"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Beýik göreldä eýerip

22-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow irden paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere geldi. Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Köpçülikleýin ýowar çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekilen bag nahallaryna ideg edip başlamagy bilen badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ekilen bag nahallaryna agrotehniki talaplara laýyk derejede ideg edilmegi tokaý zolaklarynyň sazlaşykly ösüşini, seýilgähleriň çäkleriniň giňelmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde pürli hem-de saýaly agaç nahallaryndan ybarat tokaý zolaklarynyň çägi barha giňelýär. Ählihalk ýowary giň gerimli çäre bolup, ol ene topraga söýginiň alamaty hökmünde tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyryldy. Asylly çäräniň dowamynda ozal oturdylan agaç nahallaryna ideg etmek boýunça çäreler görüldi, arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleri geçirildi. Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek

Arassaçylygyň ak şäheri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna uly üns berilýär. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçen şenbe güni geçirilen ählihalk ýowaryna ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. «Ekologiýa hakynda alada — ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň uzak hem bagtly ýaşamagyna gönükdirilen örän möhüm işleriň biri bolan ekologiýa we arassaçylyk işlerini üpjün etmek meseleleri hemişe gözegçilikde saklanýar. Ýurdumyzda ekologiýa medeniýetini ösdürmäge uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerýän mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar hem ählihalk ýowaryna işeňňir gatnaşyp, mähriban paýtagtymyzyň arassa ekologiýa gurşawynyň döredilmegine saldamly goşant goşdular. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamyň sagdyn hem bagtly ýaşaýşy ugrunda hemişe aladalanýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, mähriban paýtagtymyzyň ekologiýa gurşawy nusga alarlyk derejede barha ösýär. Bu asylly hem sogaply işlere geçen şenbe güni paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, edara-kärhanalaryň zähmet toparlary, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylary, talyp ýaşlar, şeýle hem ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalar

Özgertmeleriň ýoly bilen

Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri bilen okgunly ösüşlere we belent sepgitlere ýeten ata Watanymyz daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Tutuş dünýäde durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermeklik döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenilýär. Şuňa laýyklykda Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen bu ugurda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy ýaly köpsanly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzda göz öňünde tutulan asylly başlangyçlaryň, möhüm ähmiýetli maksatnamalaryň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilendigine doly şaýatlyk edýär.

Ajaýyp baglar eziz Diýarymyzyň keşbini alamatlandyrýar

22-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz irden paýtagtymyzyň günortasynda Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren Arçabil we Çandybil şaýollarynyň aralygyndaky bagy-bossanlyk döredilen ýere geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr

Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şanly senä — Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ählihalk ýowary geçirildi.

Daşky gurşawy goramagyň möhüm ugurlary

21-nji maýda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň taslamasy hakynda hasabat berdi.

Suw — ýaşaýşyň çeşmesi

Ynsan saglygy üçin arassa agyz suwy ilkinji zerurlyk bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek işinde hem uly öňegidişlikler gazanylýar. Bu asylly iş hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda has-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Halkymyz suwa dirilik çeşmesi, tebigatyň aýratyn gudraty hökmünde garap, ony bolçulygyň we abadan ýaşaýşyň gözbaşy hasaplapdyrlar, her damjasyny altyna deňäpdirler. Süýji suwy almagyň özboluşly usullaryny döreden ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine belent sarpa goýýarys. Dag eteklerinde süýji ýerasty suwlary çykarmak üçin ýeriň astyndan gazylan, birnäçe kilometre uzalyp gidýän kärizler, Garagumuň jümmüşinde goýun sürülerini we çarwa obalaryny ýylyň bütin dowamynda suw bilen üpjün edýän guýular, takyrlardaky kaklar we howanyň jöwzaly yssysynda buz ýaly suwly sardobalar türkmenleriň ata-babalarynyň ussatlygynyň, edermenliginiň we zähmetsöýerliginiň, ýaşaýşa bolan söýgüsiniň nyşanydyr.

Hormatly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary!

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda raýatlarymyzyň saglygy hakynda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda her bir adamyň mynasyp dynç almagy, saglygyny berkitmegi, sport bilen meşgullanmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwletimizde ekologiýa abadançylygy Gahryman Arkadagymyzyň baş taglymatlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başlangyjy bilen, mähriban Diýarymyzda hem köpçülikleýin welosipedli ýörişler däbe öwrüldi. Munuň özi ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatdaky ählumumy tagallalaryň biziň ýurdumyzda-da giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Garagumuň gözelligine görk goşýar

«Altyn asyr» Türkmen köli, oňa gelip goşulýan akabalar ata Watanymyzyň haýwanat dünýäsi, ilkinji nobatda hem, uçup geçýän guşlar üçin aýratyn uly ähmiýete eýedir. Türkmen köli Merkezi we Gündogar Garagumda akabalaryň ýerleşýän ýerlerinde ganatlylar üçin täze amatly ekologiýa we iýmit üpjünçiligini şertlendirýär. Akabalaryň ugrunda ýerleşýän, üstünden akym geçýän köller eýýäm suw--batgalyk şertlerinde ýaşaýan jandarlary: ördekleri, gazlary, sakarbaraklary, jüptünleri, çuluklary we beýlekileri özüne çekýär. Garagumuň merkezi böleginiň suwlulandyrylmagy seýrek duş gelýän we köpüsi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen toýnakly haýwanlaryň: Üstýurt dag goçlarynyň, gulanlaryň, jerenleriň ýagdaýyna oňat täsirini ýetirýär. Haýwanat dünýäsiniň wekilleriniň baş sany artýar, olar suw howdanlarynyň kenar ýakalaryna gelýärler.

Kepderiler, serçeler

Tebigatyň gözelligi bolan guşlar, şol sanda suw-batgalyk guşlary hakda metbugatda köp ýazylýar. Her gün görüp ýören, gury ýerde mesgen tutan kepderiler, serçeler hakda bilmegem gyzyklydyr. Şäherlerde, obalarda ýylyň bütin dowamynda diýen ýaly kepderilerdir serçelere gabat gelýäris. Köçelerde ýöräp barýarkaňyz, eger-de syn edýän bolsaňyz, serçeler ylgaşlap gezýärler, ondan--oňa uçup-gonýarlar. Çörek owuntyklaryny, owunjak janly-

Zeminiň ýaşyl guşagy

Adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakda, janly--jandarlaryň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmekde Ýeriň «ýaşyl guşagy» hasaplanylýan tokaý zolaklaryny döretmegiň ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda güneşli Diýarymyzda döwrüň möhüm ekologiýa talabyndan ugur alnyp, bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär. Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça halkara konwensiýalarydyr ylalaşyklaryna işjeň goşulyşýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda köpçülikleýin bag ekmek işlerine badalga berilýär. Olar özüniň ajaýyp miwesini berip, ata Watanymyzyň obadyr şäherçeleriniň, şäherleriniň töwereklerinde tokaý zolaklarynyň döremegine getirýär. Ilatly ýerlerde, ýollaryň, pyýadalar üçin niýetlenen ýodalaryň gyralarynda dürli agaç nahallarynyň, görnüşe baý gülleriň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşyl baglaryň ajaýyp tebigatymyza berýän gözelligi we ynsan saglygy üçin peýdasy diýseň ýokarydyr.

Arassaçylygyň mekany

Ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ak şäherimizde hepdäniň dowamynda arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Geçen hepdäniň ýekşenbe güni hem bu ugurda möhüm işler üstünlikli berjaý edildi. Aýry-aýry zähmet toparlarynyň mähriban paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadanlaşdyryş, timarlaýyş işlerine uly buýsanç bilen has-da yhlasly goşant goşýandyklary aýratyn guwandyryjydyr. Aga Berdiýew köçesiniň ikiýan gapdalynda ýerleşýän dermanhanalaryň, söwda dükanlaryň, şeýle hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň talyp ýaşlary arassaçylyk işlerine saldamly goşant goşdular, baglary timarlap, düýplerini agdaryp, suwardylar.

Belentden ýaňlanýan owazlar

Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan «Ak şäherim Aşgabat» monumentinde «Ak şäherim Aşgabat tämiz geljegi nazarlaýan — bagtyýar şäher» atly dabaraly ekologiýa çäresi geçirildi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan dabara Büzmeýin etrap häkimligi tarapyndan guraldy. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzyň çäginde ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen çärelere giň gerim berildi. Oňa Aşgabadyň ähli ýaşaýjylarynyň agzybirlik bilen gatnaşýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde barha gözel keşbe eýe bolýan ak şäherimiziň bu gün dünýäniň öňdebaryjy, ösen şäherleriniň hataryna okgunly goşulýandygyny buýsanç bilen bellediler. Aşgabat diňe bir kämil binagärlik aýratynlygy bilen däl, eýsem, ekologiýa howpsuzlygynyň bähbidine ençeme möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýän, bagy-bossanlyga bürenen şäher hökmünde hem giňden meşhurdyr. Onuň ak mermere beslenen ajaýyp keşbi tebigatyň ýaşyl dünýäsi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bular hakynda dabarada guralan çykyşlarda giňişleýin durlup geçildi.

