«Şöhlat öýüniň» geçginli önümleri
Welaýat merkezinde golaýda şeýle at bilen söwda dükanly täze önümçilik peýda boldy. Adyndan belli bolşy ýaly, bu ýerde ilata dürli görnüşli, gowy hilli şöhlatlar hödürlenilip başlandy. Täze önümçiligiň işgärleri bazar bäsleşigi şertlerinde öndürýän önümleriniň islegli we geçginli bolmagyny gazanmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Soňky ýyllarda Türkmenabat şäheriniň 3-nji kwartalynyň günortasynda söwda dükanlaryndan, ilata dürli hyzmatlary hödürleýän nokatlardan, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryndan ybarat bolan köçe peýda boldy. Munuň özi ýurdumyzda hususy önüm öndürijileriň, zerur hyzmatlary ýerine ýetirijileriň giň goldawa eýe bolýandygyndan habar berýär. Biziň gürrüňini edýän «Şöhlat öýümiz» hem şu çäkde ýerleşýär.