen konsertde mekdebiň «Paýtagt» dutarçylar toparynyň, «Buýsanç» üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary toparynyň, «Ruhubelent bilbiller», «Bagtyýar nesil» hor toparynyň ýerine ýetiren sazlary uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Konsert hor toparynyň ýerine ýetiren «Aşgabat» aýdymy bilen tamamlandy.

Terbiýe — bagtyň gözbaşy

Edep adamyň bütin ýaşaýşynyň dowamynda onuň şahsyýetine berilýän mynasyp bahadyr. Ajaýyp edim-gylymlardyr däp-dessurlar bilen dünýä injek çaganyň ruhy barlygy terbiýelenip başlanyşyna, ol dünýä inensoň hem terbiýe ýagşy görüm-görelde, öwüt-ündew bilen dowam etdirilipdir. Bu babatda halkymyzyň arasynda giňden ulanylýan «Çaga eziz, edebi ondan-da eziz» diýen pähimli jümlä eýerilipdir. Çünki edep-terbiýe çaganyň geljekki ykbalynyň, onuň nähili adam bolup ýetişjekdiginiň hem kesgitleýjisi bolupdyr. Hut şonuň üçin-de ene-ata öz perzendini hem gowy görüm-görelde gören çaga bilen tirkeşdirenini gowy görüpdir. Il arasynda «Pylanynyň ogly ýa-da gyzy edepli, terbiýe gören ýeriň çagasydyr, ony dost tutunyp ýalňyşmarsyň» ýa-da gudaçylyk gatnaşyklarynda «Pylanylaryň gapysyny kaksaňyz ýalňyşmarsyňyz, adam çykýan ýerlerdir» diýen ýaly jümlelere ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Munuň özi ýöne bir aýdylyp goýberiläýen jümleler bolman, eýsem halkymyz tarapyndan edep-ekrama näderejede beýik hormat goýulýandygynyň beýanydyr.

Ussat sazandanyň sarpasy

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň at gazanan artisti, gyjakçy sazanda Oraz Saryýewiň doglan gününiň 105 ýyllygy mynasybetli edebiýat agşamy geçirildi. «Syrly mukam» ady bilen geçirilen edebiýat agşamyny welaýat kitaphanasynyň ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölümi hem-de N.Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebi bilelikde gurady. Oňa kitaphana işgärleridir okyjylary, welaýat häkimliginiň 6-njy başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyplary hem-de mugallymlary gatnaşdy. Edebiýat agşamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen aýdym-saz sungatynyň döwrebap röwüşde ösýändigi we dünýä çykýandygy, milli medeniýetimizde, sungatymyzda öçmejek yz galdyran halypalaryň, ussatlaryň sarpasynyň belentde tutulýandygy barada täsirli gürrüň berdiler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşan ussatlaryň döredijilik ýollarynyň düýpli öwrenilýändigi, ata-babalarymyzdan gelýän halypa-şägirtlik mekdebiniň döwrebap dowam etdirilýändigi, munuň özi döredijilik äleminde täze zehinleri ýüze çykarmaga we milli sungatymyzy has belentliklere götermäge ýardam edýändigi barada aýdylanlar çärä gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi.

Arkadagyň ak şäheri Aşgabat

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň kal­by­nyň toý­du­gy­ny, şat­lyk­dy­gy­ny, bar­lyk­dy­gy­ny, baý­ram­dy­gy­ny bir ge­zek däl, on­lap-ýüz­läp gaý­ta­la­ýan­dy­ryn, gaý­ta­la­ry­nam. Şeý­le­di­gi ge­rek bi­ze. Adam dün­ýä inen­de şol gym­mat­ly­ga teş­ne bo­lup gel­ýär. Is­le­gi şol­dur, ide­gi şol­dur. San­ly öm­rüň so­ra­gy ol, go­ra­gy ol.Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­nyň, Aş­ga­bat şä­he­ri­mi­ziň dö­re­dil­me­gi­niň 140 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­ly bel­len­jek­di­gi­ni öňün­den ha­bar ber­ýän­li­gi diý­ýä­ni­mi do­ly tas­syk­la­ýan­dyr. Ar­ka­da­gyň ak şä­he­ri Aş­ga­ba­dyň dün­ýä­de ak mer­mer bi­len ör­tü­len bi­na­la­ryň has köp top­la­nan şä­he­ri hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­me­gi bol­sa, sun­gat ese­ri­ne öw­rü­len paý­tag­ty­my­zy dün­ýä ta­nat­dy. Beýikler baryny bar eýläp bilýär,Merdi bilen Watan Watan bolýandyr.Şeýdibem,                 müňläp ýyl ýaşan il gelýär,Adygyban giň jahana dolýandyr.

Aýdyma öwrülen ömür

Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň adyny eşideniňden, gulagyňda ajaýyp bir aýdym ýaňlanyp giden ýaly bolýar. Munuň özi halypanyň diňe sungat adamy bolandygy üçin hem bolsa bolýandyr, ýöne esasy zat özüniň sungaty, manyly ömri bilen ýüreklerde baky orun alandygyndan bolsa gerek diýip oýlanýarsyň. Ähli sungat adamlaryna beýle bagt miýesser edip durmaýar. Munuň üçin bolsa öz sungatyň bilen Watanyňa, halkyňa bolan söýgiňi giňden beýan etmegi, sungatyň bilen söýginiň dilinde gürlemegi başarmaly. Maýa Kulyýewa şony başarypdy. Eger aýatda diri bolan bolsa, ol şu gün 101 ýaşamalydy. Baharyň şu joşgunly günlerinde, paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halypa hakda söhbet etmegiň ýakymy-da, ähmiýeti-de has başgaça. Çünki Aşgabat hakda ilkinji aýdymlaryň birini aýdan Maýa Kulyýewadyr. Şahyr Gara Seýitliýewiň goşgusyna döredilen şol aýdymyň sözleri öňräk, has anygy, ýylyň başraklarynda gazetimizde çap edilipdi.

Keşbine aklyk siňen

Durmuş hakykatyny, pederlerimiziň ýaşaýyş-durmuş tejribesini özüne siňdiren, atalar sözlerine, nakyllara öwrülip, aňymyzy-ruhumyzy milli ruhda terbiýelemekde ähmiýetli bolan dürdäne sözler näçe diýseň bar. Olaryň biri-de «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen jümledir. Bu umman ýaly manyny aňladýan jümle halkymyzyň ykbalynyň düýp özenine öwrüldi. Ak daňlary aklyk bilen garşy alýan halkymyzyň alny aklyga tarap. Aýdyň ýollary aklyga uzaýan, gujagyny ak guw kimin ak binalar bezeýän, ertekileriň wysal bolan mekany — Aşgabat!

Bu meniň Watanym, Türkmenistanym!

Dost-doganlyk, asudalyk mekany,Bu meniň Watanym, Türkmenistanym!Parahatlyk bilen bagta ýetenim,Bu meniň Watanym, Türkmenistanym! Garagumy, akyp ýatan gazy bar,Deňiz-derýa, «Altyn asyr» köli bar.Behişt kibi sowulmajak ýazy bar,Bu meniň Watanym, Türkmenistanym!

Begenç gözýaşlary

(Oýlanma) Sen juda mähriban hem eziz! Sen hakdaky ýatlamalar dünýäme dolanda ýylgyranymy duýman galýaryn. Ynanýaňmy, ynanmaýaňmy, bilemok, uzakly günümi sen hakda pikirlenip, seni ýatlap geçirýärin. Bütin süňňüm, durkum bilen saňa berilýärin. Ýöne, näme üçindir, bu zatlaryň ählisi meniň häzirlikçe diňe içki dünýämde ýaşaýar. Çünki men saňa öz söýgimi aýan edip bilemok, diýseň ejap edýän. Belki, muňa gyz çekinjeňligi, uýat-haýam ýol berýän däldir. «Hakyky söýgi erbetligi gowulyga öwrüp bilýär» diýleni çyn eken. Öňler sen başga adamdyň, indi welin, düýbünden başga — diýseň ýumşak, alçak, şadyýan... Dogrymy aýdaýyn, gözlerime göni bakan wagtyň men senden juda utanýan! Şonuň üçinem, eger-de, aňýan bolsaň, saňa öz söýgimi gözlerim bilen aýan edýärin.

