"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Owganystan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi hem-de bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirilýär Aşgabat, 4-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda owgan harytlarynyň sergisi açyldy hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň, 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň uly wekilçilikli topary Aşgabada geldi.

Söz — myhmanlardan

Abdul Hanan RAHMONI,“Aria Omelbelad” kompaniýasynyň prezidenti:

Türkmenistanda ekologiýa ulgamynda sebit hyzmatdaşlygy boýunça ÝHHG-niň forumy geçirildi

Aşgabat, 4-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de abraýly halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen uzak möhletleýin gatnaşyklar ulgamlaýyn hem toplumlaýyn häsiýete eýedir. Aşgabatda şeýle derejedäki duşuşygyň geçirilmegi-de ýurdumyzyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen köptaraplaýyn dialoga açykdygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Hyzmatdaşlykda täze mümkinçilikler

Düýn — 4-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürlik maslahaty dabaraly ýagdaýda açyldy. Açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdy. Aýdym-sazly çykyşlaryň ýerine ýetirilmegi dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Diplomatiýa — özara ynanyşmagy berkitmegiň sungaty (Ýaş žurnalistiň sözi)

Bu hakykat üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda has-da dabaralandy Ylym, taryh we tejribeler «diplomatiýa» sözüniň «parahatçylygyň guraly, gepleşikleriň we ylalaşmagyň sungaty...» ýaly dürli manylaryny ýüze çykardy. Häzirki wagtda diplomatiýanyň halkara syýasatdaky orny barha berkeýär. Dünýädäki häzirki ýagdaýlar bolsa dialog medeniýetini ösdürmegi, umumadamzat abadançylygyna gönükdirilen döredijilikli syýasaty ilerletmegi talap edýär. Elbetde, bu iş diňe ählumumy derejede tagallalaryň birleşdirilmeginde mümkin bolup biler. Şu ýylyň 1 — 3-nji marty aralygynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumy, onda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy parahatçylyk gurallaryny ulanmak arkaly halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini çözmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli waka boldy.

Owgan harytlarynyň sergisi we iki ýurduň işewürler maslahaty

4-nji martda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde owgan harytlarynyň sergisi açyldy hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi.

Owgan harytlarynyň sergisi

Şu gün — 4-nji martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisi hem-de Türkmen-owgan işewürlik maslahaty öz işine başlady.  Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu iri forumyň maksady iki ýurduň arasynda işewür gatnaşyklary giňeltmekden we täze mümkinçilikleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr.  Owganystandan gelen wekiliýetiň düzüminde hususy işewürler, telekeçiler, dostlukly döwletiň resmi wekilleri bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem owgan harytlarynyň sergisine gatnaşýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Olaryň hatarynda «Hasar» hojalyk jemgyýeti, «Täze aý», «Balam» haryt nyşanly kärhanalary, «Aýbölek»  mebel önümleri hususy kärhanalary bar.

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürler maslahaty öz işine başlady

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine hem-de Söwda-senagat edarasyna 2024-nji ýylyň 4 – 6-njy marty aralygynda Aşgabat şäherinde, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisini hem-de Türkmen-owgan işewürler maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.  Bellenilişi ýaly, resminama türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp kabul edildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi owgan harytlarynyň sergisine gatnaşýar

4-nji martda Aşgabatda açylan owgan harytlarynyň sergisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň stendi görkezilýär. Bu barada «Turkmenportal-yň» habarçysy habar berdi. Bu sergi köpden bäri ýakyn taryhy we medeni gatnaşyklar bolan iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýär

Ulag baglanyşygy babatda hem Türkmenistan düşnükli we adalatly garaýşy kemala getirmegiň zerurdygyndan ugur alýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşynda belledi. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, bu ulgamda hyzmatdaşlyk ozal bar bolanlarynyň üstüni ýetirýän täze, çalşyp bolmajak çemeleşmelere gönükdirilip bilner.

Aşgabatda türkmen-owgan işewürlik maslahaty, owgan harytlarynyň sergisi öz işine başlady

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda duşenbe güni türkmen-owgan işewürlik maslahaty we owgan harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Serginiň açylyş dabarasyna türkmen hökümediniň agzalary, ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, dürli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, türkmen telekeçileri, jemgyýetçilik guramalaryň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Owganystanyň ýokary derejeli wekilýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gördi

2024-nji ýylyň 3-nji martynda Owganystanyň Senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna sapary amala aşyrdy. Saparyň dowamynda wekiller Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň, onuň terminallarynyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyş boldular.

Özbegistan Türkmenistan bilen serhetde erkin söwda zolagynyň döredilmegini resmi taýdan tassyklady

28-nji fewralda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Özbegistan — Türkmenistan» erkin söwda zolagyny döretmek baradaky Karara gol çekdi. Özbegistanyň Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlary websaýtynda habar berlişi ýaly, 3,1 gektar meýdany eýeleýän zolak Horezm welaýatynyň Şawat sebitinde ýerleşer. Bu zolagy «Hazarasp» erkin ykdysady zolagynyň müdirligi dolandyrar. Bilelikdäki taslama laýyklykda, täze söwda zolagynda döwrebap tehnologiýalaryň esasynda önümleri kabul etmek, saklamak, tertipleşdirmek hyzmatlary hödürlener. Müşderiler üçin «Bir penjire» ulgamynyň we interaktiw mehanizmleriň esasynda gümrük, salgyt, sertifikasiýa, fitosanitar, weterinariýa, transport hyzmatlary, bank, walýuta çalşygy, ykjam aragatnaşyk, şeýle-de lukmançylyk, myhmanhana, awtotransport we beýleki hyzmatlar dörediler. Bu ýerde diňe Özbegistanda we Türkmenistanda öndürilen önümleriň satuwy guralar. Bölek söwda amallaryna rugsat berýän «erkin gümrük zolagy» gümrük usuly hereket eder. Söwda zolagyndaky binalar we desgalar elektron onlaýn auksionlaryň esasynda telekeçilik subýektlerine kärendesine berler.

Türkmenistan we Owganystan ýangyç-energetika we ulag ulgamynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Hyzmatdaşlygyň ýangyç-energetika ugry: Iki goňşy ýurtlaryň arasynda ýangyç-energetika taslamalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi (TOPH) Owganystanyň ykdysady ýagdaýyny kadalaşdyrmakda möhüm taslamalaryň biridir. Geljekde türkmen mawy ýangyjy owgan halkynyň törüni ýyladar. TOPH taslamasynyň çäklerinde Owganystan tebigy gazyň üstaşyr geçirilmeginden uly girdeji gazanar, taslama owgan ykdysadyýetine halkara maýa goýumlarynyň gönükdirilmegine mümkinçilik döreder. Bar bolan maglumata laýyklykda, 800 kilometre golaý çäginden türkmen gazyny üstaşyr geçirmekden Owganystan ägirt uly ykdysady peýda — 1 milliard amerikan dollary töweregi girdeji gazanar we ýurtda 12 müňden gowrak täze iş orny dörediler. Häzirki wagtda Türkmenistan elektrik energiýany diňe Owganystana däl-de, eýsem, onuň çäkleriniň üsti bilen sebitiň beýleki döwletlerine hem ibermek, ýagny Türkmenistan — Owganystan — Pakistan hem-de Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan —Pakistan taslamalaryna uly gyzyklanma bildirilýär. Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň elektrik geçiriji ulgamlaryny birleşdirmegi göz öňünde tutýan bu taslamalar sebitara utgaşygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

"Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň wekilleri döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda gyrgyz tejribelerini öwrendiler

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň arasynda Türkmenistanda pudagara elektron özara gatnaşyklaryň synag ulgamyny ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmakda tejribeleri öwrenmek maksady bilen 26-njy fewral - 1-nji mart aralygynda agentligiň wekilleriniň Gyrgyzystana sapary guraldy. Saparyň barşynda türkmen hünärmenleri pudagara elektron özara gatnaşygyny kemala getirmegiň, resminama dolanyşygynyň usulyýetini, döwlet we şäher elektron hyzmatlaryny guramagy, identifikasiýa etmek we maglumatlary barlamak ulgamyny döretmegi, ilatyň sanly tehnologiýalara, elektron we poçta aragatnaşygyna deň elýeterliligini üpjün etmegi, dürli döwlet hasaba alyş işini, taryhy maglumatlary sanlylaşdyrmagy hem-de kiberhowpsuzlygy üpjün etmek meseleleri bilen tanyşdylar.

Hazaryň halkara höziri

Türkmenistan - ajaýyp ýurt. Dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi, joşgunly derýalary, mahmala meňzeýän sähralary bolan bu ajaýyp tebigatly ülkäniň at-owazasy mundan ýüzlerçe asyr ozallaram Ýer ýüzüniň çar künjegine ýaýran. Ýöne şeýle bir zamananyň bolýandygyna, şol eýýamda ýurtda ösüşleriň ösüşlere beslenýändigine, tebigatynyňam gözelligine gözellik goşulýandygyna biz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. Ynsanyň paýhasy hem-de yhlasy bilen tebigatyň görlüp-eşidilmedik derejede owadanlaşyp bilýändigi bolsa, Hazar deňziniň türkmen kenarynda sanlyja ýylyň içinde döredilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mysalynda öz aýdyň beýanyna eýe boldy. Bu ajaýyp mekanda, Hazar deňziniň türkmen kenarynda döredilen gözel zolakda geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň, okuw maslahatlarynyň sanasaň sogaby bar. Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Häzirki wagtda Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmünde ykrar edilmegi deňiz bilen çäkleşýän goňşy döwletleriň tagallalarynyň birligini, sebit hyzmatdaşlygynyň oňyn netijelerini şöhlelendirýär. 20

Umumadamzat ähmiýetli täze başlangyçlar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar

Ýurdumyzyň wekiliýeti hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 11 — 14-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy. Bu iri forum 120-den gowrak döwletiň, 80-den gowrak halkara guramanyň, şeýle hem iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Sammitiň gün tertibine laýyklykda, döwlet dolandyryşyny özgertmek we onuň netijeliligi, emeli aň, geljegiň ykdysadyýeti, geljegiň jemgyýeti hem-de bilimi, durnuklylyk, täze ählumumy tagallalar, şäherleşmäniň, saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly esasy alty mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Strategik hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatyna daýanyp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda milli bähbitlerimiz dünýä bileleşiginiň umumy bähbitleri bilen doly sazlaşýar. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Şondan bäri ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edip gelýär. Döwletimiz BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde abraýly halkara guramanyň mejlislerine ýokary derejede gatnaşýar.

Türkmen wekiliýeti Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça seminara gatnaşdy

27-28-nji fewralda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň hünärmenleri Tbilisi şäherinde geçirilen Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji seminara göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Seminara Transhazar ulag geçelgesiniň assosiasiýasynyň, sanly ulgamynyň, TRAСEKA-nyň, döwlet edaralaryň wekilleri we degişli pudaklaryň bilermenleri gatnaşdylar. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, seminarda gatnaşyjy ýurtlar boýunça sanly ulgam başlangyçlarynyň özara arabaglanyşygyny emele getirmek babatda täze pikirler öňe sürüldi. Esasan hem, seminaryň maksady dolandyryş we jogapkärçilik, ygtybarly maglumat alyş-çalyşygy we sanly geçelgäniň transformasiýasy üçin möhüm bolup durýan kadalaşdyryjy hukuk binýady emele getirmek ýaly möhüm strategiki ugurlar boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.

“Türkmenistan”  awiakompaniýasy” AGPJ-niň wekilleri 27-29-njy fewral aralygynda “Routes Asia 2024” forumyna gatnaşdylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri 27-29-njy fewral aralygynda Malaýziýa ýarymadasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän hem-de arhipelagyň 99 adasynyň içinde iň uly ada bolan Langkawi adasynda konferensiýalaryň ilkinji sapar Langkawi Halkara konferensiýalar merkezinde geçirilen “Routes Asia 2024” forumyna gatnaşdylar. Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine bagyşlanan, ýollary ösdürmek boýunça ýeke-täk çäre bolmak bilen bu forum awiakompaniýalara, howa menzillerine, syýahatçylyk kompaniýalaryna we awiasiýada gyzyklanma bildirýän taraplara duşuşyklar, öňdebaryjy tejribäni alşyp-berişmek üçin hem-de ulgamlaýyn strategiýalary işläp düzmek we Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki awiagatnawlaryň geljekki ösüşini üpjün etmek babatda tagallalary birikdirmek üçin meýdançany teklip edýär.