"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

An­hin­ga – ýy­lan­bo­ýun guş

Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da, Ka­rib deň­zin­de duş gel­ýän tä­sin guş­la­ryň bi­ri hem an­hin­ga bo­lup, bu guş­lar ýy­la­na meň­zeş uzyn boý­ny bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. De­ňiz ke­nar­la­ryn­da, gy­rym­sy agaç­ly meý­dan­da ýa­şa­ýan bu guş­lar uçup, ýü­züp we su­wa çü­müp bil­ýär­ler. Bo­ýy 85 san­ti­met­re ýet­ýän an­hin­ga­nyň ag­ra­my 2 ki­log­ram­dan geç­me­ýär. Ga­na­ty­nyň uzyn­ly­gy 117 san­ti­met­re ba­ra­bar bo­lan bu guş­la­ryň ki­çi­jik kel­le­si bo­lup, boý­ny eg­rem-bug­ram gör­nüş­de­dir. Ga­na­ty­nyň giň­li­gi an­hin­ga­la­ryň aň­sat­lyk bi­len uç­ma­gy­na we ýüz­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ör­de­giň­kä meň­zeş per­de­li aýa­gy bo­lan bu guş­lar ýüz­mä­ge, gy­rym­sy agaç­la­ra we daş­la­ra dyr­maş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. An­hin­ga­lar ug­ry kes­git­le­mek, dur­mak we de­ňag­ram­ly­ly­gy saz­la­mak üçin ýel­pe­wa­ja meň­zeş uzyn guý­ru­gyn­dan peý­da­lan­ýar­lar. Aýa­gy gys­ga diý­me­seň, bu guş­lar uzak­dan se­re­de­niň­de ge­ro­na hem meň­ze­ýär. Ak-ga­ra ýa-da ýa­şyl-ga­ra ýe­lek bi­len ör­tü­len ýy­lan­bo­ýun guş­lar, esa­san, ba­lyk bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Ba­lyk tut­mak üçin bu guş­lar su­wa gi­ren­de di­ňe kel­le­si gör­nüp, göw­re­si aşak çüm­ýär. An­hin­ga­lar ba­lyk­dan baş­ga ow­nuk jan­dar­la­ry we mör-mö­jek­le­ri hem iý­ýär­ler. Ýy­lan­bo­ýun guş­lar çalt­lyk bi­len ýü­züp bil­me­se­ler-de, ök­de aw­çy­lar ha­sap­lan­ýar. Bu guş­lar awu­ny il­ki

Diş çot­ga­sy ha­çan oý­la­nyp ta­pyl­dy?

Ga­dy­my wa­wi­lon­ly­lar we mü­sür­li­ler di­şi­ni aras­sa­la­mak üçin hoş­boý ys­ly agaç­la­ryň şa­ha­jyk­la­ryn­dan peý­da­la­nyp­dyr­lar. Şeý­le ta­ýa­jyk­la­ryň pars sal­wa­do­ra­sy (la­tyn­ça: «Salvado­ra per­sica») at­ly gy­rym­sy agaç­dan al­nan gör­nü­şi­ne mes­wäk di­ýil­ýär. Bu ösüm­lik De­mir­ga­zyk Af­ri­ka­da, Hin­dis­tan­da, Pa­kis­tan­da we Şri-Lan­ka­da te­bi­gy ýag­daý­da ös­ýär. Arap ýa­ry­ma­da­syn­da diş çot­ga­sy­nyň miladydan öňki 3000-nji ýyl­lar­da oý­la­nyp ta­py­lan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. «Diş ta­ýa­jyk­la­ry» diý­lip at­lan­dy­ry­lan aras­sa­çy­lyk en­ja­my­ny hy­taý­ly­lar kä­mil­leş­dir­ýär. 1498-nji ýyl­da Hy­taý­da diş çot­ga­sy­nyň döw­re­bap gör­nü­şi­ne pa­tent alyn­ýar. Tä­ze çot­ga süňk ýa-da bam­buk ta­ýa­jy­ga otur­dy­lan doň­zuň tü­ýün­den yba­rat bo­lup­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len Hy­taý­dan Ýew­ro­pa ug­ra­dy­lan diş çot­ga­la­ry kä­mil­leş­di­ri­lip, ýew­ro­pa­ly­lar atyň ýum­şak tü­ýü­ni ula­nyp ug­ra­ýar­lar. 1780-nji ýyl­lar­da Ang­li­ýa­da diş çot­ga­sy­nyň döw­re­bap gör­nü­şi ýa­sal­ýar. 1844-nji ýyl­da hä­zir­ki­le­re meň­zeş 3 ha­tar tüý­li çot­ga­lar oý­la­nyp ta­pyl­ýar. Em­ma bu çot­ga­lar di­şi aras­sa­la­mak­da dür­li bök­denç­lik­ler dö­red­ýär. 1938-nji ýyl­da fran­suz-ame­ri­kan hi­mi­gi we se­na­gat­çy­sy Du­pont de Ne­mours neý­lon diş çot­ga­sy­ny oý­lap tap­ýar. Şeý­le­lik­de, diş çot­ga­sy­ny ön­dür­mek­de uly ne­

