"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýurduň altyn gaznasy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda açylan sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň öz datly miwelerini eçilýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. «Bu dabaraly çäreleriň geçirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Döwrebap derejede guralan sergi hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawynyň öz miwelerini berýändigine şaýatlyk edýär» diýlip, hormatly Prezidentimiziň  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen  Gutlagynda nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň  ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini  hususy telekeçiligiň ösdürilmegi  arkaly hem artdyrmak baradaky tagallalary raýatlaryň şahsy başlangyçlaryny, döredijilik ukybyny goldamak bilen, bazar gatnaşyklarynda bäsleşige ukyply harytlaryň, hyzmatlaryň önümçiliginiň ýola goýulmagyna, goşmaça iş ýerleriniň döredilmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Çünki  hususy ulgamyň ösdürilmeg

Telekeçilik

BATLY GADAMLAR BILEN Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  welaýatymyzda telekeçilik işi has giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň gaýtadan işleýän önümçiligi işjeň ýola goýmak barada berýän maslahatlaryndan ugur alýan telekeçiler bu pudaga dahylly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýärler. Olaryň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Kämil gurujy» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işgärleriniň durmuşa geçirýän işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Her aýda 150 tonna çig maly gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan bu kärhanada uly isleg bildirilýän polipropilen haltalaryň önümçiligi ýola goýlupdyr. Kärhananyň önümleri Özbegistan, Owganystan we Russiýa ýaly döwletlere eksport edilýär.

Ösüşleriň bedew bady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisinde milli öndürijileriň ýeten sepgitleri görkezildi 12-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady.  Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçirilýän  gözden  geçirilişiň açylyş dabarasyna Hökümetiň agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi açyldy

Hepdäniň sişenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy hem-de bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiniň deputatlary, ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik gulluklaryň hem-de habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen hususyýetçiligi: sanlar we maglumatlar

Şu gün öz işine başlan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisi dowam edýär. Biz ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýän käbir sanlar we maglumatlar bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik:

Döwletimiziň ykdysadyýetiniň kuwwatly şahasy

Ak bazarlarymyzyň islendigine barsaňam, gözleriň birbada tekjeleri dolduryp duran ter gök önümlerdir ir-iýmişlerde eglenýär. Onsoň baryp, höwes bilen bu behişdi nygmatlardan bol-telki satyn alýarsyň. Öýe gelibem, suw astynda durlanan dürli gök-önümlerden işdäaçar, ir-iýmişlerden bolsa şerbet suwuny taýýarlarsyň ýa olary terligine saçaga äberersiň, lezzetini dadanyňdan soň, sahawatly topragymyzyň jana şypaly nygmatlaryndan gujurlanan ýaly bolarsyň. Bu oba hojalyk önümleriniň hemişe mukaddes saçaklarymyzda dolup-daşyp durmagy üçin yhlasly zähmet çekýän işjanly telekeçilerimiziň uly paýy bar. Olar önümçiligiň dürli görnüşlerini ýola goýmak bilen, islendik pasylda önümleri terligine halkymyza ýetirmekde billerini berk guşaýarlar.

Hususyýetçilik — ýurduň altyn gaznasy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 14 ýyl doldy. Şu gün bu sene mynasybetli ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlaýar. Däp bolan forum ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezer. Bu aýdylanlary Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň üç aýynda oba hojalyk we azyk önümleriniň ösüş depgininiň 164,5 göterime hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň 108,1 göterime barabar bolandygy hem doly tassyklaýar. Munuň özi türkmen telekeçileriniň şu ýylyň birinji çärýegini uly üstünliklere besläp, şanly senä mynasyp zähmet sowgatly gelendigini alamatlandyrýar.

«Täze aý» ha­ryt ny­şan­ly şo­ko­lad­lar

Paý­tag­ty­my­zyň söw­da mer­kezleriniň birine ba­ra­ny­myz­da süý­jü­dir şo­ko­lad­la­ryň ara­syn­da­ky «Tä­ze aý» ha­ryt ny­şan­ly şo­ko­lad­lar ün­sü­mi­zi çek­di. Bu ha­ryt ny­şan­ly süýt önüm­le­ri, büz­me­çe­dir şöh­lat­la­ry we beý­le­ki süý­jü­lik­le­ri bi­len öň­den ta­nyş bo­la­ny­myz üçin, şo­ko­lad­la­ryň hojalyk jemgyýetiniň tä­ze önüm­le­ri­di­gi­ni ba­da-bat aň­dyk. Ga­ra şo­ko­la­dyň muş­da­gy bo­la­nym üçin, men­de tä­ze «Tä­ze aý» plit­ka­sy­nyň ta­ga­myn­dan da­dyp gör­mek is­le­gi dö­re­di. Şo­ko­la­dyň ta­ga­my iň bir ab­raý­ly şo­ko­lad­la­ra hem «gaý­ra dur» diý­dir­ýär­di. Hut şo­nuň üçin hem azyk önüm­le­ri bi­len ady­gan ýur­du­my­zyň baý­ry ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň şo­ko­lad önüm­çi­li­gi ba­ra­da gy­zyk­la­nyp, şo­ko­lad önüm­çi­lik se­hi­niň iş do­lan­dy­ry­jy­sy Şöh­rat Mom­ma­dow bi­len söh­bet­deş bol­ma­gy ma­kul bil­dik.  Şöh­rat Mom­ma­dow, «Täze aý» haryt nyşanly şo­ko­lad önüm­çi­lik se­hi­niň iş do­lan­dy­ry­jy­sy.

Haryt bolçulygy — halkyň abadançylygy

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyz üçin ýaşamaga we zähmet çekmäge amatly şertleriň döredilmegi, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanylmagy, içerki bazarlarymyzyň bolçulygy we ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagy ugrunda dürli wezipeler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň 25-nji martdaky geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy hem bu işleriň üstünlikli dowam edýändigini tassyklaýar. Häzirki wagtda Diýarymyzyň içerki bazarlarynda hil taýdan ýokary we bahasy boýunça amatly harytlaryň ilatymyza hödürlenilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmekde toplumlaýyn çäreleriň doly depginde amala aşyrylýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda alyjylarymyza medeniýetli hyzmat etmek, hyzmatlaryň halkara häsiýetlere laýyk bolmagyny gazanmak öňde durýan esasy wezipeleriň biridir. Bu günki gün bazarlarymyzda söwda tekjeleri gök, miwe we bakja önümlerinden bol bolup, ýurdumyzda öndürilýän tüwi, mäş, no

Telekeçilige — giň ýol!

Derwaýys meseläniň çözgüdi Döwlet Baştutanymyzyň ýurt ähmiýetli, il-gün bähbitli başlangyçlary bilen telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen tagallalary milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüş-özgerişinde aýgytly ädim boldy. Hususyýetçiligiň täze öndüriji güýç hökmünde öňe çykmagy azyk bolçulygyny döretmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem täze iş orunlary döredildi. Telekeçilerimiziň halkyň köp sarp edýän ýokary hilli önümleriniň we harytlarynyň önümçiligini ýokary derejede ýola goýmaklarynyň azyk bolçulygyny döretmekde bähbitli çözgüt bolandygyny ýatlamalydyrys.

«Lovesac» ýokary ösüş gazanýar

Mebel we öý esbaplaryny satýan «Lovesac» kompaniýasy geçen çärýekde iki sanly ösüşi gazanandygyny habar berdi. Hasabata laýyklykda, geçen çärýekde kompaniýanyň satuwlary 50% ýokarlanyp, arassa girdejisi ABŞ-nyň 196 million dollaryna barabar boldy. «Lovesac»-yň mebelleriniň artykmaçlygy, esasan, modully mebellerden ybarat assortimentlerdir. Şeýle mebelleriň daşky görnüşini müşderileriň talaplaryna baglylykda üýtgedip bolýar.

«FedEx» ýük daşama synaglaryny geçirer

ABŞ-nyň eltip bermek hyzmatyny berýän «FedEx» korporasiýasyna degişli «FedEx Express» kompaniýasy geljek ýyl «Elroý Air Chaparral» awtonom howa ýük ulgamynyň synaglaryna başlar. «eVTOL» howa ýük ulgamynyň «Chaparral» uçary, özbaşdak 135-den 225 kilograma çenli ýüki götermäge ukyplydyr we ony 480 kilometre çenli aralyga eltip bilýär. «FedEx» we «Elroy Air» kompaniýalary 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri hyzmatdaşlyk edýärler we 2023-nji ýylda rugsatnama almak we uçuş synaglaryny ýerine ýetirmek üçin bilelikde işlemegi dowam etdirerler. Geçen birža söwdalarynda «FedEx»-iň paýnamalary 1,39% ösdi we ABŞ-nyň 235,25 dollaryna barabar boldy.

Işewüriň işi ileri

Hususy ulgamda ýokary tehnologiýaly innowasion önümçilikleri ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi düzümleýin üýtgedip gurmak ýurdumyzda öňe sürülýän esasy ugurlaryň hatarynda durýar. Häzirki döwürdäki tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň göwnejaý kanagatlandyrylmagy, köp babatda ykdysadyýetiň hususy böleginiň netijeli işine baglydyr. Diýarymyzyň telekeçileri bu gün dürli pudaklarda netijeli işleri alyp barmak bilen, çylşyrymly we giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýärler. Bu buýsançly hakykat Balkan welaýatynyň hususy kärhanalarynda alnyp barylýan işlerde-de aýdyň görünýär. Geçen ýyl Balkan welaýaty boýunça öndürilen 16,3 milliard manatlykdan gowrak senagat önümleriniň deň ýaryna golaýy hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň paýyna düşdi. Sebit boýunça taýýarlanyp, sarp edijilere ýetirilen gök we bakja önümleriniň, miwäniň, et we süýt önümleriniň, ýumurtganyň hem agramly bölegi hususyýetçiler we telekeçiler tarapyndan öndürildi. Welaýatda bar bolan gara mallaryň, dowarlaryň, düýeleriň, gylýallaryň, guşlaryň bilelikde alnandaky umumy sanynyň 96 göterime barabary hususy eýeçilikde jemlenýär.

Durmuşa bezeg bägüller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynyň maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegi, ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, öndürilýän önümleriň hiliniň gowulandyrylmagy hem-de mukdarynyň artdyrylmagy, ýerden, suwdan, mineral dökünlerden netijeli peýdalanylmagy obasenagat toplumynyň öňünde anyk wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Şol möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bu pudakda amala aşyrylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Oba hojalygy çalt depginler bilen ösdürilýär we ol ýurdumyzda girdejili pudaklaryň birine öwrüldi. Sebäbi daýhanlaryň öndürijilikli we bökdençsiz işlemekleri, halal gazanç edip baýamaklary, döwrebap dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýylyň- -ýylyna daşary ýurtlardan ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary satyn alynýar. Mineral dökünler bilen üpjünçilik barha gowulanýar. Şeýle bolansoň, ekerançylygy ösdürmäge niýetlenilen daýhan hojalyklaryny döretmäge isleg bildirýän adamlaryň sany-da barha köpelýär. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz oba hojalyk maksatly daýhan hojalyklaryny döretmek üçin ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda Karar kabul edipdi. Şol il-ýurt bähbitli çözgüdiň esasynda Bereket etrabynda hem daýhan hojalyklarynyň birnäçesi döredilip, şolaryň birem häzirki wagtda işi rowaçlyga beslenen «Nurly meýdan» daýhan hojalygydyr.

Ekologiýa täjirçiligi — täze ugur

Ekologiýany arassa saklamak, daşky gurşawyň tebigat gözellikleri, dürli ösümlikler dünýäsi bilen gurşalmagy, baglaryň, gülleriň binagärlik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşmagyny gazanmak şu günüň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bag nahallaryny ekmek dabarasy asylly däbe dowamat berip, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek, gurulýan, durky täzelenýän demir we gara ýollary, beýleki durmuş ähmiýetli desgalary çäge syramagyndan goramak boýunça süýşýän çägeleri berkitmek hem-de tokaýlaşdyrmak işleriniň yzygiderli geçirilmegi ýaşyl zolaklary köpeldip, gözel tebigaty baýlaşdyrýar. Tebigy gözellikler ykdysady nukdaýnazardan hem barha uly gyzyklanma eýe bolýar. Soňky wagtlarda «ekologiýa bazary» ýa-da daşky ýaşaýyş gurşawyny gowulandyrýan tebigy baýlyk gorlaryny tygşytly ulanmakda täze mümkinçilikleri döredýän ekologiýa hyzmatlar uly islege eýe bolýar. Ekologiýanyň gazananlaryny ilatyň abadan durmuşynyň hyzmatynda goýmak bilen bir hatarda, bu ugurda ykdysady girdejileri almak ugry hem depginli ösýär. Ýaşaýyş gurşawyna gözegçiligi amala aşyrýan, kärhanalardan çykary

Telekeçilik — altyn gazna

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Diýarymyzda on dört ýyldan bäri hereket edýän bu birleşme hususyýetçileriň müňlerçesini özüne birleşdirýär. Ýurdumyzda öz ýerli çig mallarymyz esasynda önüm öndürýän telekeçilerimize uly ähmiýet berilýär. Döwlet tarapyndan degerli goldaw tapýan senagatçylaryň we telekeçileriň köpüsiniň ýaşlar bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi milli Liderimiz ýaşlaryň täze ýetişen ylymly-bilimli, giň gözýetimli, başarjaň we zehinli nesline uly bil baglady. Döwletli Diýarymyz raýatlaryna bagt getirýän Humaý guşy bolsa, ýaşlar onuň ganatydyr. Olaryň alyp barýan il bähbitli işleri tutuş ýurduň hereketlendiriji güýjüdir.

Işleri ileri halyçylar

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň ezber elli halyçylary geçen ýyl jemi 1932 inedördül metr haly dokap, 3 million 685 müň 237 manatlyk önüm öndürdiler we döwlet tabşyryklaryny üstünlikli amal etdiler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda kärhananyň Baýramaly haly önümhanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi halyçylarda uly zähmet galkynyşyny döretdi. Bu olara «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başky iki aýyny zähmet üstünliklerine beslemäge şert döretdi. Kärhananyň 150 orunlyk Baýramaly haly önümhanasy «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama kärhanasy tarapyndan bina edildi. Önümhanada döredijilikli zähmet çekmek, medeniýetli dynç almak üçin oňyn şertleriň döredilmegi, onuň döwrebap zähmet gurallary bilen üpjün edilmegi halyçylaryň iş öndürijiliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Munuň şeýledigine Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň işgärler bölüminiň hünärmeni Maýagözel Amanmyradowanyň gürrüňinden hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

«Vacasa» il­kin­ji ha­sa­ba­ty­ny çap et­di

Dynç alyş üçin jaý kä­ren­de­sine niýetlenilen plat­for­ma — «Vacasa» kom­pa­ni­ýa­sy gaz­na bir­ža­sy­na ag­za bo­lan­dan soň, il­kin­ji ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. Oňa la­ýyk­lyk­da, kom­pa­ni­ýa­nyň sar­gyt­la­ry 109% ösüp, ABŞ-nyň 1,9 mil­liard dol­la­ry­na deň bol­dy. Şeý­le­lik­de, «Vacasa»-nyň gir­de­ji­si 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de 81% ar­typ, ABŞ-nyň 889 mil­lion dol­la­ry­na ýet­di. Kom­pa­ni­ýa De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň pu­dak ba­za­ryn­da öň­de­ba­ry­jy­ly­ga da­laş ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň mag­lu­mat­lar ba­za­sy Ka­na­da­nyň, Mek­si­ka­nyň, Kos­ta Ri­ka­nyň, Be­li­ziň 400-den gow­rak se­bi­tin­de ýer­leş­ýän 35 müň­den gow­rak goz­gal­ma­ýan em­lä­gini öz içi­ne al­ýar.

«Ni­ke»-niň çär­ýek ne­ti­je­le­ri ýo­ka­ry bol­dy

Ge­çen hep­de Ame­ri­ka­nyň «Ni­ke» kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gi­niň ha­sa­ba­ty­ny çap et­di. Oňa laýyklykda, «Ni­ke» kom­pa­ni­ýa­sy 2020-nji ýy­lyň de­giş­li döw­rü­niň ABŞ-nyň 1,4 mil­liard dol­la­ry (bir paý­na­ma ABŞ-nyň 0,87 dol­la­ry) bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, ABŞ-nyň 1,45 mil­liard dol­la­ry möç­be­rin­de (bir paý­na­ma ABŞ-nyň 0,90 dol­la­ry) gir­de­ji ga­zan­dy. Ha­sa­bat döw­ri «Ni­ke»-niň söw­da­la­ry ABŞ-nyň 10,36 mil­liard dol­la­ryn­dan ABŞ-nyň 10,87 mil­liard dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­lan­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry­ 17%, dü­ka­ny­nyň söw­da­la­ry­ 14%, san­ly söw­da­la­ry­ 22% ýo­kar­lan­dy.

«Su­zu­ki Mo­tor» Hin­dis­tan­da elekt­ro­kar ön­dür­mek üçin ma­ýa goý­ýar

Ýa­po­ni­ýa­nyň «Su­zu­ki Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy esa­sy da­şa­ry ýurt ba­za­ry bo­lan Hin­dis­tan­da elek-t­rik ulag­la­ry­ny ön­dür­mek üçin, tak­my­nan, 150 mil­liard ýen (ABŞ-nyň 1,25 mil­liard dol­la­ry) ma­ýa goý­mak­çy bol­ýar. Tä­ze me­ýil­na­ma­nyň çä­gin­de kom­pa­ni­ýa Gu­ja­ra­t şta­tyn­da tä­ze ba­ta­re­ýa za­wo­dy­ny gu­rar. Hä­zir bu ştat­da kom­pa­ni­ýa­nyň ben­zin he­re­ket­len­di­ri­ji­de iş­le­ýän aw­tou­lag­la­ry ön­dür­ýän bir kär­ha­na­sy iş­le­ýär. On­da 2025-nji ýyl­dan baş­lap elekt­ro­mo­bil­le­ri ön­dür­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le-de «Su­zu­ki Mo­tor» Hin­dis­tan­da kö­ne aw­tou­lag­la­ry tä­ze­den iş­le­mek üçin kär­ha­na­lar top­lu­my­ny gu­rar. «Su­zu­ki Mo­tor» Hin­dis­tan­da 1982-nji ýyl­dan bä­ri iş­le­ýär. Ol hä­zir­ki wagt­da ýur­duň aw­tou­lag ba­za­ry­nyň, tak­my­nan, 50 gö­te­ri­mi­ni eýe­le­ýär.