"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýurdumyzda ählihalk ýowary geçirildi

17-nji aprelde ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Ýurdumyzda ählihalk ýowary geçirildi

17-nji aprelde ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen bu çärä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda guralýan goýumly oýunlaryň hilini häzirki döwrüň ösen derejesine laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine birleşigiň garamagyndaky “Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik” döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy. “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna — esaslyk maýadaky paýy 60 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Saglyk — baş baýlyk

Golaýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygy hakyndaky alada ileri tutulýar. Munuň aýdyň subutnamasyny saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan ägirt uly işleriň mysalynda, bu ugurda gazanylýan üstünliklerde hem görmek bolýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bolsa şeýle üstünlikleriň esasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamyny ylmy esasda ösdürmekde, dünýä döwletleriniň bu ugurda gazanan tejribesini öwrenmekde netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda adam saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek üçin bolsa, sagly

Aşgabat — sagdynlygyň we ruhubelentligiň şäheri

Günsaýyn gözel keşbe beslenýän paýtagtymyz Aşgabat biziň ata Watanymyzyň häzirki döwrüni hem-de röwşen geljegini alamatlandyrýan ajaýyp şäherdir. 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň ähli künjeginde, şol sanda ak mermerli paýtagtymyzda hem giň gerimli gurluşyk işleri amala aşyrylýar. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem-de Aziýanyň merjen şäheri bolan paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy baýramçylygyna uludan taýýarlyk görülýän döwründe bolsa şol işler has-da ýaýbaňlandyrylýar. Ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän hem-de dünýäniň iň owadan şäherleriniň hataryna girýän paýtagtymyz Aşgabat özüniň özboluşly we täsin binagärçilik sungaty bilen birnäçe gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Saglygy goraýyş merkeziniň işi ileri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ähli ulgamlar bilen deň hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly işler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanylmaga berlen Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi açylan gününden bäri, halkymyza hyzmat edip gelýär. Birnäçe abraýly halkara baýraklara mynasyp bolan Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi ähli öňdebaryjy, döwrebap, kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Merkeziň maslahat beriş, anyklaýyş, kabul ediş bölümi bolup, onuň düzüminde gaýragoýulmasyz tiz kömek otaglary, barokamera, balneologiýa, dikeldiş-reabilitasiýa, intensiw bejeriş, reanimasiýa we anesteziologiýa, barlaghana, plastiki operasiýa, çagalar we uly adamlaryň ýanyk şikeslerini bejeriş bölümleri bar.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň nobatdaky Kararnamasy kabul edildi

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Durnukly ösüşiň möhüm ugry

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etjek birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler hakynda hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Merdana ata-babalarymyzdan miras galan gadymy seýisçilik ýoluny geljekde hem dowam ederis

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde eden çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 16-njy apreli) Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ählumumy parahatçylyga gönükdirilen tagallalar

Milli Liderimiz täze desgalaryň açylyşyna hem-de halkara maslahata gatnaşdy 15-nji aprelde paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.

Milli demokratiýamyz dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi 14-nji aprelde paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere milli Liderimiz gatnaşdy.

Dünýä ýaň salan şanly wakalar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň her bir güni ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan taryhy wakalara beslenýär. Ozal habar berlişi ýaly, şu hepdäniň çarşenbe güni paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Täze dolandyryş-işewürlik merkezi kemala gelýän Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen nobatdaky desganyň ulanylmaga berilmegi milli senenamamyzyň şanly senesine — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Beýik işler dünýä dolýar

14-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynyň toý bagyny kesip, binany gözden geçirenden soň, onuň kiçi mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.

Ählumumy abadançylygyň, ruhy bitewüligiň bähbidine

15-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Demokratik ýörelgelere ygrarlylygyň dabaralanmagy

14-nji aprelde paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesip, binanyň içine girýär. Milli Liderimiz binany gözden geçirenden soň, kiçi mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary bilen, Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy. * * *

Milli demokratiýanyň täze belentlikleri

14-nji ap­rel­de paý­tag­ty­myz­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň aja­ýyp bi­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň tä­ze pa­la­ta­sy­nyň bi­rin­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň bi­rin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Bu çä­re­le­re hor­mat­ly Pre­zi­denti­miz gat­naş­dy. Baý­ram­çy­lyk gör­nü­şin­de be­ze­len tä­ze bi­na­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da joş­gun­ly­lyk we şat­lyk duý­gu­la­ry hö­küm sür­di. Bu ýe­re ge­len mil­li Li­de­ri­mi­zi Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň tä­ze saý­la­nylan ag­za­la­ry we Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.

Köpugurly hyzmatdaşlyk giň gerimde ösdürilýär

15-nji ap­rel­de paý­tag­ty­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň gat­naş­ma­gyn­da iri des­ga­la­ryň iki­si­niň — Türk­me­nis­ta­nyň Mas­la­hat­lar mer­ke­zi­niň we Ka­bul ediş mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy hem-de «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň ha­ty­ra­sy­na hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­tyň da­ba­ra­ly mej­li­si ge­çi­ril­di. Şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li bu ýe­re ýygnananlar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­ýar­lar.