Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary
Biz Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň ähli ugurlardaky hyzmatdaşlyklaryna, şol sanda özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan parlamentara dostlukly gatnaşyklaryna uly hormat goýýarys. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde parlament ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly onlaýn duşuşygy häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça özara pikir alyşmakda bize uly mümkinçilikleri döretdi.