"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

“SmartLog” Türkmenistandan ýükleri daşamak üçin konteýnerler toplumyny hödürleýär

“SmartLog” kompaniýasy Türkmenistandan goňşu ýurtlara, şol sanda Eýrana tiz konteýner otlululy düzümde daşaljak konteýner toplumyny döretmegi teklip edýär. Bu barada kompaniýanyň Buýurmalary ýerine ýetirmek merkeziniň direktory Ýuriý Suharkow “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly maslahatda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Bu başlangyç ýükleri daşamagy çaltlandyrmaga, logistika işini ýeňilleşdirmäge we hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy 5,9 göterim ýokarlanyp, 1,3 milliard dollara ýetdi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Al-Hameli BAE-niň Milli gününiň 53 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaranyň dowamynda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çarşenbe güni habar berdi. Ilçiniň bellemegine görä, BAE eýýäm gerimi boýunça Türkmenistanyň dördünji esasy hyzmatdaş ýurdy bolup durýar. Döwletler ýakyn ýyllarda özara söwda dolanyşygyny has-da artdyrmagy, häzirki görkezijini iki esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýärler.

Goşmaça mümkinçilikler netijeli peýdalanylýar

Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu kärhanalar şu ýylyň geçen 10 aýynda tutuş konsern boýunça 198 müň tonna golaý «gara altynyň» hem-de 42 million kub metre barabar mawy ýangyjyň goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Abatlaýjylaryň bu döwürde goşmaça alan nebitiniň has köp bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde, hasabat döwründe tutuş trest boýunça jemi 447 guýy düýpli abatlanylyp, olaryň 341-sine derek 396-sy gaýtadan hatara goşuldy. Trest boýunça goşmaça nebit almak baradaky meýilnamanyň 121,4 göterim, tebigy gaz babatda bolsa 296,5 göterim berjaý edilmegi öwgä mynasypdyr. Bu üstünlige «Gamyşlyja» we «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň zähmet toparlary has-da saldamly goşant goşmagy başardylar. Geçen hasabat döwründe trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň umumy möçberiniň 82 müň 587 tonnadan gowragy «Goturdepe», 63,6 müň tonna golaýy «Barsagelmez» we 52 müň tonna barabary bolsa «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleriniň paýyna düşýär. «Türkmennebit» döwlet konserni Diýarymyzyň ýangyç-energetika ulgamynda iň iri önümçilik-hojalyk düzümi bolup, soňky ýyllarda nebit-gazly ýataklary tapmakda we olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda tutumly işleri durmuşa geçirmek bilen birlikde,

Durnukly ulag ulgamy — ösüşiň möhüm ugry

Bilermenler Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde  ulag ulgamynyň ähmiýetini yzygiderli nygtaýarlar.  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 26-27-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi hem Milli Liderimiziň paýhasyndan gözbaş alýan ulag diplomatiýasynyň ählumumy ähmiýetini dabaralandyrdy. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen halkara forumda BMG-niň meýdançasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatynyň geçirilip, onda ählumumy derejede durnukly ulag ulgamyny ösdürmek babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak we özara tejribe alyşmak bilen bagly möhüm meseleleriň maslahatlaşylmagy hem onuň aýdyň beýany boldy.

Ösüşli ýollaryň ýalkymy

Öňňin paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi açyldy. Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanyp geçirilen halkara derejedäki bu giň möçberli çärede ata Watanymyzyň ulag we logistika pudagynyň soňky gazananlary tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokary görkezijisine öwrülen, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň bu sergidäki pawilýony köpleriň ünsüni çekdi. Bu sergide «akylly» şähere wekilçilik edýän Arkadag şäheriniň häkimliginiň maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölüminiň baş hünärmeni Çerkez Annaýewiň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Kiberhowpsuzlyk — ygtybarly goraglylyk

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, internet ulgamynyň elýeterliligini gazanmak, sanly ykdysadyýeti yzygiderli ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Ylmyň-tehnikanyň okgunly ösüşlere tarap ýol alýan ajaýyp zamanamyzda durmuşymyzy has-da özgerdýän sanly ulgamyň täsiri ýylsaýyn artýar. Sanly ulgam diňe bir önümçiligi dolandyrmakda, ulgamlaýyn hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda ähmiýetli bolman, eýsem, internet ulgamynyň hyzmatlarynyň barha kämilleşýän döwründe her bir raýatyň ulgamdan peýdalanyp, maglumatlaryň elýeterliligini gazanmagy, işiniň ýeňilleşdirilmegi üçin hem zerurdyr. Şu bilen baglanyşyklylykda kiber giňişlikde elektron maglumatlaryň howpsuz we ygtybarly dolandyrylmagy, kibergoraglylygyň gazanylmagy we üpjün edilmegi möhüm wezipe bolup durýar.

