"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Taraplar sebit howpsuzlygy, durnukly ösüş, şol sanda serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, ulag ulgamy bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň belleýşi ýaly, bu forum ýokarda agzalan ölçegleriň her biri boýunça sebitdäki wajyp meseleleri çözmekde özara gatnaşyklary giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de degişli halkara düzümleriň işini utgaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Şunda bu ugurdaky taslamalary we çäreleri ýerine ýetirmekde ÝHHG-niň möhüm orny beýan edildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleridir wezipeleri, sebitiň döwletleriniň bu ulgamlarda ädýän ädimleri boýunça pikir alşyldy, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi.

Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet ýyly geçirilýär

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň artýan depgini strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga iki dostlukly ýurduň ymtylmagy bilen şertlendirilendir. Munuň özi şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda Türkmenistanyň Baştutanynyň HHR-e bolan saparlarynyň barşynda nobatdaky gezek tassyklanyldy.

DostluK köprülerini berkidip

Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň medeniýetine, aýdym-saz sungatyna bagyşlanan konsert boldy. Onda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsertde ýaňlanan hoş owazly aýdymlar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, pugtalandyrmagyň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek äşgär görkezdi. Ýurdumyzdaky ähmiýetli wakalaryň öň ýanynda şeýle konsertleriň geçirilmegi indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Halkara ähmiýetli bu medeni çäräniň esasy maksady Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda baýramçylyk şowhunyny döretmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça gazanýan ösüşlerini wasp edýän aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň çykyşlaryna konserte gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler we olary şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. Munuň özi sungat ussatlarynyň zehinine berilýän ýokary bahadyr.

Türkmen-türk gatnaşyklary

Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegine öwrülen dünýä giňişliginde we sebitde dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün etmek halkymyzyň milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi sapary, bu saparyň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň täze belentliklerine badalga berilmegi şol döwletli ýörelgeleriň dowamat tapýandygyny alamatlandyrýar. Saparyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toparynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy, uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli möhüm ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen, iki doganlyk ýurduň taryhynda täze sahypa açyldy. Hormatly Prezidentimiziň doganlyk döwlete resmi saparynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen hökümetara we pudagara resminamalaryň 13-sine gol çekilmegi hem hyzmatdaşlygyň täze derejelerine itergi berlendigine şaýatlyk edýär. Saparyň barşynda ikiçäk görnüşde we giňişleýin düzümde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlara seljerme berlip, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny yzygiderli berkitmek, täze de

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-türk işewürlik maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Ankara şäheri, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry) Hormatly işewür toparlaryň wekilleri!

Mizemez dost-doganlyk

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna resmi saparyndan soňky oýlanmalar Birek-birege dogaýy salam ýollamak, dostlarça gatnaşmak, ata-babalarymyzdan galan asylly ýörelgelerdir. Çünki şeýle gatnaşyklar jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkidýär, bir-birege bolan ynamy artdyrýar. Munuň şeýledigine 25 – 26-njy oktýabr aralygynda döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda has-da anyk göz ýetirdik. Türkmen-türk dialogynyň netijeli guraly köp babatda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşyklary ösdürmäge berýän aýratyn ünsi bilen şertlendirilip, özara saparlaryň işjeň häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen tagallalarynyň özboluşly görkezijisi bolup çykyş edýär. Häzirki döwürde Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna, iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar. Üstünlikli amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň mysalydyr.

Halkara hyzmatdaşlygynda ýaşlaryň orny

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasaty dünýä halklarynyň abadançylygyna gönükdirilendir. Munuň özi ygtybarlylygy, açyklygy, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da beýgeldýär. Innowasiýalara esaslanýan milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýän giň gerimli we strategiki maksatnamalar, ösüşiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly milli nusgasy, iri halkara guramalarynyň belent münberlerinden adamzadyň parahat we bagtyýar geljeginiň hatyrasyna öňe sürlen derwaýys başlangyçlar, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä esaslanyp, dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýar.

Durnukly ösüşiň möhüm ugry

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki maksatnamalaýyn çykyşynda Arkadagly Serdarymyz: «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr» diýip bellemek bilen, innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça amala aşyrylýan işleri belledi. Hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyza, halkymyza ak ýürekden hyzmat etmek maksatlarynda öňde goýan meýilnamalary milli ýörelgelerimizi döwrebap ösüşiň tejribeleri bilen utgaşdyryp, durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumlaýyn ulgamyny gurşap alýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin Milli maksatnamasynda meýilleşdirilen tutumly işler hem olaryň bir bölegi bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýakyn onýyllyklarda Türkmenistanyň Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüljekdigini belleýär. Häzirki wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny doly güýjünde ulanmak, deňiz we derýa ulaglarynda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak, hyzmatlaryň täze daşary ýurt ugurlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça degişli işler geçirilýär. Bu Halkara deňiz portuna ÝHHG-niň «Hazar sebitinde «ýaşyl» portlaryň we ulag aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde «EcoPorts» güwänamasy berildi. Ol Türk

Ulag pudagy – türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri diýlip atlandyryldy

Hormatly Prezidentimiz türk hyzmatdaşlaryna bilelikdäki ulag we logistika merkezini döretmegi teklip etdi. Döwlet baştutany bu barada Ankarada  geçirilen türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyşynda aýdyp geçdi. Hormatly Prezidenimiz Ulag we aragatnaşyk pudagyny hyzmatdaşlygyň esasy we geljegi uly ugurlaryndan biri hökmünde belläp, häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli aragatnaşyk görnüşlerini birleşdirýän täze ulag infrastrukturasynyň giň gerimli gurluşyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Türkmen wekiliýeti Tbiliside Ýüpek ýoly forumynyň çäklerinde duşuşyklary geçirdiler

Tbilisi şäherinde iş saparynda bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň Hökümetiniň agzalary we Ýüpek ýoly forumyna gatnaşmak üçin gelen Rumyniýanyň ulag edarasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Bu barada Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. Has takygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri Gruziýanyň durnukly ösüş ministriniň orunbasary, Rumyniýanyň Ulag we infrastrukturalar ministrliginiň döwlet sekretary, "APM Terminals" kompaniýasynyň söwda aragatnaşyklar kompaniýasynyň direktory, "MSC Georgia-nyň" dolandyryjy direktory bilen gepleşikleri geçirdiler.

Türkmenistan we Türkiýe Hazaryň we Gara deňziň üstünden geçýän üstaşyr ýollary işjeňleşdirer

Türkmenistan we Türkiýe Hazaryň we Gara deňizleriň üstünden geçýän ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda aýtdy diýip, «Report.az» habar berdi. «Iki ýurduň arasynda söwdany ösdürmekde üstaşyr ýük daşamalar ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm orny tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan ulag geçelgeleriniň, hususan-da, Hazarüsti hem-de Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgeleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň we täze ugurlary döretmegiň özara bähbitli boljakdygy nygtaldy» diýip, TDH Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sözleri getirýär.

Türkmenistan Astrahanda geçirilen halkara ulag forumyna gatnaşdy

Golaýda Astrahanda «Demigrazyk — Günorta» HUG — täze konsepsiýa» atly halkara forum geçirildi. Oňa Türkmenistan hem gatnaşdy diýip, «Report.az» habar berdi. Forumda Türkmenistandan başga-da, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa, Belarus, Özbegistan, Hindistan, Pakistan, BAE ýaly ýurtlardan 150-den gowrak kompaniýanyň wekilleri ulag hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar we logistika pudagy we ilkinji nobatda, «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly amaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Gruziýanyň bilelikdäki demir ýollary kärhanasy döredildi

Gazagystan Demir ýollarynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gazagystan, Azerbaýjan we Gruziýa demir ýollarynyň wekilleri özara deňlik ýörelgelerinde bilelikdäki kärhanany döretmek barada şertnama baglaşdylar. Bu resminama gol çekişlik Tbiliside ýerleşýän Ýüpek ýoly forumynyň çäginde geçirildi. Hasabata görä, täze kompaniýa «Orta multimodal geçelgesi» diýlip atlandyrylar we Gazagystanyň Astana halkara maliýe merkezinde ýerleşer. Onuň esasy wezipesi hazar halkara ýolunyň ugrunda multimodal transporty ösdürmek, «bir penjire» ýörelgesine laýyklykda hyzmatlary berkitmek we Hytaý – Ýewropa we Türkiýe - Hytaý ugurlarynda multimodal transporty ösdürmek üçin utgaşdyrylan syýasaty alyp barmakdan ybarat bolar.

Döwrebap hünärmenleri taýýarlamak ugrunda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary taryhy çözgütlere baý boldy. Saparyň barşynda netijeli gepleşikleriň ençemesi geçirilip, iki döwletiň arasynda ozaldan hereket edip gelýän 182 resminamanyň üsti täze ylalaşyklaryň ýene-de 13-si bilen ýetirildi. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň arasynda adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar. Saparyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynda türkmen we türk wekiliýetiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilip, Ähtnamanyň bölümleri barada pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, Ähtnamada hyzmatdaşlygyň adam serişdelerini dolandyrmak bilen baglanyşykly çap edilen materiallary we görkezme esbaplary, bu ulgamda bilimleri we tejribeleri paýlaşmak, özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bilermenleriň ýygnaklaryny guramak hem-de iki ýurduň çäginde alnyp barylýan döwlet gullugynda adam serişdelerini dolandyrmak bilen bagly çärelere gatnaşmak ýaly görnüşleri göz öňünde tutulandyr. Döwlet gullukçylaryny taýýarlamak ulgamynda ulanylýan gurallardyr amatly programmalar bilen tanyşdyrmak, okuw meýilnamalary

Işewürlik gatnaşyklarynda täze mümkinçilikler

Gahryman Arkadagymyz döwletimize baştutanlyk eden ilkinji ýyllaryndan ýurdumyzy ösdürmegiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça kabul edilen döwlet we milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, ykdysady özgertmeleriň depginini artdyrmakda hususy ulgamyň işine aýratyn ähmiýet berdi. Milli Liderimiziň «Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasydyr» diýen sözleri bolsa türkmen hususyýetçileriniň göwnüni galkyndyryp, täzeçe işlemäge hyjuw döretdi. Şunda daşary ýurtlara amala aşyrylýan saparlarda Hökümet wekiliýetiniň düzümine telekeçileri hem goşmak däbi ýola goýlup, munuň özi işewürlik ugurly hyzmatdaşlygy berkitmekde netijeli başlangyç boldy. Bu günki gün şol asylly başlangyçlar hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Mälim bolşy ýaly, 25-26-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda resmi saparda boldy. Şol sapara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan işewürler hem gatnaşdylar. Ýokary derejede guralýan şeýle saparlar özara hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça pugtalandyrmaga we anyk netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Ankarada geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyk hem iki doganlyk halkyň netijeli gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açjak möhüm waka boldy.

Ählumumy energetikanyň şu güni we geljegi

«ýaşyl» ösüşe, birleşen tagallalara baglydyr Ýurdumyzda indi 28-nji gezek geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly halkara forum energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara syn bermek we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozal bar bolan nebitdir gaz känlerini işläp geçmek, täzelerinde gazyp almak işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Forumda çykyş edenler dünýäniň 46 döwletinden nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara maliýe institutlarynyň wekilleriniň 700-den gowragyny paýtagtymyzda jemlän bu giň gerimli çäräniň ählumumy energetikanyň häzirki ýagdaýydyr geljegine baha bermek nukdaýnazaryndan barha uly ähmiýete eýe bolýandygyny, geografiýasyny yzygiderli giňeldýändigini biragyzdan tassykladylar.

Beýik şahyryň belent sarpasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran ilkinji resmi sapary döwletimiziň halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem dostluk temasy mynasyp beýanyny tapýar. Şahyryň adamlary dostluga, agzybirlige çagyrýan ündewleri bu gün türkmen döwletinde wysal tapýar. Hormatly Prezidentimiz doganlyk Türkiýä saparynyň barşynda akyldar şahyryň Ankaranyň «Türkmenistan» seýilgähindäki görnükli ýadygärligine hem gül goýmak çäresine gatnaşdy. Bu ýagdaý bizi has-da buýsandyrdy. Şahyryň şeýle heýkelleriniň Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň Edelbaý obasynda, Astrahan şäherinde, Özbegistanda, Ukrainada hem bardygyny bellemek aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Heýkel — belent hormatyň ebedileşdirilmegi. Magtymguly Pyragy hem bakylygyň şahyrydyr. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyz özüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda örän çeper beýan etdi. Ýeri gelende bellesek, Ankara uniwersitetinde «Magtymgulyny öwreniş» dersiniň okadylýandygy hem guwandyryjydyr.

Doganlyk ýoldaky dostluk daragty (Ýaş žurnalistiň sözi)

Täze taryhy eýýamda türkmen-türk gatnaşyklarynyň mysalynda gol-pudak ýaýradyp, okgunly ösüşe eýe bolýar Oňony gök böriniň ýol görkezmeginde tutuş jahana ýaň salan Oguz hanyň kowumlary täze müňýyllygyň başynda gadymy adatlaryna ygrarly bolup, birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýarlar. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýan hem-de dürli ugurlarda üstünlikli ösdürýän dostlukly hyzmatdaşlygy muňa aýdyň mysaldyr.

Türkmenistan — ABŞ: medeni gatnaşyklar berkidilýär

Şu ýylyň 23-24-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresine gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň uly wekiliýeti ABŞ-da boldy. Onuň düzümine medeniýet we sungat ussatlary, ylym ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri we talyp ýaşlar girdi. Türkmenistanyň Medeniýet günleri 1990-njy ýylda Aşgabat bilen  doganlaşan Albukerke şäherinde geçirildi. Kaliforniýa ştatynyň San-Diego we El-Kahon şäherleriniň administrasiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan bu şäherlerde 31-nji awgusty «Türkmenistanyň güni» diýip yglan etmek hakynda Jarnamanyň  kabul edilmegi ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe bilen Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda Bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu barada TDH habar berdi. Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ulag-kommunikasiýa pudagynyň möhüm we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtady. Häzirki döwürde Türkmenistanda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giň göwrümli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa we deňiz menzilleriniň durky täzelenýär.