"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň IV gurultaýy

Aşgabat, 15-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi. Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gatnaşyjylary bir ýere jemlän gurultaýyň dowamynda geçen döwürde alnyp barlan işlere seljerme berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe TSTP-niň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýyň işine gatnaşmaga ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.

Telekeçilik işiniň kanunçylygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan halkara giňişliginde jemgyýetiň maddy hem ruhy zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy üçin giň mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmeginiň döwletiň kuwwatynyň iň esasy hem zerur şerti bolup durýandygy nukdaýnazaryndan, 2016-njy ýylda Esasy Kanunymyza jemgyýetiň ykdysady esaslaryny düzgünleşdirýän täze bölümiň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Sebäbi ýurduň ykdysady taýdan ösüş aýratynlygyny açyp görkezýän bazar ykdysadyýeti, hususy eýeçilik, zähmet, pul we beýleki düşünjeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleşdirýän esasy obýektleri hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 12-nji maddasynda eýeçiligiň eldegrilmesizligi, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşiniň deň goragyny kepillendirýändigi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň 47-nji maddasynda bolsa her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugynyň bardygy aýdylýar. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegiň kämil hukuk binýadynyň emele getirilmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şondan ugur alnyp, konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda»

Ýurdumyzyň altyn gaznasy

Hormatly Prezidentimiz telekeçilere goldaw bermek, kiçi we orta işewürligiň netijeli işlemegi üçin zerur şertleri döretmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, eksportyň möçberini artdyrmak hem-de daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ýaly ugurlary ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşinde möhüm wezipeleriň hatarynda goýdy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigi barada şeýle belleýär: «Döwletimiziň telekeçilere berýän degerli kömegi ykdysadyýetiň hususy böleginde öndürilýän önümleriň görkezijileriniň san we hil taýdan ösmegine, olaryň görnüşleriniň artmagyna getirýär. Geljekde uly ösüşleri gazanmaga mümkinçiligi bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň hatarlarynyň sany gitdigiçe artar». Kiçi we orta kärhanalar, adatça, öz işlerini ýerli islegiñ möçberinden we gurluşyndan, ýerli bazaryñ zerurlyklaryndan we mümkinçiliklerinden ugur alyp amala aşyrýarlar. Kiçi we orta telekeçilige ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Şeýle hem, bu «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň maksatlary bolup durýar.

Işewürleriň eksport paýy artýar

Berkarar döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň gerimi barha giňelýär. Eksport ugurly önümleriň möçberiniň artmagynda lebaply telekeçileriň hem paýy uludyr. Içerki bazary zerur bolan önümler we harytlar bilen üpjün edip ugran lebaply telekeçileriň täze bazarlary gözläp başlamaklary olaryň iş tejribeleriniň has artýandygyny, öz işlerinde barha kämilleşýändiklerini aýdyň görkezýär. Welaýatymyzyň telekeçileri şu ýylyň geçen on bir aýynda önümleriň 33 million 643 müň 260 manatlyga golaý eksporta iberdiler. Munuň özi ABŞ-nyň 9 million 612 müň 359 dollaryna barabardyr. Bu görkeziji milli ykdysadyýetimiziň eksport ugrunyň ösmegine lebaply hususyýetçileriň goşýan goşandynyň saldamlydygyny aýdyň görkezýär. Ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň işini höweslendirmäge möhüm ähmiýet berilmegi netijesinde welaýatymyzyň işewürleriniň dünýä bazaryndaky orny barha giňelýär. «Altyn saraý», «Döwrebap çözgüt», «Altyn bürgüt», «Mizemez gadam» ýaly hususy kärhanalar ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşýarlar. «Mizemez gadam» hususy kärhanasy şu ýylyň başyndan bäri ABŞ-nyň 3 million dollarlyk möçberdäki senagat harytlaryny eksporta iberdi. «Altyn saraý» hojalyk jemgyýeti tarapyndan önümleriň 392 müň 995 dollarlygy eksporta ýollanyldy. Häzirki wagtda welaýatymyzda öz önümlerini eksporta iberýän hususy kärhanalaryň sany 16-a ýetdi. Hormatly Prezidentim