Ählumumy zähmet baýramçylygy

Gözel paýtagtymyz ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwüsýän baglary bilen Erem bagyny ýada salýar. Gojaman Köpetdagyň eteginde dörän gür arça tokaýlygy, şaýollaryň, köçeleriň gyralaryna, seýilgählere ekilen dürli baglar ak şähere aýratyn bezeg berýär. Şäheriň ak ýollaryndan ýöräniňde, baglara ideg edip ýören ildeşlerimizi görüp guwanýarsyň. Olar öz zähmeti bilen ýaşaýan ýeriniň abadanlygyny, arassaçylygyny, ekologiýasynyň gowulandyrylmagyny gazanýarlar. Bu — sogap iş. Arassaçylyk — saglyk. Islendik döwletiň ösen ykdysadyýeti, senagaty, ruhy we medeni gatnaşyklary onuň paýtagtynyň keşbinde açyk-aýdyň görünýär. Çünki paýtagt — döwletiň ýüzi, ýurduň aýnasy. Aşgabadyň gözel keşbini synlap, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten belent derejesine göz ýetirmek bolýar. Ýurduň oba-şäherlerinde üpjün edilýän arassaçylyk, tämizlik bolsa halkymyzyň saglygy, sagdyn nesilleriň ösüp kemala gelmegi babatdaky aladadan nyşandyr.

Ekologiýa abadançylygyna goşant

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dowam edýän ekologiýa çäresine paýtagtymyzyň etraplarynyň, şeýle-de welaýatlaryň ýaşaýjylary, aýratyn hem ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreleriň uly goldawa mynasyp bolýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şeýle çäreler jemgyýetde tagallalaryň birleşdirilmegine, adamlaryň sagdyn durmuş, parahatçylyk we ylalaşyklyk, döredijilik hem-de hoşniýetlilik ýörelgeleriniň töwereginde has berk jebisleşmegine ýardam edýär. Ekologiýa çärelerine gatnaşýan Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary Ak bugdaý etrabynyň çäginde bellenilen badalgadan ugur alyp, welaýat merkezine tarap welosipedli ýola düşdüler. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerýän ildeşlerimize paýtagtymyzyň halkalaýyn aýlaw ýolunyň ugrundaky tebigy gözellikler, kaşaň binalaryň görkana keşbi ruhy lezzet berdi.

Gülzarlyga beslenen şäher

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, halkara syýasy, ykdysady, medeni we ylmy hyzmatdaşlyk merkezine öwrüldi. Gülläp ösýän Aşgabat bagy-bossanlyga öwrülen şäher hökmünde hem bellidir, döwrebap şäheriň keşbini köp sanly owadan seýilgähler, suw çüwdürimleriniň toplumlary bezeýär. Gahryman Arkadagymyzyň tebigy gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygy baradaky başlangyçlaryna biz — ýaşlar uly joşgun bilen goşulyşýarys. Milli Liderimiz ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny ilkinji şertleriň biri hökmünde öňe sürýär. Ekologiýa meselesi Aşgabady ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Gözel paýtagtymyzda täze desgalaryň gurluşygy we bar bolan binalaryň durkuny täzelemek işleri bilen birlikde, ýaşyl hem-de seýilgäh zolaklaryny döretmek we abadanlaşdyrmak boýunça hem işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ählihalk bag ekmek dabaralarynyň yzygiderli geçirilip, her ýyl müňlerçe bag nahallarynyň oturdylmagyna badalga bermegi, bu işde özüniň görelde görkezmegi biz — ýaşlaryň ekologiýa medeniýetiniň kämilleşmegine, bu ugur bilen içgin gyzyklanmagymyza itergi berýär. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygy meselelerine aýratyn üns berip, ilatyň arasynda has amatly durmuş we estetiki gurşawy kemala getirmekde möhüm orun eýeleýän bag ekmek mak