Kuwwatly ykdysady gadamlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti uly ösüşlere beslenýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetinde nebitgaz pudagy esasy orun tutýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi ykdysady ösüşimize oňyn täsir eder. Şol gaz geçirijisi türkmen tebigy gazyny täze bazarlara ýetirmekde möhüm taslamadyr. Bu taslama halkara hyzmatdaşlygyň we ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanmagyna şert döredýär. Ykdysadyýet jemgyýetiň ösüşi üçin möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Durnukly ösüş hem-de täze tehnologiýalar häzirki döwrüň talaplaryna we mümkinçiliklerine laýyklykda, ykdysadyýetiň üstünlikli işlemegine ýol açýar. Bu ulgam diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, syýasy taýdan hem möhüm özgerişlere badalga berýär. Döwrebap innowasiýalar arkaly Türkmenistanda ykdysadyýetiň ösdürilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistan daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmek üçin birnäçe maksatnamalary we gepleşikleri, duşuşyklary geçirýär, dürli halkara guramalar bilen, şol sanda Aziýanyň ösüş banky, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ylmyň we bilimiň, ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe ýurduň mundan beýläkki ösüşini, bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesi hem köp babatda ykdysadyý

Köptaraplaýyn ösüşiň görkezijisi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, birža hyzmatlarynyň görnüşleriniň artdyrylmagyna, hiliniň ýokarlandyrylmagyna, bank ulgamyna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen özgertmeler amala aşyrylýar. Manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagynda karz gatnaşyklarynyň talaba laýyk ýola goýulmagyna we onuň yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn orun degişlidir. Çünki puluň esasy bölegi nagt däl karz görnüşinde hereket etmek bilen, önümçiligiň netijeliligine we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna gönüden-göni täsir edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulýan karz pullaryň möçberi yzygiderli artýar, möhleti uzaldylýar. Bu öz nobatynda ykdysadyýetiň pudaklarynyň kadaly ösüşini üpjün etmek bilen, sebitleriň sazlaşykly ösüşine oňaýly täsir edýär. Karz gatnaşyklarynda esasy ýörelgeleriň berjaý edilmegi we karz pullaryň maksadalaýyk, ýokary netijeli ulanylmagy manadyň hümmetiniň bellenilen derejede saklanylmagyna ýardam edýär. Karz derejesini kesgitleýän abraýly agentlikler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagyna, karz beriş şertleriniň ýönekeýleşdirilmegine hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň has-da ösdürilmegine ýardam berýär. «Fitch Ratings» halkara agentligi tarapyndan

Durnukly ösüşiň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda ýurdumyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatyň hem-de serginiň geçirilmegi halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek maksatlaryndan ugur alýar. Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda, ýokary derejeli plenar mejlisi geçirmek, birnäçe sessiýalarda dürli meselelere seretmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiz ýakynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidýändigini, ýurduň ulag-kommunikasiýa pudagynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilýändigini belläp geçdi.

Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi

2024-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 7 milliard 188 million 41 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär. 2024-nji ýylyň diňe awgust aýynda iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 956 million 33 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

TULM Etrek stansiýasynyň üsti bilen multimodal gatnawlary ýerine ýetirýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň stansiýalaryndan gelýän dürli import ýükleri Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edýär. Bu ýükler multimodal görnüşde ýurduň dürli şäherlerine ugratylýar we telekeçilere öz wagtynda, ýokary hilde gowşurulýar.

Ösüşe we abadançylyga uzaýan ýollar

Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnama esasynda her ýylyň 26-njy noýabrynda Bütindünýä durnukly ulag güni bellenilýär. Şu mynasybetli, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda BMG bilen bilelikde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatyny, «Hemmeler üçin howpsuz ýollar» atly çäräni guramak göz öňünde tutuldy. 26-27-nji noýabrda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat hem-de sergi geçirilýär. Bu çäreler Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidýändigine, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigine, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler netijesinde ýurdumyz ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär. Bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýan Türkmenistan halkara ulag düzümine işjeň goşulyşýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan ýurdumyzyň yzygiderli kämilleşdirilýän multimodal ulag düzümi sebitara ulag-logistika merkezi hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň çäginde halkara ähmiýetli demir, awtomobil, deňiz we derýa, howa ýollary boýunça döwr

Gazçylaryň goşa baýrama sowgady

«Türkmengazburawlaýyş» müdirligi 2024-nji ýylda 1. «Galkynyş» gaz känindäki 259-njy ulanyş gaz guýusyndan senagat ähmiýetli gaz akymyny aldy. Guýy her gije-gündizde 2 million kub metrden köpräk gaz berýär.

