Günüň gelşi säherinden maglumdyr, ýylyň gelşi äheňinden
Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda her bir günümiz, aýymyz, ýylymyz bedew batly ösüşlere beslenýär. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda ajaýyp üstünlikler gazanyldy. Mähriban halkymyz geçen şanly ýylymyzda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny uly dabaralar bilen belläp geçdi. Şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp ak şäherimiz Aşgabatda, edil şonuň ýaly-da, ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde il-ýurt bähbitli beýik işler amala aşyryldy, birgiden möhüm desgalar ulanylmaga berildi. Has takygy, hormatly Arkadagymyzyň 30-njy dekabrda geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Diýarymyzda il-ýurt bähbitli umumy bahasy 7 milliard manada deň bolan 45 sany döwrebap desga açyldy. Bu açylan desgalardyr binalar häzirki döwürde mähriban halkymyzyň, döwletimiziň, umumadamzadyň bähbidine hyzmat edýär. Umuman, 2020-nji ýyl hem beýik ösüşleriň, döretmegiň we gurmagyň şöhratly ýyly bolup, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, berkarar Diýarymyzyň täze taryhynyň röwşen sahypalaryna girdi. Halkymyzda «Günüň gelşi säherinden maglumdyr, ýylyň gelşi äheňinden» diýlişi ýaly, eziz Watanymyzyň durmuşynda Täze, 2021-nji ýyl şatlykly hoş habarlar, şanly wakalar bilen badalga aldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmag