"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ösüş garaşylandan ýokary bolar

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ko­mis­si­ýa­sy Ýew­ro se­bi­tin­de ösü­şiň ozal­ky çak edi­li­şin­den ýo­ka­ry bol­jak­dy­gy­ny mälim et­di. Ko­ro­na­wi­rus bi­len gö­reş­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler bu ösü­şe oňyn tä­sir eder. Şu ýyl­ky ösü­şiň 4,8 gö­te­rim bol­jak­dy­gy­, mun­dan ozal bu gör­ke­zi­ji­niň 4,3 gö­te­rim bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýandygy, gel­jek ýyl­ky ösü­şiň has ýo­ka­ry bol­jak­dy­gy bel­le­nil­di. Ko­mis­si­ýa­nyň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Wal­dis Domb­rows­kis yk­dy­sa­dy­ýe­tiň güýç­li dep­gin­ler bi­len di­kel­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem se­bit­de hüm­met­siz­len­mä­niň gör­ke­zi­ji­si 1,7 gö­te­rim­den 1,9 gö­te­ri­me ýe­ti­ril­di. Bö­lek söw­da art­dy

Krip­to­pul tö­leg­le­ri art­ýar

Hal­ka­ra tö­leg ul­ga­my «Visa»-nyň we­kil­le­ri krip­to­wal­ýu­ta bir­lik­le­ri bi­len bag­ly tö­leg­le­riň 1 mil­liard dol­lar­dan ge­çen­di­gi­ni mä­lim et­di­ler. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­la­ry krip­to­wal­ýu­ta bir­lik­le­ri­niň beý­le­ki pul bir­lik­le­ri ýa­ly ula­nyl­ma­gy­nyň mak­sat edi­nil­ýän­di­gi­ni we mu­nuň üçin ekoul­gam dö­ret­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di­ler. Hä­zir­ki wagt­da krip­to­pul bir­lik­le­ri­ni bir­nä­çe kom­pa­ni­ýa ada­ty tö­leg se­riş­de­si hök­mün­de ka­bul ed­ýär. «Visa»-nyň we­kil­le­ri­niň be­ren mag­lu­ma­ty­na gö­rä, krip­to­pul bi­len bag­ly kart­la­ryň ula­nyl­ma­gy şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da uly öňe­gi­diş­lik ga­za­nyp­dyr. Kom­pa­ni­ýa krip­to­pu­luň ula­nyl­ma­gy­ny ýe­ňil­leş­dir­ýän çöz­güt­le­ri hem taý­ýar­la­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ma­li­ýe bö­lü­mi­niň ýol­baş­çy­sy Wa­sant Prab­hu adam­la­ryň ada­ty pul bir­lik­le­ri­ni ula­ny­şy ýa­ly krip­to­pul­la­ry hem ulan­ma­gyň ýol­la­ry­ny göz­le­ýän­dik­le­ri­ni aý­dyp, tö­le­giň bu gör­nü­şi­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak üçin ta­gal­la ed­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. «Mas­tercard»-yň we­kil­le­ri­ hem bu ugur­da iş alyp bar­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň müş­de­ri­le­ri­ne sow­gat hök­mün­de krip­to­pul ber­ýän kar­tyň üs­tün­de iş­le­nýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Di­ňe hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­lar däl, eý­sem, ýurt­lar hem wal­ýu­ta­nyň bu gör­nü­şi­niň ula­ny

Guraklyga garşy çözgüt: tokaýlaryň çägini giňeltmek

Bü­tin dün­ýä­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, agaç na­hal­la­ry­ny oturt­mak, ýa­şyl zo­lak­la­ry we to­kaý­la­ryň çä­gi­ni gi­ňelt­mek üçin dür­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ýag­da­ýyň ma­ýyl­gan­ly­gyň we gu­rak­ly­gyň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi ýe­ne bir ge­zek yl­my taý­dan su­but edil­di. Hü­när­men­ler to­kaý­lyk meý­dan­la­ryň art­ma­gy­nyň has köp ýa­gyn ýag­ma­gy­na we ne­ti­je­de gu­rak­ly­gyň azal­ma­gy­na oňyn tä­sir et­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­nar­la­ryn­da­ky we Ýew­ro­pa­da­ky to­kaý­la­ryň çä­gi­ni 20 gö­te­rim art­dyr­mak ýag­nyň 8 gö­te­rim köp ýag­ma­gy­na ge­ti­rip bi­ler. Bu ba­ra­da «Na­tu­re Ge­oscience» žur­na­lyn­da çap edi­len ma­ka­la­da bel­le­nil­ýär. Yl­my işiň aw­tor­la­ry glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gyň öňü­ni al­mak üçin stra­te­gi­ýa iş­läp taý­ýar­la­nan­da, ösüm­lik dün­ýä­si­niň se­bäp bol­ýan ýa­gyn muk­da­ry­nyň hem göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dy­gy­na göz ýe­ti­ren­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler. Hü­när­men­ler agaç­la­ryň kö­mür­tur­şy ga­zy­ny sak­la­ýan­dy­gy­na ün­si çe­kip, se­bi­tiň to­ka­ýy­nyň muk­da­ry­nyň 29 gö­te­rim art­dy­ryl­ma­gy bi­len adam­la­ryň eme­le ge­tir­ýän 43 mil­liard ton­na kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň uly bö­le­gi­ni ýok edip bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. To­kaý­la­ryň eme­le ge­tir­ýän çyg­ly­ly­gy to­mus aý­la­ryn­da ýag­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Top­rak şert­le­ri

Ne­bit-­gaz pudagynyň men­zil­le­ri

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ne­bit­gaz top­lu­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça öň­de du­ran we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek­de uly iş­ler edil­ýär. Ýur­du­myz ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni dün­ýä ba­zar­la­ry­na iber­mek bi­len bir ha­tar­da, ne­bi­ti we ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän döw­re­bap önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mä­ge uly üns ber­ýär. Te­bi­gy ga­zyň ägirt uly gor­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy or­ny eýe­le­ýän ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ne­bit­gaz we se­na­gat pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ýö­ri­te­leş­di­ri­len iri se­na­gat des­ga­la­ry gu­rul­ýar. Tä­ze ojak­la­ry aç­mak, tä­ze kän­le­riň çä­gi­ni gi­ňelt­mek, tä­ze gu­ýu­la­ry bu­raw­la­mak ýa­ly iş­ler ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­nyň öňün­de du­ran esa­sy we­zi­pe­ler bo­lup dur­ýar.

Intellektual eýeçilik ulgamy: ösüşiň hukuk esaslary

Intellektual eýeçiligiň obýektlerini hukuk taýdan goramak boýunça halkara ýörelgelere laýyk gelýän kanunçylyga esaslanýan bu ulgam senagat, ylym we awtorlyk hukugy çygrynda döwletiň üstünlikli ösüşiniň esaslarynyň biri bolup durýar. Intellektual eýeçiligi goramak çygryndaky kanunçylygyň esaslary, döwlet gullugy we hünärmenler intellektual mümkinçilikleri ösdürmäge, tehniki innowasiýalary ornaşdyrmaga, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge şert döredýär. Milli ulgam 1993-nji ýyldan bäri hereket edýär. 2008-nji ýylda bu ugurda birnäçe täze kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi hem-de 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň döredilmegi, şeýle hem 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda bu ugry ösdürmäge uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli ykdysadyýetimizde kämil bank hyzmatlary

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpugurly, uly möçberli ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle tagallalar, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ykdysady ösüşlere okgunly häsiýet bermäge gönükdirilendir. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, ýerli önüm öndürijileri höweslendirmäge, alyjylaryň satyn alyjylyk ukyplaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm işlerden ýurdumyzyň bank edaralary hem çetde durmaýarlar. Olar öňde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda möhüm hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Alnyp barylýan işlere giň gerim bermek maksady bilen ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine döwrebap sanly tehnologiýalar we innowasion häsiýetli täjirçilik usullary giňden ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky hem müşderilerine döwrebap hyzmatlaryny hödürleýär. Interneti ulanyjylaryň sanynyň günsaýyn artýan şertlerinde häzirki wagtda «Internet-bank», «Mobil-bank» hyzmatlary has ýörgünli bolýar. Bu hyzmatlaryň üsti bilen, karz edarasyna barmazdan, nagt däl amallaryň birnäçesini, tölegleri geçirip bolýandygyny belläp geçmek ýerlikli bolar. «Internet-bank» hyzmatynyň esasy amatlylyklarynyň biri-de günüň islendik wagtynda, bankyň we beýleki edara-kärhanalaryň iş wagtyna bagly bolmazdan, dynç alyş we baýramçylyk günlerinde hem köpsanly hyzmatlardan peýdalanyp, nagt