Sa­hy­pa­lar nä­me üçin sa­ral­ýar?

Wag­tyň geç­me­gi bi­len ak­ja sa­hy­pa­ly ki­tap­la­ryň sa­ra­lan­dy­gy­ny gö­ren bol­sa­ňyz ge­rek. Kö­ne­len ga­ze­te duş ge­le­ni­ňiz­de hem bu ýag­da­ýy gö­ren­si­ňiz. Eý­sem, nä­me üçin wag­tyň geç­me­gi bi­len sa­hy­pa­lar sa­ral­ýar­ka? Ge­liň, bu ba­ra­da öw­re­ne­liň! Ýyl­la­ryň geç­me­gi bi­len tek­je­de du­ran ki­ta­by­myz, dep­deri­miz ýa-da ma­ka­la­dyr goş­gu­la­ry­myz çap edi­len ga­ze­ti­miz asyl dur­ku­ny ýi­ti­rip, sa­ral­mak bi­len bol­ýar. Sa­hy­pa­lar du­ran ýe­rin­de kö­nel­ýär. Mu­nuň se­bä­bi­ni şeý­le­räk dü­şün­di­rip bo­lar.

Nä­me üçin çy­zyk­lar bar?

Aw­tou­la­gy­myz­da­ky kä­bir düw­mä­niň ýa-da aý­ra­tyn­ly­gyň nä­me üçin goý­lan­dy­gy­ny bil­mez­li­gi­miz müm­kin. Bu­la­ryň bi­ri hem aw­tou­lag­la­ryň kö­pü­si­niň yz­ky aý­na­syn­da bar bo­lan dik we ke­se çy­zyk­lar­dyr. Eý­sem, bu gy­zyl çy­zyk­lar nä­me üçin go­ýul­ýar­ka, nä­me işi ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­kä? Ma­şy­nyň yz­ky aý­na­syn­da­ky gy­zyl çy­zyk­lar ula­gyň di­za­ýny­na we yz ta­ra­py gör­mek­li­ge päs­gel be­rip bi­ler. Bel­ki bu aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­riň kem­çi­li­gi ýa­ly hem gör­nüp bil­ner. Ýö­ne ýag­daý beý­le däl. So­wuk ho­wa­da yz­ky aý­na­da­ky çy­zyk­lar ar­ka ta­rap­da­ky he­re­ke­ti anyk gör­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Aw­tou­lag­la­ra go­ýul­ýan gy­zyl çy­zyk­lar as­lyn­da def­ros­ter me­tal­dan ýa-da re­zin­den ýa­sa­lan gö­ze­nek bo­lup, aý­na­nyň ýü­zü­ne ýel­me­nip ber­ki­dil­ýär. Bu gö­ze­ne­giň için­den ga­ty in­çe sim­ler ge­çip, ula­gyň elekt­rik to­gu­na ber­ki­dil­ýär. Elekt­rik to­gy bu sim­le­riň üs­tün­den ge­çen­de, ýy­ly­lyk ön­dü­rip bil­jek gar­şy­lyk ýü­ze çyk­ýar. Bu ýy­ly­lyk aw­tou­la­gyň yz­ky aý­na­syn­da­ky bu­guň ýa-da buz gat­la­gy­nyň çalt­lyk bi­len aý­ryl­ma­gy­na müm­kinç­ilik ber­ýär.

