Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretaryny kabul etdi
Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türksoý) Baş sekretary Bagdat Amreýewi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlady we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de Türkmenistanyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.