"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saglykda we beglikde

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilmegi beýik ösüşlerimiziň, bagtyýar durmuşymyzyň manysyna has giňden göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Magtymguly Pyragynyň saglygy nesihat edýän goşgulary durmuşda zyýanly endiklerden daşda durmagy, geçirimli we paýhasly bolmagy, halal zähmet bilen bagtyňy tapmagy ündeýär.

Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet

Mahal-mahal gündeliklerime eden belliklerimi, ýazan pikirlerimi, belläp alan maglumatlarymy gaýtadan gözden geçirýärin. Sebäbi her bir waka ýa-da maglumat gaýtadan okanyňda ýa-da ýatlanyňda, öňkülerden has üýtgeşik täze pikirleri hem oýaryp bilýär. Pikiriňi paýlaşmak, pikir alyşmak bolsa ähli ynsanlar hem-de ýaşaýyş üçin juda ähmiýetli. Çünki beýik pikirler we sagdyn düşünjeler hemmeleri bir maksada ugrukdyrýar. Gadymy Änew baradaky belliklerime göz aýlanymda, 2024-nji ýylda boljak şanly wakalar hakyndaky maglumatlarymy, pikirlerimi bir ýere toplap, aýratyn kitap etmek islegi döredi. * * *

Şöhratly Änewe bagyşlanan täze kitap heňňam hakydasynyň döwrüň hakykatyna öwrülmesidir

23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berip, onuň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat boljakdygyny belledi. Munuň özi Diýarymyzda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek üçin ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şu günler bolsa bu täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerim alýar. Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby mazmunynyň maglumatlara baýdygy, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigi bilen tapawutlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu kitabyň ýazylmagyna dünýä belli arheologlar, taryhçylar we olaryň nesilleri bilen bilelikde işleşmek bagty miýesser eden Gahryman Arkadagymyzyň beren gürrüňleri uly ýardam berdi. Olar ýurdumyzda ylmy gözlegleri, arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirip, köp sanly wajyp tapyndylary ýüze çykardylar we dünýä derejeli möhüm açyşlary etdiler. Bu giň gerimli işlere Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup dünýä tanadan Rafael Pampelli, şeýle hem Wadim Masson, Wiktor Sarianidi we beýleki tanymal alymlar mynasyp goşantlaryny goşdular. Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitabynda: «Bilýäniňi paýlaş

Gadymy toprakda dost-doganlygyň toýy

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäherini bolsa şol ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüt Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde kabul edilipdi. Munuň özi halkara ynsanperwer başlangyçlary işjeňleşdirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň tagallalarynyň we bar bolan ägirt uly medeni mümkinçilikleriniň ykrar edilmeginiň nobatdaky güwäsidir.  26-njy martda bolsa Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda giň gerimli dabara ýaýbaňlandyrylyp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berildi. «Nowruz ýaýlasyndaky» giň gerimli dabaralara gatnaşmak üçin bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri ýygnandylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahata, «Türkmen topragy — gadymy siwilizasiýalaryň merkezi» atly metbugat maslahatyna, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esas

Halkara habarlar giňişliginde — Türkmenistan

28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi. Foruma ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň, Gruziýanyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Makedoniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, teleradio kompaniýalarynyň, kino birleşikleriniň, internet portallarynyň, gazet-žurnallarynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Ýewropa ýurtlarynyň Teleradioýaýlymlar birleşigi (EBU), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Radio we telewideniýe birleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Habarlar agentlikleriniň birleşigi (UNA) ýaly abraýly düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wekilleriň hatarynda Kanadanyň «HEC Montreal» we Türkiýäniň Bahçeşehir uniwersitetleriniň mugallymlary hem bar.

Dünýä we Magtymguly

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýörite çäre geçirildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan ÝUNESKO we TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda «300 ýyldan bäri Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk we ynanyşmak ýoluna eýerip» ady bilen guralan forum Bütindünýä poeziýa gününe bagyşlandy. Ol ÝUNESKO-nyň BMG-niň ştab-kwartirasynyň ýanyndaky wekilhanasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň ýolbaşçylaryny, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Başlygyny, gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekillerini, ýöriteleşdirilen edaralarynyň işgärlerini bir ýere jemledi.

Gadyrly gije

Biziň ynsanperwer halkymyz her bir mukaddesligi ýagşy umyt, ýagşy arzuw bilen garşy alýar. Ine, bu arzuwlar bilen garşy alnan Remezan aýynyň mübärek Gadyr gijesi hem ýetip geldi. Bu gijäniň öňüsyrasynda, ýagny 29-njy martda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldap, her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak babatda «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekmegi halkymyzda çuňňur kanagatlanma duýgusyny oýardy.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ähli döwürler üçin ruhy-ahlak mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli beden taýdan sagdyn, hünärli edip ýetişdirmek, onuň döredijilik ukybyny we pikirlenmek başarnyklaryny jemgyýetimiziň kämilleşmegine hemde döwletimiziň täze sepgitlere ýetmegine gönükdirmek häzirki zaman terbiýeçilik işiniň özenidir. Ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmegiň esasy maksady olarda watansöýüjilik duýgusyny döretmekden, Diýarymyza bolan buýsanjy artdyrmakdan, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine olaryň goşýan goşantlaryny artdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle derwaýys işler ata-baba dowam edip gelýän milli däp-dessurlara we asylly ýörelgelere esaslanýar. Ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmekde milli mirasymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýän türkmeniň döwletlilik ýörelgesi bu günki ýaşlarymyz üçin durmuş mekdebidir. Jemşidiň jamy ýaly şeýle egsilmez milli gymmatlyklary beýik Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynda görmek bolýar. “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary hem-de ynsanperwer syýasaty netijesinde türkmen halkynyň akyldary, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp ýurdumyzda we daşary ýurtlarda köpsanly medeni çäreler geçirilýär. Çünki, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesli terbiýelemekde, durmuşa taýýarlamakda özboluşly ýol görke

Aýhan Hajyýew — Magtymguly Pyragynyň keşbini ilkinji bolup döreden ussat suratkeş

Ussat suratkeş Aýhan Hajyýew Gündogaryň beýik akyldary, türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbini ilkinji bolup döreden suratkeş hökmünde tanalýar. Ol 1924-nji ýylda Bagyr obasynda dünýä inýär. On üç ýaşyndaka Aýhan Hajyýewiň «Pagta meýdanynda dynç alyş» atly eseri Çaga suratkeşleriň Bütinsoýuz bäsleşiginde 2-nji orna mynasyp bolýar. Bu ilkinji uly üstünlik ýigidiň ylhamyny joşduryp, has-da kämilleşmek islegini artdyrýar.

Asyr­lar­dan aşan ala­ja

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Türk­men hal­ky­nyň çe­per el­li ze­nan­la­ry öz­le­ri­niň dö­re­den sun­ga­ty bi­len dün­ýä ýü­zü­ni haý­ra­na goý­ýar. Öý-oja­gyň sü­tü­ni, mä­hir çeş­me­si ha­sap­lan­ýan türk­men ze­nan­la­ry­nyň el­le­rin­den dür dö­kül­ýär. Ola­ryň nä­zik el­le­rin­den çy­kan ne­pis keş­de­ler­dir ha­ly önüm­le­ri bi­ziň gün­de­lik dur­mu­şy­my­za mä­käm or­na­şyp­dyr we­lin, olar­da öz­bo­luş­ly gud­rat du­ýul­ýar.

Mil­li oýun­lar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ru­hu­be­lent türk­men ýaş­la­ry­na bi­lim hem sag­dyn ter­bi­ýe ber­mek, ylym­ly, bi­lim­li, giň göz­ýe­tim­li bol­ma­gy ug­run­da ýur­du­myz­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň ra­ýat­la­ra el­ýe­ter de­re­je­si­ni giň­den ýaý­baň­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, bu iş­le­riň yl­my esas­da gur­nal­ma­gy, de­giş­li ul­ga­myň iş­gär­le­ri­niň öňün­de döw­let de­re­je­li wa­jyp me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Adamzadyň gymmatly mirasy gadymy Änew medeniýetine bagyşlanan halkara ylmy maslahatda giňden şöhlelendi

27-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň medeniýet öýünde geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat bu şäheriň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan halkara çäreleriň esasylarynyň biri boldy.

Kesearkajyň taryhy söhbetleri

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda: «Kesearkaç sebitindäki Nusaýyň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Gökdepe galasynyň ýadygärlikleri döwlet tarapyndan goralýar» diýşi ýaly, biziň topragymyzyň her daban ýeri taryh hakda söhbet açýar.

Çarwa ýörelgesi

Çarwa nowruzynda ýere ýyly gidensoň, sähralarda ýuwa, ýelmik gögerip, älem-jahan lälezarlyk bolýar. Çarwalaryň durmuşynda bu döwürde owlak-guzy möwsümi hem başlanýar. Bu möwsüm gaty jogapkärçilikli möwsüm. Çünki onuň gelşi bilen bagly: «Hut, hut gowy gelsem — gazan süýt, erbet gelsem — kellebaşaýak üt» diýen aýtgy döräpdir. Täze doglan guzy enesiniň owuz süýdünden gana-gana emip, dessine höwrügip aýaklanýar. Guzujyk: «Meni owuz süýdünden doýruň-da, buzuň üstüne ataýyň» diýermiş diýip, bu ugurda köp «çorba sowadan» halypa çopanlar gaýtalaýarlar. «Goýundan ak-da doglar, gara-da» diýlişi ýaly, käbir guzyny enesi almaýar. Şeýle guzujygyň janyna howp salýan ýagdaýy düzetmek üçin hem çarwalar dürli usullary ulanypdyrlar. Olar guzlan goýunlary sanalandaky ýaly dar ýerden ýeke-ýekeden geçiripdirler. Goýun geçende guzusy hem yzyndan ylgap geçip, enesi bilen tapyşypdyr. Süriniň içinde ýek-tük enesi almaýan guzy bar bolsa, äşgär bolupdyr. Şeýle usul bilen haýsy goýnuň guzusyny almaýandygy seljerilipdir. Soňra bolsa guzuly goýun sygar ýaly ýörite garym gazylypdyr. Ony «körpeç» diýip atlandyrypdyrlar. Ene goýun bilen guzujygy bir gije-gündiz şonuň içinde saklapdyrlar. Gidere ýeri galmaýan ene goýun bialaç guzusyny almaly, emdirmeli bolupdyr.

Öz ýanymdan oýlanyp...

Kämilligiň ilkinji basgançagy Metbugat makalalaryny yzarlap oturşyma bir sowaly aňymda kän gaýtalaýaryn: “Ýokary okuw jaýlaryndaky 5 ýylky taýýarlyk žurnalist hünärini ele almak üçin ýeterlikmi?” Kesgitli jogap tapmak kyn, kim üçin, belki, ýeterlikdir, käbirleri üçin bolsa, taýýarlygy irräk başlamak zyýan etmese gerek. Nädip, nirede? Şu ýerde mekdep diwar gazetleriniň mekdep durmuşyndaky we geljekki žurnalistleri taýýarlamakdaky orunlary barada oýlanyşmagymyz gerek.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaş nesiller üçin ruhy ahlak mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli beden taýdan sagdyn, hünärli edip ýetişdirmek, onuň döredijilik ukybyny we pikirlenmek başarnyklaryny jemgyýetimiziň kämilleşmegine hemde döwletimiziň täze sepgitlere ýetmegine gönükdirmek häzirki zaman terbiýeçilik işiniň özenidir. Ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmegiň esasy maksady olarda watansöýüjilik duýgusyny döretmekden, Diýarymyza bolan buýsanjy artdyrmakdan, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine olaryň goşýan goşantlaryny artdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle derwaýys işler ata-baba dowam edip gelýän milli däp-dessurlara we asylly ýörelgelere esaslanýar. Ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmekde milli mirasymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýän türkmeniň döwletlilik ýörelgesi bu günki ýaşlarymyz üçin durmuş mekdebidir. “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary hem-de ynsanperwer syýasaty netijesinde türkmen halkynyň akyldary, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp ýurdumyzda we daşary ýurtlarda köpsanly medeni çäreler geçirilýär. Çünki, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesli terbiýelemekde, durmuşa taýýarlamakda özboluşly ýol görkezijidir. Onuň millilige ýugrulan döredijiligi ähli döwürler üçin gymmatly ruhy-ahlak mekdepdir.

Ähli ýollar Änewe getirýär (Ýaş žurnalistiň sözi)

Ir döwürler Günbatarda «Ähli ýollar Rime eltýär» diýen jümle ýörgünli bolupdyr. Elbetde, bu jümläniň geosyýasy, dini we filosofik manylary bar. Häzirki makalamyzda bu sözlere biraz üýtgeşme girizip, «Ähli ýollar Türkmenistana, Änewe eltýär» diýsek, gürrüňiň näme hakda barýandygy öz-özünden düşnükli bolar, megerem. 2024-nji ýyl tutuş türki dünýäde «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda geçýär. Gadymy Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýär. Diýmek, bu ýyl türkmen topragy doganlyk türki halklaryň wekilleriniň ýygy-ýygydan duşuşjak, dürli mazmunly çärelerdir forumlar arkaly syýasy hem medeni dialogyň has-da rowaçlanjak mekanyna öwrüler. Şu gün — 26-njy martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçiriljek dabara bolsa Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň resmi taýdan badalga alýandygyny alamatlandyrar. Biziň ýurdumyzda toýlar goşa-goşadan gelýär. Diňe türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň wakalary-da munuň hakykatdygyny eýýämden subut edip gelýär. 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy b

Milli mirasymyza belent sarpa

Golaýda Daşoguz şäherindäki Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň binasynda ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň halkara sanawlaryna goşulan milli mirasyny wagyz etmek maksady bilen «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahat hem-de amaly-haşam önümleriniň sergisi guraldy. Bu maslahat ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty, ýurdumyzyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde welaýatyň çäginde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärlikleri ýüze çykarmak, olary wagyz etmek hem-de ÝUNESKO-nyň halkara sanawlaryna girizmek maksady bilen geçirildi.

Akyldar şahyryň döredijilik mirasy – türkmen ýaşlary üçin terbiýe mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň şöhratly taryhy, medeni mirasy we ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenilýär. Munuň özi ýaş nesliň kalbynda taryhymyza, ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyň kemala gelmegine getirýär. Taryhda öz paýhasy bilen meşhurlyk gazanmagy başaran beýik şahsyýetleriň biri-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek barada çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramçylygynyň bu guramanyň Şanly seneler sanawyna goşulmagy beýik akyldaryň şan-şöhratynyň dünýä dolýandygyny, döredijilik dünýäsiniň gymmatynyň artýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata-babalarymyzyň akyl-paýhas mirasyny ýaş nesillere öwretmekde, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmakda uly mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerde ruhy we ahlak gymmatlyklary kemala getirmek, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, döwrebap bilim-terbiýe bermek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň Watany hökmünde

Atlaryň täsin dünýäsi