Nem­rut – heý­kel­ler da­gy

Tür­ki­ýä­niň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da­ky Nem­rut da­gy ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri we tä­sin heý­kel­le­ri bi­len gö­ren­ler­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Nem­rut da­gy­nyň be­ýik­li­gi 2 müň 134 met­re ba­ra­bar bo­lup, To­ros dag­la­ry­nyň gün­do­ga­ryn­da­ky iň be­ýik de­pe­le­riň bi­ri­dir. Mi­la­dy­dan öň­ki 62-nji ýyl­da Kom­ma­gen şa­sy An­tio­kus I da­gyň üs­tün­de 8-9 metr be­ýik­lik­dä­ki ul­la­kan heý­kel­le­ri, iki ýol­bar­syň we iki bür­gü­diň heý­ke­li­ni gur­dur­ýar. Bu heý­kel­ler par­fi­ýa we er­me­ni me­de­ni­ýe­tin­den nus­ga al­nyp ýa­sal­ýar. Dag­da­ky her heý­ke­liň öz ady bo­lup, bel­li bir dö­wür­de heý­kel­le­re ze­per ýe­ti­ril­ýär. Heý­kel­le­riň kö­pü­si­niň di­ňe kel­le bö­le­gi sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Nem­rut da­gy 1987-nji ýyl­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­ýär.

Wi­ta­min­le­re baý ysmanak

Ýaz we güýz aý­la­ryn­da ýe­tiş­ýän sag­ly­k üçin peý­da­ly iý­mit­lik otu­nyň bir gör­nü­şi hem ys­ma­nak­dyr. Ys­ma­nak be­de­ni dür­li wi­ta­min­ler bi­len «iý­mit­len­dir­mä­ge», zy­ýan­ly mad­da­lar­dan aras­sa­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. Ys­ma­na­gyň ata Wa­ta­ny ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry ha­sap­lan­ýar. Arap söw­da­gär­le­ri­niň bu ösüm­li­gi Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na ýaý­rat­ma­gy bi­len ys­ma­nak meş­hur iý­mit hök­mün­de ta­na­lyp baş­lan­ýar. Hat­da bir­nä­çe wag­tyň için­de Ame­ri­ka yk­ly­my­na çen­li ba­ryp ýet­ýär. Wi­ta­min­ler top­lu­my

Ni­ka ýü­zü­gi: söý­gi­niň we gel­je­giň ny­şa­ny

Söý­gi­niň ny­şa­ny bo­lan ni­ka ýü­zü­gi­ni dak­mak dä­bi­niň 3 müň ýyl ozal baş­lan­dy­gy aý­dyl­ýar. Är-aýa­lyň ara­syn­da­ky res­mi bag­la­ny­şy­gy aň­lad­ýan bu ny­şa­nyň iň ga­dy­my gör­nüş­le­ri Mü­sür­den ta­py­lyp­dyr. Pa­pi­rus ýaz­gy­la­ryn­da ke­nep sü­ýü­min­den ýa-da in­çe­jik ga­myş­dan örü­len ýü­zük­ler ba­ra­da bel­le­nil­ýär. Bu ýü­zük­le­ri uzak wagt da­ky­nyp bol­man­dyr. Soň­lu­gy bi­len ga­myş­dyr ke­nep­den ýa­sa­lan ýü­zük­le­riň ýe­ri­ne de­ri­den ýa-da pi­liň süň­kün­den taý­ýar­la­nan hal­ka­lar peý­da bo­lup­dyr. Dag-mag­dan kä­ni­ni ere­dip, me­tal al­mak usu­ly­nyň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gy bi­len dür­li gör­nüş­li gym­mat ba­ha­ly eg­rem­çe­ler ýa­sa­lyp baş­la­nyp­dyr. Şol ýyl­lar­da adam­lar­da ýü­zü­giň hi­li nä­çe ýo­ka­ry bol­sa, şol ada­myň söý­gü­si hem şon­ça güýç­li di­ýen ga­ra­ýyş bo­lup­dyr. Ni­ka ýü­zü­gi­niň daş­ky te­ge­le­gi ebe­di söý­gi­ni, iç­ki te­ge­le­gi bol­sa gel­je­gi aň­la­dyp­dyr. Nä­me üçin çep ele da­kyl­ýar?

Çip önüm­çi­li­gi­ne ma­ýa goý­ýar

Hy­taý şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da çip ön­dür­ýän en­jam­la­ra re­kord de­re­je­de 25 mil­liard amerikan dol­lary ma­ýa go­ýup, beý­le­ki ýurt­lar­dan öňe geç­di. «Tom’s Hard­wa­re»-iň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ag­zal­ýan dö­wür­de hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýa­rym­ge­çi­ri­ji­ler pu­da­gy­na go­ýan umu­my ma­ýa go­ýum­y Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan, Taý­wan­dan we ABŞ-dan köp bol­dy. Bu ma­ýa go­ýum­lar söw­da çäk­len­dir­me­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de Hy­ta­ýyň da­şa­ry ýurt üp­jün edi­ji­le­ri­ne ga­raş­ly­ly­gy azalt­ma­ga ta­gal­la ed­ýän­di­gi bi­len şert­len­ýär. Hy­ta­ýyň ýa­rym­ge­çi­ri­ji­le­riň önüm­çi­li­gi üçin en­jam­la­ra umu­my ma­ýa go­ýu­my­nyň 2024-nji ýyl­da 50 mil­liard amerikan dol­la­ryna ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

1,1 mil­li­on­dan gow­rak iş ýe­ri dö­re­dil­di

Hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry soň­ky üç ýyl­da Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da 1,1 mil­li­on­dan gow­rak iş or­nu­ny dö­ret­di. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Wan I mä­lim et­di. «Di­ňe soň­ky üç ýy­lyň do­wa­myn­da bi­ziň ýur­du­my­zyň kom­pa­ni­ýa­la­ry Af­ri­ka­da 1,1 mil­li­on­dan gow­rak iş or­nu­ny dö­ret­di» diý­lip, Hy­ta­ýyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň web sa­hy­pa­syn­da hy­taý­ly dip­lo­ma­tyň söz­le­ri ge­ti­ril­ýär. Wan I Hy­taý-Af­ri­ka hyz­mat­daş­ly­gy fo­ru­my­nyň (HAHF) Pe­ki­n bi­len se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­da mö­hüm rol oý­na­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Ol bi­le­lik­dä­ki iki­ta­rap­la­ýyn tas­la­ma­la­ryň af­ri­ka­ly­la­ryň ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dy­ran­dy­gy­ny bel­le­di.

Kos­mos mis­si­ýa­sy­ny ta­mam­la­ýar

Türk­me­nis­ta­nyň we Rus­si­ýa­nyň Gah­ry­ma­ny, «Ros­kos­mos»-yň kos­mo­nawt­lar to­pa­ry­nyň ser­ker­de­si, or­bi­ta­da uzak wagt­ gal­mak­da dün­ýä re­kor­dy­nyň eýesi Oleg Ko­no­nen­ko bä­şin­ji kos­mos eks­pe­di­si­ýa­sy­ny ta­mam­lap, 23-nji sent­ýabr­da Ýe­re do­lan­ma­ga taý­ýar­lan­ýar. 375 gün do­wam eden bu mis­si­ýa hal­ka­ra kos­mos stan­si­ýa­sy (HKS) mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de iň uzyn döw­ri öz içi­ne al­dy. Türk­me­na­bat şä­he­rin­de dog­lan we Rus­si­ýa­nyň iň tej­ri­be­li kos­mo­naw­ty bo­lan Oleg Ko­no­nen­ko şu ýy­lyň 4-nji few­ra­lyn­da de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk sep­gi­de ýet­di we Ýe­re go­laý or­bi­ta­da je­mi 1000 gün bo­lan ta­ry­hda il­kin­ji ada­m bol­dy. Bu re­kord 2023-nji ýy­lyň 15-nji sent­ýab­ryn­da baş­la­nan hä­zir­ki mis­si­ýa­sy wag­tyn­da go­ýul­dy. Şon­da ol «So­ýuz MS-24» kos­mos gä­mi­sin­de HKS-70/71 eks­pe­di­si­ýa­sy­nyň ser­ker­de­si hök­mün­de HKS-e ba­ryp­dy.

Tä­ze me­ýil­na­ma­sy­ny mä­lim et­di

Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti Ma­sud Pe­zeş­ki­an ýur­duň paý­tag­ty­ny Täh­ran­dan gü­nor­ta ser­het ýa­ka­la­ry­na, Pars aý­la­gy­nyň ke­nar­la­ry­na gö­çür­mek ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma­sy­ny mä­lim et­di. Bu ba­ra­da «Fars» agent­li­gi ha­bar ber­di. «Täh­ran ýur­duň paý­tag­ty bol­mak bi­len, paý­tagt mer­ke­zi­ni gö­çür­mek­den baş­ga çöz­güt ta­pyp bol­ma­jak me­se­le­ler bi­len ýüz­be-ýüz gal­ýar» di­ýip, «Fars» agent­li­gi Pe­zeş­kia­nyň söz­le­ri­ni ge­tir­di.

Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry ge­çi­ril­di

8-13-nji sent­ýabr­ aralygynda Ga­za­gys­ta­nyň paý­tag­ty As­ta­na­ şäherinde Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry ge­çi­ril­di. «Ym­gyr säh­ra­da­ky du­şu­şyk» şy­ga­ry as­tyn­da geç­irilen sport çä­re­si­niň açy­lyş da­ba­ra­sy ar­tist­le­riň üç müň­den gow­ra­gy­nyň gat­naş­ma­gyn­da «As­ta­na Are­na» sta­dio­nyn­da gu­ral­dy. Bu da­ba­ra Ga­za­gys­ta­nyň mil­li baý­da­gy­nyň hem-de Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň baý­da­gy­nyň gal­dy­ryl­ma­gy we se­na­sy­nyň ýaň­lan­ma­gy bi­len baş­lan­dy. Il­ki gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň da­ba­ra­ly ýö­ri­şi ge­çi­ril­di. Mün­be­riň öňün­den beýleki ýurtlaryň tür­gen­le­ri bilen birlikde türk­me­nis­tan­ly tür­gen­ler hem geçdi.

Ça­dyr gör­nüş­li sta­di­on gur­lar

2030-njy ýyl­da ge­çi­ril­jek fut­bol bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­na çen­li Ma­rok­ko­da ça­dyr gör­nüş­li ägirt sta­dio­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. «Grand Sta­de Has­san II» diý­lip at­lan­dy­ryl­jak sta­di­onyň 115 müň­den gow­rak to­ma­şa­çy­ny ka­bul edip bil­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Bu tas­la­ma Fran­si­ýa­nyň «Po­pu­lo­us we Oua­la­lou + Choi» bi­na­gär­lik eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zül­di. Stadion Ka­sab­lan­ka­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky El-Man­su­ra şä­he­rin­de 100 gek­tar meý­dan­da ýer­le­şer. Bi­na­gär­ler ça­dyr gör­nüş­li di­zaý­ny dö­ret­mek­de Ma­rok­ko­nyň däp-des­sur­la­ryn­dan yl­ham alyp­dyr­lar. Sta­dio­nyň üçe­gi 32 sa­ny mer­du­wa­nyň hal­ka­la­ry­na da­ýan­ýan al­ýu­min gö­ze­nek­ler­den ýa­sa­lar. Mün­ber­ler umu­my zo­la­ga we VIP bö­lü­me bö­lü­ner. Şeý­le hem «oa­zis» tä­sir­le­ri­ni dö­red­ýän, 28 metr be­ýik­li­ge gal­dy­ry­lan meý­dan­ça­lar­da ýer­leş­jek köp de­re­je­li bag­lar bo­lar. Bi­rin­ji gat­da bo­ta­ni­ka ba­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Fran­si­ýa­nyň tä­ze Prem­ýer-mi­nist­ri

Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron Ýew­ro­pa­nyň öň­ki ko­mis­sa­ry we Fran­si­ýa­nyň ozal­ky da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Mi­şel Bar­nýe­ni Prem­ýer-mi­nist­r we­zi­pe­si­ne bel­le­di. Bu wa­ka Fran­si­ýa­da möh­le­tin­den öň ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ry­nyň ne­ti­je­le­rin­den iki aý tö­we­re­gi soň we 16-njy iýul­da Em­ma­nu­el Mak­ron ta­ra­pyn­dan bel­le­nen Gab­ri­el At­ta­lyň işin­den çe­kil­me­gin­den ep-es­li wagt soň bo­lup geç­di.

