"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Biraýlygyň çäklerinde möhüm işler alnyp barylýar

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen 2015-nji ýylda başy başlanyp, her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlyk ýylyň-ýylyna öz netijeliligini görkezip gelýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi gönüden-göni ynsan saglygyny goramaga gönükdirilendir. Onuň düýp özeninde ynsan saglygyny goramak hakdaky alada durandyr. Bu alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Ýol hereketiniň asudalygyny, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Muňa biraýlygyň dowamyndaky meýilnama boýunça tassyklanan toplumlaýyn çäreler aýdyň şaýatlyk edýär. Ýakynda Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň guramagynda bu biraýlygyň çäklerinde talyp ýaşlaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — saglygymyzyň girewi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen biraýlygyň ähmiýeti barada durup geçdiler. Biziň her birimiz ýolagçy ýa-da sürüji hökmünde ýol hereketine gatnaşýarys. Şonuň üçin

Watan söýgüsi ähli ýürekleri birleşdirýär

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi Mälim bolşy ýaly, 1991-nji ýylyň maýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) işi Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty aýratyn ähmiýete eýedir.

Ata Watan — maksatlaryň myrady

Geçen şenbe güni, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky ХХV maslahaty geçirildi. Ata Watanymyzyň özbaşdaklygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçen bu maslahata Birleşigiň işgärler düzümi, ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky şahsy hem-de köpçülikleýin agzalaryň, şeýle-de syýasy-jemgyýetçilik, medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Umumytürkmen maslahatynda Birleşigiň işjeň wekilleri Hormat haty bilen sylaglandy. Biz bu maslahata gatnaşan watandaşlarymyzyň käbiriniň watançylyga ýugrulan ýürek sözüni okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik. Seýitmuhammet MUHAMMETSYDDYH, DTYB-yň şahsy agzasy, owganystanly türkmen, «Dostluk gatnaşyklary» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:

Demokratik ýörelgäniň belent nusgasy

Şu günler ýurdumyzda döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, ata Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär. Forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk komiteti döredildi. Häzirki wagtda ol toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.

Düzgünleri berjaý etmek borjumyzdyr

Her ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem baý many-mazmunly çärelere beslenýär. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde giň gerim alan ýol hereketi bilen baglanyşykly düşündiriş işleri, maslahatlardyr duşuşyklar, bäsleşikler hem şaýatlyk edýär. Turuwbaşdan bellesek, biraýlygyň çärelerini göwnejaý guramak maksady bilen, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyp, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleri boýunça ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, ýokary, orta we umumybilim berýän mekdeplerde okaýan ýaşlaryň arasynda düşündiriş sapaklarydyr wagyz-nesihat işlerine giň gerim berilýär.

Biraýlyga bagyşlanan bäsleşik

Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň 6-7-nji synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi. «Ýol hereketi barada umumy düşünje. Pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlary» diýen şygar astynda geçen bu bäsleşik «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi hem-de Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi tarapyndan guraldy.

Görseň üzüm, düzüm-düzüm (Publisistika)

«Ir turan işinden dynar» diýleniň mysaly şu bolmaly. Gadymy Garadaşaýak obasynyň horazlary daňdan bolanyny buşlap ýetişmänkä, guýlan kenek ýaly ykjam göwreli, orta boýludan bugdaýreňk, tegelek ýüzli adam eýýäm demirýoluň ilersindäki üzümçiligiň içinde «gögerene» meňzäpdi. Hä-ä, eýýäm gapydaky baggoýunlara, sagylýan sygra, eýesini görenden käkeleşip ugran towuk-jüýjelere ot-suwuny beribem ýetişipdi. Eždatlaryň «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýen gadymy aýtgysy ekine hem degişli bolmaly. Gör-ä, joýasyna girersiň weli, daň çygyna hasam ýazylan ýaşyl ýapraklar, sen golaýlanyňdan terleniberýän hoşalar gözüň düşenden has agramlanyberýän ýaly. Öňki daýhanlar aýdyp gidipdir-ä: «Ekin eýesiniň eli degse, düýbünden göterilen ýaly boluberer» diýip. Her gezegem pederiniň pendini ýatlar: «Ekinçi bolma, çyn babadaýhan boljak bol. Onsoňam «Ýeriň azy eklär, malyň — köpi» diýleni gulagyňda bolsun. Bir gysym ýere yhlas et, on gulaç ýere barabar hasyl-hümmet eçiler. Bilgin, gadymy Büzmeýin üzümiň tüýs mesgenidir. Akşekerek, gara halyly, bidäne, gelinbarmak, düýegöz... garaz, diňe şu toprakda «hakyt däliräp bitýär» diýilýän görnüşleri bardyr. Başga ýerlerde-de göze doly üzüm bardyr, howasyna, topragyna, suwuna görä. Ýöne Büzmeýiniňki irem bişer, her hoşasy «oglanyň kellesi ýaly» diýilýänem bolar, tagamam bir iýseň, ýene küýseder durar. Onsoňam «Üzüm — özüm» diýleninem unutma. Üzüm töweregine baş