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda nebitgaz senagatynyň geljegi uludyr

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde iki dostlukly döwletiň arasynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýola goýlan nebitgaz senagatyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmeklige gönükdirilen wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan daşary ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklary netijeli ösdürýär. Şunda HHR bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejede alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir. Hytaý Halk Respublikasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýar, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, içeri hem-de daşary syýasatyna hormat goýýar.

Depginli ösüşler halkymyzyň abadan durmuşyna gönükdirilendir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm wezipelerini üstünlikli çözmeklige oýlanyşykly çemeleşilýär. Täze taryhy döwürde eýelenýän belent sepgitler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän parasatly we öňdengörüjilikli syýasatyň netijesidir. Giň gerimli özgertmeler strategiýasy, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan eksport ugurly önümleri öndürmäge ýöriteleşen döwrebap kärhanalary döretmäge gönükdirilendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», Oba milli maksatnamasynyň, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» hem-de beýleki Prezident maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, döwletimiziň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraýy pugtalanýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat bu günki günde Türkmenistanyň däl, eýsem, dünýäniň iň arassa we gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyzda saglyk, bilim, te

Gyşy guramaçylykly garşylaýarlar

Şu günler «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň ýerlerdäki gaz hojalyk edaralarynyň işçi-hünärmenleri üçin iň bir jogapkärli möwsüm dowam edýär. Munuň şeýledigine düşünýän müdirligiň gazçylary howanyň sowuk döwri bolan gyş möwsümini hemmetaraplaýyn ýokary taýýarlykly garşy alýarlar. Bu ugurda müdirligiň welaýat merkezinde ýerleşýän «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylarynyň şäheriň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmekde häzirki günlerde alyp barýan derwaýys işleri bilen ýakyndan tanyşmak maksadynda ol ýerde bolanymyzda, edarada işleriň döwrüň ruhuna mahsus derejede guralýandygynyň şaýady bolduk. Bu ýerde edaranyň ähli gulluklarynyň, ýagny näsazlygy habar beriş we hasaba alyş, daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjylaryna gözegçilik, içeri öý gaz enjamlaryny bejeriş, gaz ölçeýji enjamlary oturdýan we hasabyny ýöredýän gözegçilik hem-de hyzmat ediş, şeýle hem gaz ýerleşdiriş we hasabaty ýaly düzümleriň işçi-hünärmenleriniň ählisiniň bir bitewi güýje öwrülip, öz öňlerinde goýlan wezipe-borçlaryny birkemsiz berjaý edýändiklerini turuwbaşdan belläsimiz gelýär. Netijede, Daşoguz şäheriniň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň alty ýüz kilometrden gowrak ýeriniň, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa dört ýüz ellä golaýynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi üpjün edilýär. Degişli hünärmenleriň gürrüňlerine görä, edaranyň gazç

Ulag diplomatiýasy — ählumumy ösüşleriň binýady

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip ykrar etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 26-njy noýabrynda Bütindünýä durnukly ulag gününiň halkara derejede bellenilmegi uly mana eýedir. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmeginde — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek guralan ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Şeýle hem bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy, 70-nji, 72-nji, 75-nji, 77-nji we 78-nji sessiýalarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ulag ulgamyna degişli Kararnamalaryň birnäçesiniň kabul edilendigi bellenilmäge my

Täze tebigy gaz akymy alyndy

«Galkynyş» gaz känindäki 265-nji belgili ulanyş guýusynda 4485 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4417 — 4281 we 4266 — 4226 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymy alyndy. Burawlaýjylaryň bu işde netijeli, şol bir wagtda-da ýokary hünär derejesini talap edýän çylşyrymly tehnologiýalary ulanýandyklary bellärliklidir. Gorlary boýunça ägirt uly, tehniki görkezijileri babatda deňsiz-taýsyz hasaplanýan «Galkynyş» gaz käni bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär. Munuň özi tebigy gazyň gorlary babatda dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmündäki derejesini tassyklaýar.

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini şertlendirýär. 18-nji noýabrda döwlet Baştutanymyzyň geçiren iş maslahatynda oba hojalyk toplumyny ösdürmek, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynda welaýatlarda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, hasyly gaýtadan işlemek üçin kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy.

Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy

«Galkynyş» gaz känindäki 265-nji belgili ulanyş guýusynda 4485 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4417 — 4281 we 4266 — 4226 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymy alyndy. Burawlaýjylaryň bu işde netijeli, şol bir wagtda-da ýokary hünär derejesini talap edýän çylşyrymly tehnologiýalary ulanýandyklary bellärliklidir. Gorlary boýunça ägirt uly, tehniki görkezijileri boýunça deňsiz-taýsyz hasaplanýan “Galkynyş” gaz käni bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär. Munuň özi tebigy gazyň gorlary babatda dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmündäki derejesini tassyklaýar.