"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji aprel hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çäginde ýerleşen we özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren Amul galasynyň dünýäniň medeni ösüşindäki ornuny açyp görkezmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde bu maslahatyň möhüm ähmiýeti bardyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Hormatly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çäginde ýerleşen we özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren Amul galasynyň dünýäniň medeni ösüşindäki ornuny açyp görkezmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde bu maslahatyň möhüm ähmiýeti bardyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen halkara göçme foruma gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen halkara göçme foruma gatnaşyjylar bolan bize iberen mähirli Gutlagyňyz hem-de forumyň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden şertleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Durmuşymyz — eşret, ýollarymyz — röwşen

Bu gün behişdi bedewler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda parahatçylygyň, döredijiligiň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bedewleriň ýörgür bolsun, Watanym!

Türkmen–german gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

Ynamly öňe barýan ata Watanymyzda geçirilýän duşuşyklar, amala aşyrylýan işler ykdysady, medeni we durmuşyň beýleki ugurlaryndaky hyzmatdaşlyklary täze belentliklere çykarmaga giň mümkinçilikleri açýar. Dostlukly gatnaşyklary berkitmekde umumadamzat bähbitli başlangyçlary  öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýan ata Watanymyzyň her bir güni halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işlere beslenýär. Muny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»  ýylynyň 24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşmagy hem aýdyň tassyklaýar. Şol duşuşykda Gahryman Arkadagymyz German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktorynyň bu saparynyň türkmen kärdeşleri bilen geljegi uly taslamalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilikleri döretjekdigini belläp, saparyň jemleriniň gyzyklanma bildirilýän täze ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Bagta barýan menziller

Dünýäde ilkinji bolup ulag diplomatiýasyny yglan eden ata Watanymyz Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap keşbini dikeltmekde dünýä görelde görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ikinji tapgyry bolan Tejen — Mary bölegi hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmegiň ýagty ýoly boldy. Dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen enjamlaşdyrylan, ekologiýa abadançylygy saklamagyň nusgasyny görkezýän bu täsin taslama ençeme halkara güwänamalaryň berilmegi durnukly ösüşimiziň jahan içre ykrarydyr.

Watançylyk mekdebi

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eseri TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň şanly wakalaryna çuň mazmun berýär.  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp eserine bagyşlanan edebi agşamlarda, döredijilik işgärleriniň, alymlaryň gatnaşmagynda geçirilýän döredijilik duşuşyklarynda we gezelençlerde muny has aýdyň görmek bolýar. Gahryman Serdarymyz bu ajaýyp eserinde: «Eziz Watanyň, Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, berkarar döwletiň gadyr-gymmatyna düşünýän halk beýik halkdyr. Biziň halkymyz başarnykly halkdyr. Biz halkymyz bilen bilelikde beýik işleri bitirmäge ukyplydyrys» diýip ýazýar.

Atçylyk pudagynda guwandyryjy wakalar

Şamuhammet ÇARYBERDIÝEW,  Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Arkadag şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan: — Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ady taryhy ýazarlaryň çuňňur manyly çeşmelerine, rowaýatlarda gahrymanlaryň edermenligine, dessanlarda gözelligiň we ýyndamlygyň waspynyň deňeşdirmesine öwrülen ahalteke bedewlerimiziň  gadymy şöhratyny dikeltdi.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Türgenlerimiz — sport gahrymanlarymyz Şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşy dünýäni begendiren şanly wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen bu halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orny eýeländiklerini hem-de gazanan ýokary netijeleri üçin Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyşky sport merkeziniň «Galkan» hokkeý klubunyň tälimçilerine we türgenlerine Türkmenistanyň hormatly atlarynyň  dakylmagy ildeşlerimizde egsilmez buýsanç duýgularyny döretdi.

Gursagy söýgüli ýaşlar

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly tagallalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan goragçysy hiç zatda kemçilik çekmeli däldir, onuň azygy bol, egin-eşigi ýyly, tehnikasy-ýaragy gurat bolmalydyr» diýen sözleriniň häzirki döwürde dowamat-dowama beslenýändigini dabaralandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby türkmen ýaşlaryna goýulýan beýik hormat-sarpanyň nyşanydyr. Bu buýsançly kitapda «Watan goragy ynamly gollarda» atly ýörite bölüminiň bolmagy harby gullukçylaryň başlaryny göge ýetirdi. Kitapdaky: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir. Bu gün gaýduwsyz, edermen türkmen serkerdeleri, ýaş watançy esgerler ata Watanymyzyň mukaddes goragynda sak durup, ýurt asudalygyny, parahatlygyny, abadanlygyny berkarar edýärler» diýen çuňňur many-mazmuna beslenen sözler bize bildirilen uly ynamy alamatlandyryp, Watan goragy ýaly mukaddes wezipämizi ak ýürekden berjaý etmekde ruhy ylham çeşmesi bolup durýar.

Beýik başlangyçlaryň buýsanjy

Dünýäni, halklary ýollar birleşdirýär. Golaýda paýtagtymyzda geçirilen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň işi hem dünýä halklaryny ýakynlaşdyrmaklyga bagyşlandy. Ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda, ýokary okuw mekdeplerinde bu halkara forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň ähmiýetine bagyşlanan maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlygy» ady bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Sebitde ulag-logistiki hyzmatdaşlygy we arabaglanyşygy berkitmekde Türkmenistanyň başlangyçlarynyň orny» ady bilen, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde Ulag diplomatiýasynyň orny» ady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahatlarda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa sebitiniň yklymara ykdysady köprüsi hökmünde Garaşsyz Diýarymyza gönükdirilýän ünsüň artmagy ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler dogrusynda gürrüň edildi. Her bir ýurduň ykdysady ösüşinde ulag ulgamynyň wajyp orny eýeleýändigi, şoňa laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň turuwbaşdan ösen içki u

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 4-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmeniň baýlygy we guwanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda, ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri, ýokary netijeleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerýändigi we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygy nygtaldy. Biz daşary ýurtlar bilen dostluk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak esasynda gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Ýüze çykýan wehimleriň, gapma-garşylyklaryň çözülmeginde halkara hukugyň we diňe diplomatik gurallaryň ulanylmagyny zerur hasap edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

24-nji aprelde — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Şu ýyl assosiasiýanyň mejlisiniň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda — türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäherinde geçirilmeginde aýratyn many bar. Bu ýerde forumyň geçirilýän ýeri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum

24-nji aprelde Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Forum “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezilýär. Foruma Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşýarlar.