"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýa­man­du Or­si ýe­ňiş ga­zan­dy

24-nji no­ýabr­da Urug­waý­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da «Giň front» bi­le­le­şi­gi­niň da­laş­gä­ri Ýa­man­du Or­si ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu ba­ra­da ýur­duň Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry ha­bar ber­di. Or­si üçin 942 müň 470 (49 gö­te­rim) saý­law­çy ses ber­di. Onuň bäs­de­şi, do­lan­dy­ry­jy mer­ke­zi sag­çy «Blan­ko» par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Al­wa­ro Del­ga­do bol­sa, 898 müň 767 (46 gö­te­rim) adam ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­dy. Del­ga­do saý­law­da ýe­ňi­len­di­gi­ni bo­ýun al­dy we bäs­de­şi­ni gut­la­dy. Urug­wa­ýyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Lu­is La­kal­ýe Pou hem Or­si­ni ýeň­şi bi­len gut­la­dy. Saý­law­la­ra gat­na­şyk 90 gö­te­ri­me deň bol­dy. 2015-nji ýyl­dan 2024-nji ýy­la çen­li Ka­ne­lo­nes de­par­ta­men­ti­niň hä­ki­mi bo­lup iş­län Ýa­man­du Or­si je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­re­şi özü­niň ile­ri tu­t­ýan ugur­la­rynyň bi­ri ha­sap­la­ýar. Sy­ýa­sat­çy tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­me­gi we pes gir­de­ji­li iş­çi­ler üçin aý­lyk hak­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gy wa­da ber­ýär. Ol da­şa­ry sy­ýa­sat­da, se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de in­teg­ra­si­ýa pro­ses­le­ri­ni çalt­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny ile­ri tut­ýar. Urug­wa­ýyň saý­la­nan Pre­zi­den­ti­niň ka­sam ka­bul ediş da­ba­ra­sy 2025-nji ýy­lyň 1-nji mar­tyn­da bo­lar.

Ru­my­ni­ýa Pre­zi­den­ti­ni saý­la­ýar

24-nji no­ýabr­da Ru­my­ni­ýa­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da 22,94 gö­te­rim ses bi­len ga­raş­syz da­laş­gär Ke­lin Jor­jes­ku ýe­ňiş ga­zan­dy. Ikin­ji orun­da 19,18 gö­te­rim ses bi­len «Ru­my­ni­ýa­ny ha­las ediş bi­le­le­şi­gi» li­be­ral par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ýe­le­na Las­ko­ni gel­ýär. So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­­nyň baş­ly­gy Prem­ýer-mi­nistr Mar­sel Ço­la­ku 19,15 gö­te­rim ses alyp üçün­ji or­ny eýe­le­di. Aşa sag­çy da­laş­gär «Ru­myn­la­ryň ag­zy­bir­li­gi üçin bi­le­le­şi­giň» baş­ly­gy Jorj Si­mi­on 14,18 gö­te­rim ses bi­len dör­dün­ji orun­da gel­ýär. Saý­law­la­ra gat­na­şyk 52,40 gö­te­ri­me deň bol­dy. 62 ýaş­ly Ke­lin Jor­jes­ku­nyň bi­li­mi bo­ýun­ça ag­ro­nom­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Ol 2000-nji ýyl­la­ryň or­ta­la­ryn­da ýur­duň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň bö­lüm­le­ri­niň bi­ri­ne ýol­baş­çy­lyk et­di, soň­ra BMG-de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça dür­li we­zi­pe­ler­de iş­le­di. Dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça bi­ler­men hök­mün­de ta­nal­ýan Jor­jes­ku bir­nä­çe ge­zek Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ne da­laş­gär gör­ke­zil­di.

Ulsan «wo­do­rod şä­he­ri­ne» öwrüler

«Hy­un­dai Mo­tor» Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Ul­san şä­he­ri­ni «wo­do­rod şä­he­ri­ne» öwür­mek üçin şä­he­riň hä­ki­mi­ýet­le­ri bi­len hem­me­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk et­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Şu mak­sat bi­len «Hy­un­dai Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy we ýur­duň Ul­san şä­he­ri­niň hä­ki­mi­ýet­le­ri şä­her­de wo­do­rod ekoul­ga­my­ny dö­ret­mek üçin öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma gol çek­di­ler. Şert­na­ma­nyň mak­sa­dy wo­do­ro­dy ön­dür­mek, sak­la­mak, da­şa­mak we ulan­mak üçin ze­rur inf­rast­ruk­tu­ra­ny ös­dür­mek­den yba­rat. Res­mi­na­ma gol çek­mek da­ba­ra­sy «Hy­un­dai Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň baş mü­di­ri Li Don So­kuň we Ul­sa­nyň hä­ki­mi Kim Du Gýo­myň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­di. Ta­rap­lar aras­sa wo­do­rod önüm­çi­li­gi, şol san­da suw elekt­ro­li­zi ugur­la­ryn­da hem-de wo­do­rod ulag­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­dy­lar. Esa­san hem, «Hy­un­dai Mo­tor» ýük gat­naw­la­ry üçin wo­do­rod tir­keg çe­ki­ji­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär, bu bol­sa daş­ky gur­şaw ba­bat­da aras­sa lo­gis­ti­ka ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Masud Pezeşkianyň karary

Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti Ma­sud Pe­zeş­ki­an hö­kü­met mas­la­ha­tyn­da Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty­ny gö­çür­mek bo­ýun­ça me­ýil­na­ma­nyň üs­tün­de iş­le­nip baş­la­nan­dy­gy­ ba­ra­da ha­bar ber­di. Bu ba­ra­da IS­NA gul­lu­gy ha­bar ber­di. Maglumatlara gö­rä, Pre­zi­dent Pe­zeş­ki­an me­ýil­na­ma­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça jo­gap­kär­li we­zi­pä­ni bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Mu­ham­met Re­za Are­fe ynan­dy.

Lit­wa­nyň tä­ze Prem­ýer-mi­nist­ri

Lit­wa­nyň par­la­men­ti ýur­duň So­si­al-de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Gin­tau­tas Pa­lu­ska­sy Hö­kü­met baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne tas­syk­la­dy. Pre­zi­dent Gi­ta­nas Nau­se­da onuň bu we­zi­pä bel­le­nil­ýän­di­gi ba­ra­da ka­ra­ra gol çek­di. Gin­tau­tas Pa­lus­kas 2020-nji ýyl­dan bä­ri hö­kü­me­te ýol­baş­çy­lyk eden Ing­ri­da Şi­mo­ni­te­niň ýe­ri­ne geç­di. Pa­lus­kas ýur­duň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan 19-njy hö­kü­me­tiň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne hö­dür­len­di. Gin­tau­tas Pa­lu­ska­syň da­laş­gär­li­gi­ni 88 de­pu­tat gol­da­dy, par­la­men­tiň 36 ag­za­sy gar­şy çyk­dy, 6 adam sak­lan­dy.

Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň tä­ze dü­zü­mi

Ýew­ro­pa par­la­men­ti ta­ra­pyn­dan Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň tä­ze dü­zü­mi do­ly ma­kul­lan­dy. Bu ba­ra­da «Po­li­tico» ne­şi­ri Ýew­ro­pa Par­la­men­tin­dä­ki çeş­me­le­ri­ne sal­gy­la­nyp ha­bar ber­ýär. Şeý­le­lik bi­len, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň 26 täze ko­mis­sa­ry­nyň hem­me­si gel­jek bäş ýyl­lyk möh­let üçin tas­syk­lan­dy. Bu bol­sa, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň tä­ze dü­zü­mi­niň 1-nji de­kabr­da işe baş­la­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Ne­şir­de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýe­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Ýew­ro­pa halk par­ti­ýa­sy­nyň ko­mis­sar­la­rynyň 26 orun­dan 14-si­ne eýe bo­lan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.

Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na da­laş­gär bol­dy

War­şa­wa­nyň hä­ki­mi Ra­fal Tşas­kows­kiý içer­ki par­ti­ýa saý­law­la­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Şeý­le­lik­de ol «Ra­ýat plat­for­ma­sy» par­ti­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky do­lan­dy­ry­jy bi­le­le­şik­den Pol­şa­nyň pre­zi­dent­li­gi­ne da­laş­gär bol­dy. Tşas­kows­kiý ses­le­riň 74,75 gö­te­ri­mi­ni, bäs­de­şi da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­dos­law Si­kors­kiý bol­sa 25,25 gö­te­rim ses al­dy. Içer­ki par­ti­ýa saý­law­la­ry 22-nji no­ýabr­da ge­çi­ri­lip, ne­ti­je­le­ri 23-nji no­ýabr­da mä­lim edil­di. Tşas­kows­kiý 2017-nji ýy­lyň ahy­ryn­da «Ra­ýat plat­for­ma­sy» we «Hä­zir­ki za­man» par­ti­ýa­la­ry ta­ra­pyn­dan 2018-nji ýyl­da­ky ýer­li saý­law­lar­da War­şa­wa­nyň hä­kim­li­gi­ne da­laş­gär hök­mün­de hö­dür­len­di. Şon­da ol ýe­ňiş ga­zan­dy we 2024-nji ýyl­da Pol­şa­nyň paý­tag­ty­nyň hä­ki­mi we­zi­pe­si üçin ge­çi­ri­len saý­law­lar­da bäs­deş­le­rin­den öňe saý­la­nyp, ikin­ji ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu Tşas­kows­kiý üçin Pol­şa­nyň Pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­mak üçin ikin­ji sy­na­ny­şy­gy­dyr. Ol il­kin­ji ge­zek 2020-nji ýyl­da, saý­law­la­ryň ikin­ji tap­gy­ryn­da ýur­duň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti An­jeý Du­da­dan as­gyn gel­di. 22 müň­den gow­rak ada­myň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len des­lap­ky bäs­le­şik­de, Tşas­kows­ki­niň bäs­de­şi da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­dos­law Si­kors­kiý bol­dy. Si­kors­kiý 1992-nji ýyl­da Pol­şa­nyň go­ran­mak

Dünýä täzelikleri

Alym­la­ryň tä­ze mak­sat­na­ma­sy. Halkara alym­lar topary Plu­ton ul­ga­my­ny we Koý­per gu­şa­gy­ny öw­ren­mä­ge gö­nük­di­ri­len «Per­sep­ho­ne» mis­si­ýa­sy­nyň tas­la­ma­sy­ny hö­dür­le­di­ler. 2031-nji ýyl­da uçu­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän en­jam Plu­to­nyň we Ha­ro­nyň üst­ki hem-de iç­ki gur­lu­şy­ny öw­re­ner. 31 ýyl do­wam et­jek mis­si­ýa­nyň ba­ha­sy 3 mil­liard dol­la­ra deň. Iň uly di­no­zaw­ryň ske­le­ti sa­tyl­dy. Pa­riž­iň «Col­lin du Bocage» auk­si­on öýün­de ýa­şy 150 mil­li­on ýy­la deň bo­lan di­no­zaw­ryň ske­le­ti 6 mil­li­on ýew­ro sa­tyl­dy. Ol dün­ýä­dä­ki auk­si­on­lar­da hä­zi­re çen­li sa­ty­lan iň uly di­no­zawr hasaplanýar. Uzyn­ly­gy 22 metr bo­lan di­no­zaw­ryň ske­le­ti 2018-nji ýyl­da ABŞ-da ta­pyl­dy.

Eziz Diýarymyz – melhemler mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň hemmesi adamlaryň saglygy baradaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny bütin dünýä ýaýýar. Bu ynsanperwerligi halkymyz eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan her bir tutumly işlerde aýdyň görýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň täze, XVI jildiniň ýakynda giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy munuň ýene-de bir subutnamasy boldy. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de luk­man­lar Gahryman Arkadagymyzyň bu uly göw­rüm­li yl­my işi­ni oka­ma­ga, on­da be­ýan edil­ýän yl­my ga­ra­ýyş­la­ry çuň­ňur öw­ren­mä­ge, on­da­ky gym­mat­ly tek­lip­le­ri yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­mek işin­de peý­da­lan­mak­da giň müm­kin­çi­lik­le­ri tap­ýar­lar. Çuň­ňur yl­my der­ňew­le­re da­ýan­ýan eser ýur­du­myz­da bar­ha kä­mil­leş­ýän, dün­ýä ül­ňü­le­ri­niň de­re­je­sin­de uly ösü­şe eýe bol­ýan luk­man­çy­lyk işin­de, şeý­le-de ýur­du­my­zyň ösüm­lik dün­ýä­si­ni yl­my esas­da öw­ren­mek ba­ba­tyn­da is­len­dik oky­jy üçin yg­ty­bar­ly gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu yl­my eser ata Wa­ta­ny­myz­da yl­my ös­dür­mek­de, ýaş­la­ry­my­za mu­kad­des top­ra­gy­myz­da bit­ýän ösüm­lik­ler, il­kin­ji no­bat­da, der­man­lyk ösüm­lik­ler ba­ra­da yl­my mag­lu­mat­la­ra esas­lan­ý

Magtymguly – dünýä edebiýatynda ajaýyp bir dünýä

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmekde alnyp barylýan işler dünýä ylmynyň ösüşine itergi berýär. Bu ugurda amal edilýän işler Magtymgulyny öwreniş ylmynyň öňünde has-da uly wezipeleri goýýar. Bu işler beýik Pyragynyň edebi däplerine eýerenleriň döredijiligini öwrenmegiň möhümdigini hem kesgitleýär. Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi tü­ke­nik­siz şy­pa ber­ýän, dün­ýä ma­ny­sy­ny saç­ýan pa­ra­sat çeş­me­si­dir. Ol öl­mez-ýit­mez pi­kir­le­riň we asyl­ly, adam­kär­çi­lik­li duý­gu­la­ryň gen­ji-ha­zy­na­sy­dyr. Mag­tym­gu­ly en­çe­me ne­sil­le­riň ýü­rek­le­ri­ne or­naş­dy. Ýüz­ýyl­lyk­lar ge­çen­den soň hem akyl­dar şa­hy­ryň her bir sö­zi, oý-pi­ki­ri, se­tir­le­ri onuň iç­ki oý-pi­kir­le­ri­ni, ýü­re­gi­niň ur­gu­sy­ny, duý­gu­sy­ny, onuň ýü­rek tol­gun­ma­sy­ny bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li alyp gel­ýär. Mag­tym­gu­ly – dün­ýä ede­bi­ýa­tyn­da aja­ýyp bir dün­ýä.

Ýaşlar syýasaty dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly sepgitleri eýeleýär, belent derejelere ýetýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalary netijesinde ýaşlar baradaky syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär we olaryň döwrebap ylym-bilim almagyna, hünär eýesi bolmagyna, işlemegine ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň sargytlaryny ýüregine siňdirip, ýaşlara diňe okamak, öwrenmek, döretmek, halk üçin, Watan üçin işlemek galýar. 1991-nji ýy­lyň 16-njy no­ýab­ryn­da dö­re­di­len Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy ýaş­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mek hem dur­mu­şa ge­çir­mek, ola­ra bi­lim we jem­gy­ýet­çi­lik-zäh­met iş­jeň­li­gi üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek bi­len, dür­li ugur­lar­da iş­jeň iş alyp bar­ýar. «2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­lar sy­ýa­sa­ty ba­ra­da­ky döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň» çä­gin­de ýaş nes­liň üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­ýän bäs­le­şik­ler we çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş

Sag­lyk – baş baý­lyk

Halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns berýän ugurlarynyň biridir. Ynsan saglygy babatdaky şeýle giň möçberli aladalaryň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmakdaky ägirt uly maksat-tutumlar bilen sazlaşykly alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!», Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen şy­gar­la­ry ýur­du­my­zyň baş ýö­rel­ge­si, be­lent tu­tum­la­ry ba­ra­da giň dü­şün­je ber­ýär. Bu şy­gar­lar ber­ka­rar döw­le­tiň, azat we er­kin ýa­şaý­şyň aja­ýyp se­na­sy bo­lup ýaň­lan­ýar. Hä­zir Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz aba­dan, asu­da, gül­läp ös­ýän, dün­ýä­de öz my­na­syp or­nu­ny ta­pan, be­lent ab­ra­ýa eýe bo­lan ýur­da öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan uly ösüş­le­re eýe bol­ýan­dy­gy­na bi­ziň her bi­ri­miz buý­san­ýa­rys.

ÝURDUMYZDA ELEKTRON SPORT ÖSDÜRILÝÄR

Häzirki zaman jemgyýetini kompýuter tehnologiýasyz göz öňüne getirmek kyn. Bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, umuman ähli pudaklarda kompýuter tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Göräýmäge, sport oýunlarynda janlylygy we özara bäsdeşligi bilen tapawutlanýandygy üçin kompýuter tehnologiýasyna zerurlyk duýulmajak ýaly. Emma käbir sport görnüşlerinde türgeniň kämilleşmegi üçin kompýuter tehnologiýasynyň ähmiýeti diýseň uly. Meselem, futbolda we basketbolda ulanylýan kompýuterleşdirilen täze enjamlar bellenilen aralyga, bellenilen tizlikde topy zyňmagy ýa-da sportuň käbir görnüşlerinde türgenleşik zallarynyň köpüsiniň sport inwentary hökmünde ulanylmagy türgenleşikleriň hiline täsir edip, netijeliligi artdyrýar. Şeýlelikde, maglumatlar we internet eýýamynda kompýuter tehnologiýalarynyň peýdalanylyşynyň ýaýbaňlanmagy netijesinde, sportuň täze görnüşleriniň emele gelmegine täsir edýär. Ki­bers­por­tuň dö­reý­şi­ne we ta­ry­hy­na ser sal­sak, bu adal­ga «phy­sical» we «di­gi­tal» di­ýen iň­lis söz­le­rin­den eme­le ge­len «he­re­ket­li san­ly sport» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Ki­bers­port – wi­deo oýun­la­ry­ny ula­nyp, bäs­le­şik iş­jeň­li­gi­ne esas­lan­ýan ýe­ke­le­ýin we to­par­la­ýyn sport gör­nü­şi bol­sa, fi­ji­tal-sport – fi­zi­ki we wir­tu­al ba­şar­nyk­la­ry­ňy bir­leş­di­rip bäs­leş­mek­dir. Komp­ýu­ter spor­ty ýa-da elekt­ron sport (e-sport) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ki­be

Türkmen Bitaraplygy – parahatçylygyň nyşany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň netijesinde, ýurdumyz halkara gatnaşyklar ulgamynda täze sepgitlere ýetýär. Sebitiň syýasy, ykdysady we medeni giňişligine işjeň goşulýan hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýän ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşup, hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Bil­şi­miz ýa­ly, türk­men hal­ky pa­ra­hat­çy­lyk we yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly bo­lup­dyr. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň düýp öze­ni­ni düz­ýän bu ýö­rel­ge­ler tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de has-da ro­waç­la­nyp, gü­neş­li Di­ýa­ry­myz dost-do­gan­ly­gyň me­ka­ny­na, pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji mer­ke­ze öw­rül­di. Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da we 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da ka­bul eden Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy iki ge­zek yk­rar edi­len ýe­ke-täk döw­let ha­sap­lan­ýar. He­mi­şe­lik Bitarap ýur­du­myz bu gün dün­ýä­niň ab­raý­ly gu­ra­ma­sy bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ge­ňeş­le­ri­niň, ko­mi­tet­le­ri­niň we ko­mis­si­ýa­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ag­za­sy bol­mak bi­len, ola­ryň çäk­le­rin­d

Baý­ko­nur­da mu­zeý dö­re­di­ler

Ga­za­gys­ta­nyň Baý­ko­nur şä­he­rin­de ady­bir kos­mod­rom­dan uçu­ry­lan äh­li kos­mos ra­ke­ta­la­ryň ta­kyk ma­ket­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän mu­zeý gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şä­her hä­kim­li­gi açyk as­ma­nyň as­tyn­da ýer­leş­jek mu­ze­ýiň Baý­ko­nur kos­mod­ro­my­nyň we şä­he­riň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 70 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li dö­re­dil­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. «Şub­ni­kow se­ýil­gä­hin­dä­ki mu­zeý­de Baý­ko­nur­dan uçu­ry­lan gö­te­ri­ji ra­ke­ta­la­ryň ma­ket­le­ri ýer­leş­di­ri­ler. Şol bir wag­tyň özün­de ma­ket­le­riň kos­mos pu­dak­la­ry­na ni­ýet­le­nen kär­ha­na­lar ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­jek­di­gi ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy» diý­lip, şä­her hä­kim­li­gi tarapyndan habar berildi.

30 müň ýyllyk janly ulgam tapyldy

Ame­ri­ka­ly alym­lar, tak­my­nan 34 müň ýyl bä­ri bar bo­lan jan­ly ul­gam­lar­dan bi­ri­ni ýü­ze çy­kar­dy­lar. «Pan­do» diý­lip at­lan­dy­ry­lan bu tä­sin ul­gam ýö­ne bir to­kaý hem däl-de, eý­sem, müň­ler­çe ýyl bä­ri ýa­şap gel­ýän umu­my kök ul­ga­my bo­lan agaç­la­ryň top­lu­my­dyr. Bi­rin­ji ge­zek gö­re­niň­de, ada­ty to­ka­ýy ýat­lad­ýan gör­nüş, ha­ky­kat­da, Ýu­ta şta­tyn­da 430 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak meý­da­ny eýe­le­ýän ge­ne­ti­k taý­dan meň­zeş bo­lan 47 müň düýp de­rek aga­jy­dyr. «Pan­do»-nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy bu agaç­la­ryň hem­me­si­niň ge­ne­ti­k taý­dan bir­meň­zeş­li­gi­dir. Bu agaçlar to­hum­la­ryň üs­ti bi­len däl-de, we­ge­ta­tiw gör­nüş­de – umu­my kök ar­ka­ly kö­pel­ýär­ler. Bu bol­sa, agaç­la­ra bir ul­gam­ly ul­la­kan top­lu­my eme­le ge­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ul­gam­dan al­nan 500 nus­ga­nyň ge­ne­ti­k der­ňe­wi, ösüm­lik­le­riň daş­ky gör­nü­şi­ne we ýa­şy­na ga­ra­maz­dan DNK-sy­nyň bir­meň­zeş­di­gi­ni tas­syk­la­dy.

Il­kin­ji ga­ýyk­ly ha­las­gär ro­bot

Hy­taý­ly alym­lar eme­li aň ar­ka­ly do­lan­dy­ryl­ýan il­kin­ji ga­ýyk­ly ha­las edi­ji ro­bo­ty iş­läp düz­dü­ler. Lo­he der­ýa­syn­da sy­nag­dan ge­çi­ri­len ga­ýyk­ly ro­bot eser­deň­lik bi­len gö­zeg­çi­lik işi­ne gi­riş­di. Şeý­le-de öz­baş­dak iş­le­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bo­lan bu ro­bot na­wi­ga­si­ýa we gö­zeg­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Hü­när­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, ro­bo­tyň özi eme­le ge­len ýag­da­ýy sel­je­rip, ada­myň su­wa gark bol­ma­gy­nyň se­bä­bi­ni, onuň kö­me­ge mä­täç­di­gi­ni ýa-da ýok­du­gy­ny anyk­la­ýar. Ga­ýyk­ly ro­bo­tyň ha­las ediş en­jam­la­ry­ bilen birlikde ýö­ri­te ni­ýet­le­nen ma­ni­pul­ýa­tor eli hem bar. Onuň kö­me­gi bi­len ro­bot zy­ýan çe­ken ki­şi ga­ýy­ga ýa­py­şyp bil­me­se, kö­mek go­lu­ny uzad­ýar.