Çigrek (Durmuş we biz)

Işe atygsaýan ýüregime aýaklarymyň goltgy berýänini duýup barşyma, bir demde duralga ýetenimi bilip galdym. Ak öý ýaly duralgalardaky ýolagçylaryň käbirleri bilen baş atyşyp, has tanyşlary bilen içgin saglyk-amanlyk soraşyp durşuma, gözüm 160-lygyň ýolundady. Şol barmana goňşy okuwçy gyz salam berip, ýylgyrypjyk ýanyma geldi. Egninden asylgy torbajygy onuň dil ugrundan haýsydyr bir okuw merkezine gatnaýandygyndan habar berýärdi. Tüweleme, tomus çagalaryň boýlaryna-inlerine bat beräýýär. Özümiňkiler şeýlemikä diýsem, bujagaz gyzyňam boýjagazyna guwanybermeli bolandygyna aň etdim. Ol bolsa: «Gelneje, eýýäm sowuk düşäýdimi?!» diýen sowaly bilen pikirimiň hörpüni üýtgetdi goýaýdy. Sebäbi bir-iki günlükde öýümizde-de şeýleräk gürrüň bolupdy. Gelnimiz indi agşamlaryň mazaly salkynlanyny aýdyp, serginledijä dynç bermek wagtynyň ýetenini çagalaryna tekrarlaýardy. Gyz agtygym bolsa: «Gün, tün» diýip, meniň zol gaýtalaýan sözlerimi ýatlap, enesini diňlemek isleýärdi. Uzak garaşdyrman onuň islegini berjaý etmeli boldum: «Gyzym, «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda Gün sowar» diýenimi ýatlaýaňmy? Atalarymyzyň aýdan sözleriniň yrýasy bolmaz. Olar müň bir gezek ölçerip-döküp, soňra şeýle aýtgylary döredipdirler. Özüňizem oňa şaýat bolduňyz ahbetin. «Üçýyldyzyň galgyny, Ýaldyragyň ýangyny» diýlen mütdetde howa nähili yssy boldy. Üçýyldyz dogandan soň welin, birazajygam bolsa, gijelere salkynlyk

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) ÇAGA ÖZ ENE DILINDE GÜRLÄP BAŞLANDAN SOŇ DAŞARY ÝURT DILINI ÖWREDIP UGRAMAK EÝÝÄM GIÇ BOLÝAR

Bagtyýarlyk nury

Bagtyýar türkmen halky 27-nji sentýabrda Watanymyzyň baş baýramyny — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi dabaraly belläp geçer. Şu ýyl şanly Garaşsyzlygymyza 33 ýyl bolýar. Taryh üçin uzak bolmadyk geçen döwrüň içinde ýurdumyz düýpgöter özgerip, asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Täze obalar, şäherçedir şäherler, döwrebap medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar, köp sanly kaşaň ymaratlar... bularyň ählisi mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň eçilen miweleri. Milli ykdysadyýetimiziň beýik ösüşlerine, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine hem diýseň buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň guraljakdygy barada aýdylmagy bizi diýseň begendirdi. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünliklere nazar aýlamakda bu serginiň ähmiýeti uly bolar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Tejen etrabyndaky 41-nji orta mekdepde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäginde geçirilen duşuşyk “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesi tarapyndan guraldy. Mekdep okuwçylarynyň arasynda bolan duşuşygyň esasy maksady ýaşlaryň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegini gazanmakdan we bu ugurdaky düşünjesini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Duşuşykda etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wekilleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy. Olar ýörite şertli belgileri görkezip, okuwçy ýaşlara ýoluň pyýadalara niýetlenen ýerinden geçmegiň düzgün-kadalaryny düşündirdiler. Gymmatly öwüt-ündewler ýaşlarda uly täsirleri döretdi.

