"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmeniň milli gymmatlygy

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, baý öwüşginlere beslenýän milli medeniýetimiz ata Watanymyzyň ähli ugurlardaky ösüşleriniň, döredijilik kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Asyrlaryň dowamynda kämilleşip, beýik sungat derejesine ýetirilen seýisçilik we seýwançylyk sungaty dünýä medeniýetiniň ösüşine goşulan saldamly goşantdyr. Arkadagly eýýamymyzda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan atşynaslyk we itşynaslyk sungaty mynasyp dowam etdirilip, täze ösüşlere eýe boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 21-nji aprelinde dabaraly açylyp, ulanylmaga berlen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezi baky Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli halkymyza bagyşlanan ajaýyp sowgatdyr. Milli medeniýetimizi döwrebap öwüşginler bilen yzygiderli kämilleşdirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.

Türkmeniň buýsanjy

Arkadagly eýýamymyzda merdana pederlerimiziň tutanýerli zähmeti, kämil tejribeleri bilen dünýäde deňi-taýy bolmadyk ynsan gylykly bedewlerimiziň şöhraty jahana täze öwüşginler bilen doldy. Atçylyk pudagynyň işini ylmy esasda döwrebaplaşdyrmak, atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin döwletimiz tarapyndan yzygiderli maliýe serişdeleri goýberilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen atçylygy we atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Iň gymmatly miras

Mähriban kyblamyň her bir işiň netijeli ugry babatdaky anyk pikirlerini ýygy-ýygydan ýatlaýaryn. Ilhalar adamlaryň tükeniksiz uly durmuş tejribesi jemgyýetiň ösüşiniň dürli ugurlarynda bize hemişe ýardam edýär. Kakam özi hakynda gürrüň berip, şony hem ýaşlara nusga edýän adamlardan däl. Ol hemişe kiçigöwünlilik, saýhallylyk bilen dostlaşmagy başarýar. Şeýdibem seniň dünýäňe aralaşýar, ykbalyňda orun eýeleýär. Sypaýylyk bilen adamlara haýsydyr bir zady düşündirip, olaryň özüniň dogry pikirlenmegi üçin ýagdaý döretmegiň ugruny tapýar. Kakamyň şu häsiýetleri ata kesbine, gönüden-göni ýaşlar bilen işleşmeli bolan mugallymçylyga oglanlykdan uly hormat goýandygynyň netijesi diýip pikir edýärin. «Döwlet guşy» romanymy okan adamlar onuň durmuş pursatlary bilen has ýakyndan hem tanyşdyrlar. Ýöne men özümiň gören, synlan zatlarymyň esasynda netije çykarýaryn. Şeýle adamlar hemişe özüni il-halkynyň öňünde borçly duýup, pikirlenip, döwletli çözgüt gözläp gezýärler. Bir özüniň, öý-ojagynyň asudalygy şol adamlara ýeterlik bolmaýar. Olar ili hakynda, hatda, döwletiň daşyndakylar hakynda hem pikir edýärler. Adamlara ýagşylyk etmek, il-halkyny begendirmek hakynda oýlanýarlar.

Asly asylly alabaý — oguz-türkmen kowumlarynyň dünýä beren baky mirasy

Gahryman Arkadagymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, gözel Aşgabadyň şanly 140 ýyllyk toýunyň giň gerimde toýlanylýan ýylynyň 9-njy aprelinde geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň özeniniň şan-şöhratly geçmişimiz, nesilbaşymyz Oguz hanyň kowumlarynyň kemala geliş taryhy, milletimiziň dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklary bilen berk baglydygyna ünsi çekip, onuň bilen bagly meseleleri hemmetaraplaýyn ylmy esasda içgin öwrenmegiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, türkmen alabaýynyň baýramynyň döredilmegi we onuň her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilmegi watandaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny pürepürledi.

Pitiwa

Bu söz, aslynda, «fätwä» diýen arap sözi bolup, «pitiwa» görnüşinde türkmen diline aralaşypdyr. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» bu söze «Pitiwa etmezlik» — biriniň haýsydyr bir hereketine, işine göwni ýetmän, oňa ähmiýet bermezlik» diýip, düşündiriş berlipdir. Diýmek, pitiwa etmek-de biriniň işine ähmiýet bermekdir. Ol bir işe rugsat bermek, bir işi tassyk etmek manysyna hem eýedir.

Türkmeniň milli buýsanjy

Halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan bedew aty bagtyýar zamanamyzy has-da görke getirýär. Çünki Oguz han atamyzdan gözbaş alyp gaýdan türkmen dal bedewini uçar ganatyna deňeýär. Wepaly ýoldaşy hem ýakyn syrdaşy hökmünde görýär. Türkmen diýseň at bar, at diýseň türkmen,Bedew bilen bagly türkmeniň asly.Her demi doludyr gaýratdan, görkden,Bedew bilen bagly türkmeniň asly.

«Saňa at diýmerin, gardaş diýerin»

«Bedew münen myradyna ýeter» diýýän halkymyz gamyşgulak atlary gözelligiň, wepalylygyň nusgasy saýýar. Hut şonuň üçinem bu günki gün ahalteke bedewlerimiz döwrümiziň, bagtyýar zamanamyzyň ganaty hökmünde häsiýetlendirilýär. Muny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň tugrasynda bedew atyň nyşanynyň ýerleşdirilmegi bilen hem delillendirip bolar. Munuň özi ýelden ýüwrük bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjydygyny, asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydygynyň subutnamasydyr. Ata-babalarymyzyň «Ata yhlas edeniň ýedi arkasy ýalkanar» diýen jümlesi bagtyýar zamanamyzda öz beýanyny tapýar. Gadymy dessanlarda, ýazgylarda waspy ýetirilen dal bedewler türkmen tebigatynyň dünýä beren peşgeşi. Şol peşgeş bolsa ajaýyplyga, görlüp-eşidilmedik sungat derejesine ýetip, bu gün jahana aýlanýar, görenleri haýrana goýýar.

Watanymyzyň baýlygy, halkymyzyň buýsanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda itşynaslygyň ösdürilmegi, türkmen alabaý itleriniň mirasynyň giňden öwrenilmegi we dünýä wagyz edilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary hem-de yzygiderli goldaw-hemaýaty bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi pederlerimizden miras galan mukaddes däplerimiz esasynda dünýäde meşhur alabaý itlerini ýetişdirmäge, sap ganlylygyny gorap saklamaga, köpeltmäge, şeýle hem atalarymyzyň dürdäne dünýäsinden gözbaş alýan itşynaslyk tejribelerini öwrenmäge we döwrebap ruhda dikeltmäge, dünýä itşynaslygynda türkmen ýörelgesini, türkmen göreldesini giňden dabaralandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýlip, türkmen tebigatynyň gudraty we merdana itşynaslaryň baý tejribeleri esasynda kemala getirilen türkmen alabaýynyň abraý-mertebesine mynasyp baha berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli itşynaslygymyzy ösdürmekdäki nusgalyk göreldesi bu ugurda işleýän watandaşlarymyza halkymyzyň bagtyýarlygyna, nurana geljegine gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirmäge, dünýä medeniýetiniň naýbaşy gymmatlyklaryna öwrülen milli baýlyklarymyzy öwrenmekde

Milli baýlygymyz

Ahalteke bedewi we türkmen alabaýy halkymyzyň milli gymmatlyklarydyr. Şeýle bolansoň, Arkadagly döwrümizde bu gymmatlyklara aýratyn ähmiýet berilýär hem-de olaryň şanyna toý tutulýar. Üstümizdäki ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen goşalanyp, ilkinji gezek bellenilmegi ählimizi begendirýär, milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 16-njy aprelinde paýtagtymyzda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda: «Pederlerimiziň irginsiz zähmeti netijesinde, keremli türkmen topragynda kemala gelen we ajaýyp gözelligi, çeýeligi hem-de ýyndamlygy bilen gadymy döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz milli gymmatlygymyzdyr. Türkmeniň buýsanjydyr, öý-ojagynyň ýaraşygydyr» diýip bellemek bilen, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada durup geçmegi ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak bedewlerimize bolan buýsanjymyzy artdyrdy.

Halkymyzyň genji-hazynasy

Türkmen halky ady äleme dolan, nepisligi bilen görenleri haýran edýän halysy, ýyndamlygy, owadanlygy bilen meşhurlyk gazanan ahalteke atlary, wepadarlygyň, batyrlygyň nyşany bolan türkmen alabaýy ýaly gymmatlyklary döreden halkdyr. At — türkmeniň guwanjy hem ganaty. Türkmen bedewleriniň gelip çykyşy, döreýşi öz gözbaşyny halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan gadymy taryhyndan alyp gaýdýar. Aslynda, at owal-başdan türkmeniň ruhuna we häsiýetine ýakyndyr. Türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedewler köp asyrdan bäri milletimiziň örän gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Olar barada rowaýatlar, şygyrlar döredildi, häzir hem behişdi bedewlerimiz gözelligiň ajaýyp nyşanydyr.

Behişdi bedewlere sarpa

Türkmen halky — maddy we ruhy gymmatlyklara baý halk. Ol özüniň milli şaý-sepleri, saz gurallary, halysy, alabaý iti, saryja goýny, behişdi bedewleri bilen meşhurdyr. Türkmen bedewleri gadymy wagtlardan bäri halkymyzyň uçar ganaty, syrdaşy, kyn gününde wepaly ýoldaşy bolup geldi. Ahalteke atlary dünýäniň iň owadan, iň ýyndam atlary hasaplanylýar. Bedew atlaryň waspy ýetirilende Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly çuňňur many-mazmuna beslenen ajaýyp eserleri, şeýle hem «Bedew» we «Rowaç» atly goşgulary ýadyňa düşýär. Aslynda, türkmen halkynyň durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Alymlar ahalteke bedewleriniň iň ýyndam atlaryň biridigini beýan edýärler.

Türkmeniň uçar ganaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Eziz Diýarymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewlerimiziň at-abraýynyň, şöhratynyň dünýä ýaýylmagynda beýik işleri durmuşa geçirdi. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda şan-şöhraty dünýä dolan Türkmen bedewiniň baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Ynha, bu baýram geçen ýylkylardan tapawutlanýar. Şu ýyl Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek bilelikde bellenilýär.

Gadymdan gelýän guwanjymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp, döredip gelen milli gymmatlyklaryna belent sarpa, uly hormat goýulýar. Bu bolsa biziň her birimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Şeýle gymmatlyklarymyzyň sarpasynyň barha belende göterilmegi nesilleriň aňynda pederlerimiziň irginsiz zähmeti bilen döreden işlerine bolan hormatyň artmagyna getirýär. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyza aýratyn hormat goýýar. Olaryň giňden öwrenilmegi, at-abraýynyň dünýä ýaýylmagy üçin yzygiderli alada edýär . Dünýä gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleri türkmen halky bilen bilelikde taryhyň gatynda uly orun tapypdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly eserleri milli buýsanjymyz ahalteke bedewleriniň müňýyllyklaryň dowamynda beýik sungat hökmünde kemala gelşi, gylyk-häsiýetleri barada gymmatly maglumatlaryň çeşmesi bolup durýar. Ahalteke bedewleri özüniň gözelligi, çalasynlygy, ukyp-başarnyklary bilen özüne maýyl edýär. Edil ynsan ýaly syzýan bedew atlarymyz adamyň kyn gününde syrdaşy bolup, toý-dabarada gardaşy bolup goldapdyr. Atyň owadanlygy, uz ýöreýşi, gylygy gelin-gyzlara mahsus bolan häsiýetlere deňelýär. Türkmen bedewlerine aýratyn gadyr goýýan hormatly Prezidentimiz: «Gyz gylykly, owadan bedewlerimiz diňe ynsan syzgyrlygy, duýgurlygy bilen däl-de, e

Wepalylygyň nusgasy

Gadymy türkmen halky milli baýlyklary bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Ajaýyp halylarymyz, ahalteke bedewlerimiz, alabaý itlerimiz, arwana düýelerimiz dürli döwürlerde dünýäniň alymlaryny, syýahatçylaryny gyzyklandyryp gelipdir. Olar bular barada dürli ýazgylary we ýatlamalary galdyrypdyrlar. Läheň göwreli, gazan kelleli, aýy penjeli, şir ýürekli, eýesine wepaly alabaý itlerimiz adamzadyň ilkinji eldekileşdiren jandarlarynyň biridir. Muňa taryhy ýazgylar, arheologik tapyndylar şaýatlyk edýär. Olar hemişe adamlar bilen bir ýerde ýaşapdyrlar, olaryň durmuşynyň şaýady bolupdyrlar. Şonuň üçin itler bilen baglanyşykly dürli rowaýatlar, nakyllar döräpdir. Halkymyz “Itim — gutum”, “Itiň yzynda bol, atyň öňünde” ýaly birnäçe nakyllary döredipdir.

At tutmak dessury

Türkmen halkynyň milli gymmatlyga öwrülen, ony beýleki halklardan tapawutlandyrýan ajaýyp däp-dessurlary bar. Şolaryň arasynda myhmansöýüjilik, myhmany garşy almak, saklamak, ugratmak bilen bagly dessurlar has hem tapawutlanýar. Şolaryň biri hem at tutmak dessurydyr. At tutmak dessury hem türkmen halkynyň myhmansöýüjilik dessurlaryndan gözbaş alýar. «Myhman ataňdan uly» diýen pähime uýan ata-babalarymyz gelen myhmany Taňrynyň adyndan gelen wekil hökmünde kabul edipdirler.

Tebigatyň ajaýyp gözelligi

Keremli Taňrynyň nazary siňen ata Watanymyzyň merdana halkynyň müňlerçe ýyllyk baý taryhy gymmatlyklary, milli mirasy bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milletimiziň buýsanjyna, egsilmez guwanjyna öwrüldi. Milli mirasymyzyň naýbaşysy, synlanyňda kalbyňa aram berýän, münüp çapanyňda serden geçirýän, gamyşgulak ahalteke bedewlerine guwanyp bakmadyk, keşbine garap buýsanmadyk türkmen barmykan?! Taryhy bäş müň ýyldan hem aňyrdan gaýdan türkmen milleti gamyşgulak owadan, ýyndam atlary bilen ähli döwürlerde-de meşhurlyk gazanypdyr. Ata-babalarymyzyň göz-guwanjy bolan bedewlerimiz toý-baýramlarymyzyň bezegine, ýaraşygyna, goç ýigitleriň wepaly dostuna öwrüldi. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen atşynaslary dünýä halklaryny haýrana goýýan owadanlygy we ajaýyplygy boýunça gaýtalanmajak bedewleri ýetişdirip, olaryň tohum arassalygyny saklap, barha kämilleşdirip, nesilden-nesillere ýetiripdirler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň goldaw bermegi we aladasy netijesinde saýlama atlaryň baş sanyny artdyrmak, ahalteke bedewleriniň tohumlaryny kämilleşdirmek babatynda köptaraply işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde şöhratly ahalteke atlary bu günki günde-de türkmen halkynyň milli gymmatlygy we aýratyn buýsanjy bolmagynda galýar. Ýelden ýyndam täsin atlar ählihalk dabaralarynyň bezegi, türkmenleriň ruhy ganaty, hakyky buýsanjyň w

Bedew bilen alabaý: dört pursat

2-nji pursat. Häsiýet (Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Alabaý — akylly dost

Türkmeniň arassa ganly alabaý itiniň duýgurlygyna geň galaýmaly. Eýesiniň öýe ýetip gelýändigini birnäçe wagt öňünden duýup, tarsa ýerinden turup, garşylamaga çykyşy ýa-da öz eýesiniň süýtdeş doganyny, jigisini, çagasyny öň görmedik bolsa-da tanaýşy täsin. Çöldäki alabaýlaryň tupanly howany öňünden duýmagy, tomsuna sowuk ýer küýsäp çopanyň goşuna, oýlugyna sümlüp giren ýylany aňşyrmagy haýran galdyrýar. Şeýle mysallar näçe diýseň bar. Siziň alabaýlary has içgin tanamagyňyz üçin, olaryň duýgurlygyna degişli şeýle rowaýat bar.

«Paýhas çeşmesi» kitabyndan at hakyndaky nakyllar:

Aty baryň ganaty bar, ogly baryň — döwleti. * * *

Türkmeniň uçar ganaty

Halkymyzyň kökleri asyrlaryň jümmüşine uzaýan baý maddy we ruhy mirasy bar. Türkmen bedewleri halkymyzyň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini beýan edýän möhüm baýlygymyzdyr. Bu barada hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi ― biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitaplaryndaky halkymyzyň guwanjyna öwrülen gözelligiň, çeýeligiň, ýyndamlygyň nusgasy bolan bedew atlarymyzyň şanyna aýdylýan parasatly sözlerini okanyňda, bedew atlara goýulýan hormaty we sarpany duýmak bolýar. Türkmen halky ýowuz günde ýoldaşy, söweş güni syrdaşy bolan atlary ýetişdiripdirler. Türkmen bedewleri hemişe söweşlerde esgerleriň iň wepaly ýoldaşy bolup, öz eýesini hiç wagt ýeke goýup gitmändir. Olaryň owadanlygy, ýyndamlygy, düşbüjeligi gadymy halk döredijiliginde, nusgawy we häzirki zaman şahyrlarymyzyň döredijiliginde uly orun eýeleýär. Biziň baý hem köptaraply edebiýatymyzda türkmen bedewi bilen baglanyşykly rowaýatlaryň, atalar sözleriniň, nakyllaryň, goşgularyň köp bolmagy atşynaslygyň sungat derejesinde belende göterilendiginden habar berýär.