"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gel­je­giň ulag ul­ga­my sy­nag­dan ge­çi­ril­di

Gel­je­giň ulag ul­ga­my ha­sap­lan­ýan «Hy­per­lo­op» Ýew­ro­pa­da sy­nag­dan ge­çi­ril­di. Ni­der­land­lar­da ge­çi­ri­len il­kin­ji ulag­ly sy­na­gyň üs­tün­lik­li ge­çen­di­gi mä­lim edil­di. Wen­dam şä­he­rin­de ge­çi­ri­len sy­nag­da ho­wa­syz tun­ne­liň için­dä­ki ula­gyň tiz­li­gi sa­gat­da 30 ki­lo­met­re ýet­di. Ýy­lyň ahy­ryn­da bu tiz­li­giň sa­gat­da 100 ki­lo­met­re ýe­ti­ril­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. Tas­la­ma­nyň ahy­ryn­da bu ula­gyň sa­gat­da azyn­dan 700 ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket et­me­gi ga­za­ny­lar. Bu bol­sa, Ams­ter­dam bi­len Ber­li­niň ara­syn­da­ky gat­na­wyň wag­ty­ny 90 mi­nu­ta dü­şü­rer. Bu ul­ga­myň Ýew­ro­pa­da 2030-njy ýy­la çen­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bi­ler­men­ler «Hy­per­lo­op»-yň gys­ga uçar gat­naw­la­ry­nyň or­nu­ny al­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Mäh­ri­ban AMAN­GEL­DI­ÝE­WA,

Aý­da bi­na gur­mak üçin ker­piç sy­nag­dan ge­çi­ri­ler

Hy­taý kos­mos bi­len bag­ly tä­ze tas­la­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar. Ýurt Ýe­riň hem­ra­syn­da­ky top­ra­ga meň­zeş top­rak­dan ön­dü­ri­len ker­piç­le­ri kos­mo­sa ug­rat­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ker­piç­le­riň nä­de­re­je­de çy­dam­ly­dy­gy öw­re­ni­ler. Ýur­duň Uhan şä­he­rin­dä­ki Hu­aç­žun ylym we teh­no­lo­gi­ýa uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­me­ni Din Lýe­ýu­nyň iş­läp taý­ýar­lan ker­piç­le­ri gel­jek aý uçu­ryl­jak «Tianz­hou-8» kos­mos gä­mi­si bi­len «Ti­an­gong» kos­mos be­ke­di­ne ug­ra­dy­lar.

«Burj Ha­li­fa» bi­len ýa­ry­şar

Mä­lim bol­şy ýa­ly, dün­ýä­niň iň be­ýik bi­na­sy «Burj Ha­li­fa» Du­baý­da ýer­le­şip, onuň be­ýik­li­gi 828 met­re ýet­ýär. Şä­her­de be­ýik bi­na­la­ryň ýe­ne bi­ri peý­da bo­lar. Be­ýik­li­gi 725 met­re ýet­jek «Burj Azi­zi» at­ly bi­na­nyň gur­lu­şy­gy üçin 1,6 mil­liard amerikan dol­lary sarp edi­ler. Şeý­le­lik­de, şä­her­de dün­ýä­niň iň be­ýik ikin­ji bi­na­sy hem peý­da bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň be­ýik ikin­ji bi­na­sy bo­lan «Mer­de­ka 118» Ma­laý­zi­ýa­nyň paý­tag­ty Kua­la-Lum­pur­da ýer­leş­ýär. Du­baý­da gu­rul­jak gök­di­rän 131 gat­ly bo­lup, bi­na­da 7 ýyl­dyz­ly myh­man­ha­na, res­to­ran, söw­da mer­ke­zi, syn ediş meý­dan­ça­sy we ýa­şa­ýyş öý­le­ri bo­lar. Gur­lu­şyk 4 ýyl do­wam edip, 2028-nji ýyl­da ulan­ma­ga ber­ler. «Azi­zi Develop­ments» at­ly kom­pa­ni­ýa ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­nyň gur­lu­şy­gy­na şu ýy­lyň ýan­wa­ryn­da baş­la­nyp­dyr. Kom­pa­ni­ýa tä­ze tas­la­ma­nyň in­že­ner­çi­lik ba­bat­da ga­za­ny­lan uly üs­tün­lik­di­gi­ne ün­si çek­ýär. «Burj Ha­li­fa­dan» 3 ki­lo­metr­ uzak­lyk­da ýer­leş­ýän bi­na­nyň 130-njy ga­tyn­da syn ediş meý­dan­ça­sy, 122-nji ga­tyn­da res­to­ran bo­lar.

Sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 40 mil­lio­na ýe­ter

Gün­do­gar Azi­ýa­nyň ke­nar­daş goň­şu­la­ry bo­lan Ýa­po­ni­ýa, Hy­taý we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy öz ara­la­ryn­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny has-da ös­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär­ler. Il­kin­ji no­bat­da bu ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň 2030-njy ýy­la çen­li 40 mil­lio­na ýe­ti­ril­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. Ýa­po­ni­ýa­nyň gu­ry ýer, inf­rast­ruk­tu­ra, ulag we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nist­ri Sai­to Tet­suo­nyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Hio­go pre­fek­tu­ra­sy­nyň Ko­be şä­he­rin­de ge­çi­ri­len mas­la­hat­da bu ba­ra­da mag­lu­mat be­ril­di. Goň­şy ýurt­la­ryň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da pan­de­mi­ýa­dan soň­ra sy­ýa­hat­çy­ly­gyň di­kel­me­gi, dur­nuk­ly sy­ýa­hat­çy­ly­gyň hö­wes­len­di­ril­me­gi we iri şä­her­ler­den uzak­da­ky ýer­ler­de sy­ýa­hat­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi ýa­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Ýyg­nak­da ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny­nyň gel­jek ýyl 30 mil­lio­na ýe­ti­ril­me­gi ba­ra­da ne­ti­jä ge­lin­di. Oraz­gül AMA­NO­WA,

Şan­ly to­ýuň bo­sa­ga­syn­da­ky döw­let­li mas­la­hat

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ösüş ýo­ly bi­len be­ýik gel­je­ge ta­rap ynam­ly öňe bar­ýar. Ata Wa­ta­ny­my­zyň her bir gü­ni şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen aja­ýyp ýö­rel­ge­si­ne esas­lan­ýan mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Ýur­du­myz­da mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek giň ge­rim­li da­ba­ra­la­ra taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Hal­ky­my­zyň asyl­ly däp­le­rin­den ugur al­nyp, bu şan­ly se­ne zäh­met ýe­ňiş­le­ri, tä­ze bi­na­gär­lik açy­lyş­la­ry, dur­mu­şyň äh­li ul­gam­la­ryn­da­ky üs­tün­lik­ler bi­len gar­şy­la­nyl­ýar. Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si hem ge­çi­ri­ler. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da bu umu­my­mil­li fo­ru­ma ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Şu ýer­de biz bir za­dy aý­ra­tyn bel­le­mek is­le­ýä­ris. Ýur­du­myz Ga­raş­syz­ly­gy­ny alan gü­nün­den bä­ri döw­let hä­ki­mi­ýet edara­la­ry­nyň ul­ga­my hem

Türk­me­nis­tan-BMG: äh­lu­mu­my dur­nuk­ly ösüş üçin hyz­mat­daş­lyk

In­di 30 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly we iş­jeň ag­za­sy hök­mün­de onuň Ter­tip­na­ma­sy­nyň ýö­rel­ge­le­ri­niň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne mö­hüm go­şant goş­ma­gy­ny do­wam et­di­rip gel­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýa­şa­ma­gyň, öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň, deň­hu­kuk­ly dia­lo­gyň äh­mi­ýe­ti­ni öňe sür­ýän Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de he­mi­şe ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ta­rap­da­ry bo­lup çy­kyş ed­ýär. 2025-nji ýyl­da Bi­ta­rap­ly­gyň 30 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­ly bel­le­mä­ge, şeý­le hem BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň gel­jek ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rüp, Türk­me­nis­tan hyz­mat­daş­lar bi­len iş­jeň gat­na­şyk­la­ry­ny do­wam et­dir­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­na iş­jeň taý­ýar­lyk gör­ýär. Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň 17-si­ni res­mi taý­dan ka­bul eden we ola­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şiň mil­li me­ýil­na­ma­la­ry­na, stra­te­gi­ýa­la­ry­na uý­gun­laş­dy­ran ýurt hök­mün­de Türk­me­nis­tan jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li mö­hüm ugur­la­ryn­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de güýç­len­dir­mä­ge ça­gyr­

Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum fo­ru­my ge­çi­ril­di

10-11-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum fo­ru­my hem-de ugur­daş ser­gi, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­si­ýa­la­ry çek­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra mas­la­hat, «HI-TECH Türk­me­nis­tan — 2024» at­ly ser­gi ge­çi­ril­di. Da­şa­ry iş­ler, Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­lik­le­ri­niň hem-de Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li işe­wür­lik çä­re­le­ri­niň gün ter­ti­bi­ne ýur­du­myz­da iri tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek we bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di. Fo­ru­myň işi­ne dün­ýä­niň ab­raý­ly bi­ler­men­le­ri, öň­de­ba­ry­jy mil­li we hal­ka­ra ne­bit­gaz, ener­ge­ti­ka, gur­lu­şyk, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, ma­li­ýe dü­züm­le­ri­niň, yl­my mer­kez­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Şeý­le hem mas­la­ha­ta türk­men ta­ra­pyn­dan mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, bank­la­ryň, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar.

