"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy

15-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi.

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, geçmişiniň, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty açyk diýlip yglan edildi.

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, geçmişiniň, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty açyk diýlip yglan edildi.

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

Aşgabat, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar. Şu gezekki forum dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýakyn gatnaşyklaryň hem-de olaryň ata Watanymyzda geçirilýän giň gerimli çärelere işjeň gatnaşmagynyň döwletimiz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. 1991-nji ýylyň maýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) işi Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan işleriň mazmuny we ugry ýylyň-ýylyna giňeldilýär, birleşigiň agzalary öz ýaşaýan ýerlerinde dürli çäreleri guraýarlar. Bu günki gün DTYB döwletimiziň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmekde, taryhyny we dilini öwrenmekde aýratyn orny bolan abraýly halkara gurama öwrüldi.

Garaşsyzlyk - bagtymyz

Biziň ata-babalarymyz hemişe Garaşsyzlygy, azatlygy, erkinligi arzuw edip gelipdirler. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen Garaşsyzlygy bu günki gün türkmen halkyna miýesser etdi. 33 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy kartasynda orun alan Türkmenistan döwletimiz bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, arkalaşykly hereket etmek ýaly syýasatlaryny alyp barýar. Şu günler Berkarar Watanymyz özüniň baş baýramyna uludan taýýarlyk görýär. Bu toýuň tutumy, şatlyk-şagalaňy ulus-ilimiziň baýramçylyk ruhuna ruh goşup, göwünlerine ganat bekleýär. Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda her bir toý-baýram, şanly seneler uly dabara, şatlyk-şowhun bilen garşylanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy toýlanylýan buýsançly günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň aýdyň beýanydyr. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

Aşgabat, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar. Şu gezekki forum dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýakyn gatnaşyklaryň hem-de olaryň ata Watanymyzda geçirilýän giň gerimli çärelere işjeň gatnaşmagynyň döwletimiz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. 1991-nji ýylyň maýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) işi Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan işleriň mazmuny we ugry ýylyň-ýylyna giňeldilýär, birleşigiň agzalary öz ýaşaýan ýerlerinde dürli çäreleri guraýarlar. Bu günki gün DTYB döwletimiziň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmekde, taryhyny we dilini öwrenmekde aýratyn orny bolan abraýly halkara gurama öwrüldi.

Bir suprada jem bolup

Geçen hepdäniň şenbe güni duz nesibesi gaýry ýurtlara çeken ildeşlerimiziň ençemesi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşmak üçin bir supranyň başyna jem boldular. Halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde, türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, edebiýatyny wagyz etmekde birleşigiň agzalaryna möhüm orun degişlidir. Biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen maslahata gatnaşan türkmen doganlarymyzyň käbiriniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Abdyrahman AHMET ogly,Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň başlygy:

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary ýurtlaryň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitleriniň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlament forumyna gatnaşdylar

Hywa şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ikinji parlamentara maslahaty geçirildi. Bu sebitleýin çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär. Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar wekilçilikli edaralaryň işini kämilleşdirmekde, zenan-gyzlaryň we ýaşlaryň döwletiň durmuş-ykdysady durmuşynda işjeňligini gazanmakda toplanan milli tejribeleri paýlaşdylar, şeýle hem parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde täze oňyn ýörelgeler barada çykyş etdiler. Maslahat Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlamentler derejesinde goldamaga, sebitde parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýurtda durmuş-ykdysady ösüşlere parlament wekilleriniň işjeň gatnaşmagynyň oňyn tejribelerini ýaýratmaga gönükdirilendir diýlip, habarda bellenilýär.

ÝOL UZAR KÖPRÜSI BILEN

Aşgabat — Türkmenabat awtobany munuň aýdyň mysalydyr Eşiden gürrüňim gulakda galdy:

Şanly Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň şuglasy

Üstünliklere we rowaçlyklara beslenip dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly senelere, toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak taryhy wakalara ulaşýar. Bilşimiz ýaly, şu günler agzybir hem-de zähmetsöýer halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýar. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwynyň hasyl bolup, milli senenamamyzda müdimilik orun alan Garaşsyzlyk baýramy ähli raýatlarymyzyň kalplaryna egsilmez buýsanç, gözlerine çäksiz guwanç duýgularyny çaýýar. Şöhratly taryhyň gatlaryna nazar aýlasak, agzybirlik we jebislik, berkararlyk we döwletlilik pähimdar pederlerimiziň arzuwy bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz döwletlilik ýörelgesini berkarar etdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edýär.

Ar­ka­dag şä­he­ri hal­ka­ra baý­rak­la­ry­na my­na­syp bol­dy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň de­giş­li Buý­ru­gy­na la­ýyk­lyk­da, «World Smart City Expo» at­ly hal­ka­ra ser­gä gat­naş­mak hem-de Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ni ama­la aşyr­mak üçin ze­rur bo­lan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň luk­man­çy­lyk­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­ri­niň ön­dü­ri­ji­le­ri bi­len du­şuş­mak we de­giş­li za­wod­la­ryň iş­le­ri bi­len ýe­rin­de ta­nyş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Se­ul şä­he­rin­de gul­luk iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de we­ki­li­ýet ag­za­la­ry myh­man­la­ry Ar­ka­dag şä­he­ri­ne ba­gyş­la­nan ser­gi bö­lü­mi bi­len ta­nyş­dyr­dy­lar. Ne­ti­je­de, ýur­du­my­zyň «akyl­ly» şä­he­ri 3 sa­ny baý­ra­ga my­na­syp bol­dy.

Bagtyýarlygyň baýramy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Eziz Di­ýa­ry­myz­da şu gün­ler mu­kad­des Garaş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­na giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ýyl­la­ry için­de, hu­su­san-da, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gah­ry­man Arkada­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň peş­geş be­ren aja­ýyp za­ma­na­syn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň güýç­li dep­gin­de ös­me­gi, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, ýur­du­my­zyň yn­san­per­wer da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň hal­ka­ra de­re­je­de da­ba­ra­lan­ma­sy Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň Ýer ýü­zün­dä­ki şan-şöh­ra­ty­ny tä­ze be­lent­li­ge gö­ter­di. Döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak ba­bat­da öňe sü­ren oňyn baş­lan­gyç­la­ry hal­ka­ra jem­gyýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan giň gol­da­wa eýe bol­ýar.

Bosagada şanly sene

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Ga­raş­syz­lyk bi­ziň iň gym­mat­ly baý­ly­gy­myz­dyr. 1991-nji ýy­lyň tyl­la güý­zün­de ýur­du­myz öz Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bol­dy. Ba­ry-ýo­gy 33 ýy­lyň için­de Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz ta­nal­maz de­re­je­de ös­di we öz­ger­di. As­ma­ny­my­zyň asu­da­ly­gy, gün­diz­le­riň we gi­je­le­riň pa­ra­hat geç­ýän­di­gi mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň bi­ze be­ren peş­ge­şi bo­lup, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen şy­ga­ry­nyň do­ly de­re­je­de dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýan­­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Watan, döwlet we halk mukaddes bitewülikdir

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 ­Dä­be öw­rü­len aja­ýyp saz­la­şy­ga la­ýyk­lyk­da bu ýyl hem daş-tö­we­re­gi­mi­zi go­ýa­zy paý­ha­syň, kä­mil­li­giň, sa­ha­wa­tyň al­tyn­sow keş­bi­ne bü­re­ýän eş­ret­li güýz pas­ly­nyň il­kin­ji aýyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si bi­len mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň go­şa to­ýa öw­rü­lip ut­ga­şyk­ly gel­me­gi «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da aý­ra­tyn bi­te­wü­lik ma­ny­sy­na eýe bol­dy. Çün­ki akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň «Hor gal­ma­syn puşt­dan-puş­dum, // Ber­ka­rar döw­let is­tä­rin» di­ýen naý­ba­şy ar­zu­wy­nyň wy­sa­ly şu iki sa­ny şan­ly wa­ka­nyň saz­la­şy­gyn­da has aý­dyň-par­lak şöh­le­len­ýär. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz — hal­ky­my­zyň azat­lyk, er­kin­lik, öz­baş­dak­lyk ba­ra­da köp asyr­lar­dan soň ama­la aşan kö­ňül küý­se­gi. Halk Mas­la­ha­ty — bu bi­ziň mil­li döw­let­li­li­gi­mi­ziň halk we­kil­çi­li­gi­ne, ra­ýat hak-hu­kuk­la­ry­na we azat­lyk­la­ry­na, köp­çü­li­giň erk-era­da­sy­na, ada­la­ta we ag­zy­bir­li­gi­ne da­ýan­ýan­dy­gy­nyň ny­şa­ny, Py­ra­gy ata­my­zyň aý­dy­şy­ ýaly, «Ýurt bi­na­my­zyň ga­ýym­ly­gy­nyň» ala­ma­ty. Mah­la­sy, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçin­dir!», hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­l

Ösüş­le­riň göz­ba­şy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Bag­ty­ýar hal­ky­myz ýe­ne bir şanly se­nä­ni — mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­ly­gy­ny uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy al­ýar. Bu se­ne kül­li türk­men hal­ky üçin iň naý­ba­şy baý­ram­la­ryň bi­ri­dir. Çün­ki ýur­du­my­zyň özyg­ty­ýar­ly­gy­nyň ge­çen ýo­lu­na ser sa­la­nyň­da tu­tuş hal­ky­my­zyň yk­ba­ly­ny öz­ger­di­ji buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bir­nä­çe­si­ni gör­mek bol­ýar. Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýy­ly­nyň için­de ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly öz­gert­me­le­riň ha­ta­ryn­da hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak, ra­ýat­la­ry­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­ny we il-gü­nü­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni üp­jün et­mek ug­run­da be­ýik sep­git­le­re ýe­til­di. Şeý­le hem Gah­ry­man Arkadagymy­zyň sag­dyn ruh­ly we berk be­den­li ýaş­la­ryň tä­ze nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek ug­run­da­ky be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­nyň do­wa­my­ny biz bu gün Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymy­zyň döw­let­li tu­tum­la­ryn­da gör­ýä­ris.

Ga­raş­syz­lyk — gö­wün­le­riň ga­na­ty

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Al­tyn güý­züň il­kin­ji aýyn­da wa­tan­daş­la­ry­myz buý­sanç­ly wa­ka­la­ryň bir­nä­çe­si­niň şa­ýa­dy bol­ýar­lar. Aý­ra­tyn hem, şu gün­ler hal­ky­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­ny uly şat­lyk we be­ýik zäh­met ýe­ňiş­le­ri bi­len gar­şy­la­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýär. Her ýyl mil­li se­ne­na­ma­myz­da aý­ra­tyn orun alan bu baý­ra­my my­na­syp gar­şy­la­mak il­deş­le­ri­mi­ziň kal­byn­da aý­ra­tyn ýa­kym, ýal­kym dö­red­ýär. Ýur­du­myz­yň çar kün­je­gin­de hö­küm sür­ýän baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry, me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň, ag­zy­bir­li­gi­niň ny­şa­ny­na öw­rül­ýär.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylara

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!Mähriban doganlar! Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy pugtalandyrmakda, dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda has-da jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guralar

13-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Garaşsyzlyk bagty dünýä türkmenleriniň ykbalyny gülletdi

Garaşsyzlyk baýramy diňe bir bagtyýar watandaşlarymyzyň däl, eýsem, geçmişde dünýäniň dürli döwletlerinde mesgen tutan doganlarymyzyň hem sabyrsyzlyk bilen garaşýan iň arzyly toýy. Sebäbi türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny almagy diňe bir Türkmenistanyň raýatlarynyň däl, taryhyň dürli döwürlerinde Ýer ýüzüniň ençeme ýurtlaryna düşen ildeşlerimiziň hem ykbalyna täsir etdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwleti dünýäniň ähli türkmenleriniň ata Watanyna öwrüldi» diýşi ýaly, Garaşsyzlyk gudraty birmahallar duz nesibesi daşary ýurtlara çeken türkmenleriň, olaryň nesilleriniň ählisini ata Watanly etdi. Indi dünýä türkmenleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany özleriniň ruhy dünýäsine bagtyýarlyk nuruny çaýýan seždegähi hasaplaýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi Zeminiň dürli künjeginde mesgen tutan türkmenleri bir supranyň başynda didarlaşdyrýan, olaryň ata Watanymyz bilen ykdysady, telekeçilik, medeni-ynsanperwer, sport ýaly ulgamlardaky hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, milletimiziň taryhy, edebi we medeni mirasyny, halkymyzyň däp-dessurlaryny, döwletimiziň köpugurly ösüşlerini halkara giňişlikde wagyz etmekde alyp barýan işlerine ýardam edýän guramadyr. Şeýle bolansoň, häzirki döwür