Hünärli nesiller — halkymyzyň guwanjy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly bäsleşik geçirildi. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda guralan bu bäsleşik ösüp gelýän nesliň köp zähmeti we sabyrlylygy talap edýän el işlerini kämilleşdirmeklerine bagyşlandy. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri çagalarynyň beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolmaklaryna, nesil terbiýesine uly ähmiýet beripdir. Olarda zähmetsöýerligi, dogruçyllygy, mertligi, ululara hormat goýmagy kemala getiripdir. Çagalara edep bermekde, milli ahlak kadalarynyň birkemsiz berjaý edilmeginde we olary nesilden-nesle geçirmekde türkmen zenanlarynyň orny örän uly bolupdyr.