Ekologiýa çäresine welosiped bilen

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli üstünlikli dowam edýän ekologiýa çäresine şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary işjeň gatnaşýarlar. Adamlar pyýada ýöremek bilen birlikde, jemgyýetçilik ulaglarynyň — ýolagçy awtobuslarydyr döwrebap taksileriň hyzmatyndan hem peýdalanýarlar. Şunuň bilen birlikde, aşgabatlylaryň zerur ýerlere gidip gelmegi üçin, paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde welosipedleri wagtlaýyn ulanmaga berýän nokatlaryň işi hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi milli Liderimiziň ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen işjeň meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda beren tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Welosipedleri wagtlaýyn kireýne ulanmaga almagyň nyrhy hem ilat üçin elýeterlidir. Şoňa görä-de, raýatlar ulagyň ekologiýa taýdan arassa bu görnüşiniň hyzmatyndan höwes bilen peýdalanýarlar. Biz munuň şeýledigine ýakynda paýtagtymyzdaky «Aşgabadyň ýalkymy» söwda merkezinde raýatlara welosipedleri wagtlaýyn ulanmaga berýän «Uçgun» welosiped hyzmatlary nokadynda alnyp barylýan işler bilen tanyş bolanymyzda aýdyň göz ýetirdik. Ol ýere baranymyzda, welosiped hyzmatlaryny ýola goýan Yhlas Taganow bizi güler ýüz bilen garşylady. Ol alyp barýan işleri hakynda şeýle gürrüň berdi:

Ekologiýa we sagdyn durmuş syýasaty dabaralanýar

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan ekologiýa çäresiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen welosipedli ýöriş halkymyzda uly ruhubelentlik döretdi. Şondan ruhlanyp, welaýatymyzda badalga berlen ekologiýa çäresi sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň aýdyň mysalyna öwrüldi. Ir säher bilen Daşoguz şäherindäki on müň orunlyk sport toplumyndan badalga alan welosipedli ýöriş Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan medeni-durmuş özgertmeleriniň netijesinde döwrebap keşbe eýe bolan welaýat merkeziniň giň köçeleri boýunça dowam etdi. Raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilýändigini, welosiped sporty bilen gyzyklanýanlaryň sanynyň artýandygyny alamatlandyran bu çäre hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, gözel Diýarymyzda sagdyn ruhly, berk bedenli täze jemgyýetiň kemala gelýändigini ýene bir gezek subut etdi.

Ekologiýa abadançylygyna gönükdirilen iri çäre

Ekologik abadançylyk baradaky alada milli Liderimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, her bir türkmenistanlynyň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek şol syýasatyň baş maksadydyr. Şoňa görä, Aşgabat şäher häkimliginiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda, 10 — 25-nji maý aralygynda Aşgabat şäherinde möhüm ekologiýa çäresi — awtoulagsyz günler geçirilýär. Bu çäräniň baş maksady döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekden, tebigata aýawly çemeleşmekden, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekden ybaratdyr. Awtoulagsyz günlerde awtobuslar, döwrebap taksiler ilata hyzmat edýärler. Şol günlerde şäheriçi gatnaw ilat üçin amatly bolar ýaly, ildeşlerimiz ir sagat 700-dan 900-a çenli, öýlän sagat 1700-dan agşam 2100-a çenli şahsy awtoulaglaryny peýdalanyp bilerler.

Terbiýeçilik we ekologiýa

Ekologiýany aýawly gorap saklamak baradaky düşünje türkmen halkyna mahsus bolan milli terbiýe mekdebiniň esasy ugurlarynyň biridir. Milli terbiýeçiligiň bu ugry babatda ata-babalarymyz ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini kemala getirmek we onuň nesilden-nesle geçirilmegini gazanmak ugrunda aladalanyp, netijeli işleri amala aşyrypdyrlar. Olar has gadymy döwürlerden başlap, öz perzentlerini ýere we suwa aýawly çemeleşmek arkaly terbiýelemäge girişipdirler. Maşgala abatlygyny gorap saklamak baradaky düşünjeleriň gözbaşyny — arassa asman, ak gar, dury suw, tämiz howa ýaly tebigatyň ençeme ajaýyplyklary bilen utgaşdyryp, päkizelige beslenen milli duýgulary tebigat bilen sazlaşykly kemala getiripdirler we şol mukaddes duýgulary öz nesillerine ruhy miras galdyrypdyrlar. Umuman aýdanyňda, wagtyň geçmegi bilen, pederlerimiz ene topragyň gudratynyň halal zähmetdedigine durmuş tejribeleriniň üsti bilen doly göz ýetiripdirler. Bu barada ençeme paýhasly jümleler, aýtgylardyr eserler döredilip, dilden-dile, nesilden-nesle geçirilipdir. Gadymy taryhy geçmişimizde her hili kynçylykly ýagdaýlara duçar bolsalar-da, beýik halkymyz öz ruhy mirasyny, ýol-ýörelgelerini ýitirmän saklamagy başaryp bilipdir. Şol kökleri gadymy müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyzyň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda gaýtadan janlandyrylyp, täze öwüşginl