Oba medeniýet öýi halkyň hyzmatynda

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi ösdürmek, halkymyza hödürlenilýän medeni hyzmatlaryň gerimini giňeltmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap teatrlar, muzeýler, kitaphanalar, medeniýet öýleri we döredijilik merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Etrap merkezlerindäki we oba ýerlerindäki medeniýet öýleri milli binagärlik däplerini häzirki zaman ösen tehnologiýalar bilen utgaşdyrmak esasynda bina edilýär. Bu aýdanlarymyza S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Altyn ýol geňeşliginiň oba medeniýet öýüni mysal getirse bolar. Bu medeni maksatly bina 2014-nji ýylda ulanylmaga berlip, halkymyzyň medeni mirasyny, milli medeniýetini ösdürmekde önjeýli iş alyp barýar. Oba medeniýet öýüniň döredijilik toparlary galla oragy, pagta ýygymy döwürlerinde zähmetkeş babadaýhanlara medeni hyzmatlaryny hödürläp, olaryň armasyny ýetirýärler. Şeýle hem bu ýerde tans we çeper okaýyş gurnaklary hereket edýär. Olara ýaşlar we mekdep okuwçylary höwes bilen gatnaşýarlar. Oba medeniýet öýüniň döredijilik toparlary taýýarlaýan şowhunly çykyşlary bilen etrap, welaýat derejesinde geçirilýän medeni çärelerde işjeňlik görkezýärler. Medeniýet öýünde oba ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmaga, ukyplaryny ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin geňeşligiň bagtyýar ýaşaýjylary örän hoşal bolýarlar. Oba medeniýet öýüniň gi

Nebsiňi bir işe meşgul etmeseň...

Dessine bitirilmeli zerur işler ýüze çykmadyk halatynda «Dynç alyş güni ukudan biraz gijräk galksagam bolar» diýip, özüňizi arkaýynlyga salan gezekleriňiz boldumy? Ýa-da käteler «Birazajyk boş wagtym bolsa, ýatsam, hezil edip dynç alsam» diýmäňiz barmy? Hamana, köp ýatsak, boş wagtymyz köp bolsa, köp dynç alaýjak ýalydyrys, ýöne daň atandan soň-a, ýorganyň özünden beter düýrlenseň-de, peýda ýok, gaýta öňküdenem argyn halda oýanýarsyň. Eger şeýle bolsa, bu ýagdaý bizde heniz doly terbiýelenmedik nebsiň bardygynyň alamaty. Wagta kembaha garamak duýgusy hem-de ýaramaz islegleriň ählisi terbiýesiz nebsiň islegleridir. Aýtmaklaryna görä, ynsanyň içinde «nebis» atly seýislenmedik ummasyz uly güýç bar — daglary ýerinden gobsundyryp biljek, ýöne baş öwretmeseň, başbermezek sarç güýç. Şol bir zatdan tiz bez bolýan, üstesine ýaltalyga we ýaramazlyga ýykgyn edýän närse. Nebis güýjüni owsarlamasaň, oňa diýeniňi etdirip bilmeseň, ol saňa öz hökümini ýöredip başlaýar. Sähel «haý-küşüňe» «hä» berjek gümany ýok. Ugruna goýberdigiň — işiň gaýtdygy. Terbiýelenmedik nebsiň alamatlary: haýyr işlere hergiz ilgezik ýapyşmaz — ýaltandyrar, etmezlige bahana gözleder we tapybam berer, emma wagtyňy bimany ötürtjek biderek oýun-güýmenjeler, ähmiýetsiz kino-seriallar, dawa-jenjel, gep-gybat ýaly zeleli, zeperi, zyýany ýetik zatlara welin maýyl eder durar. Muňa garamazdan, täsin tarapy, nebsiňi gowy terbi

Açyk göwünli Aşgabat

25-nji maýda esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy uludan toýlanjak mermer şäherimiz Aşgabat hemişe dünýäniň tanymal şahsyýetleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň üns merkezinde bolupdyr. Dürli ýyllarda Aşgabatda bolup görmek miýesser eden daşary ýurtlaryň belli alymlary, medeniýet we sungat işgärleri, syýasy-jemgyýetçilik wekilleri Watanymyzyň ýüregi bolan mermer paýtagtymyz hakynda ýakymly ýatlamalary galdyrypdyrlar. 1955-nji ýylyň 9 — 23-nji iýuny aralygynda Hindistanyň ozalky Premýer-ministri Jawaharlal Neru hem-de onuň gyzy Indira Gandi şol döwürde Sowet Soýuzynyň düzümine giren Gruziýa, Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan Respublikalaryna saparda bolýarlar. Şeýle-de, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa, Sankt-Peterburg, Swerdlowsk, Magnitogorsk şäherleri we Altaý ülkesi bilen ýakyndan tanyş bolýarlar.

«E-S-iň» arhiwinden

«Mukamyň syry» çeper filminiň surata düşüriliş pursaty.

Pir pugtadan bereket

Çörek ýapylanda: Bismilla pir Pugta,Nan bişýänçä sen togta

Meşhur skripka ussalary

XVI — XVII asyrlarda Ýewropa ýurtlarynda skripka ussalarynyň iri mekdepleri kemala gelipdir. Olaryň arasynda italýan skripka mekdebiniň wekilleri has uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu mekdebiň iň meşhurlary Kremonaly Amatiler, Gwarneriler we Stradiwariler maşgalalarydyr. Amati. Kremona şäherinde ýaşap geçen skripka ussasy Andrea Amati 1530-njy ýylda dogany Antonio bilen ussahana açyp, alt, wiolonçel, skripka öndürip ugraýar. Onuň saz gurallarynyň bize gelip ýetenleriniň iň irkisi 1546-njy ýylda ýasalypdyr. Amatiniň beýleki ussalardan tapawudy häzirki zaman görnüşdäki skripkany ilki bolup öndürendigidir. Häzire çenli üýtgewsizligine galan ol skripkalardaky özgertmeler, esasan, ses çykaryş güýji bilen baglanyşyklydyr. Kakalarynyň kesbini dowam eden Antoniodyr Jirolamonyň ýasan skripkalary has nepis, sesi ýakymly bolupdyr. Jirolamonyň ogly Nikolo köpçülikleýin çykyşlara niýetlenen skripkany döredip, atasynyňka görä saz gurallaryny ses, daş görnüş babatda has kämilleşdirýär.

Merjen şäherimiziň waspy

Babadaýhan etrabynda tebigatyň gözel künjeginde «Aşgabat — Aziýanyň göwher gaşy» ady bilen dabara geçirildi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan dabarany etrabyň medeniýet bölümi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa medeniýet işgärleri we çeper höwesjeňler gatnaşdy. Dabarada Arkadagly döwrümizde günsaýyn özgerýän Aşgabadyň şanyna uludan tutuljak şanly toýuň ähmiýeti, baş şäherimiziň ösüşleri, onda ildeşlerimiziň ýokary amatly şertlerde ýaşamagy we zähmet çekmegi ugrunda döredilen ajaýyp şertler barada buýsançly gürrüň edildi hem-de paýtagtymyzy sebitiň nusgalyk şäherine öwrendigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

Hormata mynasyp halypa

Mydama döredijilik gözleglerinde bolýan medeniýet we sungat işgärleriniň her bir tutumly işi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe rowaçlyga beslenip, olar il-günüň söýgüsine mynasyp bolýarlar. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmek, täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşiklerem munuň aýdyň subutnamasydyr. Welaýat medeniýet müdirliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde geçiren «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly bäsleşigi-de şolaryň biri boldy. Bu bäsleşigiň esasy maksady türkmen milli dutar saz guralynyň ýasalyş usullaryny, tärlerini, bu ugurdaky halk tejribesini öwrenmekden, dutarda dürli ýerine ýetirijilik ugurlaryny, däplerini ösdürmekden, halk arasyndan ussat sazandalaryň, bagşylaryň we senetkärleriň baý tejribesini özünde jemleýän ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, halkymyzyň baý mirasyny wagyz etmekden, dutar ussalarynyň hünär ussatlygyny, döredijilik ukybyny kämilleşdirmekden ybarat boldy. Bäsleşigiň «Dutar ýasamak senetçiligi» ugry boýunça welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Türkmen milli saz gurallary» bölüminiň halypa mugallymy Şamämmet Seýitmämmedow dutar saz guralynyň taýýar görnüşini we onuň kädisiniň, sapynyň, gapagynyň taslama görnüşini örän ussatlyk bilen taýýarlap, birinji orna mynasyp boldy.

