"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň!»

Magtymguly Pyragy Deňsiz bile deň eýleseň özüňni,Dert boluban, geçer sözi janyňdan.Yrak bolma gadryň bilen gardaşdan, Her iş tutsaň, ol guwanar ýanyňdan.***Ýagşy bilen bolsaň oba,Işiň zowky-sapa bolar.Ýigitlikde kylsaň toba, Köp derdiňe dowa bolar.***Gözläp köňül berme biwepalarga,Bak, kim wepa görmüş biwepalardan?!Goýma özüň ýersiz bu jepalarga,Kim bähre tapypdyr bu jepalardan?***Her bir sözi jana ýararÝagşy bile ýoldaş bolan.Gaçyp gutulmagyn unarÝaman bile gardaş bolan.***Köňli gara bile bolmaňlar ülpet,Ýokar andan dürli-dürli kesapat.Her niçe kömüre eýleseň yzzat —Alnyňa garasy ýokança bolmaz.

Tobany gijikdirmeli däl

Bir ýagşyzada bilen bütin ömrüni tikin-çatyna bagyşlan adamyň arasynda şeýle söhbetdeşlik bolup geçýär. — Günäli halyňa näme üçin henizem toba etmeýärsiň?

Muny bilmek gyzykly

Äşe-Patma türkmen halk mifologiýasynda zähmetkeş aýalyň howandarydyr, şeýle hem ýokary hilli düýe ýüňünden agarçäkmeni döredijidir. Bu kesp Muhammet Pygamberiň aýalynyň we gyzynyň atlary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Dokma ýüwürdilende, Äşe-Patmanyň hormatyna çagalara semeni paýlamak däbi bolupdyr. Olar süýji tagamdan dadyp: «Goý, ol Äşe-Patmanyň eli bilen edilen ýaly bolsun!» diýip, öý eýelerine alkyş aýdypdyrlar. Şaýly gelin — Türkmenistanyň günorta we günorta-gündogar etraplarynda ýaşaýan ilatyň arasynda meşhur bolan ruhuň ady. Uzak ýola düşýän we kümüş şaý-sepleri dakynan, owadan milli eşikdäki ýaş zenanyň keşbinde göz öňüne getirilýär.

Türkmen ruhunyň synmaz sütüni

Üstünden ençeme ýyl geçse-de, Magtymguly Pyragynyň durmuşyň dürli öwrümlerinden söz açýan dürdäne şygyrlary ýaşaýşa ýakym, kalplara mähir paýlaýar. Hut şonuň üçin hem gündogaryň akyldary, dünýä edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň biri hasaplanylýan beýik şahyrymyzyň döredijiligi bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy hökmünde sarpalanylýar. Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ruhy ahwalyny, isleg-arzuwyny, ýürek sedasyny tutuş dünýä aýan edýär. Söz ussadynyň döredijiligine içgin aralaşdygyňça, taryhy ýolumyza, ata-babalarymyzyň durmuş baradaky garaýyşlaryna, ýörelgelerine has düýpli göz ýetirmek mümkin. Beýik şahyrymyzyň döredijiliginiň gerimi giň bolansoň, onda okyjylara durmuşda sapak edinere parasatly pikirler, ruhy gymmatlyklar hem kändir. Bilşimiz ýaly, ruhy atamyz öz ýaşan döwründe il-güni agzybirlige çagyryp, bir bitewi döwleti gurmagy arzuwlapdyr. Onuň eserleriniň bir bölegi-de agzybirlige, dost-doganlyga, parahat döwlet gurmaga ýugrulan şygyrlardan ybarat bolup, kalplarda müdimilik ýaşap gelýär. Parahatçylyga, jebislige, watansöýüjilige uly sarpa goýýan halkymyz hem beýik şahyrymyzyň bu çagyryşyny ruhy ýörelge, durmuş kanuny hökmünde kabul edýär. Magtymguly Pyragynyň bu arzuwlary biziň ajaýyp döwrümizde — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hasyl boldy. Ýagny biz berkarar döwleti islän Ma

Sazyň beýik güýji

Sazyň ýakymly täsiri barada söz açylanda, onuň gündeki aladadyr hysyrdylardan saplanmaga, seriňi durlamaga ýardam edýändigini bellemelidiris. Ýaşaýşa höwes döredýän ajaýyp duýgularyň çeşmesi hasaplanylýan saz ynsany rahatlandyrýar. Öňde goýan maksatlaryna ýetmeklige hyjuwlandyrýar. Bu senediň dertden saplamak, ruhuňy götermek, döredijilige ylham bermek ýaly gudratly güýji hem bar. Onuň adam beýnisine, akyl ýetirijiligine, tutuş bedenine edýän täsirini häzirkizaman ylmy subut etdi. Çünki mylaýym, ýüregiň inçe tarlaryna ýol ýasaýan sazlar beýniniň sazlaşykly işlemegine, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýän ganyň limfositleriniň köpelmegine getirýär.

Ynsan kalbynyň ruhy çyragy

Şeýdaýy, Şabende, Gaýyby, Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magrupy, Mollanepes we ýene-de ençeme şahyrlar türkmen ruhunyň täji bolup durýar. Türkmen edebiýatynyň düýp özeni, ony äleme tanadan Magtymguly atamyz bolsa dünýä halklarynyň ruhy hazynasy. Hut şoňa görä-de, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragy barada: «Magtymguly — ynsan kalbynyň ruhy lukmany» diýip belleýär. Ynsan kalbynyň ruhy lukmany, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy öz ýaşan jemgyýetine syýasy, medeni we edebi ugurlardan ýolgörkeziji bolupdyr. Biz ony akyldar şahyrymyzyň şygyrlaryndan aýdyň görüp bilýäris. Magtymguly Pyragy Hoja Ahmet Ýasawy ýaly köňle ýakyn adamlary özüne halypa hasaplapdyr. Nusgawy şahyrlaryň, akyldarlaryň eserlerini içgin öwrenipdir:

Ýaşmak

Ýaşmak türkmen gelinleriniň asyllylygynyň, edalylygynyň, haýalylygynyň, ýaşuly nesle bolan beýik hormat-sarpanyň nyşany hökmünde türkmen durmuşyna ornan dessur, ata-baba dowam edip gelýän däp. Ýagşy gylykly, mylaýym, sylag-sarpaly, eli çeper, dili şeker, gaýynatalaryndan, gaýynenelerinden, gaýynagalaryndan, gaýyn tarapynyň ýakyn dogan-garyndaşlaryndan ýaşynýan gelinler halk hormatyna mynasyp bolupdyr. Ýaşmak zenanyň maşgala gurmagy bilen bagly berjaý edilýän milli edim-gylymlaryň biri saýylýar. Gyzlarymyz gelinlik dünýäsine gadam basanlarynda toýuň ertesi güni gyz-gelinleriň, dogan-garyndaşlaryň gatnaşmagynda berjaý edilýän «Baş salmak» toý dessury biziň welaýatymyzda «Ýerge toý» ady bilen şu günler hem dowam edýär. Onda gyzlyk döwründe başyna geýen gupbaly tahýasy ýagşy niýet bilen baldyzynyň başyna geýdirilýär. Täze gelniň gyňajynyň bir ujy alkymynyň aşagyndan aýlanyp, agzyna ýaşmak edilýär.

Miras galan asyklar

Pederlerimiz gelin-gyzlaryny, ýaş aýratynlygyna görä, dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Şonda bu bezegleriň ýerligi guýma kümüşden bolup, ýüzüne altyn çaýylypdyr. Kümüş asyklar zenanlaryň saçyna dakmagy üçin niýetlenip ýasalan «saçýüzi», «saçujy», «saçmonjuk» ýaly bezeglerdir. Asygyň ýokary başynda saçbagyny berkitmek üçin halka bolýar. Asyk şol halkadan geçirilen alaja bilen saça dakylýar. Asygy uly ýaşdaky aýallar dakynypdyrlar. Asygyň şekili peýkamyň başyna meňzeş bolup, onuň aşaky bölegi ýürege çalym edipdir. Zergärler onuň ýüzüni oýup, sim çekip nagyş salypdyrlar. Asyga köp gaş goýulmandyr.

At esbaby — eýer hakynda

Atlar seýislenende, çapylanda, atly sportda ulanylanda, atly gezelenje çykylanda, müngi ulagy hökmünde we hojalyk işlerinde dürli maksatlar üçin ulanylanda ata salynýan, dakylýan esbaplara, enjamlara «at esbaplary» diýilýär. At esbaplarynyň biri-de eýerdir.

Türkmen içmegi

Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Türkiýede geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy. Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany 70 ýaş toýy bilen gyzgyn gutlap, türkmen-türk halklarynyň mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde türkmen içmegini sowgat berdi. Ol asyrlaryň jümmüşinde sungat derejesinde kämilleşdirilip gelnen ajaýyp milli lybaslarymyzyň bir görnüşidir. Medeniýeti milletimiziň mertebesine we kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz bu şatlykly pursatda içmek dony hem-de onuň nagyşlarynyň many-mazmuny barada gürrüň berdi. Mälim bolşy ýaly, biçüwinde we tikilişinde aňrybaş kämillige eýe bolan, iňňän nepis, deňsiz-taýsyz, owadan, köpöwüşginli bezeglerine özboluşly pelsepe, ruhy ynançlar siňdirilen milli egin-eşiklerimiz buýsanjymyzdyr, milli baýlygymyzdyr. Içmek hem halkymyzyň milli egin-eşik medeniýetiniň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Içmek soltanlara, begzadadyr şazadalara uly hormatyň nyşany hökmünde sowgat berlipdir. Geçirilen ylmy gözleg işleri içmegiň döreýşiniň taryhynyň müňýyllyklara uzap gidýändigini subut edýär. Mysal üçin, XI asyrda ýaşap geçen belli dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň sözlügi» atly işinde «Içmek — guzy derisinden tikilýän erkek kişileriň dony» diýlip bellenip geçilmegi onuň mundan müň ýyl ozal hem meşhur bolandygyny aňladýar.

Türkmeniň ruhy çyragy

Golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy — türkmeniň çyragy» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynyň akyldar şahyra bagyşlanyp döredilen eserleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen baglanyşykly kitaplaryň sergisi hem guraldy. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn sarpa goýulýandygy, şahyryň baý edebi mirasyny öwrenmekde we geljekki nesillere ýetirmekde uly işleriň amala aşyrylýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Bu ugurda amala aşyrýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Oguz han — nesilbaşymyz (Biziň aslymyz)

«Oguz han, Duman Beýgi, Mete han, Mahmyt Gaznaly, Seljuk beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik Şa, Soltan Sanjar, Muhammet Şa, Jelaletdin Menguberdi, Ärtogrul gazy, Osman gazy... Bu beýik ärleriň ady müňýyllyklaryň jümmüşlerinden bäri, asyrlarboýy dünýä ýaň salyp gelendir. Olar döwlet gurmakdaky we halkyň agzybirligini gazanmakdaky, millete şan hem mertebe, ýol-ýörelge bermekdäki beýik işleri bilen, güýç-gaýratlylygy hem parasatlylygy bilen, ugurtapyjylygy hem adalatlylygy bilen adamzat taryhynda öçmez yz goýupdyrlar». Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan.

Taryhy we medeni miras

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolan muzeýlere uly ähmiýet berilýär. Çünki halkyň şöhratly taryhy, şu güni bilen bagly gymmatlyklar muzeýleriň esasy hazynasy hasaplanýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet muzeýinde türkmen halkynyň taryhynyň medeni mirasynyň ylmy esasda öwrenilmegi üçin uly mümkinçilik bar. Döredilen şeýle mümkinçilikleri nazarda tutup, milli medeni gymmatlyklary özünde jemleýän bu muzeýe gelýän myhmanlara türkmen halkynyň baý taryhyny gürrüň bermek örän buýsandyryjydyr.

Änew medeniýetiniň tapyndylary

2024-nji ýylda halkara TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bagtyýar halkymyzy buýsandyran waka boldy. Aşgabat şäherinden 12 kilometr gündogarda ýerleşýän gadymy Änewiň depeleri (günorta we demirgazyk) hemişe dünýäniň alymlarynyň üns merkezinde bolup geldi. Bu gadymy depeleri öwrenmek üçin gazuw-agtaryş işleriniň ilkinjisi 1903 — 1904-nji ýyllarda amerikan alymy Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygynda amala aşyryldy.