Ýur­du­myz­da pag­ta ýy­gy­my­na ba­dal­ga be­ril­di

11-nji sent­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ak pa­ta­sy bi­len ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi bo­lan pag­ta ýy­gy­my­na ba­dal­ga be­ril­di. 6-njy sent­ýabr­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz go­wa­ça ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän daý­han­la­ra we äh­li oba ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­ne iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi­niň saz­la­şyk­ly işi­ni yzy­gi­der­li üp­jün et­mek üçin ýer­ler­de ula­nyl­ýan teh­ni­ka­la­ra gi­je-gün­diz­le­ýin teh­ni­ki hyz­mat­lar ýo­la go­ýul­dy, me­ha­ni­za­tor­la­ryň, sü­rü­ji­le­riň we pag­ta­ny el bi­len ýyg­ma­ga gat­naş­ýan­la­ryň ön­dü­ri­ji­lik­li iş­le­mek­le­ri, do­ly de­re­je­li dynç al­mak­la­ry üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­di.

Kids Ekspo — çagalar dünýäsine syýahat

Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy uly üstünliklere beslendi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň awgust aýynda «Garagum» myhmanhanasynyň giň açyk meýdançasy çagalaryň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy ýokary ruhubelentlikde geçirildi.

Mahabat işi hakda gollanma

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedow tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Mahabatyň esaslary» atly täze okuw kitabynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde mahabat işi, onuň düýp manysy, aýratynlyklary hem-de guralyşy barada söhbet edilýär. Okuw kitabynda mahabatyň ähmiýetine, görnüşlerine we serişdelerine häsiýetnama berilmek bilen, onuň gelip çykyşy, toparlara bölünişi, täsir ediş ýollary, žurnalistika we jemgyýetçilik bilen arabaglanyşyk, onuň esasy žanrlary, mahabat tekstleri barada maglumatlar beýan edilýär. Şeýle hem kitapda mahabat bildirişiniň aýratynlyklary, häzirki zaman mahabat strategiýalary, mahabat bazary, mahabaty ýaýradyş serişdeleri, gazet redaksiýasynda mahabat nyrhy we nusga syýasaty hakynda giňişleýin düşünje berilýär. Metbugat we internet neşirlerinde mahabaty ýerleşdirmegiň aýratynlyklary, telewideniýedäki we radiodaky mahabatyň özboluşly taraplary, mahabat beriji we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly temalar boýunça gürrüň gozgalýar.

«Ilkinji ädim»

Salam, körpeler, «Ilkinji ädim» diýilse, durjan-durjandan soňky ilkinji ädilýän ädimlerdir öýdäýmäň. Siz «Ilkinji ädim» atly bu çaklaňja kitapçanyň gatlaryny açan badyňyza onuň şeýle däldigine göz ýetirersiňiz. Siz bu kitapçada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň özüňiz hakyndaky aladalaryny duýarsyňyz. Ýadyňyza düşýändir-le, ata-eneňiziň eliňizden tutup, ýörjen-ýörjen öwretjek bolşy. Muny jigileriňiziň mysalynda hem görüp bilýänsiňiz. Ilkinji ädim ätmegi öwrenen çagajyklar soňra elinden hiç kimiň tutmagyna garaşman, özbaşdak ýöremegi başarýarlar ahyryn. Biziň hem maksadymyz siziň başarnygyňyzy artdyrmakdyr, çagalar!

Üns beriň, bäsleşik!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 12-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilýän döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy: Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr.

Oýlan, pikirlen!

Krossword

Sürüjiler, üns beriň!

Arkadagly eýýamymyzda ýurdumyzyň ýol-ulag infrastrukturasy kämilleşdirilip, estakadaly, ýerasty geçelgeler bilen üpjün edilen ýollar guruldy. Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy geçirmek asylly däbe öwrüldi. Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynyň 8-nji bölüminde görkezilen herekete başlamagyň tärleri ýerine ýetirilende, sürüjiniň çatryklarda yza öwrülmegi ýa-da yza hereket etmegi şu ýagdaýlarda gadagandyr:

Täsin belgiler

✓ Germaniýanyň Drezden şäherinde 1987-nji ýyldan bäri gyzyl ýanyp duran ýolyşygy bar. Ol Sigelştrasse köçesinden çepe öwrülmegi gadagan edýär. Ýöne päsgelçilik döretmeýän bolsa saga öwrülmäge rugsat berýär. Bu ýolyşygyny aýryp, «Diňe saga hereket» ýol belgisini goýmaga ýerli kanunçylyk ýol bermeýär. ✓ Singapuryň köp pyýadaly geçelgelerindäki ýolyşyklary garrylara we maýyplara ýardam berýän ulgam bilen enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle derejedäki pyýadalar ýörite karty sargyt edip bilýärler we düwmä basmaga derek,  ony sanaýjy enjama golaýladýarlar. Ulgam karty tanansoň, ýaşyl yşygy adatdakysyndan köp ýakýar. Geçelgäniň uzynlygyna görä 3-den 13 sekunda çenli wagt goşulýar.

Berjaý edilmeli kadalar

Hormatly raýatlar, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmek wajypdyr. Şu babatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy öz maslahatlaryny berýär. Ulag kärhanalarynyň duralgasynda göz öňüne tutulanyndan, adatça, 25-den köp awtoulag saklanylýan bolsa, duralganyň girmäge we çykmaga niýetlenen derwezesi iki sany bolmalydyr.

Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Ýakynda Köýtendag etrabynyň Köýtendag şäherindäki 59-njy orta mekdepde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek maksady bilen, dabaraly maslahat geçirildi. Oňa mährem eneler, il sylagly ýaşulular we bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdy.   Çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek çözgütleriň halkymyzyň mundan beýläk-de eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyny üpjün etjekdigini bellediler. Dabaraly maslahatyň ahyrynda eziz Diýarymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Kalbymyzda orun alan akyldar

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmek, şahyryň şygyrlarynyň gymmatyny dünýä ýaýmak ugrunda beýik işler amala aşyrylýar. Çünki halkymyzyň geçmiş taryhy, beýikligi, däp-dessurlary, umyt-arzuwlary akyldaryň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Aýratyn hem Magtymguly Pyragy pederlerimiziň Watany söýmek, garaşsyzlyk, bir döwlete gulluk etmek ýaly erk-isleglerini, arzuwlaryny öz döredijiligine siňdirip bilen ägirtdir. Üstümizdäki ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän çäreler beýik türkmen şahyryna goýulýan belent sarpanyň we uly hormatyň nyşanydyr. Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen şygyrlary, golýazmalary ylmy taýdan içgin öwrenilýär. Bu ugurdaky tagallalar halkymyzyň beýikligini, milliligini, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik açýar. Aýratyn bellenilmeli hakykat bolsa, beýik akyldaryň öwüt-ündewleriniň Watana, il-güne ygrarly ýaş nesli terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlylygydyr.     

Ýol asudalygy — il abatlygy

Ýurdumyzda yglan edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli geçirilýän işlere we çärelere işjeň gatnaşmak her birimiziň borjumyzdyr. Şu esasdan harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketini sazlaýjylar wzwodynyň gözegçileri, welaýat polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri bilen bilelikde harby tehnikalaryň sürüjileri tarapyndan ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine bagyşlanan düşündiriş çärelerini geçirdik. Çäräniň dowamynda harby tehnikalaryň kanuna laýyk ulanylyşyna gözegçilik etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ulag serişdeleriniň howpsuz ulanylmagyny üpjün etmek, şeýle hem awtoulaglaryň hereketini sazlaşykly guramak  bilen baglanyşykly talaplara üns çekildi. Düşündiriş işlerinde ýol hereketiniň düzgünleriniň doly berjaý edilmegini gazanmakda, ýol resminamalarynyň bellenilen kadalara laýyk ýöredilmeginde harby awtomobil gözegçiliginiň şahsy düzüminiň ýerine ýetirýän wezipeleriniň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durlup geçildi.

Halkymyzyň jebisliginiň synmaz güýji

Şu günler ähli etrapdyr şäherlerinmizde öňümizdäki Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegine bagyşlanan maslahatlar, duşuşyklar guralýar. Şeýle maslahatlaryň birini jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrap häkimliginde hem geçirdik. Maslahatda edilen çykyşlarda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we beýleki döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilişine aýratyn üns çekildi. Çykyş eden ildeşlerimiz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini gazanmakda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda sazlaşykly ösüşi dowam etdirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.