"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Amatly ekologiýa gurşawy raýatlaryň abadançylygynyň möhüm şertidir

Milli Liderimiz ekologiýa çäresiniň çäklerinde welosipedli ýörişe gatnaşdy 11-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Abadançylygyň möhüm şerti

Häzirki wagtda dünýäniň ykdysady ösüşi, durmuş abadançylygy we daşky gurşawyň goragy adamlaryň arasynda aýrylmaz baglanyşygy emele getirdi. Bu sazlaşygy üpjün etmek döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň esasy bolup durýar. Bütin ýaşaýşymyzyň çeşmesi bolan daşky gurşawyň goraglylygyny ykdysady ösüşler we durmuş abadançylygy bilen bir bitewilikde üpjün etmek ekologiýa syýasatynyň esasy ugrudyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ilatyň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek döwletiň we jemgyýetiň jana-jan bähbididir

Milli Liderimiz ekologiýa çäresiniň çäklerinde welosipedli ýörişe gatnaşdy Aşgabat, 11-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Ekologiýa abadançylygy

Häzirki wagtda dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Adamzat durmuşy we halk hojalygy üçin iň wajyp tebigy baýlyklaryň biri-de suwdur. Şonuň üçin ähli suw serişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak iň derwaýys meseledir. Dünýäniň ummanlary, deňizleri, derýalary, kölleri we dürli görnüşli ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi ýaşaýşyň gönezligidir. Suw serişdeleri döwletleriň, sebitleriň we tutuş dünýäniň howpsuzlygyna, ykdysady we durmuş ulgamynyň ösüşine täsir edýär. Türkmenistan Merkezi Aziýada umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň esasynda suw we suw-energetika meselelerine garalmagyny we olaryň oňyn çözülmegini öňe sürýär. Daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Hormatly Prezidentimiz ýakynda Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde «Miwe» açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik işi we inžener-tehniki düzümleriniň desgalary bilen tanyşlygyň barşynda oba senagat toplumynda suwdan rejeli peýdalanmak we suw hojalyk ulgamynyň meselelerine ünsi çekmegi hem bu ugurdaky wezipeleriň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýär.

Arassa tebigat — bagtyýar durmuş

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ekologiýa abadançylygyna, howanyň arassalygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Esasan hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşmak hem-de aýawly çemeleşmek ýaly ýörelgelere eýerilýär. Bu babatda dürli dabaralaryň, çäreleriň geçirilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle çäreleriň hatarynda welosipedli ýörişleri aýratyn bellemegimiz gerek. Çünki welosiped tebigata zyýan ýetirmeýän ulag hasaplanylýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda welosipedli ýörişler yzygider geçirilip durulýar. Munuň özi tebigatyň arassalygyna, ynsan saglygyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine oňat täsir edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli raýatlarynda, ilkinji nobatda ösüp gelýän ýaş nesilde tebigata, ekologik gurşawa aýawly çemeleşmek netijesinde ekologiýa medeniýetini döretmek hem-de kemala getirmek, kämilleşdirmek, tebigata, onuň gymmatly baýlyklaryna söýgini terbiýelemek işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Möhüm ekologiýa meselelerini çözmek halkyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin zerur hasaplanýar. Şeýlelikde, ekologiýa abadançylygy ýurdy gülledip ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda milli Liderimiziň parasatly b

Ekologiýa — Ýaşaýşyň çeşmesi

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri, ekologiýa abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşy babatda ýadawsyz alada edýän hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gözel paýtagtymyz Aşgabatda amala aşyrylýan beýik işler bu günki gün uly üstünliklere beslenýär. Ak şäherimiz Aşgabat häzirki wagtda özüniň gür baglygy, täsin al-elwan gülleri bilen has meşhurdyr. Geçen şenbe we ýekşenbe günleri mähriban paýtagtymyzy iň owadan, ýakymly ysly ter güller bilen bezemek ugrunda paýtagtymyzyň ýyladyşhanalarynyň we bagçylyk müdirlikleriniň gülçi bagbanlary köçeleri, şaýollary, baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýerlerini biri-birinden owadan ter güller bilen bezemäge uly goşant goşdular. Şunuň netijesinde oturdylan müňlerçe düýp ter güller mähriban paýtagtymyzyň gözellik dünýäsine älemgoşar öwüşginlerini çaýdy. Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň, şol sanda saglygy goraýyş edaralarynyň zähmetsöýer işgärleri, ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, şol sanda orta mekdepleriň mugallymlary, okuwçylary paýtagtymyzyň arassa, abadan we owadan bolmagyna yhlasly goşant goşdular.

Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

Ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýan suwdan rejeli peýdalanmak möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Tebigy baýlyklaryň arasynda suw gorlary özüniň ähmiýeti boýunça esasy orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz suwuň ähmiýetiniň uludygy barada özüniň «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda: «Asyrlar boýy ýaşaýşyň, bolçulygyň gözbaşlarynyň biri hasaplanyp gelinýän mukaddes suw ähli janly tebigata jan berýär, ynsan durmuşyny gülledip özgerdýär, giň sähralarymyzy gülzarlyga, bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin hem suwuň sarpasyny belent tutup gelen pederlerimiziň suw damjasyny altyn dänesine deňemegi türkmen halkynyň mukaddes suwa bolan garaýşyny aýdyň görkezýär» diýip belleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hukuk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip, döwrebap kanunlar hem-de kadalaşdyryjy hukuknamalar kabul edilýär. Olaryň hatarynda 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizilen Türkmenistanyň Suw kodeksini görkezmek bolýar. Bu kodeks ýuridiki we fiziki şahslaryň suw serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen suwlary durnukly hem rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzyň çar künjüni gurşap alýan, giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan şeýle işleriň netijesinde şäherdir obalarymyz has-da owadan keşbe gelýär. Ynsan hemişe gözellige teşne. Adam tebigata, gözelliklere söýgüsinden, ýaşaýşa bolan hyjuwyndan, ösüşlere ymtylyşyndan güýç alýar.

Aralýaka sebitde hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Golaýda oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn gepleşik geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aralýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler we geljekki meýilnamalar barada pikir alşyldy. Köptaraplaýyn gepleşigiň çäklerinde halkara guramalaryň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň, «Türkmensuwylmytaslama» institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Olarda, hususan-da, Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ähmiýeti, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça kanunçylygyň kämilleşdirilişi, Araly halas etmegiň halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk eden döwründe ýerine ýetirilen işler, tebigaty goramak işlerine jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy, şeýle-de suw diplomatiýasynyň esasy ugurlary dogrusynda pikir alyşmalara giň orun berildi.

Türkmen köli

Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan möhüm wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzda ýerler ýylyň bütin dowamynda taba getirilip, ýer böleklerinde ekin görnüşleri çalşyrylyp ekilip, aralyk ekinleri ekmegiň we ideg etmegiň talaplary doly berjaý edilip, eýeçilik gözi bilen çemeleşilýär. Munuň özi ýerleriň tapdan çykmagynyň, şorlaşmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bir akabasy ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň çäginden gözbaş alyp gaýdýan, bir akabasy Lebap, Mary, Ahal welaýatlarynyň çäklerinden geçýän «Altyn asyr» Türkmen köli ýerleri tapdan çykarýan şorlaşmalaryň öňüni almakda wajyp orun eýeleýär. Agzalyp geçilen şor suw akabalary arkaly ýurdumyzyň tutuş çäginden diýen ýaly toplanylyp akdyrylýan şor suwlar Garaşor çöketligine, bu ýerde gurlan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurlup ulanylmaga berlen birinji tapgyryna gelýänçä hem ýaramsyz duzlardan ep-esli derejede saplanýar. «Altyn asyr» Türkmen kölüne toplanmagy bilen bolsa, onuň düzümi has-da arassalanylyp, ondan guş-gumrular, düýelerdir çekene mallar suwlanýarlar. Ady agzalan kölüň gurulmagy we oňa toplanan şor suwlaryň düzüminiň arassalanmagy bilen, sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna hem oňaýly täsir edýän howa gurşawy, gatlaklary emele gelýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa — daşky gurşawyň goragy

Ýurdumyzyň energetika gorlary, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri halkymyzyň umumymilli baýlygydyr. Energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmak üçin hem ähli zerur şertler bar. Gün, ýel we suw energiýasy ýaly tebigy çeşmeleri giňden peýdalanmagy hem-de önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde gymmatly serişdeler diňe bir ýangyç bolman, eýsem, hojalyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürmäge giň mümkinçilik berýär. Türkmenistan Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) doly hukukly agzasy bolmak bilen, bu halkara gurama bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn meýilnama esasynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýurdumyzda ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barýar.

Ekologiýa — ýaşaýşyň çeşmesi

Daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, adamzadyň ekologiki howpsuzlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda kesgitlenen anyk wezipelere laýyklykda, abraýly halkara guramalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge daşary syýasat işinde aýratyn ähmiýet berilýär. Ol ilkinji nobatda, berk halkara hukugyna esaslanýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde yglan edilen gününden başlap, bu iri gurama tarapyndan dolandyrylýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak bilen bagly halkara hukuk namalarynyň birnäçesine goşuldy. Olaryň arasynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada çarçuwaly konwensiýasyny, Biologik köpdürlülik hakynda konwensiýany, BMG-niň Çölleşmä garşy göreş barada konwensiýasyny, Ozon gatlagyny goramak barada Wena konwensiýasyny we onuň Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal Teswirnamasyny, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna, olaryň çykarylyşyna gözegçilik etmek barada Bazel konwensiýasyny, Suw guşlarynyň ýaşaýan ýerleri hökmünde goralýan halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerler hakynda konwensiýasyny (Ramsar konwensiýasy), Daşky gurşawa dahylly ekologiýa maglumatlarynyň elýeterliligi, kararlaryň kabul edilmek işlerine jemgyýetçiligiň gat

Ajap ýurdum bagy-bossan

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny, onuň biodürlüligini goramakdan hem-de ony gözelleşdirmekden ybarat bolup durýar. Ýylyň islendik paslynda adamlary özüne maýyl edýän bu keramatly, bereketli topragy şahyrlar şygyrlarynda, bagşylar aýdymlarynda, ýazyjylar eserlerinde çeper beýan edipdirler. Sebäbi ynsan bilen tebigat bir-birine berk bagly bolup, özara sazlaşygy kemala getirip, biziň hem tebigatyň bir parçasydygymyzy aňladýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyzda tebigaty goramak, şol sanda «Suw damjasy — altyn dänesi» diýen  peder pendine uýup, bereket çeşmesi hasaplanýan suwy we beýleki serişdeleri rejeli peýdalanmak, aýawly saklamak hem-de dikeltmek babatda döwlet derejesinde, halkara derejesinde uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işlerde döwletimizde ekologiýa abadançylygynyň esasy ugurlaryň biridigini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasyndaky: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýen kadadan ugur alynýar. 

Gözellikleri goralyň!

Bagy-bossanlyk — tebigatyň ýaraşygy. Ozal hem bir dana kişi bagy-bossanlygyň goýnunda ýaşaýanlaryň kalplarynyň hem edil gözel tebigat ýaly owadandygyny aýdypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny berkitmek, mähriban Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi üçin oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler giň gerime eýe bolýar. Mähriban ildeşler! Tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri-sähra meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gözükdiriş gürrüňdeşlikleri geçirilip, berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini beýan ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriji enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Ösüp oturan baglaryň arasyndaky guran haşal otlary arassalap, hatar hem zolak aralarynda sürüm işlerini geçirip, howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Uly baglaryň şahalarynyň elektrik geçirijilerine degýän ýerlerini ýangyn howpy döremezligi üçin kesip aýyrmaly. Otluk (baglyk) meýdanda işledilýän tehnikalaryň tüsseçykaryjylary uçgun söndürijiler bilen berk ýapylyp, tehniki ýagdaýyň elmydama gurat bolmagyny gözegçilikde saklamaly. Işledilýän tehnikalary ilkinji ýangyn söndüriji enjamlar bolan keçe, pil, palta, çäge, suw bilen üpjün

Durnukly ösüşiň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak babatda öňe sürýän ýörelgesi dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz bu günki gün dünýä halklarynyň ykbalyna täsir edýän derwaýys wezipeleri netijeli çözmäge giň mümkinçilikleri döredýän ylalaşdyryjy merkezleriň biri bolup durýar. Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirmek bilen, BMG-niň dünýäde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça ählumumy Gün tertibiniň möhüm meseleleriniň oňyn çözgütlerini işläp taýýarlamak ugrundaky tagallalaryna uly goşant goşýar. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň toplumlaýyn häsiýete eýedigi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen şertlendirilýär.

Ekologiýa barada bilimiň ähmiýeti

Durnukly ösüşi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň wajyp şertleriniň biri ilatyň ekologik bilim we medeniýet derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. Ekologik bilimiň we terbiýäniň esasy maksady şahsyýetiň we jemgyýetiň ekologik medeniýetini, aňyny we düşünjesini emele getirmek hem-de ynsanyň ýaşamagyny we ösmegini üpjün edýän tebigat bilen adamyň özara gatnaşygynyň tejribesini ösdürmekdir. Bularyň bary adamlaryň sagdyn ýaşaýyş ýörelgesini, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini, Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam eder. Ekologik bilim — bu adamlaryň özüni alyp barmagynyň ahlak kadalaryny emele getirmäge gönükdirilen, şahsyýetiň üznüksiz terbiýe, okuw, we ösüş ýagdaýydyr. Ekologik bilim — ekologik düşünjeleri, ukyplary we endikleri öwretmek üçin maksatly guralýan, meýilnamaly we ulgamlaýyn amala aşyrylýan işdir. Bu işleri netijeli alyp barmak we ekologik bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmek üçin ekologik taýdan sowatly hünärmen mugallymlary taýýarlamak, okuw-usulyýet binýadyny güýçlendirmek zerur bolup durýar. Ýurdumyzda bu ugur boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär, ýagny ekologik bilim we terbiýe meselesine üns berýänleriň sany artýar, okuw dersleriniň ekologiýalaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ýöriteleşdirilen ekologiýa dersleri girizilýär, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak çygrynda işleýä

Ekologiýa abadançylygy — gaýragoýulmasyz wezipe

Hormatly Prezidentimiziň Araly halas etmek we onuň zyýanly täsiriniň garşysyna göreşmek barada beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, welaýat häkimliginiň we Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda Aralýaka sebitleriniň toprak-howa şertleri, relýefi, sebitiň çölleşme aýratynlyklary we onuň öňüni alyş çäreleri, suw çeşmeleri, Aral deňziniň guramagynyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine, sebitiň halk hojalygyna, daşky gurşawa, ösümlik dünýäsine ýetirýän täsirini öwrenmek maksady bilen, ylmy ekspedisiýa guraldy. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Türkmenistan», «Aýböwür», «Döwkesen» daýhan birleşiklerine we Bötendag belentliginiň töweregine guralan ylmy ekspedisiýa Türkmen oba hojalyk institutynyň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary hem-de welaýat häkimliginiň, Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň, Daşoguz agrohimiýa barlaghanasynyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň Daşoguz şahamçasynyň, «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň, welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Ekspedisiýanyň dowamynda hünärmenler tarapyndan, ugurlaryna degişlilikde, Aralýaka zolagynda ösümlikleriň görnüşleri, maşgalasy, biologik aýratynlyklary, ýaýraýşy öwrenildi. Sebitiň suw üpjünçiligi we şor suw akabalary, akabalaryň suwunyň düzümini öwrenmek üçin birnäçe nusgalar alyndy. Topragyň mehaniki düzümini, şorlulyk dere

Ekologiýa arassalygy — jemgyýetiň sagdynlygy

Bu günki gün ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, aýawly saklamak, ekologiýa diplomatiýasyny dabaralandyrmak esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Adam saglygyna täsir edýän arassaçylyk biziň jemgyýetimizde has-da möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň tagallasy netijesinde bu möhüm ähmiýetli mesele boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çäklerinde ösdürilip ýetişdirilýän arçalar we beýleki agaç nahallary howanyň tämizligine öz täsirini ýetirýär. Daşky gurşawyň arassaçylygy bilen bagly ýerine ýetirilýän işlerde türkmen ýaşlarynyň hem saldamly goşantlarynyň bardygy has-da buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri we onuň agzalary bu işe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar işden boş wagtlary paýtagtymyzda we onuň çäklerinde agaç nahallaryny oturtmak boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Suwaryş, ekiş işlerinde ýaşlarymyzyň ruhubelentlik bilen zähmet çekmekleri ýurdumyzyň ekologiýa arassaçylygyna, daşky gurşawyň abadançylygyna uly ýardam edýär.

Baglyga bürenýär güneşli Diýar

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanyna «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň dowamynda daragtlaryň 30 million sanysy ekiler. Bu iş eýýäm giň gerimde dowam edýär. Biz hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren döwrebap mekdebinde ýaşlara bilim we terbiýe bermek bilen birlikde dürli miweli, saýaly hem-de pürli daragtlary, üzüm nahallaryny ekmäge işjeň gatnaşýarys. Mekdebimiziň daş-töweregi hem baglyga öwrülip barýar. Baglar howany tämizleýär, tebigatyň görküne görk goşýar. Bu bolsa saglyk üçin hem peýdalydyr. Üstesine, bag ekip, watançylyk hereketine goşulmakdan alýan lezzetiň ruhuňa-da oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň we edara ediş binalarynyň daş-töwereklerinde, köçeleriň ugrunda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri guramaçylykly dowam etdirilýär. Suwaryş ýaplary arassalanylýar, daragtlar oturdylýar, öňden ösüp oturanlaryna ideg edilýär. Täze baglar döreýär.

Bag bagdyr bezegi-idegi bilen

17-nji aprelde ýurdumyzda hem-de paýtagtymyzda şanly seneler — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ählihalk ýowary geçirildi Ýurdumyzda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek hem-de bar bolan baglara degişli derejede ideg etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hut şonuň üçin-de, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde geçirilen ählihalk ýowaryna hormatly Prezidentimiz hem gatnaşdy.