Watanymyzyň ösüşlerine buýsanç

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikleri ilat arasynda wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Sarahs etrabynyň edara-kärhanalarynda duşuşyklardyr maslahatlar, “tegelek” stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary hem şeýle mazmunly duşuşyklara işjeň gatnaşmak bilen, etrabymyzyň ýaşlaryna Watanymyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar barada gürrüň berýärler. Wagyz-nesihat duşuşyklarynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň, şonuň çäginde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi baradaky söhbete hem aýratyn üns çekilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýokary ahlakly, bilimli, sagdyn ruhly, watansöýüji nesli kemala getirmek babatdaky tagallalaryň ýaşlarda gyzgyn goldaw tapýandygyna ýerlerde geçirýän çärelerimizde buýsanç bilen göz ýetirýäris. Şeýle ajaýyp döwre ýetiren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza etrabymyzyň ýaşlarynyň alkyşy tükeniksizdir.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýär

Ählihalk işine bagyşlanyldy Golaýda TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň polisiýa bölüminiň bilelikde guramaklarynda etrabymyzdaky 14-nji orta mekdepde “Ýollarymyz asuda — ilimiz abadan” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä ady agzalan guramalaryň işgärleri, orta mekdepleriň mugallymlarydyr, okuwçylary gatnaşdylar.

Täsirli geçen okuw maslahaty

Bütindünýä ilkinji kömegi bermek gününe bagyşlanyp Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan geçirilen okuw we amaly maslahaty ýokary guramaçylyga beslendi. Onda çykyş edenler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ilat arasynda köptaraplaýyn işleri alyp barýandygyny, esasy ugurlarynyň biriniň bolsa, ilkinji kömek bermegiň endiklerini öwretmek boýunça ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmak bolup durýandygyny bellediler. Soňra okuw we amaly maslahatyna gatnaşyjylar ýer titremede, suw joşanda, ýangynda, sil gelmede, awtoulag hadysasynda  adatdan daşary ýagdaýlar bilen tanyşdylar. Şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp barmagyň, lukmandan ozal ilkinji kömegi bermegiň kadalaryny, ýüze çykan betbagtçylyk ýagdaýlarynda ýürek-öýken reanimasiýasyny geçirmek endiklerini, gan akmany duruzmak, ýarany daňmak we şuňa meňzeş ilkinji kömek berlişini tejribe arkaly öwrendiler. Okuw maslahatyna gatnaşanlaryň alan bilimlerini berkitmek boýunça geçirilen tejribeler, hünärmenleriň beren maslahatlary örän täsirli boldy.

Düzgünler berjaý edilmelidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklary, şol sanda ýol-ulag ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar. Muňa ulag serişdelerini tehniki barlagdan geçirmekligiň düzgünleriniň kämilleşdirilmeginiň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Ulag serişdeleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň bellige alyş we synag birliklerinde hasaba alnan ýeri boýunça tehniki barlagdan geçirilýär. Ulag serişdeleriniň tehniki barlagyny geçirmegiň esasy maksady ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýyna baha bermekden, olaryň sanyny, degişliligini we bellige alyş maglumatlaryny deňeşdirmekden ybaratdyr. Ýuridiki hem-de fiziki şahslar özlerine degişli ulag serişdelerini tehniki barlagdan geçirişe getirmäge borçly bolup, fiziki şahslar ulag serişdesiniň san belgisiniň soňky sanyna laýyklykda degişli aýda, ýuridiki şahslar bolsa meýilnama boýunça göz öňünde tutulan möhletde degişliligi boýunça ulag serişdelerini bellenilen ýere getirmelidirler. Ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýy enjamlary we serişdeleri ulanmak bilen ýa-da olary ulanmazdan gözden geçirmek arkaly ýerine ýetirilýär.

Ýol abat — il abat

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Etrek etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda etrabyň 2-nji çagalar bagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň hem-de çagalar baglarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda guralan çärede çykyş edenler ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek, esasan-da, sürüjileriň awtoulaglary ýokary tizlikde dolandyrmaklarynyň gadagandygy, el telefonynda gepleşilýän wagtynda ulaga erk etmeli däldigi hem-de awtoulagyň guratlygyny gözden geçirip durmalydygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söwda toplumynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde meýilnama laýyklykda, zähmet düzgün-tertibi berkitmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek maksady bilen, düşündiriş, öňüni alyş boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň direktorlarynyň orunbasarlary, işgärler bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň başlyklary, şeýle-de kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory S.Geldiýewiň alyp barmagynda geçirilen çärede Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň başlygy M.Jumaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili, polisiýanyň podpolkownigi N.Halymow, Türkmenitanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň wekili, polisiýanyň maýory J.Pygyýew dagy degişli mowzuklar boýunça giňişleýin çykyş etdiler.

Söwda bilen baglanyşykly sözler

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). LYBAS — egin-eşik, eginbaş, geýim.

ABU ALY IBN SINANYŇ ÖZ PERZENDINE BEREN NESIHATLARYNDAN

Sözlän mahalyň elleriňi hereketlendirme. ***

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň,

şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory.