"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sürüjilere maslahatlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň asudalygyny we köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmazlygyny gazanmagy maksat edinip, maslahatlar bilen ýüzlenýäris: Ýokary tizlik — awtoulagy has ýokary tizlikde sürmek howply we gödek endikdir. Bu sizi we töwerekdäki ýol hereketine gatnaşýanlary howply töwekgelçilige salýar. Ýokary tizlik heläkçilige ýa-da jerimä esas döredýär.

Meýilnamalaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynyň dowamynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy guramaçylykly geçirmek maksady bilen, wagyz-nesihat işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Hususan-da, biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeginde guramaçylykly we özboluşly çäreleriňdir maslahatlaryň geçirilmegi, olarda ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalaryň we sürüjileriň wezipeleri hakynda nygtalmagy, ösüp gelýän ýaş nesil üçin edilýän tagallalaryň biridir. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumybilim berýän mekdepleriniň başlangyç synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň kadalarynyň ilkinji endiklerini ýaş nesle düşündirmek, şeýle-de Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynyň bellenilen talaplaryny gollanyp, ýol hereketiniň kadalarynyň ilkinji endiklerini öwretmek we halk köpçüligine wagyz-nesihat etmek maksady bilen, «Ilkinji ädim» atly utgaşykly kitaby körpe nesillerimize, bilim edaralaryna paýlanylýar we düşündirilýär. Kitapdaky dürli reňkli şekiller we ünsi talap edýän ýumuşlar bilen baglanyşykly taýýarlanan sowallar arkaly tele we radioýaýlymlarda habar (SMS) bäsleşigi geçirilýär. Ol bäsleşikde 0560 gysga belgä kod (SMS) iberip, ýeňiji bolan ildeşlerimize ýurdumyzyň çäginde hereket edýän kitap dükanlaryndan «Ilkinji ädim» atly kitap sowgat berilýär. Ýene-de aýratyn bellemeli zatlaryň biri, kitapda QR-kod ýerle

Terbiýeçilik ähmiýetli bäsleşik

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-nesihatlaryny we watançylyk sargytlaryny, eserleriniň many-mazmunyny şahsy düzümiň aňyna çuňňur ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde «Kitap — bilimiň çeşmesi» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrlary geçirildi. Bäsleşige gatnaşan harby gullukçylar ylmyň-bilimiň açary bolan kitaba çäksiz hormat goýýandyklaryny subut edip, bu ugurda öz bilimlerini emin agzalaryna görkezmegi başardylar. Bäsleşikde tapawutlanan harby gullukçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň sowgatlary bilen sylaglandylar. Allamyrat ÝALKANOW, podpolkownik.

Bagtyýar durmuşymyzyň höziri

Eziz Diýarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça biraýlygyň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar. Golaýda maýor Mukam Akjaýewiň ýolbaşçylyk edýän garnizonynyň harby bölümlerinde hem-de edara-kärhanalarynda welaýat Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň serkerdesi, podpolkownik Begenç Amanow hem-de şäher polisiýa bölüminiň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany Şamuhammet Gurbanow dagynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigi barada aýdyldy. Sebäbi asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Süleýman GURBANALYÝEW, Harby awtomobil gözegçiliginiň müdiri, maýor.

Ýürekden bir sözüm bar

Gahryman Serdarly Watanym meniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ykbaly bagtdan ýalkanýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň beýik ösüşlerine buýsanýan bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda aýdyň geljegi nazarlaýar. Ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Gözel Diýarymyzyň waspy dillerde sena bolup ýaňlanýar, ýüreklerde ylham bolup gaýnaýar.

Döwletli tutumlar rowaçlanýar

Möhüm desgalaryň uly geljegi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde durmuşa geçirilýän örän möhüm taslamalar Watanymyzy ykdysady taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Munuň özi türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, abadançylygy, bagtyýarlygy şertlendirip, eşretli ertirimize sarsmaz ynamy döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda amala aşyrylýan döwletli tutumlaryň rowaç alýandygy guwandyrýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

Beýik başlangyçlaryň gözbaşynda Mälim bolşy ýaly, halkymyzda möhüm meseläniň çözgüdini il-gün bilen maslahatlaşyp çözmek, köpçülige sala salmak asylly däpleriň biri. Ýurdumyzda Halk Maslahatynyň hereket etmegi ata Watanymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik syýasy gurluşynyň barha kämilleşýändigini we bu işleriň aňyrsynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgeleriň öz beýanyny tapýandygyny alamatlandyrýar. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýen parasatly jümleleri dolulygyna güwä geçýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Döwrüň ýokary talaby Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde hereket edýän milli kanunçylygymyz ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň rowaçlanmagyna bähbitli täsirini ýetirýär. Raýat jemgyýetimizde kanunlaryň hökmürowanlygy, döwletiň we jemgyýetiň kanuny bähbitleriniň goraglylygyny üpjün edýär.

Asudalygyň goragynda

Sazlaşykly işiň oňyn täsiri Ajap eýýamymyzyň üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde il-günümiz tutanýerli zähmet çekýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üstünliklere beslenip, il-gün bähbitli bu işlerde içeri işler edaralarynyň işgärlerine jogapkärli wezipeler ynanylýar.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýär

Guramaçylykly barýar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň möhüm çäresi bolan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk biziň welaýatymyzda-da guramaçylykly geçirilýär. Bu ählihalk çäresine gözegçilerimiz işjeň gatnaşyp, welaýatymyzyň köçe-ýollaryna gözegçiligi has-da güýçlendirýärler.

Raýat jemgyýetiniň kämil mekdebi

Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik Şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny uly ruhubelentlikde garşylaýan berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşini hem-de merdana halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň mynasyp dowamy bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yglan edilen «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen esasy ýörelgämiziň çäklerinde üstünliklere beslenýän taryhy tutumlaryň özeninde şeýle asylly maksatlar jemlenendir. Bu döwletli maksadyň hemişe rowaçlyklara beslenmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr. Sebäbi halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän bu ýokary wekilçilikli edara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleri amala aşyrmakda jemgyýetçilik pikirini diňlemek hem-de şolar esasynda oňyn çözgütleri kabul etmek ýaly kämil durmuş ýörelgelerine daýanýar. Munuň üçin bu ýokary wekilçilikli edaranyň ýerlerde ýerli wekilçilikli edaralary bolan welaýat, etrap hem-de şäher halk maslahatlary hereket edýär. Ýokary wekilçilikli edaranyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän «Türkmenistanyň H

Halkymyzyň gadymy ýörelgesi dowamat-dowam

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durmuş-ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap batly depginde öňe barýar. Ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, taryhy wakalar halkymyzy guwandyryp, ýeňişli menzillere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen tutumly işleri gün-günden rowaçlanýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanyp, ähli ugurlarda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler oňat netijesini berýär. Bilşimiz ýaly, pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, ýylyň-ýylyna mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu döwletli maslahatyň geçirilmegi milli demokratiýamyzyň, asyrlar aşyp gelýän ýol-ýörelgelerimiziň dabaralanmagydyr.

Taryhy ähmiýete eýe bolar

Ösüşlere beslenýän döwrümizde döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Jemgyýetimiziň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini, ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň binýadyny berkitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna möhüm orun degişlidir. Halk Maslahatynyň işini kadaly alyp barmak üçin onuň hemişelik hereket edýän Prezidiumynyň döredilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Prezidium Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guraýar, onuň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul edýär we öz ygtyýarlyklaryna degişli beýleki meseleleri çözýär.

Iş bitirseň, il tanaýar

Ýurdumyzda durmuş we iş tejribesi ýetik zähmet adamlarynyň sarpasy belent tutulýar. Şeýle adamlaryň biri-de ömrüni nebitgaz pudagyna baglan, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Nurmämmet Hançarowdyr. Ol 1946-njy ýylda Bereket etrabynyň Joýruk obasynda işçi maşgalasynda dogulýar. Orta mekdebi tamamlandan soň, Nebitdag, Ekerem nebitgaz meýdançalarynda täze gazylýan guýular üçin buraw erginlerini taýýarlaýjy bolup işleýän kakasy Hançar Ýarmämmedowyň ýanynda nebitçi bolup iki ýyla golaý wagt işleýär. 1965-nji ýylda Türkmen politehniki institutyna okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebini 1970-nji ýylda tamamlap, Goturdepe buraw işleri müdirliginde inžener-geolog, uly inžener wezipelerinde işleýär. Günorta-Günbatar Türkmenistanyň çäklerinde uglewodorod gorlarynyň möçberini anyklamak maksady bilen, 1973-nji ýylyň ahyrynda gözleg-barlag işleri ýaýbaňlandyrylýar. Şonda «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzüminde Ekerem buraw işleri müdirligi döredilip, onuň esasy wezipesi ýurdumyzyň günorta çetki çäklerinde nebitgaz känlerini gözlemek we açmak bolup durýar. Tejribesiniň bardygy sebäpli, N. Hançarow bu müdirligiň geologiýa bölüminiň başlygy wezipesine bellenýär. Ilkinji gözleg guýusyny gazmak Keýmir gözleg meýdançasyndan başlanýar. 1978-nji ýylda gözleg guýusynyň çuňlugy 3400 metre ýetip, onuň kesiminde, nebitgaz ýatagynyň eteki gyzyl reňkli gatlagynda önümli gatlaklary

Gülçi zenanlaryň üstünligi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli şu gün – 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde yglan eden «Güller gözelligiň, parahatçylygyň aýdymy» atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zenanlar owadan güllerden ajaýyp eserleri döredip, olara zamanabap at berip, gülleriň hem-de owazly goşgy-gazallaryň üsti bilen Watanymyzyň ösüşlerini wasp etdiler. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup,  birinji şert «Bagy-bossan Watanym» diýlip atlandyryldy. Bu şertde olar owadan güllere beslenen Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşlerini çeper sözler bilen wasp etdiler. Ikinji şert «Güller gözelligi senden öwrener» diýlip atlandyryldy. «Hünärim bar, hormatym bar» atly üçünji şertde hem toparlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler.

Ýolumyz asuda, ilimiz abadan bolsun!

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de welaýat Polisiýa müdirliginiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölüminiň bilelikde welaýatymyzyň mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň arasynda yglan eden «Ýaşyl yşyk» atly bäsleşiginiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. 23-nji çagalar bagynda geçen bäsleşikde çagalar baglarynyň terbiýeçileri köçeleriň kesişýän çatryklaryny şekillendirýän maketleri ýasap, şolaryň esasynda ýol hereketiniň düzgünleri barada gürrüň berdiler. Bäsleşikde «Ýaşyl yşyk» mowzugy esasynda sergi guralyp, onda çagalaryň çeken suratlary, ýelimlemek, gurnamak esasynda taýýarlan şekilleri, mowzuk boýunça çagalar baglarynda geçirilen çäreleri beýan edýän görnüşler ýerleşdirildi. Körpeleriň gatnaşmaklarynda guralan sahna oýunlary, olaryň ýerine ýetiren aýdymlary, labyzly okan goşgulary çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.

Garaşsyzlyk mizemez bagtdyr

Welaýat kitaphanasynda welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenabat şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda «Garaşsyzlyk mizemez bagtdyr» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar. Maslahatda Garaşsyzlygymyzyň mizemez bagtdygy, soňky ýyllarda syýasy, ykdysady, medeni hem-de durmuş ugurlary boýunça ýetilen beýik sepgitler dogrusynda buýsançly çykyş edildi. Şonuň ýaly-da çykyş edenler halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.

Gara reňkli şaryň hem beýlekilerden kem ýeri ýok

(Tymsal) Kiçijik garaýagyz oglanjyk bazarda şar satýan adama syn edip duran eken. Satyjy çagalaryň — bolup biläýjek kiçijik alyjylaryň ünsüni çekmek üçin, gyzyl reňkli şary göge uçuryp goýberipdir.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Köpürjik şekilli buzlar Ajaýyp tebigy keşbi bilen tapawutlanýan Baýkal köli täsinlikleriň jemlenen ýeridir. Onda emele gelýän köpürjik buzlary kölüň ajaýyp aýratynlyklarynyň biridir. Her ýylyň has sowuk döwürlerinde kölüň dury suwunda dürli diametrde köpürjik görnüşli ak buzlar emele gelýär. Olar metan köpürjikleridir. Kölüň saý suwlarynda ösýän suwotular metan gazyny çykarýarlar. Olar howanyň sowuk wagtlarynda ýokarda doňýarlar we biri-biriniň yzyndan zynjyr ýaly düzülip, buz bölejiklerini emele getirýärler we aşakdan ýokary 1,5 metre çenli uzalyp gidýärler. Şunuň ýaly ýagdaýlara noýabr, dekabr aýlarynda syn etmek bolýar. Şonda kölüň ýüzüne ak sapakdan tegelek nagyş çekilen ýaly bolýar. Olar her ýyl kölde emele gelýän ýerlerini üýtgedip durýarlar.

Çäksiz buýsanja beslendi

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwrüň talabyna görä günsaýyn özgerip, barha kämilleşýän milli demokratiýasynyň özboluşly bir täsin nusgasydyr» atly söhbetdeşlik  geçirildi. Onda  eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak, milli demokratik ýörelgelerimizi, abadan we bagtyýar durmuşy üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işler dogrusynda söhbet edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş sözleri aýdyldy.