«Her gün» üstünlikden üstünlige

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn pajarlap ösýän eziz Diýarymyzda ähli pudaklar bilen bir hatarda telekeçilik işiniň rowaçlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty oňyn netije berýär. Gysga döwürde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilip, döwletimiziň azyk garaşsyzlygynyň pugtalanmagynda, öz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bolçulygynyň döredilmeginde işewür telekeçilerimiz tarapyndan tutumly işler alnyp barylýar. Ak bazarlarymyzda azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine welaýatymyzyň telekeçileri-de mynasyp goşant goşýarlar. Sebitiň işewür telekeçileri ilatyň ösen isleglerini nazara almak bilen, ýylyň-ýylyna azyk önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýýarlar. Saýat etrabynyň Awçy geňeşligindäki «Her gün» haryt nyşanly hususy önümçilikde taýýarlanylýan önümler hem ýokary hil derejesi bilen ilat arasynda uly islegden peýdalanýar.

Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty

29-30-njy noýabrda paý­tag­ty­myz­da iki ýur­duň döw­let we işe­würto­par­la­ry­nyň wekil­le­ri­ni bir ýe­re jem­län Türk­men-awst­ri­ýa işe­wür­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Bu çä­rä­ni Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy bi­len Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral ykdysady edarasy bilelikde guradylar. Şu ge­zek­ki du­şu­şy­ga gat­naş­mak üçin Awst­ri­ýa­nyň ma­şyn­gur­lu­şyk, bi­lim, san­ly ulgam we elektron programma üpjünçiligi ul­gam­la­ry­na ýö­ri­te­le­şen döw­let eda­ra­lary­nyň, kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ryndan hem-de wekillerinden ybarat bolan we­ki­li­ýet paý­tag­ty­my­za gel­di. Türk­men tarapyndan foruma birnäçe ministrlikleriň hem-de pu­dak eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry gat­naş­dy­lar.

Telekeçilik işiniň netijeliligini bahalandyrmak

Te­le­ke­çi­lik işin­de iň amat­ly te­le­ke­çi­lik çöz­güt­leri­ni saý­lap alyp, ka­bul et­mek üçin imi­ta­sion we eks­pert nus­ga­lar bi­len bir ha­tar­da op­ti­mal­laşdy­ry­lan nus­ga­lar hem peý­da­la­nyl­ýar. Çöz­güt­le­riň müm­kin bo­lan gör­nüş­le­ri­niň iň amat­ly­sy­ny saý­lap al­mak pro­se­si­ne, op­timal­laş­dyr­mak (la­tyn­ça op­tium – iň go­wu­sy, iň amat­ly­sy) pro­se­si di­ýlýär. Çöz­güt­le­riň op­ti­mal­laş­dy­ryl­ma­gy (amat­laşdy­ryl­ma­gy) ýö­rel­ge­si do­lan­dy­ryş, me­ýil­na­malaş­dyr­mak, çak­la­mak, tas­la­ma-me­ýil­na­ma­laşdyr­mak, önüm­çi­lik we tä­jir­çi­lik na­za­ry­ýe­tin­de giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Em­ma, onuň ula­nylma­gy adat­ça, ýö­ne­keý­leş­di­ri­len gör­nü­şe eýe bo­lup, bar bo­lan gör­nüş­le­riň için­den iň go­wysy­ny saý­lap al­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

«Ýyllar geçýär, galýar gözellik»

Türkmeniň gadymyýetden uzaýan asylly däbiniň häzirki gün hem birkemsiz ýöredilmegi onuň aslynyň päklikden, halallykdan uzap gaýdýanlygyndan habar berýär. Çünki islendik bir millet özboluşly däp-dessury, edim-gylymy bilen dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Eli çeper zenanlarymyzyň dokaýan bezeglik el işleri bu günki günde diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem daşary ýurtlularyň ünsüni özüne çekýär. Bütin älemi haýrana goýýan türkmen gölli, şeýle-de tebigatyň, dünýäniň iň gözel ýerleriniň şekilleri siňen nepis halylarymyz her bir öýleriň, iş ýerleriň bezegi bolup durýar. Bu gözellik bize gadymyýetimizden şu günümize mirasdyr. Nepis halylarymyzyň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem dünýä milletleriniň her bir ojagynyň bezegi bolmagynda telekeçi zenan Gülnur Çopanowa bu günki gün asylly işi alyp barýar.

