Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi
24-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýedigi, munuň bolsa möhüm pudaklardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz senagatyndaky gatnaşyklaryň geljegi we bu ugurda bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynda uglewodorod serişdelerini gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.