"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ykdysady özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly möçberli, giň mazmunly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa ornaşdyrylýan ykdysady özgertmeleriň toplumlaýyn häsiýeti, yzygiderliligi durnukly ösüşiň subutnamasydyr. «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Ykdysady özgertmeler bilen ata Watanymyz gün-günden ösüşlere beslenýär. Bu ösüş-özgertmeleri amala aşyrmakda halkymyz gaýratly zähmetiň nusgasyny görkezýär. Maglumat tehnologiýalarynyň jemgyýetimizi gurşap alýan döwründe ykdysadyýeti ösdürmek boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmekde, ylym-bilimiň häzirki zaman gazananlaryny özleşdirmekde uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegi esasynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary önümçilige giňden ornaşdyryldy, döwlete dahylly we dahylsyz pudaklar tapgyrlaýyn esasda elektron ulgama geçirildi.

Dünýä ýalkym saçýan şäher

At-owazasy dünýä dolýan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz bagtyýarlygyň hem berkararlygyň ýoly bilen öňe barýar. Gojaman Köpetdagyň eteginde gurlup, çawy dünýä ýaýran Arkadag şäheri şol ýoldaky tutumly işleriň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasynyň miwesidir. Bu gün Jeýhun bilen bahry-Hazar aralygyna uzalyp gidýän ata Watanymyzda täze, döwrebap şäherçeleriň, obalaryň döredilmegi ajaýyp döwrümiziň aýratynlygydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde alnyp barylýan işler adam we onuň bagtyýar durmuşy baradaky aladadan ugur alýar. Ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalaryň we düýpli özgertmeleriň netijesidir. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri täze taryhy döwrüň gurmagyň we döretmegiň zamanasydygyny alamatlandyrmak bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolup dabaralanýar. Milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýan binagärlik keşbine eýe bolan şäheriň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň ençemesi guruldy. Häzirki

Şowhunly baýrama bagyşlandy

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň guramagynda welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi. Täze ýyl baýramy mynasybetli welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guralan söhbetdeşlige Agrar partiýasynyň işjeň agzalary we kitaphananyň okyjylary gatnaşdy. Söhbetdeşlikde ýetip gelýän Täze—2025-nji ýyl mynasybetli baýramçylyk gutlaglary aýdylyp, ýagşydan ýagşy arzuwlar beýan edildi. Tamamlanyp barýan ýylda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden gymmatly kitaplary bilen bagly gürrüň söhbetdeşlige gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi.

Şanly ýylyň üstünlikleri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Üstünliklere beslenip gelýän ýyllar şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Belent maksatlar bilen gadam basan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz ajaýyp üstünliklere, taryhy wakalara beslendi, beýik başlangyçlaryň dabaralanmasy boldy.

Geljegiň şäheri

Köpetdagyň eteginiň taryhy künjeginde gurlan Arkadag şäheri binagärlik görki bilen dünýäni haýrana goýýar. Ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilen bu «akylly» şäheriň ýakynda Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy, şeýle-de şäheriň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylmagy buýsançly waka hökmünde kalbymyzy joşa getirdi. Sanlyja aý mundan ozal, ýagny sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergide Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri» hem-de «World Smart City Expo 2024» akylly şäherleriň Bütindünýä sergisine goşan uly goşandy üçin» diýen baýraklara mynasyp bolandygyny hem agzamak örän ýakymlydyr. Bu zatlar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň Ýer ýüzündäki şöhratynyň barha artýandygyny dabaralandyryp, «akylly» şähere buýsanjymyzy artdyrýar.

Üstünliklere beslenen ajaýyp sepgitler

Ýetip gelýän täze, 2025-nji ýylyň parahat durmuş, bereketlilik, agzybirlik baradaky ak arzuwlary, hoşniýetli däp-dessurlary, döredijilikli başlangyçlary alamatlandyryp, Milletler Bileleşigine agza döwletler tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygara beslenmegi her birimizi täze ruhubelentlige atarýar. Çünki her ýyl taryhyň bir sepgidini alamatlandyrýar. Täze ýylyň sepgidinde öň meýilleşdiren işlerimiziň näderejede üstünlikli amal edilendigini seljerip, geljek döwre umytly seretmek, täze maksatlary düzüp, olaryň myrat bolmagy üçin ýagşydan ýagşy arzuw edýäris. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda täze ösüşleri gazanmak ugrunda badalga berýän tutumlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ajaýyp sepgidi boldy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Medeni-seýilgäh toplumynyň merkezinde türkmen hem dünýä edebiýatynyň meşhur nusgawy şahyrlarynyň ýadygärliginiň oturdylmagy, şeýle-de «Magtymguly» atly goşgular ýygyndysynyň üç dilde çap edilmegi ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan ajaýyp eserleri döredijilere nesilleriň sarpasyny görkezýär.

Täze ýyl diýlende...

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Täze ýyl diýlende, meniňä ilki bilen çagalyk döwrüm ýadyma düşýär. Bu her bir adam üçinem şeýle bolsa gerek?! Sebäbi çagalarda ajaýyp hyýaly dünýäni keşbe getirip bilýän ýeke-täk baýramçylyk — bu Täze ýyldyr. Täze ýyl baýramy bagtyýar çagalygyň iň bir ýatdan çykmajak pursatlaryny ýadyňa salýar.

Näme üçin Täze ýyl arçasynyň çür depesine ýyldyz dakylýar?

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Tä­ze ýy«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024l baý­ram­çy­ly­gy­na san­ly­ja gün­ler gal­dy. Bu baý­ram­çy­lyk­da her kim öz öý­le­ri­ni we Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry­ny be­ze­ýär­ler. Ýö­ne siz Tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň de­pe­sin­de nä­me üçin bäş burç­ly ýyl­dy­zyň go­ýul­ýan­dy­gy­ny ba­ra­da oý­la­nyp­dy­ňyz­my?

2025

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Täze ýyla bütin dünýä halklary uly hyjuw bilen garaşýar. Elbetde, täze ýyl hakynda ilkinji dörejek pikirler, garaşylýan ýylda ýetiljek sepgitler, gazanyljak üstünlikler barada arzuwlary edýäris. Bu bolsa geljege bolan ynamymyzy artdyrýar. Şol ynamy has-da pugtalandyrýan, öňde goýan maksadyňa ýetmek üçin itergi berýän güýç — bu sportdur. Täze ýylda hem türkmen sportynda ýokary netijeler gazanmaly diýip çykýan sözler, her bir öňde goýlan maksatlar türkmeniň kalbynyň buýsançly owazy bolup ýaňlanýar.

Tä­ze ýy­lyň ruhubelentligi

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Täze ýyl — ynsan ömrüniň täze bir sahypasy. Bu sahypany her kim ýagşy arzuw-umytlar, haýyrly işler bilen bezemek isleýär. Ynsan ömrüni aý-günleriň, ýyllaryň düzýändigi sebäpli garşy alýan her bir günümiz, aý-ýyllarymyz bize şatlyk, bagtyýarlyk, uly joşgun alyp gelýär. Ine, täze ýyl — 2025-nji ýyl bosagamyzda dur. Ähli ynsanlara bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilip gelýän Täze ýylyň şatlygy, bagtyýarlygy bu gün ýürekleri, köňülleri heýjana getirýär. Bu baýram tutuş Diýarymyzy baýramçylyk keşbine besleýär, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär.

Täze ýyl

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Täze ýyl – bu täze gün.

Dünýäde täze ýyl däpleri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Dünýä ýüzünde dürli-dürli täze ýyl däpleri asyrlar aşyp, dowam edip gelýär. 10-a çenli sanamak we feýerwerk, döwülýän jäçler, köne enjamlary, serişdeleri zyňmak ýaly adatlaryň köpüsi bize mälim bolsa-da, dünýäniň çar tarapyndaky Täze ýyl däpleriniň käbirlerini eşitmek has täsin.

2025-nji ýylda doglan çagalar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ýylan ýylynda doglan çagalar adatdan daşary akyllylygy we ajaýyp häsiýet deňagramlylygy bilen tapawutlanarlar. Emosional gahar-gazabyň ýerine, olaryň ýagdaýlary özbaşdak seljermek we çözgüt tapmak ýaly ajaýyp ukyby bolýar.

Aşgabat Täze ýyl baýramyny şatlyk bilen garşylaýar

Geçen hepdede ýurdumyzyň Baş arçasynyň dürli yşyklarda ýalkym saçmagy bilen paýtagtymyz Aşgabadyň gözel keşbi öňküdenem nurlandy. Şu günler baş şäherimiziň agşamy hasam owadan. Hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga berlensoň, Baş arçamyzyň töweregi paýtagtlylaryň we onuň myhmanlarynyň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasyny her ýyl «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirmek asylly däplerimiziň biridir. Bu ýerde giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Sekizburçly ýyldyz we «2025» ýazgy bilen bezelen, dürli öwüşgindäki yşyklarda ak mermerli Aşgabada nur saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi. * * *

Döwlet gullukçysynyň guramaçylyk medeniýeti

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda: «Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler biziň ählimizden jogapkärçilikli, yhlasly zähmet çekmegi, ýokary netijeleri gazanmagy talap edýär» diýip nygtamak bilen, eziz Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizi nazara alyp, ýurdumyzyň häkimiýet edaralarynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi döwlet gullukçylarynyň hünär ussatlygynyň, häzirki zamanyň innowasion sanly tehnologiýalaryny öz işinde ulanmagy başarmagynyň, guramaçylyk medeniýetiniň we edebiniň wajyplygynyň barha artýandygyny hem tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslary, Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugyna bolan hukuklaryny durmuşa geçirmeginiň şertleridir tertibi kesgitlenilýär. «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bolsa döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine, işewür sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilen kadalar berkidilen. Şeýle-de Kanunda döwlet gullukçysynyň hünär işini mynasyp amala aşyrmagynyň tertibi, özüni alyp barmagynyň düzgünleri bellenilýär.

Sazlaşykly ösüşleriň ýoly

Raýatlaryň saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden hem ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýän döwletimiziň asylly maksatlarynyň myradyna gowuşmagynda bedenterbiýe we sport ulgamyna möhüm orun degişlidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatarynyň yzygiderli artmagy, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň geriminiň giňemegi, türgenlerimiziň dünýäniň çar ýanynda geçirilýän halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegi Garaşsyz Watanymyzda sporty ösdürmek ugrunda döredilýän giň şert-mümkinçilikleriň ajaýyp miweleridir. Diýarymyzda soňky 15 ýyldan gowrak döwürde ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda uzak geljegi nazarlaýan çuňňur oýlanyşykly işler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyz Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp Olimpiýa şäherçesi, Hazaryň merjen kenaryndaky gözel Awazada döwrebap sport toplumy, ýurdumyzyň ähli ilatly ýerlerinde häzirki zaman sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berildi. Okgunly ösüşlerimiziň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň nyşany hem-de kämilligiň nusgasy bolan Arkadag şäherinde-de innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport desgalary halkymyza hyzmat edýär. Türgenleşikleri ýokary hilli geçirmek hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary guramak üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän k

Ar­ka­dag pä­hi­min­den gal­kyn­ýan sport

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge gönükdirilen asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen türgenleriniň halkara awtoralli ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri hem bu işleriň aýdyň netijesidir. 19-njy dekabrda Gahryman Arkadagymyz Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere baryp, ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň içeri işler ministri Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty kabul edip, ilki bilen, bu künjegiň özboluşly tebigatyny, ösümlik dünýäsini synlady. Bellenilişi ýaly, Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumy bina edilende, bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryna üns berilmelidir. Sähranyň özboluşly dünýäsi göz öňünde tutulmalydyr.

Abadan durmuşyň nusgalyk şäheri

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň tagallalary esasynda Köpetdagyň etegindäki ajaýyp mekanda gurlan Arkadag şäheri kämilligiň nusgasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherine Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragynyň we degişli güwänamalaryň berilmegi eziz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikleriň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini ýene bir gezek görkezdi. Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen şäheriň hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler üçin «Hil saýlawy – 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan işleriň nobatdaky halkara ykrarnamasydyr. Innowasion tehnologiýalary, ekologik abadançylygy babatda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde ýaşaýjylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin hem ähli şertleriň döredilmegi bu ýeriň, hakykatdan-da, sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň mekanydygyny tassyklaýar. Bu ýerdäki sport desgalarynyň ähli ölçegler babatda halkara ülňülerine doly laýyk gelmegi ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýändiginiň nyşanydyr.

Şöhratly taryhyň beýany

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň döreden hem-de häzirki nesillerimize miras galdyran milli gymmatlyklary, şan-şöhratly taryhynda uly yz goýan şahsyýetlerimiz hakynda söz açýan «Hakyda göwheri» atly täze kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Milli Liderimiziň täze kitabynyň many-mazmuny halkymyzyň ruhy hazynasyny baýlaşdyrýar. Ajaýyp kitapda Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada täsirli gürrüň berilýär. «Hakyda göwheri» buýsançly taryhymyzyň her sahypasynda dünýä nusgalyk ösüşlerimiziň hem-de açyşlarymyzyň bardygyna ünsümizi çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýip belleýär. Bu pikiriň çuňňurdygyna, uly many-mazmuna eýedigine buýsanýarsyň. Taryhy hakyda asyrlar, müňýyllyklar aşyp, heňňamlar dolansa-da, geljekki nesilleriň aňynda ata-babalarymyzdan miras galan egsilmejek ruhy baýlykdyr. Milli buýsanç ynsany bagtyýarlyga ýetirýän gymmatlykdyr.