«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ IV MÖWSÜMI
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýörite karary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň gurnamagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2024-2025-nji okuw ýylynda IV möwsüminiň başlanýanlygyny mälim edýäris.Bu möwsümde okuwçylar ýazmaça görnüşinde 100 sany test soraglaryna jogap bermek esasynda saýlanylar. Test sowallary orta mekdepleriň 9-11-nji synplarynyň Türkmenistanyň taryhy, dünýä taryhy, Türkmenistanyň medeni mirasy, Dünýä medeniýeti, iňlis dili, rus dili derslerinden bolar. Şeýle hem okuwçylaryň pikirlenişini barlamak maksady bilen akyl-paýhas (IQ, logiki) soraglary hem bolar.“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigine ýurdumyzyň 10-11-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp biler. Bäsleşige gatnaşmak isleýän okuwçylar bilen saýlama test synagy 2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň II ongünlüginde geçiriler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän 10-11-12-nji synp mekdep okuwçylary özleri baradaky maglumatlary 2024-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli möhletde şu e-mail salga ibermeli: parahatchylygynchaparlary@gmail.com Maglumatlar şu aşakdaky tertipde ýazylmaly:1.Şahsy maglumatlary (Ady we familiýasy, anyk ýaşaýan salgysy, okaýan mekdebi we synpy, öý we el telefon belgileri, elektron salgysy, mekdep formasynda