"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bagabat barada

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan: — Arheologik maglumatlaryň şaýatlyk etmegine we taryhy golýazmalaryň habar bermegine görä, XV asyrda Änewiň ilatynyň sany birden köpelýär. Şähergurluşygynyň tutýan meýdany giňäp, gala diwarlarynyň daşyna çykýar, şäheri gurşan meşhur baglary bilen tanalan rabadyň çägi has hem ulalýar. Ähtimal, şol gülläp ösen bagy‑bossanlyk zerarly, şäheriň ady hem üýtgedilip, ol Bagabat adyna eýe bolandyr. Giçki orta asyr golýazmalarynda Nusaýyň golaýynda ady tutulýan Bagabat şäheri hut Änewdir diýip, alymlar nygtaýarlar.

Gadymy ölçeg birlikleri

Ata-babalarymyz durmuşda dürli ölçeg birliklerini döredipdirler. Olar: Barmak boýy — eliň haýsy-da bolsa bir barmagynyň boýuna deň bolan beýikligiň, uzynlygyň takmynan ölçegi.

Gültahýa

Tahýalaryň görnüşleriniň dürli-dürli bolşy ýaly, aýratyn taryhy, gelip çykyşy, tikilişi, keşdelenilişi, geýliş düzgüni bar. Tahýalar türkmen halkynyň silkme telpegi, çöwürme, şypyrma, topby, başatgyç, kürte, çyrpy, sümmen ýaly başgaplarynyň arasynda nepis keşdeleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geýilýän tahýalar nagyşlarynyň dürli-dürlüligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Gültahýa gadymdan bäri gyzlaryň juwanlyk gözelligine görk goşupdyr. Gyzlar tahýany dört örülen saçlary görner ýaly edip geýipdirler. Durmuşa çykýan gyzlar reňkli ýüpek sapaklar bilen tikilen, kümüş şelpeli tahýa geýipdirler. Geçmişde tahýaly gupba guşlaryň ýelegi hem dakylypdyr. Ýelek gyzlary göz degmekden, tahýa bolsa eýesiniň kellesini ýamanlyklardan, kesellerden, beýleki betbagtlyklardan goraýar diýlip ynanylypdyr. Hut şonuň üçin hem türkmen halky başgaplaryna aýratyn ähmiýet beripdir. Gyzlaryň tahýasyndaky owadan gülleriň şekilleri nuranalygy we gyz päkligini alamatlandyrypdyr. Gyzyl reňk jadyly güýje eýe bolup, erbetlikleriň täsirinden gorapdyr.

MAGTYMGULYNYŇ PAÝHAS HAZYNASY

Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy XIX asyrdan bäri gündogary öwreniji alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şahyryň çuňňur pelsepä, ynsanperwerlige, parasatly nesihatlara eýlenen edebi döredijiligini öwrenmäge berilýän üns has-da güýçlendirildi. Halkymyzyň beýik şahyrynyň il-günümiziň abadan, bagtyýar durmuşy, berkarar döwletlilik hakyndaky arzuwlarynyň wysaly bu günki gün täze taryhy döwrüň mysalynda aýdyň şöhlelenýär. Şeýle hem, akyldar şahyryň döredijiliginiň tutuş süňňüne siňdirilen mertlik, ahlaklylyk, giň gözýetimlilik, adamkärçilik hakyndaky garaýyşlary, şahyrana pikirleri halkymyzyň paýhas hazynasy hasaplanýar. Onuň döredijiligindäki ynsanperwer garaýyşlar diňe bir halka dahylly däl-de, umumadamzat ähmiýetine eýedir.

