"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bedew bilen alabaý: dört pursat

3-nji pursat. Suw aty (Dowamy. Başlangyjy gazetiň 100-101-nji sanlarynda).

Halkymyzyň uçar ganaty

Dünýäni unudyp, uly lezzet bilen at çapyşygyny synlap oturan bir ýaşulynyň: «Bu mukaddes toprakda tomaşaly toýlar bola-bola gelýändir, ýene bolar, enşalla, çünki bu sähraýy meýdanlar at agynan ýerlerdir, «At agynan ýerde toý bolar» diýip, türkmen ýöne ýere aýdan däldir» diýen sözleri häli-şindi ýadyma düşýär. Ine, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uludan bellenilýän günlerinde ýene hyýalyma dolan bu buýsançly sözler meni halkymyzyň durmuşynyň, pikir--hyýalynyň at bilen baglanyşygy hakynda oýlanmalara atardy. Ýaşy segsenden geçen bir goja: «Ýaşlyk döwrüňizde başdan geçirenleriňizden hakydaňyzda pugta orun alan pursatlardan birini aýdyp beriň» diýenimde, ol gözüne ýaş aýlap: «Çapyp barýan bedewiň gapdalyndan ylgap barşyma böküp, onuň üstüne münen günlerim» diýip jogap berdi. Bu — bedewlere bagry badaşan halkymyzyň olara bolan söýgüsiniň kalbynda aýratyn orun eýeleýändiginiň alamaty. Bu — pederlerimiziň aty gadymdan bäri özüniň uçar ganaty, syrdaşy, wepaly ýoldaşy hasaplap gelendiginiň alamaty.

Geçmişden janly ýadygär

«Ynsanyň iň bir ýakyn dosty, goragçysy hasaplanýan alabaýlar türkmeniň geçmişinde, häzirki döwründe esasy orny eýeleýändir. Olaryň duýgurlygy, hüşgärligi, wepadarlygy hem-de kyn günüňde ýakyn dost kimin ýardam edýänligi aýdylana güwälikdir. Türkmen milletini, onuň geçmişini alabaýsyz asla göz öňüne getirmek mümkin däl». Sözümiziň başyny Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmen alabaýy» atly kitabyndaky dürdäne setirler bilen başlamagymyz ýöne ýerden däl. Çünki «At — myrat», «It geldi — gut geldi», «Itim — gutum» diýen atalar sözleri halkymyzyň atynda myra-

Türkmeniň milli gymmatlyklary

Taryhyny müňýyllyklardan alyp gelýän  halkymyz öz milli gymmatlyklaryny hormatlap,  sarpalap, olary asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirip gelýär. Nusgalyk gözelligi, owadanlygy, ýyndamlygy bilen dünýä belli bedew atyny, dogumly, gaýratly, wepadar alabaý itini taryhyň ähli döwürlerinde hem gorapdyr, olara eýeçilik gözi bilen garapdyr. Pederlerimizden asyrlar aşyp miras bolup gelýän şol mukaddes ýörelge Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Milli buýsanjymyza öwrülen bu iki gymmatlygy gorap, ajaýyplygy bilen geljekki nesillere ýetirmekde ýurdumyzda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ata-babalarymyzyň yhlasy bilen ýetişdirilen bedew atlarymyzy, alabaý itlerimizi ösdürmeklige, tohum arassalygyny saklamaklyga, köpeltmeklige, olary dürli ugurlar boýunça taýýarlamaklyga, milli atşynaslyk we itşynaslyk  mekdebiniň iň gowy däplerini aýawly saklamaklyga we artdyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Edermen alabaýlarymyz ýelden ýüwrük behişdi bedewler bilen bir hatarda, merdana halkymyzyň baý mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndan başlap, Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde geçirilmegi bellenildi. Munuň özi halkymyzyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň bag

Adyňyz arşa galdy Arkadag bilen

Balkan atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýat häkimliginiň we welaýat medeniýet müdirliginiň birleşen tagallasy bilen «Bedew atym — buýsanjym, alabaýym — guwanjym» atly hepdeligiň çäklerinde geçirilen aýdym-sazly dabaraly çäre «Adyňyz arşa galdy Arkadag bilen» diýlip atlandyryldy.

Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň

Pederlerimiziň nesillerine miras galdyran «At — myrat», «Aty baryň — ganaty bar», «Ertir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «Atdyr ýigidiň myrady» ýaly paýhas hazynalary ata-babalarymyzyň bedew atlara goýýan belent sarpasyny hem-de olaryň gymmatyny dabaralandyrýar. Ynsan gylykly bedewiň keşbi wepadarlygyň, mertligiň, gaýduwsyzlygyň nyşany hökmünde halk döredijiligimiziň dürli görnüşlerinde: lälelerimizde, hüwdülerimizde, gazallarymyzda, şadessanlarymyzda hem mynasyp orun eýeläpdir. «Görogly» şadessanynda Gyrat barada nusgalyk derejede çeper beýan edilse, şahyrlarymyzyň döreden ajaýyp eserleriniň, ýagny Magtymguly Pyragynyň, Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň we beýleki ençeme söz ussatlarymyzyň şygyrlarynyň içinden bedewleriň waspy eriş-argaç bolup geçýär. Gadymy döwürlerden miras galan rowaýatlarda, tymsallarda hem atlaryň wepadarlygy, gözelligi, ýyndamlygy aýdyň şöhlelendirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden syzylyp çykan, halkyň arasynda söýlüp okalýan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplar behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-owazasyny has-da beýgelden eserler boldy. Ýer ýüzüniň halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edilen bu kitaplarda pederlerimiziň atşynaslyk sungatynyň inçe syrlaryny sünnäläp, kämil

Gujurlylygyň nyşany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyza aýratyn ähmiýet berilýär we sarpa goýulýar. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde häzirki wagtda türkmeniň wepaly syrdaşyna we halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerimizi, alabaý itlerimizi ösdürmek, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler» diýmeginiň düýp manysynda hem behişdi bedewlerimiziň, alabaý itlerimiziň halkymyzyň durmuşynda uly orun tutandygy bilen bagly pelsepe durandyr. Häzirki wagtda türkmen alabaýlarynyň meşhurlygy has-da artýar. Bu wepaly jandar hakynda gürrüň edilende hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň ähmiýeti juda uludyr. Kitap milli buýsanjymyz bolan alabaý itlerimiz barada örän köp gyzykly maglumatlary özünde jemleýär. Kitap örän gysga wagtyň içinde okyjylar köpçüliginiň gyzgyn söýgüsini gazandy. Kitapda berilýän taryhy maglumatlaryň we beýan edilýän wakalaryň köpdürlüligi, gadymylygy, many-mazmuny milli Liderimiziň bu ugurda ägirt uly ylmy maglumatlary toplandygyny şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabyny bu ugra dahylly ensiklopediýa eseri hökmünde kesgitläp bolar. Sebäbi, bu kitapda dünýäde iň gadymy toh

Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň

Asyrlaryň dowamynda türkmeni dünýä tanadyp gelen milli gymmatlyklarymyzyň biri-de meşhur ahalteke bedewleridir. Şeýle bolansoň, ata Watanymyzda behişdi bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Atçylykda, at münmekde, at çapmakda Gahryman Arkadagymyzyň hut özi bize nusga alarlyk görelde görkezýär. Häzirki wagtda şol ajaýyp göreldä eýerýänleriň hatary gün geçdigiçe artýar. Munuň şeýledigine at çapyşyklarynda ýaş ýetginjekleriň çykyş edip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri-de aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen bedewiniň dünýä meşhur ajaýyplyklaryň birine öwrülmeginde seýisleriň orny örän uludyr. Hususy atşynas Agasapar Baýramow hem şeýle seýisleriň biri. Biz ýakynda onuň bilen söhbetdeş bolduk. ― Agasapar, sizde at münmäge bolan höwesiň döremegine näme sebäp boldy!?

