"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk syýasatynyň dabaralanmagy

Milli Liderimiziň ulag-logistika ulgamyndaky başlangyçlary üstünlige beslenýär Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynda çykyş edip: «Halkara ulag ulgamynyň ornuny işjeňleşdirmek döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulyşmagy arkaly ykdysady ösüşi höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüş derejesindäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. XXI asyrda Milletler Bileleşiginiň möhüm wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen döwrebap ulag düzümini döretmek ýörelgeleri tutuş dünýäde millionlarça adamlaryň hyzmatyna, dünýäniň tebigy serişdeleriniň saklanylmagyna we artdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu bolsa adamzadyň häzirki döwürde alyp barýan işiniň halkara strategiýasy bolup durýar» diýip belledi.

Sebit syýasaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň halkara abraýy barha beýgelýär. Türkmenistan 149 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar, şeýle-de 50-ä golaý halkara guramanyň agzasydyr. Hususan-da, soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasy bilen hem gatnaşyklarymyz täze derejelere galdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşýän edara binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Maslahata milli we Türkmenistanda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de onlaýn arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň žurnalistleri gatnaşdylar. Metbugat maslahatynda merkeziň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri seljerildi, şeýle-de parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanýan ýylynda öňde duran wezipeler barada gürrüň edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak: ýy­lyň şy­ga­ry tä­ze müm­kin­çi­lik­le­re ýol aç­ýar

Düýn BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň paý­tag­ty­myz­da ýer­leş­ýän eda­ra bi­na­syn­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri üçin met­bu­gat mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Mil­li hem-de Türk­me­nis­tan­da akk­re­di­tir­le­nen da­şa­ry ýurt köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň, şol san­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň žur­na­list­le­ri­niň on­laýn ar­ka­ly gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len çä­re­de mer­ke­ziň ta­mam­la­nan ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň jem­le­ri sel­je­ril­di hem-de Aş­ga­bat jem­leý­ji res­mi­na­ma­sy­nyň BMG-niň res­mi dil­le­rin­de çap edi­lip, köp­çü­lik­le­ýin ýaý­ra­dyl­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti we Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len dün­ýä de­re­je­sin­de «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän 2021-nji ýyl­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler barada gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­di. Biz BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça ýö­ri­te we­ki­li, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Na­tal­ýa GER­MA­NYŇ met­bu­gat mas­la­ha­tyn­da­ky çy­ky­şy­nyň maz­mu­ny­ny oky­jy­la­ry­my­za ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň aýdyň nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň oýlanyşykly we parahatçylyksöýüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýy has belent sepgitlere galýar. Dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldamagy munuň aýdyň mysalydyr. Hususan-da hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklar soňky ýyllarda täze derejelere ýetdi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýunyň belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň halkara abraýy has hem beýgeler.

Türkmenistan — GDA: ygtybarly hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenilip düzülen Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda halkara we sebitara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlyga möhüm orun degişli. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgelerine doly jogap berýän gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň netijeli ugurlarynyň biri bolup durýar. 2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Özbegistan Respublikasynyň başlyklygyndaky Garaşsyz Döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň wideomejlisi ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Çärýek asyrdan-da gowrak wagtyň dowamynda GDA-da syýasy-diplomatik iş, howpsuzlyk meseleleri, ykdysadyýet, energetika, ulag, ekologiýa, oba hojalygy we azyk howpsuzlygy, ylym-bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. Türkmenistanyň 2012-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna üstünlikli başlyklyk etmegi Arkalaşyga girýän ýurtlaryň netijeli gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga, täze gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de bilelikdäki işiň uly kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berdi.

Sözüň gadamy

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda dünýäde «Halkara parahatçylyk hem ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň gelmegi mynasybetli türkmen sözüniň gadamy hakda oýlanma Eýsem, sözde gadam bolup bilermi?! Türkmenistanyň tejribesi sözde gadamyň bardygyny, üstesine, onuň tizlige-de eýedigini görkezýär. Özi-de şunda olary adaty ölçeg birlikleri bilen ölçäp bolmaýar. Dogrudan-da, sözüň (biz şu gürrüňimizde diňe ýagşy sözi göz öňünde tutýarys) agramyny nädip ölçejek, tizligini nädip kesgitlejek?! Munda başgaça ölçegleri ulanmaly bolýar. Ölçeg diýýänimiz sözüň adamlara täsiri hem-de onuň ilden-ile geçip, dünýä ýaýraýşy.

Abadan ýaşaýşyň binýady

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat geçirildi. Forumda eden çuň manyly çykyşynda milli Liderimiz oňyn Bitaraplyk ýörelgesini esas edinýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ýetilen ägirt uly sepgitler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji mejlisinde ileri tutýan garaýyşlaryny ýene bir ýola dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirdi we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň netijeli boljakdygyny nygtady. Şunda türkmen Bitaraplygynyň milli we sebit howpsuzlygyny üpjün etmekdäki goşandy aýratyn bellärliklidir. Geçen çärýek asyrlyk tejribe Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň milli, sebit we halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm guralyna öwrülendigini aýdyň görkezdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şol wagtky agza döwletleriniň ählisiniň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk hem-de özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk

Watanymyz — dost-doganlygyň ýurdy

Türkmenistan Watanymyz sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we oňa goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşydyr. Munuň özi Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak hakyndaky halkara bileleşiginiň çözgüdinde tassyklanyldy. Ýurdumyz BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berip, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit we dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly ýörelgeleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi. Ýurdumyzda milli sebit we halkara ähmiýetli hem-de halklaryň ýakynlaşmagyny, özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegini we onuň ugurlarynyň giňeldilmegini şertlendirýän iri düzümleýin taslamalar amala aşyrylýar.

Türkmenistan — Türkiýe: köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

1-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin doganlyk döwletdigini nygtady. Bu döwlet bilen özara gatnaşyklara uzak möhletli, strategik häsiýet mahsusdyr.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Dostlukly hyzmatdaşlyk ýoly bilen — aýdyň ertirlere!

Ömür senenamamyzyň ýene-de bir ýyly tamamlandy. Ol ýurdumyzyň daşary syýasatyndaky möhüm senäniň — baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýyly hökmünde berkarar Watanymyzyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy başlangyçlaryny has-da ilerletmekde, ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini, dünýä syýasatynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Täze, 2021-nji ýyl bolsa Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçer. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň ägirt uly üstünligi bolmak bilen birlikde, baky Bitarap Watanymyzyň dünýä bileleşiginiň öňündäki jogapkärçiligini hem artdyrýar. 2021-nji ýylda-da milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýä ykbalyna dahylly başlangyçlarynyň barha we barha rowaçlanjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Täze ýylyň öňüsyrasynda, 29-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirip, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisine täze, 2021-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny beýan etdi. Biz hem gazetimi

Daşary syýasatyň rowaç menzilleri

Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistandaky diplomatik düzümiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin bilen duşuşyk geçirip, onuň üsti bilen Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ählisini täze, 2021-nji ýyl bilen gutlamagy ýurdumyzyň daşary syýasy işinde dünýä döwletleridir halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda munuň özi özboluşly many-mazmuna eýedir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki wagta çenli dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyz halkara konwensiýalardyr ylalaşyklaryň 161-sine gatnaşýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda hereket edýän diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň 40-sy, şeýle hem ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalardyr konsullyklaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 46-sy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadyny pugtalandyrmak boýunça maksada gönükdirilen işleri alyp barýarlar. Ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş ma

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

AŞGABAT, 1-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmenistan — Özbegistan: dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ähli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar. Şunda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, şol sanda şu ýyl Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk eden Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.