"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen-mongol işewürlik maslahaty

Aşgabat, 12-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, ulag-logistika, oba hojalygy, gaýtadan işleýän senagat ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm çäredir. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, iki tarapdan hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti bolan döwlete öwrüldi. Ähli pudaklarda uly ösüşleriň gazanylmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy munuň aýdyň netijesidir.

Arkadag şäherinde ÝUNESKO-nyň şahadatnamasyny gowşurmak dabarasy boldy

Arkadag şäheri, 12-nji oktýabr (TDH). Şu gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýurdumyzda türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy, olaryň dünýädäki şan-şöhratynyň belende galdyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada oňyn netijelerini berýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr.

Magtymgulynyň goşgular ýygyndysynyň ermeni dilindäki neşiri tanyşdyryldy

AŞGABAT, 12-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň käbir ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Bu ýerde dabara mynasybetli sergi guraldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary görkezildi. Suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserleri myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda Aşgabatda ilkinji gezek Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. «Mizan» täjirçilik merkezinde geçirilen bu işewürlik maslahatynyň maksady Türkmenistan bilen Mongoliýanyň işewürleriniň arasyndaky söwda-ykdysady, önümçilik, farmasewtika-lukmançylyk, ulag-logistika, oba hojalygy, azyk önümçiligi we gaýtadan işlemek ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmakdan we ösdürmekden ybarat boldy. Ýurdumyzdan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, Mongoliýanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Mongoliýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Türkmen-mongol işewürlik maslahaty işjeň häsiýete eýe boldy. Umumy plenar mejlisiniň geçirilmegi bilen başlanan bu çäre iki ýurduň eksport-import we maýa goýum, şeýle-de işewürlik hyzmatdaşlygyna, ulag we logistika pudagyndaky mümkinçiliklerine bagyşlanan bölümler boýunça dowam etdi. Türkmen-mongol işewürlik maslahatynda oňa gatnaşan iki ýurduň wekilleriniň birnäçesiniň çykyşlaryna orun berildi. Çykyşlarda Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda uzakmöhletleýin özara bä

Katar Gazagystana maýa goýar

Katar Gazagystanyň ykdysadyýetine 20 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýar. Gazagystan Respublikasynyň Senaty bu baradaky ylalaşygy makullady diýip, «Kazinform» habar berýär. «Bu ylalaşyk telekommunikasiýa, energetika, nebithimiýa we beýleki pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine çakylygy kabul edip, Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, şeýle möhüm çäräniň iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma işjeň gatnaşandygy üçin Pakistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, myhmanyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmakda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Hormatly Prezidentimiz çakylygy kabul edip, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşýandygy üçin goňşy ýurduň döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi hem-de ony Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hoşniýetli gatnaşyklar berkidilýär

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy.

Dostlukly gatnaşyklary pugtalandyryp

Düýn Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen geçirilen uly wekilçilikli halkara forum tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Mejlisinde oňa gatnaşan ýokary derejeli myhmanlaryň käbirleri bilen duşuşyklar boldy. Duşuşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degişli meselelere garaldy. Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen bolan duşuşykda myhman Aşgabatda guralan ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, onuň ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli geçirilendigini nygtady.

Türkmen-awstriýa bilelikdäki «Galkynyş» simfoniki orkestriniň konserti

Şu günler VI Wena balyna we türkmen-awstriýa bilelikdäki «Galkynyş» simfoniki orkestriniň konsertine gatnaşmaga gelen awstriýaly myhmanlar ýurdumyzda bolýarlar. Olar Türkmenistana guralan saparyň meýilnamasy boýunça düýn Aşgabadyň gözel ýerlerine we söwda merkezlerine aýlanyp gördüler. Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türkmen-awstriýa bilelikdäki «Galkynyş» simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Şeýle ajaýyp çäreler ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Aşgabadyň hem-de Wenanyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrülýär. Ol Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň barha giň gerim alýandygynyň, ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Dostluk. Hoşniýetlilik. Ynanyşmak

8-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, hususan-da, ýakynda wagtda geçiriljek möhüm ähmiýetli çäreler barada pikir alyşdylar. Hormatly Arkadagymyz ýakynda Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdoganyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy.

Işewür hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär

9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň gurluşygynyň «Çalyk Holding» kompaniýasyna ynanylmagynyň özleri üçin uly mertebedigini buýsanç bilen belledi hem-de Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň açylmagy bilen gutlady.

Hoşniýetli gatnaşyklar berkidilýär

Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy barha berkidýär. Muňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy oktýabrdaky kabul edişlikleri aýdyň subutnamadyr. Şol gün Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh bilen duşuşdy. Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, bu ugurda ikitaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy. Hormatly Arkadagymyz iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň dostlukly gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Halkara foruma gatnaşyjylar Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar

Düýn paýtagtymyz Aşgabatda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum geçirilýär. Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda irden paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistan — Gazagystan Respublikasy: döwletara dialogyň taryhynda täze sahypa

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlyga ygrarlylyk

Islendik halkyň ykbaly döwlet Baştutanynyň öňe sürýän taglymatlary, pikir-garaýyşlary we başlangyçlary bilen berk baglanyşyklydyr. Olar, ilkinji nobatda, şol ýurduň içeri hem daşary syýasatynda şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolup, rowaçlyklara beslenýän başlangyçlary parahatçylyk dialogyny ösdürmekden, halklaryň arasynda özara düşünişmek medeniýetini kämilleşdirmekden gözbaş alýar. Halkara giňişlikde bolup geçýän wakalara ser salnanda, asylly ýörelgelerimize daýanýan garaýyşlar has-da aýdyň duýulýar. Çünki olar bu gün külli ynsanyýetiň sesi, eneleriň arzuwy, çagalaryň päk kalbynyň owazy bolup dünýä ýaň salýar. Bu garaýyşlarda ýaradylanlaryň ählisiniň içinde diňe adamzada mahsus bolan beýiklik görünýär. Moskwa şäherinde 8-nji oktýabrda geçen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hem dünýäniň abadançylygynyň goralmagynyň, ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmeginiň özeninde duran şol taglymatlar, başlangyçlar we pikir-garaýyşlar aýan edildi. Üns merkezindäki ugurlar

Hormatly Prezidentimiz Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisindäki çykyşynda ähmiýetli teklipleri öňe sürdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda ähli ulgamlarda, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de bu işleriň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýratyn belledi.

Aşgabat — Moskwa: arkalaşygyň aýdyň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna iş sapary barada söhbet Arkalaşyk! Bu söz tüýs türkmen ruhly kelamdygy bilen örän owazly-owazaly eşidilýär. Şol sözi dile getirdigiň, hökman köneleriň «Arkalaşan dag aşar» sözi-de tirkeş gurap, zybana gelýär. Arkalaşmak — birek-birege arka bolmak, goldaw-hemaýat etmek. Onuň adamlar babatda bolşy ýaly, halklaryň, ýurtlaryň arasynda-da nähili möhümdigine, el-ele, egin-egne berip, ösüşe barýan uzyn ýollary gysgaltmagyň şertidigine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 30 ýyldan agdyk tejribesi hem aýdyň güwä.