BIR WAKANYŇ ÜÇ ŽANRDAKY BEÝANY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we çuňňur öwrenmek, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek, her bir raýatyň milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan çäksiz söýgüsini has-da artdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli aýdym-saz sungatymyza ägirt uly goşant goşan beýik sungat ussatlaryna, bagşy-sazandalara aýratyn sarpa goýulýar. Olar hakyndaky rowaýatlar halkyň arasynda ýaşap, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ol rowaýatlarda beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýörelgeleridir geljek nesillere galdyran sungat miraslary hakyndaky hakykatlar özboluşly şöhlelenýär.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» ATLY ESERINDE TERBIÝÄNIŇ YLMY ESASLARYNYŇ ŞÖHLELENDIRILIŞI

Nesil terbiýesini durmuşynyň özeni hasaplaýan türkmen halky bu ugurdaky köpasyrlyk tejribesini, ýol-ýörelgesini «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Çagany ýaşdan, edebi başdan», «Edepli ile gerekli», «Adam bir ýaşar, edebi – iki» ýaly onlarça nakyllardyr atalar sözlerinde, rowaýatlarda çugdamlap, geljekki nesillere miras goýupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlaryna berýän  her bir sargydynda, öwüt-ündewinde, Watançylyk sapaklarynda, dürdäne kitaplarynda hem edep-terbiýe meselesi aýratyn orun eýeleýär. Milli Liderimiz özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eserinde edep-terbiýe baradaky oý-pikirlerini çugdamlap, olary ylmy esaslandyrmalary bilen halkymyza ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eseri turuwbaşdan ata Watana, il-güne söýgi, ata-babalarymyzdan miras galan edep-terbiýe mekdebiniň gymmaty dogrusyndaky pikirlere ýugrulandyr. Kitabyň «Terbiýe – bagtyýarlygyň çeşmesi» bölümi bolsa tutuşlygyna edep-terbiýäniň ylmy esaslaryna we halkymyzyň milli garaýyşlaryna, olary utgaşykly ulanmagyň geljekki bagtyýar nesli, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekdäki ähmiýetine bagyşlanýar. Gahryman Arkadagymyz kitabyň bu bölüminde halk arasynda giňden belli bolan «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň terbiýeli nesil ýetişdir» diýen pähimi getirmek we oňa seljerme be

Keçe ýylysynyň ýakymy

«Adam eli, gyzyl gül» diýleni. Gözellige, bagta teşne bolup, gowulyga ymtylmak, süýji arzuwlary hemra edinmek adamyň tebigatynda bar. Zenanlarymyzyň  mähir-yhlas siňdirip döredýän ajaýyp milli mirasy bolan keçeleri bileklerinde basyp, çeper ellerinde sünnäläp ýylysy ýakymly ajaýyp keçelerimiz zenan kalbynyň syrly hazynasydyr.

Magtymgulynyň halallyk ýörelgesi

Türkmen jemgyýetiniň ruhy dünýäsinde bolup geçýän özgerişler örän giň we çuňdur. Her bir jemgyýetiň ruhy dünýäsi onuň ýaşaýşynyň we ösüşiniň wajyp tarapy bolup çykyş edýär. Türkmen jemgyýetinde adam öz hereketlerini milli däp-dessurlar, ahlak gymmatlyklary esasynda ugrukdyran ýagdaýynda üstünlikleri gazanýar. Şu nukdaýnazardan, Magtymgulynyň ynsaply ýaşaýyş taglymatynyň juda zerurlygy ör-boýuna galýar. Milli Liderimiz: «Ynsaply ýaşaýyş raýat jemgyýetiniň, demokratik döwletiň iň ýokary kemala gelmesi bolup durýar» diýip belleýär. Akyldar şahyrymyzyň ynsaply ýaşaýyş paýhasy halallygy haramlyga garşy goýmak başarnygy bilen, adamyň öz gujur-gaýratyna, pähim-paýhasyna laýyk bolan ykbalyna kaýyl bolmagyny hem göz öňünde tutýar. Şahyryň döredijiligi öwrenilende, onuň dünýägaraýyş gapma-garşylygyny birikdirýän ölçegi gözleýän filosofiki garaýşyny aňlamak örän wajypdyr. Şol ölçegi akyldar şahyr özüniň «Adamzat» diýen goşgusynda: Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat

Dillerde dessan Pyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlere beslenýän güneşli Watanymyzda türkmen halkynyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda döreden gymmatly taryhyny, edebi, medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikler açyldy. Türkmen edebiýatynda baý we çuň manyly edebi mirasy döredip, öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi, onuň akyl-paýhasa, inçe duýga ýugrulan şygyrlary dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi. Akyldaryň bahasyz eserlerinde her bir ynsanyň ýaşan ömründe il-güni üçin bähbitli işleri özünden soňky nesillere miras goýmagy ündelýär. Şahyryň şygryýet dünýäsi taryhy köklerini örän uzak asyrlardan alyp gaýdýan, halkyň arasynda sünnälenen durmuşy döredijilik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şahyr halk döredijiliginiň baý nusgalaryndan özboluşly peýdalanmagyň ussady bolupdyr.

Çaga şaý-sepleri

Çaga nesil dowamaty hasaplanýar. Şeýle bolansoň mähriban enelerimiz çagalaryny kiçijikliginden dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Kiçijik çaga özboluşly bezeg berýän şaý-sepler bilen baglanyşykly ajaýyp setirler enelerimiziň hüwdülerinde hem öz mynasyp ornuny tapypdyr. Çaga tahýasynyň depesine, kürtekçesiniň arkasyna dakylan, tegelek bazbent onuň syratyny ykjam saklamaga, özüni dogumly duýmaga täsir edýär. Bazbent — altyn çaýylan, ösümlik nagyşly, kümüşden ýasalan şaý-sep bolup, hakyk daşy bilen bezelipdir. Bazbendiň iki tarapyna kümüş tumarlardyr şelpeler hem berkidilipdir.

Dünýä deňelen düýäm

Halkymyzyň milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewi, arwana düýesi, wepaly alabaýy we saryja goýny gadymy döwürlerden bäri her öýde arzylanyp saklanypdyr. Özüniň eti, süýdi, çaly, agarany bilen dürli derde derman bolýan düýe maly türkmeniň iň gymmatly baýlyklarynyň biridir. Bir örküçli düýä arwana düýesi diýilýär. Bu düýeler özüniň asudalygy, çydamlylygy bilen tapawutlanyp, olara aýratyn ideg gerek bolmandyr. Ýurdumyzyň çäginde bir örküçli we iki örküçli düýeleriň ýaşandyklary barada taryhy maglumatlar bar. Biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllykda Marguşdan tapylan düýe heýkeljikleri we boýy 40 santimetr bolan kümüş gabynyň ýüzünde ýerleşdirilen iki örküçli düýeleriň şekilleri munuň aýdyň mysalydyr. Altyndepede tapylan düýä tirkelen dört tigirli arabanyň palçykdan ýasalan şekili hem mundan IV müň ýyl ozal Türkmenistanyň çäginde düýedarçylyk bilen meşgullanylandygyny görkezýär.

Milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar

27-nji iýulda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işlerini, «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, konserwirlemek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek, ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipeler hem-de beýleki meseleler girizildi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”

Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy - öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Bagtyýar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde şatlykly hem-de bolelin durmuşda ýaşaýan agzybir we zähmetsöýer halkymyz Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän 2024-nji ýylymyz hem buýsanç, şatlyk we ruhubelentlik duýgularyna beslenýär. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty milli gymmatlyklarymyza, geçmişde yz galdyran ägirtlerimize sarpany ömrümiziň, durmuşymyzyň manysyna öwürdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly bize şu günümize hem-de geljegimize ýalkym saçjak işleri amal etmegiň täze sepgitleriniň badalgasy bolup hyzmat eder. Akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylan ýylymyzda ähli ugurlarda joş alýan döredijilikli zähmet Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýar. Çünki, Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklaryň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatyny

Şöhratly şäheriň waspy (Ruhy şamçyrag)

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr» diýip belleýär. Hakykatdanam, kitap ynsana ruhy taýdan goldaw berýär, sagdyn pikirlenmegi, giň dünýägaraýyşly bolmagy ündeýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserlerini okanymyzda bu hakykata ýene bir ýola göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny peşgeş bermegi baý mirasymyzy, bahasyna ýetip bolmajak medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda uly goşant boldy. Kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasy, bu ugurda kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilişi, abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň gözýetimleri barada maglumatlar berilýär. Kitabyň dürdäne sahypalarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen hyzmatdaşlygyň giň gerimli tejribesine, bu ugurda gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekilýär. Eserde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine hem uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýöne bir duýga ýugrulan goşgular däldir, ola

Saklanyp galan pursatlar

Suratda: Türkmenistanyň halk suratkeşleri Haky Allaberdiýew bilen Aýhan Hajyýew (1988 ý.).

Muzeý gymmatlyklary

Suratkeş S.G.Sarkisowyň «Änew metjidi» diýen işi. * * *

Şygryýetiň göwher täji

Berkarar döwletli bolmagyň bagtyýarlygyň baş badalgasydygy akyldar şahyrymyzyň şygryýet dünýäsine seýrana çyksaň has ýiti duýulýar. Çünki biz häzir şahyryň arzuwlan döwründe ýaşaýarys. Bu ajaýyp döwürde ýurdumyzyň halkara abraýy hem has belende galdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň kämil paýhas hazynasynyň ähmiýetini düşündirmek  babatynda  düýpli işler amala aşyryldy. Wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar we ylmy-amaly häsiýetli döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirildi.

Daş­kent­de Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ser­gi­si ge­çi­ril­di

15-16-njy iýul­da Daş­kent şä­he­rin­de «Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ri­len» at­ly ýur­du­my­zyň ha­ryt­la­ry­nyň mil­li ser­gi­si­niň we işe­wür­lik ugur­ly beý­le­ki çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi 2023-2024-nji ýyl­lar üçin Türk­me­nis­tan bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­di. 15-nji iýul­da Öz­be­gis­ta­nyň paý­tag­tyn­da ýur­du­myz­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li önüm­le­riň ser­gi­si, Türk­men-öz­bek işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. Sa­pa­ryň ikin­ji gü­nün­de bu çä­re­ler Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-öz­bek hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň 18-nji mej­li­si bi­len do­wam edip, on­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy, ony ös­dür­me­giň gel­jek­ki ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Tamdyr

Türkmenler hemişe-de döwrüne görä mynasyp ýaşamagy başaran halkdyr. Asly käri çarwaçylyk bolup, sonar öri meýdanlaryň gözleginde aglaba göçme ýagdaýda ýaşan bolsalar-da, öz ýaşaýyş-durmuşlaryna zerur bolan şertleri hem döretmegi başarypdyrlar. Şol şertleriň biri-de tamdyrdyr. Elkinçe, göçme şertlerinde ýaşan pederlerimiz göçüp baran ýerlerinde ilki öýlerini tutan bolsalar, soňra tamdyr gurupdyrlar.

Külli türkmeniň Göroglusy

Türkmen halky özüniň baý taryhynda ençeme saldamly işler bitiren beýik şahsyýetleri, gahrymanlary, ägirtleri bar bolan milletdir. Şeýle şahsyýetleriň biri-de Görogly begdir. Batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň ady Arkadag şäheriniň döwlet atçylyk sirkine dakyldy. Görogly beg gahryman, ozan, şahandaz, degişgen, ejizlere howandar ýigidiň sypatlaryny özünde jemläpdir. Alymlar «Görogly» şadessany XV — XVII asyrlarda döräpdir diýen netijä gelýärler. Şol döwürde türkmenler çylşyrymly durmuşy başdan geçiripdirler. Göroglynyň şahsyýeti hakynda gürrüň edilende, onuň haçan dünýä inendigi barada anyk maglumat ýok. Ol XV — XVII asyrlarda ýaşap geçipdir diýip çaklamak mümkin. «Görogly» şadessanynda beýan edilişi ýaly, ol Jygalybegiň agtygy, Ady begiň bolsa ogludyr.