"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Lebap welaýaty boýunça 2023-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary mekdeplerine dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul ediljek ýerleri barada maglumat

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti — Türkmenabat şäherindäki 32-nji orta mekdep, «Himik» etrapçasy, telefon belgisi: 9-77-60. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty — Türkmenabat şäherindäki 15-nji orta mekdep, S.A.Nyýazow şaýolunyň 129-njy jaýy, telefon belgisi: 6-07-80.

Dalaşgärleriň dykgatyna!

Welaýat saglygy goraýyş müdirligi Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2023-nji ýylda okuwa girmäge dalaş edýän raýatlara saglygy goraýyş barlaglarynyň geçiriljek edaralary barada habar berýär. Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Türkmenabat şäheriniň 3-nji kwartalynyň 31-nji jaýy (Türkmenabat şäheriniň 1; 2; 3-nji saglyk öýleriniň hyzmat edýän çäkleriniň we Saýat etrabynyň, Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň dalaşgärlerine hyzmat edýär), telefon belgileri (800422) 2-33-06, 2-52-83, 2-59-02.

“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti teplowozlar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-029 belgili açyk halkara tender yglan edýär Bäsleşige gatnaşmak üçin:

Arkadag şäher Medeniýet müdirligi Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebine 2023 — 2024-nji okuw ýyly üçin okuwçylary okuwa kabul edýändigini habar berýär

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen bina bolan we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly açylan Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň ak mermere beslenen binalarynyň biri Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi bu gün gapylaryny giňden açýar. Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi sungatyň we döredijiligiň dürli ugurlary boýunça zehini, ukyby, kämil başarnygy bolan okuwçylary okamaga çagyrýar we olary degişli synaglary tabşyrmak arkaly, bäsleşik esasynda aşakdaky hünär ugurlary boýunça okuwa kabul edýär.

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmegi mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek üçin «Arkadag şäheri — halkyň buýsanjy» atly täze möhletli goýumyny hödürleýär. «Arkadag şäheri — halkyň buýsanjy» möhletli goýumy ýyllyk 11% bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar.

Bildiriş

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2023-nji ýyl tapgyrynyň çäklerinde «Ýaşyl ykdysadyýet (green economy)» we «Akylly oba hojalygy (smart farming) we azyk senagaty» toparlaryna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasynda dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär. Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2023-nji ýylyň 28-nji iýulyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” amatly nyrhlarda ýük konteýnerleri kärendesine berýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gyzklanma bildirýän taraplara amatly nyrhlarda ýük konteýnerleri kärendesine ulanmaga berýär. Häzirki wagtda paýdarlar jemgyýetiniň Aşgabat şäherindäki Gypjak ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän bölüminde 20 futluk göwrümi bolan ýük konteýnerleriň 750 sanysy bar. Has takygy, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ähli gyzyklanýan taraplara konteýnerleri aşakdaky nyrhlarda kärendesine ulanmaga berýär:

“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan halkara tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-026 belgili açyk halkara tender yglan edýär: Lot №1 – Teplowozlar üçin himiki reagentler, boýaglar we çalgy ýaglar

Bildiriş

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2023-nji ýyl tapgyrynyň çäklerinde «Ýaşyl ykdysadyýet» («Green economy»), «Akylly oba hojalygy (smart farming), azyk senagaty» toparlaryna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligiň yglan edilýändigini habar berýär. Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2023-nji ýylyň 28-nji iýulyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Abuna — 2023

Hormatly okyjylar! 2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Daşoguz habarlary» gazetiniň elektron görnüşine abuna ýazylyň!

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs etrap şahamçasy kart hasaplaryňyzdaky pul serişdeleriňizi öz maşgala agzalaryňyz üçin amatly şertlerde ulanmagy hödürleýär

Ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly bank amallarynyň hilini kämilleşdirmek, halka edilýän hyzmatlaryň gerimini has-da giňeltmek we raýatlaryň pul serişdelerini öz maşgala agzalarynyň arasynda amatly şertlerde ulanmak üçin, ýyllyk 5 göterim möçberi bilen «Maşgala» bank karty atly bank hyzmaty ornaşdyryldy. Siz «Maşgala» bank kartynyň üsti bilen şu aşakdaky amatlyklardan peýdalanyp bilersiňiz: — «Maşgala» atly bank kartyny almak üçin isleg bildirýän müşderileriň öz arzalary esasynda «Maşgala» bank karty açylýar. «Maşgala» bank kartynyň esasy çeşmesi müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasaby bolup durýar. Müşderiniň arzasyna laýyklykda ýa-da «Internet-bank» hyzmaty arkaly müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabynyň çäginde «Maşgala» bank kartynyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini müşderi özbaşdak kesgitleýär.

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde 2024-nji ýylda halkara derejesinde giňden belleniljek Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Ilimiz ulaşdy sowulmaz ýaza» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY Bäsleşigiň maksady

Abuna — 2023

«Watan» gazetiniň hormatly okyjylary! 2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin ýurdumyzyň gazet-žurnallaryna, şol sanda «Watan» gazetine abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini size habar berýäris.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Abuna — 2023

Hormatly okyjylar! 2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Daşoguz habarlary» gazetiniň elektron görnüşine abuna ýazylyň!

ABUNA — 2023

Hormatly okyjylar! 2023-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygy üçin gazetimiziň elektron görnüşine abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini ýatladýarys. Gazetimiziň elektron görnüşine «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynda «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» bukjasyndan ýazylyp bilersiňiz.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Hormatly talyplar, mähriban ene-atalar!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär: «Talyp karzy» ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň diňe degişli okuwynyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşinde berilýär.

Bäsleşikli söwda

Abuna — 2023

«Watan» gazetiniň hormatly okyjylary! 2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin ýurdumyzyň gazet-žurnallaryna, şol sanda «Watan» gazetine abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini size habar berýäris.