Beýik şahyra belent sarpa

Türkmen — dünýä medeniýetine, edebiýatyna, sungatyna uly goşant goşan, ençeme beýik şahslary döreden halk. Şol beýik şahslaryň biri-de türkmeniň milli guwanjyna, buýsanjyna öwrülen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. Magtymguly Pyragynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda önüp-ösüp, kemala gelmegi-de, megerem, ýöne ýerden däldir. Çünki ol ýerler Allanyň nazar salan keramatly topragydyr, ýurdumyzyň tebigy gözelliklere iň baý, owadan künjekleriniň biridir. Şahyrlaryň dilleriniň senasy bolan Magtymguly etrabynyň daglarynyň özem aýratyn tarypa mynasypdyr. «Eger gudrat göreý diýseň, daglara bar, daglara» diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar ahbetin.

Aýdym-sazly Watanym

«Çagalar, siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşant goşmak üçin mydama döredijilik gözlegle-rinde bolmalysyňyz. Bilim-ukybyňyzy, zehiniňizi okuwda, aýdym-saz, sungat äleminde, çeper döredijilikde uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirmelisiňiz we milli sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz» diýip nygtaýan eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ata Watanymyz çaga gülküleriniň, aýdym-sazyň belentden ýaňlanýan ýurdy hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan güneşli ülkämizde medeniýet ulgamynyň ösmegi, ýaş nesilleriň sungatyň islendik ugrundan kämil bilim almaklary, ukyp-başarnygyny açyp görkezmek-leri, zehinleriň ýüze çykmagy, aýdym-saz bäsleşikleriniň ýokary derejede geçirilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Aýdym-saz her bir ynsana ruhy lezzet berýär. Bagtyýar nesilleriň ýüreklerinden çykýan aýdym-sazlaryny diňlemekligiň lezzeti hasam üýtgeşik. Ýurdumyzda şirin owazly ýaşajyk aýdymçylaryň barha artýandygy bolsa, bizi örän buýsandyrýar. Bu günki günde aýdym-saz, döredijilik äleminde ýaş nesilleriň arasynda ýokary derejede guralýan bäsleşikler zehinli körpeleriň ýüze çykmagyna ýardam berýär. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ýaş nesillerimiz Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini, ata Watanymyzyň ýetýän sepgitlerini, gazanýan üstünliklerini jo

Ýol bir täsin guýa eltdi

Biz onuň gürrüňini üýşmeleňde obaly ýaşuludan eşidipdik. Dördimiziňem göwnümiz gowulygyň, gözelligiň aşygy bolansoň, şol ýere ýörite gitmegi maslahat edipdik. Dynç günleriniň birinde hem islegimiz hasyl bolupdy. Ulagdan düşdük. Ajaýyp ýaz howasy. Ýaşyl öwüsýän Zemin şatlygy gursagyna sygmaýan naşyja guşlaryň owazyna meýmiräp ýatyr. Bir zamanda oba mesgen tutan ýer. Oglanlaryň biri: «Munda näçe gara öý bolduka?» diýip, özbaşyna gepleýär. Her kim öz pikirini aýdýar. Beýlekisi: «Gulagyma goýun-guzynyň mälemesi, köşegiň bozlamasy, itiň haýbatly üýrmesi eşidilýän ýaly» diýýär. Biz onuň aýdanyna goşulýarys.

Kalbynyň owazyn saza siňdirip

Batyr Soltanow indi köp ýyldan bäri welaýat ýörite sungat mekdebinde sungata ykbalyny baglan talyplara bilim bermek bilen birlikde döredijilik äleminde hem öz mynasyp ornuny giňeltdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenilip neşir edilen «Türkmen kompozitorlary» atly okuw kitabynda halypa kompozitorlaryň hatarynda Batyr Soltanowyň döredijiligine bagyşlanan ýörite bölümiň ýerleşdirilmegi hem onuň işleriniň ýokary baha mynasypdygyny görkezýär. Biz hem Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi bolan Batyr Soltanowyň döredijiligi we geljekki maksatlary bilen gyzyklanyp, onuň bilen söhbetdeş bolduk. ― Söhbedimiziň başyny sungat älemine gelşiňiz baradaky gürrüňden başlaýalyň!