79-njy ses­si­ýa öz işi­ne baş­la­dy

10-njy sent­ýabr­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Nýu-Ýork­da­ky ştab-kwar­ti­ra­syn­da gu­ra­ma­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy mej­li­si öz işi­ne baş­la­dy. Ýyl­lyk ses­si­ýa­nyň gün ter­ti­bi dün­ýä­niň kä­bir se­bit­le­rin­de ýü­ze çy­kan çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri çöz­mek, dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek we ös­ýän ýurt­la­ra kö­mek ýa­ly dür­li me­se­le­le­ri öz içi­ne al­ýar. Tä­ze ses­si­ýa­nyň esa­sy wa­ka­sy, däp bol­şy ýa­ly­, 24-nji sent­ýabr­dan 28-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da, şeý­le hem 30-njy sent­ýabr­da gu­ral­ýan ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­hat ha­sap­lan­ýar. Mas­la­ha­ta köp san­ly döw­let ýol­baş­çy­la­ry we mi­nistr­ler gat­na­şyp, mö­hüm me­se­le­ler ba­ra­da çy­kyş ed­ýär­ler. Bu ýyl her ýyl­ky ses­si­ýa­nyň çä­gin­de il­kin­ji ge­zek «Gel­je­giň sam­mi­ti» gu­ra­lyp, onuň do­wa­myn­da pa­ra­hat­çy­lyk we glo­bal howp­suz­lyk me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Sam­mi­tiň ahy­ryn­da «Gel­jek üçin şert­na­ma», «Glo­bal san­ly yla­la­şyk» we «Gel­jek­ki ne­sil­ler üçin jar­na­ma» tas­syk­la­nar. Bu çä­re has go­wy gel­je­ge nä­dip ýe­tip bol­jak­dy­gy we gel­je­gi nä­dip üp­jün et­me­li­di­gi ba­ra­da tä­ze hal­ka­ra yla­la­şy­gy­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len 22-23-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­ler.

Alžiriň Prezidenti gaýtadan saýlandy

Al­ži­riň Pre­zi­den­ti Ab­delma­jid Teb­bun ýurt­da ge­çi­ri­len no­bat­dan da­şa­ry Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da 94,65 gö­te­rim ses alyp, ýe­ňiş ga­zan­dy. Bu barada Al­ži­riň ga­raş­syz mil­li saý­law to­pa­ry­nyň baş­ly­gy Mu­ham­met Şe­re­fi met­bu­gat ýyg­na­gyn­da ha­bar ber­di. «Pa­ra­hat­çy­lyk jem­gy­ýe­ti üçin he­re­ke­t» partiýasynyň da­laş­gä­ri Ab­de­la­li Has­a­ni Şe­rif ses­le­riň 3,17 gö­te­ri­mi­ni al­dy, «So­sia­lis­tik güýç­ler he­re­ke­ti­niň» Baş sek­re­ta­ry Ýus­ef Usu­şi bol­sa ses­le­riň 2,16 gö­te­ri­mi bi­len soň­ky or­ny eýe­le­di. Şe­re­fi saý­law­la­ra gat­na­şy­gyň 48 gö­te­ri­me deň bo­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Harris öňde barýar. ABC News te­le­ýaý­ly­myn­da ge­çi­ri­len te­le­çe­kiş­me­ler­de wi­se-Pre­zi­dent we de­mok­rat­lar­dan ABŞ-nyň pre­zi­dent­li­gi­ne da­laş­gär Ka­ma­la Har­ris res­pub­li­ka­çy­lar­dan da­laş­gär Do­nald Tramp­dan ses­le­riň 44 gö­te­ri­mi bi­len üs­tün çyk­dy. Pi­kir so­raş­ma­lar­da Tramp to­ma­şa­çy­la­ryň 40 gö­te­rim gol­da­wy­ny al­dy. ABŞ-da Pre­zi­dent saý­law­la­ry 5-nji no­ýabr­da ge­çi­ri­ler. Iň ki­çi to­zan so­ru­jy­ny ýa­sa­dy. Hin­dis­tan­ly ta­lyp Ta­pa­la Na­da­mu­ni ulu­ly­gy ba­ry-ýo­gy 65 san­ti­metr bo­lan dün­ýä­de iň ki­çi­jik to­zan so­ru­jy­ny dö­ret­di. Onuň bu üs­tün­li­gi Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by ta­ra­pyn­dan res­mi taý­dan yk­rar edi­lip, onuň 2022-nji ýyl­da go­ýan öň­ki re­kor­dyn­dan 2 san­ti­metr ta­pa­wut­lan­ma­gy ba­şar­dy.

