"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bütindünýä poçta birleşigi bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew Bütindünýä poçta birleşiginiň Baş direktory Masahiko Metoki bilen duşuşdy. urdumyzyň Şweýsariýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, taraplar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekdäki mümkinçilikleri, şeýle hem aýratyn ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar. Bellenişi ýaly, Bütindünýä poçta birleşigi BMG-niň düzümindäki iň gadymy düzümleýin edaralaryň biridir.

Türkmenistan Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça «Global Gateway» forumyna gatnaşdy

30-njy ýanwarda «Global Gateway» forumynyň çäklerinde «Türkmenistanyň çemeleşmesi: üstaşyr merkeziň mümkinçiliklerini öwrenmek» atly sessiýa geçirilip, ol Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň ulag toplumyna maýa goýumlaryny gönükdirmegiň mümkinçiliklerine bagyşlandy. Häzirki zaman dünýäsinde ulag-logistika pudagy yklymlary, döwletleri we halklary birleşdirmekde möhüm orun tutýar. Şonuň üçin-de biziň günlerimizde dünýä derejesinde bu pudagy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bilşimiz ýaly, soňky birnäçe ýylda Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr geçirijilik ukyby dünýäde uly gyzyklanma döredip, bu sebitiň Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy köpri bolmagy üçin düýpli başlangyçlar öňe sürülýär.

Türkmenistan nebit-gaz pudagynda daşary ýurt kompaniýalary bilen ylmy hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

2-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebit-gaz pudagynyň ylmy-barlag institutlarynyň işleri, hususan-da, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, bu ulgamda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi. Wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty we «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» instituty bilen bilelikde hereket edýän nebit-gaz ýataklaryny netijeli ulanmaga gönükdirilen işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. 2-nji fewralda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerini maslahatlaşdylar we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeldýär

2-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda söwda we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Ykdysadyýet: Hindistanyň ümzügi öňe

Hindistanyň jemi içerki önümi 2027-nji ýyla çenli nominal hasabynda 5 trillion dollar bolar. Bu görkezijä görä, ýurt Ýaponiýadan we Germaniýadan ozduryp, dünýäde üçünji orny eýelär diýip, Hindistanyň Maliýe ministrligi çaklaýar. Häzirki wagtda Hindistan 3,7 trillion dollara ýetýän jemi içerki önümi bilen dünýäde bäşinji orunda durýar. Ýurt ABŞ-dan, Hytaýdan, Ýaponiýadan we Germaniýadan soň bäşinji ýerdedir.

Kataryň Söwda-senagat edarasynda geçirilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Mohammed bin Ahmed Tawar Al Kuwary bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar iki ýurduň arasyndaky gowy gatnaşyklaryň we giň mümkinçilikleriň bardygyny hem-de Türkmenistan bilen Kataryň dünýä energiýa bazarynda möhüm orun eýeleýändigini nygtap, iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklarynyň has ösdürilmeginiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-Katar Işewürler forumynyň nobatdaky mejlisini geçirmek bilen bagly meseläniň üstünde durlup geçildi.

2023-nji ýylda halkara howa gatnawlary 36,9 göterim artdy

Geçen ýylda tutuş dünýäde awiakompaniýalar tarapyndan amala aşyrylan ýolagçy gatnawy 36,9 göterim artdy. Emma muňa garamazdan, bu görkeziji pandemiýadan ozalky derejä ýetip bilmedi. Has takygy, 2023-nji ýylda awiakompaniýalar tarapyndan amala aşyrylan ýolagçy gatnawy 2019-njy ýyldaky görkezijiniň 94,1 göterimine deň boldy. 2023-nji ýylda halkara gatnawlarynda ýolagçylaryň sany Ýewropada 22 göterim, Demirgazyk Amerikada 28,3 göterim hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde 126 göterim ýokarlanypdyr.

Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär

Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri we kuwwatlylygy bilen tanyşmak maksady bilen iş saparyny amala aşyrdylar. Myhmanlar deňiz portunyň Umumy ýükler, Ürgün ýükler, Konteýner we Ýolagçy-parom terminallaryň mümkinçilikleri, ýerine ýetirýän hyzmatlary, tehnikalary bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. 31-nji ýanwarda bolan saparyň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň RŽD paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, «Demirýollary» AGPJ-niň we «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» PJ-niň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ulag pudagyndaky üstaşyr mümkinçilikleri, daşary ýurt müşderiler üçin döredilýän ýeňillikler barada bellenip geçildi.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň baş diplomatlary raýat awiasiýasy, energiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda raýat awiasiýasy we energiýa hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkiýäniň “Anadoly” agentligi habar berýär. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi boýunça pikir alyşdylar.

«DB Engineering & Construction» Hazaryň üsti bilen uzaýan halkara ulag ugry boýunça ýükleriň daşalmagyny kämilleşdirmäge ýardam eder

«Hazaryň üsti bilen halkara ulag ugry» assosiasiýasy demir ýol ulgamy boýunça netijeli işleri alyp barýan «DB Engineering & Construction» nemes tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekdi. «Ähtnama «Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag baglanyşyklary» Global Gateway maýa goýum forumynyň çäginde Brýusselde gol çekildi. Resminama Ýewropa giňişliginde ulag ulgamlary boýunça hereketi kämilleşdirmek arkaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine itergi bermek üçin niýetlenendir» — diýip, assosiasiýanyň maglumatynda aýdylýar.  

Dostlukly halkyň baýramçylyk şatlygyna goşulyp

Düýn hytaýlylaryň Täze ýyly — Bahar baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde dabaraly baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa HHR-iň Merkezi Aziýa döwletlerindäki ilçihanalary hem göni wideoaragatnaşyk arkaly goşuldylar. Bu çärä onlaýn görnüşde birikmek arkaly paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda hem duşuşyk guralyp, oňa HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden mugallymlardyr talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresiniň barşynda HHR bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak barada pikir alşyldy. Çykyşlarda Hytaýyň medeniýeti, daşary ýurtlar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada giňişleýin gürrüň berildi. Gazak, gyrgyz, täjik, özbek we türkmen ýaşlary bilermenlere onlaýn usulda sowallar bilen ýüzlendiler. Hytaý halkynyň Bahar baýramyny garşylaýşy hakynda görkezilen wideoşekiller dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistan — Hytaý: dostlukly gatnaşyklar

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Hao Minszin bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşler iki ýurduň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyna täze itergi bermegi maksat edinýändigini tassykladylar. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda Türkmen-hytaý hökümetara komitetine möhüm orun degişlidir. Strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli derejelerde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, parlamentara we partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Sebitara hyzmatdaşlyga hem täzeçe itergi berildi.

Türkmenistan — Germaniýa: hoşniýetli hyzmatdaşlyk

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek» atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdylar. Maglumat merkezi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda döredildi. Açylyş dabarasynyň çäklerinde bu merkez hakynda degişli Düzgünnama gol çekildi. Deňeşdirme-hukuk öwreniş çygrynda ylmy seljermeleri geçirmek; hünärmenleriň raýat, raýat iş ýörediş, administratiw, administratiw iş ýörediş hukugy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak; bilelikde ylmy-amaly hukuk edebiýatlaryny taýýarlamak; kanunçylygy kämilleşdirmek babatda maslahatlaşmalary geçirmek merkeziň esasy wezipeleri bolup durýar.

«Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty» (Ýaş žurnalistiň sözi)

Biz halkymyzyň buýsanjyna we guwanjyna öwrülen Magtymguly Pyragy barada söhbet edilende, köplenç, «Magtymguly — ähli döwürleriň we köňülleriň şahyry» diýen jümläni ýygy-ýygydan tekrarlaýarys. Munuň şeýledigine asla şek-şübhe ýok. Sebäbi, türkmen halysynyň wagtyň geçmegi bilen reňk açyp, has owadan öwşün atyşy ýaly, beýik akyldaryň miras galdyran ajaýyp eserleriniň gymmaty hem barha we barha artmak bilen. Bu, elbetde, dana şahyryň şygyrlarynyň bütin adamzady ähli döwürlerde ileri tutulýan esasy ideýalara — watanperwerlige, ýagşylyga, haýyr işlere, ynsanperwerlige çagyrýandygy bilen aýrylmaz baglanyşykly. Ýöne şunda genial filosofy dünýä beren toprakda onuň şan-şöhratyny, mertebesini dünýä ýaýmak, Magtymguly Pyragynyň mirasyny ýeneki nesillere ýadygär galdyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň-da, gör, näderejede ähmiýeti bar?! Bu baradaky gürrüňimizi golaýda GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewiň «MIR» teleýaýlymyna beren interwýusy bilen baglasak hem Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusynda belleýşi ýaly, «Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty» hasaplanýan nusgawy şahyrymyzyň mirasyna goýulýan sarpanyň juda uludygyna ýene bir ýola göz ýetirip bileris. Aslynda, S.Lebedewiň «MIR» teleýaýlymynyň žurnalisti bilen söhbetdeşligine hem syýasy, hem ynsanperwer nukdaýnazardan syn bermek ýerlikli bolar. Şunda Arkalaşygyň giňişliginde integrasiýa taslamalarynda Türkmenistanyň eýeleýä

Maglumat merkezi açyldy

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmen-german deňeşdirme-hukuk öwreniş maglumat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam bermek» atly sebitleýin maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň wekilleri, agzalan institutyň ylmy işgärleri gatnaşdy. Maglumat merkezi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda döredildi. Açylyş dabarasynyň çäklerinde bu merkez hakynda degişli Düzgünnama gol çekildi. Deňeşdirme-hukuk öwreniş çygrynda ylmy seljermeleri geçirmek, hünärmenleriň raýat, raýat iş ýörediş, administratiw, administratiw iş ýörediş hukugy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak, bilelikde ylmy-amaly hukuk edebiýatlaryny taýýarlamak, kanunçylygy kämilleşdirmek babatda maslahatlaşmalary geçirmek merkeziň esasy wezipeleri bolup durýar.

Türkmenistan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmegi umumy medeni giňişligi döretmegiň, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň bitewi ulgamynyň möhüm bölegidir. Ol ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk bilen birlikde medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki şan-şöhratyny has-da ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzda häzirki döwürde alnyp barylýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynda öňe sürülýän başlangyçlaryň bu ýöriteleşdirilen düzümiň maksatdyr wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyna güwä geçýär. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň agzalygyna 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda kabul edildi. Ýurdumyz ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy hökmünde halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýär.

«Sanly bilim – 2024» boýunça Bütindünýä konferensiýasyna gatnaşyjylar pudagyň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

29-31 ýanwar aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde «Sanly bilim – 2024» boýunça Bütindünýä maslahaty geçirildi. Oňa 70 ýurtdan 800-den gowrak wekiller bilen birlikde, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti hem-de 20-den gowrak daşary ýurtly bilim ulgamynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Sanly bilim boýunça Bütindünýä maslahatynyň guramaçylarynyň esasy maksady, ösen tehnologiýalary ulanyp, bilimi täze derejä çykarmakdan ybaratdyr diýlip bellenip geçildi.

Gazagystan Türkmenistan, Hytaý we Özbegistan bilen üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini ýokarlandyrar

Gazagystanyň Hökümeti Hytaý, Özbegistan we Türkmenistan bilen serhetdäki gözegçilik nokatlaryny doly derejede döwrebaplaşdyrmaga başlaýar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň maliýe ministriniň orunbasary Ýerzjan Birjanow Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Merkezi aragatnaşyk gullugynda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi. Bu çäreler ýurduň üstaşyr geçiş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we goňşy ýurtlar bilen söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen amala aşyrylýar. Döwrebaplaşdyryş işleri ozalky desgalary aýryp, täze barlag nokatlarynyň gurluşygyny öz içine alýar.

Russiýa geljekde hem Türkmenistanyň ulag taslamalaryna gatnaşmagy dowam etdirer

Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde Russiýa geljekde hem Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň ulag taslamalaryna gatnaşmagy dowam etdirer. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň wise-premýeri Alekseý Owerçuk beýleki yklymüsti ulag geçelgelerinde bar bolan meseleleriň çäginde degişli ulag geçelgesiniň barha artýan ähmiýetini göz öňünde tutup belläp geçdi. Bu barada "TASS" habarlar agentligi mälim edýär. "Biz awtomobil we demir ýollaryny ösdürmegi hem-de Mongoloýadaky, Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky, Türkmenistandaky, Azerbaýjandaky, Ermenistandaky we Eýrandaky degişli taslamalara gatnaşmagy meýilleşdirýäris. Biz Owganüsti demir ýolunyň gurluşygyna gyzyklanma bildirýäris, Aziýa we Afrika ýurtlary bilen deňiz aragatnaşygyny hem ösdürýäris" diýip, Russiýanyň Hökümetiniň agzasy aýtdy.