«Nur» – sagdynlygyň merkezi

Döwletli döwrana ýeten eziz Diýarymyzyň her bir güni Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ajaýyp zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde ajaýyp desgalaryň birnäçesi gurlup ulanylmaga berilýär. Döwletimizde telekeçiligi goldamak, hususy pudagyň işiniň has-da ösdürmek üçin zerur bolan mümkinçilikler döredilýär. Munuň aýdyň mysalyny gurlup ulanmaga berilýän dürli maksatly binalardan görmek bolýar. Ýakynda  telekeçilere 99 ýyllyk möhlete bölünip berlen ýer böleginden gurlan, zenanlar üçin niýetlenen «Nur» fitnes merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Daşoguz şäherinde ýerleşýän bu merkeze Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Gülara Rozmetowa ýolbaşçylyk edýär. Fitnes merkezinde zenanlar üçin ýörite türgenleşik zaly, gyzjagazlar üçin tans zaly, üsti ýapyk howuz, fitnes kardio zaly we berhiz iýmitleri hödürleýän naharhana hereket edýär. Zenanlaryň saglygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu merkezde tikinçilik sehi, massaž otagy hem bar. Bir wagtyň özünde 200-e golaý zenany kabul etmäge mümkinçiligi bolan fitnes merkezinde oturdylan türgenleşik enjamlary dünýäniň iň täze gazanan sport enjamlary bolup durýar. Bu ýerde türgenleşik günüň dowamynda 3 tapgyrda, ýagny irden, öýlän we agşam alnyp barylýar. Fitnes merkezinde döredilen mümkinçilikleri synlanyňda, ýurdumyzda zenan saglygynyň y

Döwrebap ýyladyşhanada işler ileri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçilik ulgamyny ösdürmek, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetimizde hususy pudagyň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmak üns merkezinde saklanýar. Welaýatymyzyň hususyýetçileri hem döwlet Baştutanymyzyň özleri barada edýän aladalaryna mynasyp zähmet görkezijileri bilen jogap berýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Halmämmet Amanmämmedowa degişli bolan, Balkanabat şäheriniň golaýynda, Düzmergen ýaýlasynda gurlan döwrebap ýyladyşhana hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýyladyşhananyň önümçilik mümkinçilikleri häzirki döwürde hususy pudagyň okgunly ösüşlere eýe bolýandygyny ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Gollandiýada, Türkiýede öndürilen enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanada ähli işler döwrebap tehnologiýalara we kämil kompýuterlere daýanýar.

Telekeçilik işiniň ykdysady netijeliligi

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda). Kärhananyň maliýe-önümçilik işiniň netijelerine baha bermegiň esasy görkezijilerini biri düşewüntlilikdir.

«Ýyldyz» nyşanly milli lybaslar

 (zarisowka) Zenanlara mahsus şeýle häsiýet bar: goý, ol egin-eşik bolsun ýa-da şaý-sep bezegleri, göwnümize ýarasa, gözümize ýakymly görünse, ony edinmegiň arzuwynda bolýarys. Üýtgeşik biçüwde ýa-da ýakasy owadan nagyşly lybaslary geýen gyz-gelinleri görenimizde, bu gözelligiň haýsy ussadyň elinden çykandygy bilen gyzyklanýarys. Altyn güýzüň başynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi zalynda geçirilen sergä baranymyzda, «Ýyldyz» nyşanly milli önümler ünsümizi çekdi. Täze önümçilige dörän gyzyklanma bizi paýtagtymyzyň G.Ezizow köçesiniň 26-njy jaýyna alyp bardy.

Işewürligiň mümkinçilikleri

Kiçi we orta telekeçilik üçin ýurdumyzda döredilýän şert-mümkinçilikleriň çäklerinde işewürlige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilmeginiň düýpli sebäbi bar. Dünýä tejribesinden hem-de gündelik durmuşymyzda sanly tehnologiýalaryň hem işewürler, hem müşderiler üçin örän giň mümkinçilikleri döredýändigini görýäris. Sanly ulgam kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin aýratyn ähmiýetlidir. Çünki şeýle häsiýetli işewürlik ýokary derejede merkezleşdirilendigi, çeýeligi we bazaryň özgerişine çalt uýgunlaşmak ukyby bilen tapawutlanýar. Bäsdeşlik göreşiniň ösenligi sebäpli kiçi we orta kärhanalar öz işlerine täzeçillikleri we sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar. Şeýle işjeňlik bolsa tutuş ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösüş depginine oňyn täsirini ýetirýär. Sanly ykdysadyýet kiçi we orta telekeçiligiň has netijeli we çalt depginler bilen ösmegi üçin birnäçe mümkinçilikleri berýär. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, internet ulgamy arkaly maglumata ýeňil we çalt eýe bolmak, ýagny kärhanalaryň işini kämilleşdirmäge, önümçiligiň hilini ýokarlandyrmaga, bazaryň islegini öwrenmäge ýardam berýän bilimleri we maglumatlary edinmäge mümkinçiligi bellemek bolar. Şeýle hem sanly ulgam konsalting, hukukçy, hasapçy we beýleki zerur hyzmatlardan uzak aralykdan peýdalanmaga şert döredýär. Bu bolsa telekeçilere öz kärhanasynyň işiniň belli bir bölegini degişli ugurda iş alyp barýan

Telekeçilik işiniň ykdysady netijeliligi

Telekeçilik işiniň netijeliligi onuň bäsleşige ukyplylygy, işewürlik hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri, işewürlik gatnaşyklarynyň ähli taraplarynyň ykdysady bähbitleriniň kanagatlandyryp bilijiligi bilen kesgitlenilýär. Telekeçilik işiniň netijeliligine kesgitli döwür aralygynda baha bermek, ilki bilen, telekeçiniň özüne gerekdir. Berlen bahanyň netijesinde, ol üpjün edijileriň, banklaryň we beýleki hyzmatdaşlaryň öňünde abraýyny ýokarlandyrmak üçin tehniki, tehnologiki, guramaçylyk-ykdysady, önümçilik-hojalyk ulgamlaryna bildirilýän talaplara laýyk getirýär.

Beýik ösüşlere mynasyp goşant

Hormatly Prezidentimiz: «Telekeçileri hemmetaraplaýyn goldamak döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Bu goldaw türkmen telekeçilerine ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmäge, içerki we daşarky bazarlary bäsleşige ukyply harytlar bilen üpjün etmäge, öňdebaryjy tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmaga, täze önümleri çykarmaga giň mümkinçilik berýär» diýip nygtaýar. Döredilýän giň mümkinçiliklerden, berilýän goldaw-hemaýatlardan netijeli peýdalanmak  bilen, içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen bolelin üpjün etmekde, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, şeýlelikde, köpugurly ösüş arkaly milli ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmakda telekeçilerimiziň goşýan goşantlary-da guwandyryjydyr. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nurly meýdan» daýhan hojalygyna degişli guşçulyk toplumyny agzamak bolar. Daýhan hojalygynyň ýyllyk kuwwatlylygy 8 million ýumurtga öndürmäge niýetlenen döwrebap guşçulyk toplumynda towuklary talabalaýyk idetmek we köpeltmek üçin ähli şertler bar. Bu ýerde idedilýän towuklar, esasan, loman tohumly bolup, olar ýumurtga berijiligi bilen tapawutlanýar. Guşçulyk toplumynda her aýda 1350 müň ýumurtga alynýar.

Telekeçilige — giň ýol

Il bähbitli tagalla Garaşsyz döwletimizde telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegine uly üns berilýär. Sebäbi, döwlete degişli bolmadyk bu çygryň ösdürilmegi halk hojalygynda täze öndüriji güýjüň ýylsaýyn kuwwatlanmagyna netijeli täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy netijesinde hususyýetçilige döwlet tarapyndan berilýän goldaw-ýardamyň gerimi giňeýär. Bu bolsa önümleriň, harytlaryň bolçulygyny döredip, hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, hiliniň ýokarlanmagyna getirýär.

Jemgyýetçilik ösüşiniň möhüm ugry

Gender deňligi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolup, onuň esasy maksady zenanlaryň we erkekleriň durmuşyň ähli ugurlarynda deň mümkinçiliklerden, hukuklardan we jogapkärçiliklerden peýdalanýan jemgyýeti kemala getirmekdir. Gender jemgyýetçilik ösüşinde bolup geçýän durmuş hadysalaryň sebäplerine düşünmegiň guraly hökmünde häsiýetlendirilýär. Şeýle-de ol aýallaryň hukuklarynyň we bilim almak mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, netijede, olaryň işçi güýjüniň, zehinleriniň umumy derejede ulanylmagy, ykdysady we durmuş häsiýetli üstünlikleriň möhüm bölegi hasaplanýar. Döwletimizde erkekler we zenanlar üçin birmeňzeş hukuklary we azatlyklary döretmek we jyns alamaty boýunça islendik çäklendirmä ýol bermezlik ýörelgesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilendir. Ýurdumyzda gender deňliginiň gazanylmagy döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Döwlet syýasatynda milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işine zenanlary işjeň çekmäge, bilim derejesini hem-de hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar işlenilip düzülýär we durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde zenanlar türkmen jemgyýetinde mynasyp orun eýeleýärler. Döwlet tarapyndan zenanlara aň-paýhas, döredijilik, durmuş mümkinçiliklerini ösdürmäge ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Watansöýüji, bilimli nesli kemala getirmekde, jemgyýe

Täze ýyla — täze hasyl

Dekabr aýy ýakynlaşdygysaýyn ýyladyşhanalardaky pomidorlar hem ýygyma taýyn bolup barýar. Eýýäm gyzgylt öwsüp başlan pomidorlar, nesip bolsa, gyşyň ilkinji günlerinde hasyla durar. Şondan soň tä iýun aýyna çenli hem hasyl berer. Ýygymyň öň ýanyndaky günlerde ýyladyşhanada bolup, alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň hem öz lezzeti bar. Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň wekilleri bilen bilelikde «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň Çärjew etrabynyň çägindäki ýyladyşhanasynda bolup, hasyl ýygymynyň öň ýanyndaky işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşdyk.

Önüm bolçulygy — halkyň rysgaly

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde ýurdumyzyň söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berlende, bu döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 172,5 göterime deň bolandygy bellenildi. Bu ýokary görkeziji hususy eýeçiligiň oba hojalygynyň ösüş-özgerişlerinde tutýan mynasyp ornuny, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň gazanylmagynda türkmen telekeçileriniň uly goşandynyň bardygyny alamatlandyrýar. Obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, soňky ýyllarda bu pudagyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň hususy önüm öndürijilere yzygiderli berýän goldaw-hemaýatynyň, kiçi we orta işewürligiň netijeli işlemegi üçin döredilýän ähli şertleriň netijesinde oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberi barha artýar. Hususy eýeçilikde daýhan hojalyklarynyň döredilmegi, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň gurulmagy, sanly ulgamyň, öňdebaryjy tejribeleriň önümçilige ornaşdyrylmagy, önümçilikleriň tehniki taýda

«Badanyň» datly önümleri

Hususyýetçilerdir telekeçilere işleriniň ilerlemegi üçin döwlet tarapyndan banklardan uzakmöhletleýin ýeňillikli karzlaryň berilmegi, giň mümkinçilikleriň döredilmegi olary täze önümçilikleri açmaga ruhlandyrýar. Telekeçiligiň ösmegi bilen bazar gatnaşyklary has-da çuňlaşyp, önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşlik ýokarlanýar. Bu bolsa öndürilýän önümleriň mukdarynyň artmagyna, hiliniň gowulanmagyna we nyrhlaryň has-da elýeterli bolmagyna getirýär. Biziň welaýatymyzda hem oba-hojalyk çig malyny gaýtadan işläp, täze ýokary hilli azyklyk önümlerini öndürýän kiçi we orta hususy kärhanalaryň sany gün-günden artýar. Ynha, şeýle kiçi kärhanalaryň biri-de Türkmenabat şäheriniň «Ýüpekçiler» etrapçasynyň çäginde ýerleşýän «Bada» konditer önümlerini öndürýän kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, işewür zenan Baýramgül Myradowanyň esaslandyran bu hususy kärhanasy şu ýylyň maý aýynda öz işine başlady. Hytaýyň we Ýewropa döwletleriniň kämil enjamlary ornaşdyrylan hususy önümçilikde «Bada» haryt nyşanly tortlaryň 10-dan gowrak, süýji-kökeleriň bolsa 20-ä golaý görnüşi taýýarlanylýar.