Billerini berk guşap
Alyn derini, mähir-yhlasyny ene topraga siňdirýän adamlaryň zähmetleri ýerine-de düşýär. Munuň şeýledigine Dänew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň gowaça pellerine nazar aýlanyňda hem magat göz ýetirip bolýar. Gowaçanyň her düýbünde ak patrak kimin açylan gozalara, ýetişen köreklere gözüň düşýär. — Ussat ýer eýelerimiz ekinlere göreldeli ideg etdiler. Olar gowy hilli tohumdan başlap, mineral dökünlerdir hasyllylygy ýokarlandyrmaga ýardam berýän serişdeler, suw bilen ýeterlik möçberde üpjün edildiler. Mehanizatorlar bolsa daýhanlarymyza hakyky ýardamçylar boldular. Indi bolsa ähli güýçlerimizi ýetişdirilen bereketli hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin jemleýäris — diýip, topar ýolbaşçysy Remezan Narbaýew gürrüň berýär.