BSGG: güýçli ses saglyk üçin zyýanly

Güý­ji 85 de­si­bel­den ýo­ka­ry bo­lan se­kiz sa­gat do­wam ed­ýän goh-gal­ma­gal ýü­rek-da­mar we iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­nyň işi­niň, şeý­le-de beý­ni bi­len eşi­diş ul­gam­la­ry­nyň ara­gat­na­şy­gy­nyň bo­zul­mak how­pu­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar. Bu barada Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň (BSGG) bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­si Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň luk­man­çy­lyk žur­na­ly «The Lancet»-da çap edil­di. Ne­şi­riň ýaz­ma­gy­na gö­rä, ho­wa­da­ky goh-gal­ma­gal eşi­di­şiň ka­bul ed­ýän çäk­le­ri­ne ara­laş­mak bi­len, sag­lyk üçin çyn­la­kaý howp dö­red­ýär. Ne­ti­je­de, güýç­li ses­ler beý­ni bi­len eşi­diş ul­ga­my­nyň ara­syn­da nä­saz­lyk dö­re­dip, bu ýag­daý eşi­di­şiň do­ly ýit­me­gi­ne se­bäp bo­lup bi­ler. Şeý­le-de güýç­li ses­ler ýü­rek-da­mar we iý­mit siň­di­riş ul­gam­la­ry­na hem çyn­la­kaý howp sal­ýar.

Iň ga­dy­my elip­bi­ýi tap­dy­lar

ABŞ-nyň Jon Hop­kins uni­wer­si­te­ti­niň ar­heo­log­la­ry Si­ri­ýa­da ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de adam­zat ta­ry­hyn­da­ky iň ga­dy­my elip­biýiň nus­ga­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Bu açyş Ame­ri­ka­nyň da­şa­ry ýurt bar­lag­la­ry jem­gy­ýe­ti­niň (ASOR) ýyl­lyk mas­la­ha­tyn­da görkezil­di. Alym­lar Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň iň ga­dy­my şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan Umm el-Mar­ra­da bü­rünç asy­ry­na de­giş­li ýü­zi ha­şam­la­nyp ýa­zy­lan ýaz­gy­lar bi­len ör­tü­len to­ýun si­lindr­le­ri tap­dy­lar. Şeý­le-de ol ýer­den al­tyn we kü­müş şaý-sep­ler, aş­ha­na gap-gaç­la­ry, naý­za­nyň ty­gy we bir­gi­den ke­ra­mi­ki gap­lar ta­pyl­dy.

Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýolumyza şamçyrag

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň jöw­her paý­ha­sy­nyň mi­we­si bo­lan aja­ýyp ki­tap­la­ry türk­men hal­ky­nyň ki­tap baý­ly­gy­nyň has-da baý­laş­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Şeý­le hem bu aja­ýyp eser­ler türk­men hal­ky­nyň mil­li ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­ny we ýö­rel­ge­le­ri­ni gaý­ta­dan di­kelt­mek­de we ös­dür­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, bu gym­mat­ly ki­tap­la­ryň di­ňe bir türk­men di­lin­de däl, eý­sem, dün­ýä­niň dür­li dil­le­rin­de ne­şir edil­me­gi dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de, adam­za­dyň aňy­ýe­tin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýi­ti ze­hi­nin­den dö­rän «Ha­ky­da göw­he­ri» at­ly tä­ze ki­ta­by ta­mam­la­nyp bar­ýan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň aja­ýyp sow­ga­dy­na öw­rül­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň tä­ze ki­ta­by­nyň ma­ny-maz­mu­ny­nyň türk­me­niň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­den eser­le­ri­niň adam­zat gym­mat­lyk­la­ry­na ýe­ti­ren tä­si­ri, şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zyň be­ýa­ny, me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­na go­şan go­şan­dy ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry özün­de jem­le­me­gi türk­men hal­ky­nyň baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň öz­bo­luş­ly wasp­na­ma­sy­dyr.