Öňdebaryjy çörek kärhanasy
Boldumsaz etrap Lomaý bölek-söwda nokadynyň çörek bişirilýän bölüminde öndürilýän çöreklere halkymyzyň arasynda uly isleg bildirilýär. Kärhanada, esasan, çörekleriň birnäçe görnüşi öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän çörekler hiliniň gowulygy bilen tapawutlanýarlar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri ilatyň gündelik isleg bildirýän azyk önümleri bilen üpjünçiligini ýokary derejede saklamak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. Şeýle bolansoň, kärhanada oňyn zähmet netijeleri gazanylýar. Şu ýylyň başyndan bäri hem kärhananyň işçileri özleriniň ýokary önümçilik depginini saklamagy başardylar. Has takyk aýdylanda, geçen aýlarda kärhanada çörek önümleriniň 50 müňden gowrak tonnasy öndürilip, ilata ýetirildi. Bu netije şu döwür üçin meýilnamada göz öňünde tutulandakydan ep-esli ýokary boldy.