Gyrgyz nakyllary
Aýryljak dost bermejek zadyňy dilär.* * *Edebi ýoguň — uýady ýok.* * *Ajaly ýeten garga bürgüde pitjiň atar.* * *Ýamanlyk az bolsa-da, köpdür.* * *Aza kanagat etmedik köpe şükür etmez.* * *Azapdan gorkma, aýypdan gork.* * *Aý gije gerek, akyl — günde.* * *Akmakdan akyl soramak — sokurdan ýol soramak.* * *Öz günäsi bilen ýykylan arz etmez.* * *Ýalňyşmaýan dil ýok, büdremeýän — aýak.* * *Giren wagtyň çykalga hakda hem pikir et.* * *Diňlenjek ýerde gürle, suwam siňjek ýerine sep.* * *Dilden balam damar, zäherem.* * *Suwuň atasy — çeşme, sözüň atasy — gulak.* * *Hemme atdan bedew çykmaz, hemme guşdan laçyn bolmaz.