Ýüwrük bedewler hakynda

«Aty baryň — ganaty bar» diýen pähimden ugur alýan  halkymyz bedew atyny özüniň wepaly dosty, iň ýakyn hemrasy hasaplaýar. Hut şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýelden ýüwrük bedewlerimiz hakyndaky käbir maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy müwessa bildik. ✓ dünýäde Tugrasynda bedewiň şekili bolan ýeke-täk ýurt biziň Watanymyz  Türkmenistandyr;

Hakyda ýazgylary

Milli mirasyň janköýeri Ümür halypa (Begençmyrat Esenow) «Aýdylmadyk gep ýok-da, eşidilmedik gep bar» diýen jümläni köp gaýtalardy. Örän jaýdar aýdylan söz. Şol halka nepi degjek ruhy gymmatlyklary gözläp, toplap, soňky nesillere ýetirmek bolsa biziň mukaddes borjumyz. Bu hakda Gahryman Arkadagymyz hem: «Türkmen halkynyň taryhynyň gatlarynda galan milli gymmatlyklarymyzy tapyp, ony geljekki nesillere ýetirmek öz aslyňa bolan buýsançdyr, sogaply işdir» diýip nygtaýar. Şu mübärek sözlerden ugur alyp, biz hem öz «hazynaly horjunymyza» düşen käbir hikmetli jümleleri okyjylara ýetirmegi makul bildik. Pederlerimiz halka nepi degjek zatlary «sandygynda» saklaman, aýdyp giden adamlara «aryf» kişiler (sözüň zekadyny beren aryf kişiler) diýer ekenler.

Gadymy gymmatlyklarymyza belent sarpa

Düýn Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Milli Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary Lebap welaýat häkimligi bilen bilelikde gurady. Türkmen halkynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen dabaraly maslahata welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, medeniýet işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Nesilleriň paýhas mekdebi

Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ilkinji nobatda, köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýar. Hut şu esasdan hem durmuşyň islendik meselesinde ýa-da her bir türkmen maşgalasynda nesil terbiýesinde derrew Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan setirlerine ýüzlenilýär. Çünki islendik döwür üçin hem möhüm bolan bu mesele nusgawy şahyrymyzyň çuň manyly döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu bolsa Magtymguly Pyragynyň halkyň jebisligini, agzybirligini berkitmek, milli däplerimize eýermek dogrusyndaky öwüt-ündewleriniň üstünden ençeme ýyl geçse-de, kalplarda ýaşamagyna sebäp bolýar. Al-Faraby, Mahmyt Zamahşary, Muhammet al-Horezmi, Omar Haýýam ýaly Gündogaryň beýik danalarynyň mekdebini geçen Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirlerindäki edep-terbiýe bilen baglanyşykly garaýyşlaryň aglabasy adamkärçilik, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetlerden gözbaş alýar. Dana şahyrymyz şygyrlarynyň üsti bilen ynsanlara asylly, sabyrly, zähmetsöýer, sylaşykly, bir sözli, mert bolmaklygyň adamkärçiligiň beýik aýratynlygydygyny ündäpdir. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň hersi bular dogrusyndaky çuň manyly pikirlerden püre-pür. Muňa mysal hökmünde söz ussadynyň «Ýar eýlär» goşgusyna ýüzleneliň:

Tarypa mynasyp taryhymyz

Geçmiş taryhymyzy öwrenmek babatda häzirki wagtda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar ýaş nesliniň wekili hökmünde eziz Watanymyzyň, şol sanda welaýatymyzyň taryhy mende uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzyň günbatar sebiti özüniň tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Onuň çäginde has gadymy adamlaryň galdyran yzlarynyň tapylmagy aýratyn bellärliklidir. Türkmenbaşy etrabynyň Goýmat obasynyň golaýynda ýerleşýän «Janak II» diýlip atlandyrylýan ýadygärlikden ownuk, ýiteldilip işlenen daşlaryň tapylmagy bu ýerde gadymy ussahananyň bolandygyndan habar berýär. Onda dürli görnüşli daşlary ýonup, döwüp, ýiteldipdirler. Işlenen daş böleklerini agaçlara daňyp, zähmet guraly, goranmak we aw etmek üçin ýarag hökmünde awçylykda, balykçylykda peýdalanylandygy çaklanylýar.

Kuşeýriniň risalasy

Abdylkerim KUŞEÝRI (Gör­nük­li so­pu­la­ryň hal­la­ry, he­re­ket­le­ri we aý­dan söz­le­ri)