Gum depeleriniň arasyndaky yzlar

Ýurdumyzyň iri önümçilik-hojalyk toplumy bolan «Türkmennebit» döwlet konserni esasy we ýardam beriji kärhanalaryň birnäçesini özünde jemleýär. Halkymyzda «Arkalaşan dag aşar» diýen pähim bar, «gara altyny» we «mawy ýangyjy» çykarmak boýunça umumy işiň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin nebitçiler biri-biri bilen arkalaşykly işleýärler. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabat tilsimat ulaglar müdirligi-de ýardam beriji kärhanalaryň biridir. Geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynda peýda bolan bu kärhananyň döredilmegi welaýatymyzda nebitgazly ýataklaryň açylmagy we özleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Geçen ýyllaryň dowamynda müdirlik tebigy baýlyklaryň çykarylyşyny artdyrmak ugrundaky alnyp barlan işlerde hemişe öň hatarda bolupdy. Ulaglaryň dürli görnüşlerine ezberlik bilen erk edijiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň geologlary we burawlaýjylary bilen bilelikde aňňat-aňňat çäge depelerini geçipdiler, yhlaslylygyň, çydamlylygyň nusgasyny görkezipdiler.

«Gara altynly» guýular

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny üstünliklere beslemek maksady bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp sowgatly barýarlar. Olar kämil buraw desgalarydyr enjamlaryna başarnykly erk etmek bilen, has çuň gatlaklara aralaşyp, uglewodorod çig mallarynyň baý gorlaryny gözläp tapýarlar.  Baýlyk gözleýjiler şu ýylyň başyndan bäri müňlerçe metr ýerasty çuňluk geçip, nebit çig mally guýularyň dördüsini ulanyşa tabşyrdylar. Onuň ep-esli böleginiň ulanyş maksatly çuňluk bolmagy has-da buýsançly. Şeýle guwandyryjy netijäniň gazanylmagyna soňky döwürde has kuwwatly buraw desgalarynyň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy aýgytly täsirini ýetirdi. Goturdepe, Altyguýy we Ördekli meýdançalarynyň ýerasty gatlaklaryny senagat taýdan özleşdirmekde netijeli işleri alyp barýan müdirligiň burawlaýjylary ýaňy-ýakynda Demirgazyk Goturdepe käninde önümli guýularyň birbada ikisiniň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Netijede, şol ýerdäki 348-nji we 351-nji guýulardan «gara altynyň» bol akymy alyndy. Tehniki sazlaýyş işlerinden soň önümli guýular nebitçilere ulanyşa berildi.

Sanly ykdysadyýetiň rowaç menzilleri

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlara ösen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde sanly ulgamyň mümkinçilikleri günsaýyn artýar. Biz muňa öz durmuşymyzdaky täze öwrülişikler esasynda-da göz ýetirip bilýäris. Häzirki wagtda onlaýn söwda işleriniň ýola goýulmagy, degişli web-saýtlaryň üsti bilen ýolagçylaryň islendik wagtda onlaýn peteklerini satyn alyp bilmekleri, AŞTU töleg hyzmatlarynyň internet arkaly amala aşyrylmagy — bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň Kararlary esasynda durmuşymyza ornaşdyrylýan sanly ulgamyň giň mümkinçilikleridir. Az wagtyň içinde durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen sanly ulgamyň çäksiz mümkinçilikleriniň ähli pudaklarda, şol sanda ýurdumyzyň ykdysady ulgamynda hem uly ähmiýeti bardyr. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Döwrebap tapgyr

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda telekeçilik ugrunyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, döwrebap bazar usullarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna onuň ornunyň giňeldilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şol maksat bilen döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu gün hususyýetçi agzalaryň müňlerçesini özünde birleşdirýän we telekeçilik başlangyçlaryny giňden goldaýan iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi. Ýurdumyzda döwlete dahylsyz pudagyň paýyny has-da artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini işjeňleşdirmäge, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygynyň döredilmegine we hyzmatlaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn we ulgamlaýyn wezipeler durmuşa geçirilýär. Döwlete dahylsyz ulgamy goldamak boýunça yzygiderli geçirilýän işler babatda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmäge hem-de türkmen kompaniýalarynyň maýa goýum işini höweslendirýän täze kanunçylyk namalaryny we telekeçiligi ösdürmek üçin has amatly şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly müşderiler!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky öz hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek hem-de raýatlarymyzy maliýe taýdan goldamak maksady bilen, «Altyn asyr» bank kartyny saklaýjy müşderilerine «Owerdraft» bank karzyny hödürleýär. «Owerdraft» bank karzy — ýyllyk 10 göterimli, bankyň müşderileriniň «Owerdraft» bank kart hasabynyň üsti bilen berilýän gysga möhletli karz bolup, karz alyjynyň zähmet hakynyň möçberiniň 50 göteriminden ýokary bolmadyk möçberinde berilýär.

Ykdysady ösüşiň kepili

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň ençemesiniň şaýady bolýarys. Bu wakalar Watanymyzyň, halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garalyp, şu ýylda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we milli Liderimiz degişli ugurda döwlet ähmiýetli birnäçe maksatnamalary tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekdi. Şolaryň biri hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek we ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek hakynda bolup, onda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilen gününden başlap, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny täzeçillik gurşap aldy. Bu konsepsiýanyň durmuşa ornaşdyrylyp başlanylmagy diňe bir pudak işgärlerini gyzyklandyrman, eýsem, tutuş

Döwletlilik taryhymyzyň täze eýýamy

Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda milli kanunçylygymyzy ösdürmek, demokratiýany çuňlaşdyrmak, her bir adamyň hukuklaryny pugtalandyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary adamlaryň deňligini, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär. Bize mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary geçirildi. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen bu saýlawlaryň netijesinde «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8, jemi 48 wekil Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandy.

Sanly ykdysadyýet kuwwatlylygyň esasydyr

Häzirki zaman dünýäsinde islendik döwletiň ösüşi, ilkinji nobatda, ylmyň ýeten derejesi bilen kesgitlenilýär. Ylmyň soňky gazananlary jemgyýetiň ösüşini täze hil derejesine çykarmakda, okgunly ösüşlere beslemekde möhüm ähmiýete eýedir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» işi döwrüň talabyna laýyk gurnamaga esas berýär. Bu resminamada maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary we gurallary, şeýle hem garaşylýan netijeler öz beýanyny tapýar. Işewürligiň we maýa goýum işjeňliginiň ösdürilmegine, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen Konsepsiýany üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilendir. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler hormatly Prezidentimiziň kämil döwlet syýasatynyň ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýandygyna kepil geçýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu ulgama aýratyn üns gönükdirilip, täzeçil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar, maglumat-tehnologiýa ulgamy boýunça ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, sanly ulgam boýunça işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite maksatnama taýýarlandy. Ýokary okuw mekdepleriniň we okuw merke

Eksport ugurly önümler

Bäherden etrabyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýüplük fabriginiň işçi hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen alty aýyny ýokary iş görkezijileri bilen jemlediler. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bu öňdebaryjy kärhanasynda şol döwürde 41 million 990 müň 155 manatlyk önüm öndürilip, bu babatdaky ösüş depgini 107,4 göterime barabar boldy. Şeýlelikde, şanly ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ol ýerde dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýüplügiň müňlerçe tonnasy öndürildi. Kärhanada öndürilýän 27/1, 34/1, 51/1 belgili ýüplükler daşary bazarda aýratyn uly islege eýedir. Ol ýerde öndürilen şeýle görnüşli ýüplügiň agramly böleginiň eksport edilmegi hem munuň subutnamasydyr.

Ykdysady syýasatyň möhüm guraly

Çuňňur ykdysady özgerişlikleriň bolup geçýän, ykdysadyýetiň dolandyryş mehanizmine düýpli özgertmeleriň girizilýän, hojalygyň ýöredilişinde bazar usullarynyň giňden peýdalanylýan mahalynda salgyt ulgamynyň paýyna hem uly wezipeler düşýär. Salgytlaryň we gaýry maliýe usullarynyň kömegi bilen jemgyýetçilik önümçiliginiň düzümini ykdysadyýetiň maksadyna laýyk üýtgetmäge, onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreýär. Bazar gatnaşyklary ulgamynyň düzüminde we döwlet tarapyndan ony kadalaşdyrýan mehanizminde salgytlar möhüm orny eýeleýär. Salgytlar döwletiň geçirýän ykdysady syýasatynyň wajyp guraly bolmak bilen, bazar gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi hasaplanylýar. Salgytlar ykdysadyýetiň we durmuş çygyrlarynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Salgyt çygrynda bolup geçýän özgertmeler ýurdumyzyň her bir raýatynyň döwrüň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyny gazanmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Biziň ýurdumyzda salgyt möçberi, olaryň hasaplanylyşynyň we tölenilişiniň tertibi, maliýe jerimeleriniň we beýleki tölegleriň ulanylyşy mydama üns merkezinde saklanylýar. Salgyt salmagyň esasy ugurlary işlenilip düzülende, döwletiň içki ykdysady bähbitlerine esaslanylýar.

Saldamly goşant goşýarlar

Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna geçmekde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, ykdysadyýetde döwlete dahylsyz pudagyň paýy barha artýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» Garaşsyz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk ugurlary kesgitlendi. Bu wezipeleri durmuşa geçirmegiň barşynda ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli köp sanly kiçi we iri senagat kärhanalary döredilýär.

Nebitçileriň mesgeni

Garaşsyzlyk ýyllarynda balkanabatly nebitçiler, gazçylar Goturdepe, Barsagelmez, Uzboý, Demirgazyk Goturdepe ýaly nebitgazly meýdanlarda ýerasty tebigy baýlyklary senagat taýdan gaýtadan özleşdirmek işlerine önjeýli goşant goşýarlar. Nebitgaz senagatyny milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri hasaplaýan Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň mundan beýläk-de ähli ugurlarda ynamly ösüşini üpjün etmek üçin ulgamyň işini has-da kämilleşdirmek babatda öňde goýýan anyk wezipelerine mynasyp goşant goşmak bolsa, olaryň esasy maksatlary bolup durýar. Munuň özi türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak arkaly ykdysadyýetimiziň kuwwatyny yzygiderli artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Pudakda dürli ugurlarda zähmet çekýän balkanabatlylar ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň ýokary ruhubelentlikde garşylanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başyndan bäri «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» tresti tarapyndan döwlet ammaryna akdyrylan 1 million 821 müň tonnadan gowrak nebit çig malynyň çykarylmagynda ähli yhlas-başarnyklaryny, iş tejribelerini orta goýdular. Şeýle-de gürrüňi edilýän döwürde döwlet konserniniň sebitde iş alyp barýan «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan gazylan 71 müň 877 metr ulanyş we gözleg maksatly çuňluklaryň geçilmeginde-de el-ele berip zähmet çekdiler. Munuň özi trest boýunça 12 g

Sanly ykdysadyýet döwrüň talabydyr

Häzirki döwürde sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde öňe çykýar. Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady işdir. Bu ulgam öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga giň mümkinçilik döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Geçen döwürde «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanandygyny bellemelidir. Konsepsiýa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Onda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň, eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem hususy kärhanalaryň sanly ykdysadyýete geçiş tap

Gyş möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýatyň iň çetki günbatar etrabynyň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen birlikde, etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalaryny düýpli abatlap, olary gyş möwsümine taýýarlamak işlerini hem guramaçylykly dowam edýärler. Edaranyň işçi-hünärmenleri tarapyndan dürli basyşly gaz geçirijileriň 2 müň 450 kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 670-den gowragyna ýokary derejede hyzmat edilýändigini bellemek bolar. Etrapda hereket edýän bitewi gaz ulgamy edaranyň gazçylary tarapyndan gije-gündiziň dowamynda gözegçilikde saklanylýar. Munuň özi etrapda bar bolan edara-kärhanalar bilen bir hatarda, 21 müň 700-e golaý hojalygyň ilatynyň howanyň sowuk döwri bolan gyş möwsüminde hem tebigy gazyň eşretli hözirini görmegine mümkinçilik berer.