Ynsanyň hemişelik hemrasy

Wepalylygy bilen ynsanlaryň hemişelik hemrasyna öwrülen türkmen alabaýlary gadymy döwürlerden bäri agyr-agyr sürüleriň garamatyny egnine alan çopanlara ýoldaş, dowarlara syrdaş bolup gelýärler. Obada doglup, şol ýerde ösüp-ulalandygym sebäpli alabaý itleri hakynda gyzykly gürrüňleri diňlemek, şeýle-de ylmy işler bilen tanyşmak miýesser edipdi. Lebapda hem türkmen alabaýlarynyň has gadymy döwürlerden bäri adamlara hemra bolandygy hakynda meşhur arheolog Albert Burhanow özüniň «Gadymy Lebap» diýen kitabynda gyzykly maglumatlary getirýär. Onuň Halaç etrabynyň Akgala geňeşliginiň çägindäki Hazarek depeden toýundan ýasalan itiň heýkeliniň tapylandygy hakynda beýan edýän maglumatlary gyzyklydyr. Belli arheolog: «Onda äpet, güň kükrekli çopan itiniň kellesi hem-de boýny esasan hakyky bolşuna ýakyn şekillendirilipdir» diýip ýazýar. Ol şeýle-de gymmatly tapyndynyň gadymy döwre degişlidigini bellemek bilen, bu gaýduwsyz itleriň süriniň wepaly goragçysy bolandygyny nygtaýar.

Ertir — Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy

BEDEWÜstüne atlansaň goýmaz armanda,Ýörände ýol alar kemally bedew.Göýä ýere inen ýaly asmandan,Guş bilen bäs eder şemally bedew. Ata münseň ýeke saýma özüňi,Asyldyr janawar, diňlär sözüňi,Jylawy gowşadyp, ýumaý gözüňi,Ýetirer menzile, peýanly bedew.

Halkymyzyň buýsanjy

Eýesine gardaşdyrTürkmen alabaýlary.Ýakyn ýoldaş, syrdaşdyrTürkmen alabaýlary. Görnüşi bar haýbatly,Penjeleri kuwwatly,Gaýduwsyz hem gaýratlyTürkmen alabaýlary.

Aýagy ýelden, bedeni gülden

Asyrlaryň dowamynda saz sungatynyň läheňleriniň sünnälik bilen döreden «At çapan», «Alagaýyşly», «Göroglynyň at oýnadyşy», «Şadilli» ýaly nusgawy saz eserleri behişdi bedewlerimiziň şanyna dikilen ýadygärliklerdir. Nesilbaşymyz bolan Oguz han demini sanap ýatyrka, ogullaryny ýanyna çagyryp:

Sungatyň goşa çynary

Milli sungatymyzda özboluşly yz goýan bagşy-sazandalar az däl. Şolaryň biri-de Sygan bagşy lakamy bilen belli Orazgeldi Ylýasowdyr. Ol çagalygyndan aýdym-saza höweslenip başlaýar. Ol entek 5-6 ýaşly çagajykka özi ýaly deň-duş çagalaryň oýnaýan çaga oýunlary däl-de, aýdym-sazyň şirin owazy özüne maýyl edýär. Şeýdibem, ol çagalygyndan obadaşy Sary Bäşimden aýdym aýtmagyň, saz çalmagyň inçe ýollaryny öwrenip başlapdyr. Ol 12 ýaşlaryndaka Bäherdeniň halypa-sazandalary Oraz Amanmyrat, Baýramgeldi Sazak, Nazar Annamuhammet, Meret Mämmet, Orazberdi Allaberdi dagy bilen ýakyndan tanşyp, ýygy aragatnaşyk saklap, aýdym-saz bilen meşgullanmaga başlapdyr. Geljekki ussat bagşy tutuş düýrmegi bilen aýdym-saza berlip, ýaňy aýdym aýdyp ugran wagtlary bagşy Hommat Jelilow bilen ýygjam aragatnaşyk saklapdyr.

Halypalyga ýeten atşynas

Hormatly Prezidentimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» kitabynda bedew atlary ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly örän gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Eziz Arkadagymyz: «Tebigatyň emri bilen sahawatly Ahal oazisi gadymy türkmen bedewleriniň mesgen tutmaly ýerine öwrüldi. Şol atlaryň özlerinde gizläp saklan mümkinçiliklerini bolsa gadymy türkmen halky ýüze çykardy, kemala getirdi. Şunluk bilen, şol atlar dünýä meşhur ahalteke bedewleri bolup ýetişdiler» diýip belleýär. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumunyň ýaşaýjysy, hususy atşynas Bäşimdurdy Şadurdyýew halypa seýisleriň biri. Golaýda onuň bilen söhbetdeş bolmak bize miýesser etdi. Bäşimdurdy aga öý salgysyny owaldan ýatladypdy. Men ir säher bilen olara baranymda, öňümden 6-7 ýaşlaryndaky oglanjyk ylgap çykdy. Ol ýanyma geldi-de, iki elini uzadyp, edepli salamlaşdy. Soňam ylgap öýe girdi-de, atasyna nätanyş myhmanyň öýe gelendigini duýdurdy. Öý eýesi az salymdan ardynjyrap, öýden çykdy. Biz salamlaşyp, hal-ahwal soraşdyk. Şol pursat bedewiň kişňän sesi giň howla ýaňlanyp gitdi. «Bedew diýeniň duýgur bolýar, bu onuň öýe myhman gelendigini aýtdygydyr» diýdi-de, Bäşimdurdy aga myssa ýylgyrdy. Az salym Bäşimdurdy aga bilen giň howla gezim edip, atlary synladym. Soňra çaý başynda mesaýy gürrüň gyzyşdy. Bäşimdurdy aga bilen söhbedimiz dessine bedewlere syrygdy. Özüniň 50 ý

Heýkeltaraşlyk sungaty medeni taryhymyzda

Türkmenistan iň gadymy medeniýetiň dörän we ösen ýeri hökmünde tanalýar. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda tebigy gözelligi bilen adamzady özüne bendi eden ýurdumyzyň çäklerinde gaýtalanmajak nusgalara eýe bolan sungaty miras goýup gidipdirler. Heýkeltaraşlyk sungatynyň naýbaşy eserleri taryhy tapyndylaryň içinde iň gymmatly eksponatlaryň biridir. Daşdan, toýundan, bürünçden ýasalan heýkeller hakykatdan hem ylahy zehinli ata-babalarymyzyň miras galdyran beýik sungatydyr. Bu miras bolsa asyrlaryň aşmagy bilen bagtyýarlyk döwrümize gelip ýetipdir. Türkmen halkynyň orta asyrlara çenli öz içine alýan geçmişinde onuň medeniýetiniň meseleleri aýratyn orun tutýar. Esasan-da onuň aýrylmaz bölegi bolup durýan heýkeltaraşlyk sungatynyň taryhynyň biziň döwrümize çenli wajyplygyny ýitirmän gelmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň çäklerinde bu sungat öz gözbaşyny paleolit, ýagny, gadymy daş asyryndan alyp gaýdýar diýip bolar. Çünki adamzat paleolit döwründe daşy ýonup ilkinji zähmet guralyny ýasapdyr. Muny olara tebigy ýagdaýlar mejbur edipdir. Ilkidurmuş adamlary awçylyk bilen meşgullanypdyrlar we aw awlanlarynda ýekelikde däl-de, köpçülik bilen aw awlapdyrlar. Aw awlamak üçin bolsa gural gerek bolupdyr. Şeýlelikde, ilkinji daşdan aw gurallaryny, çakmak daşlaryny ýasapdyrlar.

Döredijilik adamlaryň durmuşyndan

Ýazgyda galan ýatlamalar Arada birnäçe ýyllaryň dowamynda Durdy Gylyç şahyryň kätibi bolup işlän Atak Kakabaýewiň körpe ogly Nurgeldi bilen duşuşyp, onuň kakasynyň arhiwine göz gezdirmek miýesser etdi. Şonda Atak aganyň bellikleriniň arasynda şahyr bilen bagly birnäçe gyzykly maglumatlara duşduk. Okyjylar üçin hem gyzykly bolar diýen niýet bilen olary okyjylara hödürlemegi makul bildik. Ýagşa ýagşy diýerdi

Mirasgäriň ýandepderçesinden

Täsin meňzetmeler Bagşylarymyzyň ýerine ýetirýän dessanlaryny, olaryň ses ýazgylaryny diňläniňde, täsin meňzetmelere gabat gelýärsiň. Ol meňzetmeler dessanyň neşir nusgasynda ýogam bolsa, ýerine ýetirijiniň özi tarapyndan goşulýar. Hut şu ýagdaý hem dessanyň diňleýji üçin täsirliligini artdyrýar. Ynha, olaryň käbiri:

Aýlaw dessurlary

Enesi baýrak Ýurdumyzyň käbir sebitlerinde toý-dabaralarda bedew ýaryşlary geçirilende, «Enesi baýrak» diýen at bilen ýörite baýrak goýulýar. Ol ýaryşyň baş hem-de uly baýraklary bilen deň hatarda görülýän uly, abraýly baýraklaryň biri hasaplanýar. Bu baýrak diňe perzent bilen bagly toýlarda, ýagny sünnet, diş, galpak, gelin toýlarynda toýuň sebäpkäriniň enesi tarapyndan goýulýar. Ol, esasan, aýal-gyzlaryň el işlerinden ybarat bolup, haly horjunyň iki gözi çäkýaka köýnek, akgaýma tahýa, tirme guşak, nagyşly çaý halta ýaly zatlar salnyp doldurylýar. Toýuň sebäpkäriniň enesi tarapyndan elde dokalan haly we haly önümleri hem şoňa degişlidir. Bu bedew ýaryşlary «geňeş çapgy», «öýle çapgy», «uly çapgy» diýlip atlandyrylypdyr. «Enesi baýrak» bu ýaryşlarda diňe bir gezek, esasy toý güni goýlupdyr. Onuň aýlaw sany baş baýragyň ýarysyna barabar ölçegde bolupdyr. Ýurdumyzyň käbir etraplarynda bu baýrak bedew ýaryşlarynda häzirem goýulýar.

Baýramçylyk bäsleşikleri

20-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň arasyndaky halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bu bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 50 sany ahalteke bedewiniň arasyndan saýlanan atlaryň 20-si gatnaşdy. Bedew atlaryň gylyk-häsiýetlerini, owadanlygyny, täsin hereketlerini ýakyndan synlan eminler olaryň içinden iň owadan 10 sany ahalteke bedewini bäsleşigiň üçünji tapgyryna gatnaşdyrmak üçin saýladylar. Türkmen bedewiniň milli baýramynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly baýragyň eýesi belli bolar. * * *

Owazasy dünýä dolan bedewler

Türkmen bedewlerine belent sapanyň kämil nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen 2010-njy ýylda ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Şeýlelikde, ähli reňklerine altynsow we kümüşsöw öwüşginler mahsus bolan ynsan gylykly asman atlarymyzyň şan-şöhraty has-da artdy. Merdana ata-babalarymyz türkmen ýigitleriniň wepaly syrdaşy, Watan goragyndaky ýoldaşy bolan bedewleri baýrak ýapyp sarpalapdyrlar.