Gurmak we döretmek – baş maksadymyz

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zy ös­dür­mek ug­run­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Wa­ta­ny­myz gün­sa­ýyn gö­zel­leş­ýär, tä­ze-tä­ze bi­na­lar gu­rul­ýar. Te­bi­ga­tyň aja­ýyp keş­bi bi­len kä­mil saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­ýän bi­na­gär­lik top­lum­la­ry ata Wa­ta­ny­my­zyň has-da gö­zel­leş­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­hi­tek­to­ry Gahryman Arkadagymyzyň ba­şy­ny baş­lan şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry, döw­re­bap be­ýik iş­le­ri hä­zir­ki wagt­da – Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li do­wam ed­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň se­na­gat pu­da­gy­na, hu­su­san-da, gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ne mö­hüm orun de­giş­li­dir.

Belent sepgitlere ýetmek üçin uly tagallalar edilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her bir gün taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen beýik işleriň has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrýan wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna özboluşly many-mazmun çaýýar. Ýakynda bolup geçen taryhy wakalar eziz Diýarymyzyň günsaýyn öňe barýandygyny äşgär etdi. Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň giň­den bel­le­nil­ýän şan­ly ýy­lyn­da Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni da­ba­ra­ly bel­le­nip ge­çil­di. Hormatly Prezidentimiziň gat­naş­ma­gyn­da baý­ram­çy­lyk gü­nün­de paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky Ýö­ri­te­leş­di­ri­len har­by mek­de­bi­niň tä­ze, ak mer­mer­li bi­na­lar top­lu­my­nyň açyl­ma­gy şan­ly wa­ka­la­ryň şat­ly­gy­ny ar­şa gö­ter­di. Şeý­le hem şol gün Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň top­lu­my­nyň bi­na­sy­nyň açyl­ma­gy ýat­da ga­ly­jy pur­sat­la­ra bes­len­di. Bu bol­sa gün­sa­ýyn gö­zel­leş­ýän paý­tag­ty­my­zyň gör­kü­ni has-da art­dyr­dy.

Halk Mas­la­ha­ty – de­mok­ra­ti­ýa­nyň be­lent nus­ga­sy

Halk Maslahaty Garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetiň jebisliginiň berk köprüsine öwrüldi. Döwletimiziň ösüşiniň iň möhüm wezipeleri, jemgyýetçilik durmuşynyň döwrüň talaplaryna görä özgerdilmeginiň ugur-ýollary baradaky anyk çözgütleri kabul etmegiň münberine öwrülen Halk Maslahatynyň mejlislerine gatnaşýan ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetiň dürli gatlaklaryna wekilçilik edýän adamlar berkarar döwletiň ösüş ýollarynyň täze wezipelerine çuň düşünmek bilen, olary ýerine ýetirmegiň jogapkärçiligini ýürekden duýup, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, nesilleriň ygtybarly geljeginiň berk binýadyny döretmekde döwletimiziň mümkinçilikleriniň uludygyna göz ýetirýärler we halkyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülen bu forumyň ýüze çykarýan täzeliklerini, bu ýerde öňe sürülýän başlangyçlary, öňde goýlan wezipeleri halkyň arasynda giňden düşündirmekde işjeňlik görkezýärler. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty hal­kyň we­kil­çi­li­gi­niň, is­leg-ar­zuw­la­ry­nyň, wa­tan­çy­lyk baş­lan­gyç­la­ry­nyň ýü­ze çyk­ýan ýe­ri hök­mün­de uly ab­ra­ýa we yna­ma eýe bol­dy. Halk Mas­la­ha­ty hal­kyň, eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ösüş­le­ri­ne da­hyl­ly­ly­gy­nyň, jem­gy­ýe­tiň mil­li de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­riniň il bäh­bit­li ma­ny-maz­mu­ny­na çuň­ňur dü­şün­me­gi­niň we her bir ösüş mak­sat­la­ry­ny bag­ty­ýar­ly­gyň, ynam­ly ýa­şaý­şyň eg­sil­mez çeş­me­si hök­mün­de ka­bul et­me­gi­niň ruh­lan­