"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

At — myrat

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk barada hasabat berdi.

Sogaply işler dowamat

Düýn hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek arkaly berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyzda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy hem şeýle asylly işleriň rowaçlanýandygyny şertlendirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly sogaply işleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň, Watanymyzyň bedew bady bilen ösýändiginiň, gadymyýetde halklary we medeniýetleri biri-birine baglan Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň sebitleriniň arasyndaky ulag gatnawlaryny has-da kämilleşdirmäge, ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini görnetin ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge uly mümkinçilikleri açýar.

Işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi möhüm talapdyr

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde häzirki günlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Ösüş-özgerişleriň menzilleri

Rowaçlygyň aýdyň şaýoly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň zähmet ýeňişli, şanly wakalary bilen gelýän ýyllary üstünliklere beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde belent sepgitlere eýe bolunýar. Milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň bady barha artýar. Şu özgertmeleriň üstünlikli amal edilmegi bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýylsaýyn ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýe bolup, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň tutumly tagallalarda özüniň beýanyny tapýandygyna subutnamadyr.

Durmuş ugurly strategiýamyz halkara derejesinde ykrarnama eýe bolýar

Ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň ýene bir ykrarnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu buýsandyryjy waka mynasybetli, hormatly Prezidentimize iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Durmuş ösüşi komissiýasynyň agzalygyna nobatdaky gezek saýlanylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamakda, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen umumy tagallalary utgaşdyrmakda möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň ýokary halkara abraýa eýe bolýandygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatdan ugur al

Behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä dolýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty has belende galdy. Bu günki gün ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk ýörelgelerini mynasyp derejede ösdürmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkymyzyň buýsanjyna öwrülendigini we türkmen bedewiniň şanyna guralýan dabaralaryň guramaçylyk derejesine aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Munuň şeýledigini «Ahalteke bedewleri bagtyýar zamanamyzda öz öçmejek taryhyna şöhrat getirýärler» diýýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmagy ýene bir gezek subut etdi.

Yklymlary birleşdirýän ulgam

Dostana gatnaşyklary has ileri tutýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bu günki ýeten belent abraýy taryhyň sahypalarynda öz beýanyny yzygider tapýar. Muňa ýurdumyzda ulag ulgamyny ösdürmek babatda amala aşyrylýan asylly işler hem aýdyň mysaldyr. Ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň döwrebap görnüşi kemala getirilýär. Munuň özi gadymy hem müdimi bolan Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täzeçil röwüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Logistikanyň maksady önümi tiz wagtda we ygtybarly ýagdaýda öndüriji kärhanalardan alyjylar köpçüligine ýetirmekden ybarat bolup durýar. Bu adalga halkara hyzmatdaşlygynda önümiň, harydyň ýa-da ýerine ýetirilmeli hyzmatyň dolandyryş ulgamynyň ulaglar bilen daşalyşyny sazlaşdyrmak, ulgamlaşdyrmak ýaly toplumlaýyn işleriň kesgitlemesi hökmünde garalýar. Ýurdumyz şeýle ulgamyň ösmegi ugrundaky asylly işleri guramakda ilkinjileriň hatarynda bolmak bilen, halkara maslahatlaryň we degişli ugur bilen baglanyşykly sergileriň geçirilýän mekanyna öwrüldi.

Şanly ýylyň buýsançly günleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýene bir güni bize buýsandyryjy, guwandyryjy wakalary bagyş edip, şanly ýylyň toý-baýramlarynyň şatlygyny goşalandyrdy. Düýn, 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bu nurana ýoldan ilkinji bolup Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulagly geçmeginde çuňňur hem pelsepewi many bar. Şa gadamy düşen ýerine rysgal-döwletlilik, bagtyýarlyk baky ýar bolýar. Şeýle hem bu ajaýyp ýoldan gelnalyjynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp beren täze awtoulaglarynyň geçmegi dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çünki gelnalyjy täze bir maşgala ojagynyň kemala gelýändiginiň buşlukçysy. Täze ulag — döwletlilikden nyşan. Şeýle-de täze ýoluň iki gyrasyny jähekläp oturan ak öýleriň ýanlarynda milli däp-dessurlara beslenen toý dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gurýan, döredýän, iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar. Türkmen halkymyz ýol çekmegi, köpri gurmagy, bina galdyrmagy sogaply iş hasaplaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda gadymy Beýik Ýüpek ýoly döwrebap derejede dikeldilýär. Bu ýol geljekde tutuş adamzadyň bähbidin

Halk bähbitli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär

15-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Gadymy Merw toýlara beslenýär

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabat--Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen—Mary böleginiň gurluşygyna badalga berlipdi. Ynha bu gün, ýagny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu iri taslamanyň Tejen—Mary böleginiň açylyş dabarasy bolup geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň we UN-Habitat-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda milli ösüşi ilerletmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça amala aşyrylan çäreler hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

 16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz doly ygtyýarly wekili ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa köpugurly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mihal Mlynary mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mihal Mlynary mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylyk döredijilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orny eýeleýän Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Şunda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariden hat geldi. Onda: “Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga we pugtalandyrmaga çalşyp, men jenap Ahsan Wagany Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Jenap Ahsan Waganyň ýokary şahsy häsiýetleri onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormat goýmagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär” diýlip bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň we UN-Habitat-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda milli ösüşi ilerletmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça amala aşyrylan çäreler hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Şeýle hem 2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň, şol bir wagtda ýurdumyzyň BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň hemişelik wekiliniň bellenilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Taraplaryň gyzyklanmasyny hem-de ägirt uly kuwwata eýe bolan iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşini nazara almak bilen, uzak geljegi nazarlaýan söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Şunda diplomat Pakistanyň türkmen döwletiniň alyp barýan oňyn daşary we içeri syýasatyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yklymüsti energetika hem-de ulag geçelgelerini döretmek baradaky möhüm halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylyk döredijilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orny eýeleýän Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Şunda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.