Ykdysady strategiýa: durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýolunda
Geçilen menzillere ser salmak, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitlemek oňat däpleriň biri bolup, ol döwletlilikden nyşandyr. 2020-nji ýylyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimiziň dürli düzümleriniň, ýagny ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, ulag-kommunikasiýa, obasenagat we söwda toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlarynda geçen döwürde gazanylan netijelere baha bermegi we ösüşiň geljekki ugurlaryny kesgitlemegi dünýäde we ýurdumyzda dowam edýän durmuş-ykdysady ýagdaýlary nazara alyp, döwrüň çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmäge mümkinçilik berýän netijeli usullaryň biridir. Tejribeden görnüşi ýaly, ykdysadyýet çylşyrymly ulgamlaryň biri bolup, onuň dürli düzümleriniň arasynda sazlaşygyň üpjün edilen ýagdaýynda ýokary netijeleri gazanyp bolýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, 2020-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ortaça 5 göterimden ýokary derejede üpjün edilmegi we adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, bu ösüş meýliniň häzirki günlerde hem saklanmagy milli ykdysadyýetiň sagdyn hereket edýändigini, has takygy, onuň ösüşe ukyplydygyny görkezýär. Horm