"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-24-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4...+6o-dan +10...+12o aralygynda maýyl, gündizlerine +14...+16o-dan +25...+27o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+5o-dan +9...+11o aralygynda maýyl, gündizlerine +13...+15o-dan +24...+26o aralygynda maýyl bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 16-njy oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +9... +11°, gündizine +22... +24° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm. Çyglylygy 10 — 30 %.

Ülkämiziň tebigy baýlygy

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» suw serişdelerini gorap saklamagyň we rejeli peýdalanmagyň esasy ugurlary öz beýanyny tapýar. Suw desgalaryna akýan suwlardan we zeýkeş suwlardan gelýän zyýanly maddalary azaltmak, öňdebaryjy suw we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň ählumumy üýtgemegi bilen bagly uýgunlaşma çärelerini durmuşa geçirmek, suw desgalaryna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň ýollaryny kämilleşdirmek suw serişdelerini rejeli ulanmak babatda esasy ugurlardyr. Maksatnama laýyklykda, şu ýylyň awgust aýynyň 11-ne ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda göwrümi 18 million kub metre barabar bolan täze suw howdanynyň desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Suw howdanynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi Garagum derýasynyň aşak akymynda güýz we gyş döwürlerinde bol suw gorlarynyň toplanylmagyna, şeýlelikde bolsa, etrabyň çäginde bar bolan suwarymly ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmäge, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge amatly şertleri döreder. Bu işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 14-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +24... +26° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Baglar howany tämizleýär

Ekoabadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak biziň döwrümizde esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ähli ösüşlerimiziň hem şu esaslarda gazanylmagyna tarap alnan ugur Garaşsyz döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň hem esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy gorap saklamak boýunça düýpli işleriň amala aşyrylmagy, her ýylda miweli we saýaly agaçlaryň millionlarça düýbüniň oturdylmagy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykmagy mümkin bolan ýaramaz täsirleriň öňüni almaga oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa ynsan üçin zerur bolan has peýdaly mikroklimaty döredýär. Ilatyň gür ýaşaýan ýerlerinde baglaryň döredilmegi howadaky köpsanly zyýanly mikroorganizmleriň ýok bolmagyna getirýär. Bagy-bossanlyga öwrülen meýdanlaryň her gektary 200 kilograma çenli arassa kislorody bölüp çykarýar. Üstesine, şu möçberdäki bag daragtlary kömürturşy gazynyň 300 kilograma çenlisini özleşdirip, howany tämizlemäge-de gatnaşýar. Şonuň üçin bag ekmek örän peýdalydyr. Arça, çynar, söwüt, derek ýaly daragtlaryň dürli ulag serişdeleriniň köpelmegi bilen peýda bolýan zäherli gazlary zyýansyzlandyrmakda, ýel-tozanyň täsirini azaltmakda uly ähmiýetiniň bardygyny bu gün biziň köpimiz bilýändiris. Tämiz howa ýaşaýşymyzyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ýaşaýşymyz üçin zerur bolan howamyzyň arassa bolmagyny üpjün

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 12-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +19... +21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 11-17-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9-dan 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6...+8o-dan +12...+14o aralygynda maýyl, gündizlerine +19...+21o-dan +24...+26o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8-den 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5...+7o-dan +11...+13o aralygynda maýyl, gündizlerine +18...+20o-dan +23...+25o aralygynda maýyl bolar.

Abadançylyk — möhüm mesele

Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak köptaraply işi özünde jemleýär. Şunda howanyň düzümini adamyň we janly-jandarlaryň dem alýan kislorod bilen üpjün etmek üçin bagy-bossanlyklary, gül-gülälekli zolaklary döretmek, howanyň düzümine zyýanly gazlary goýberýän önümçilikleri ilatly ýerlerden bellibir daşlykda ýerleşdirmek, önümçilik galyndylaryny gaýtadan işläp, olary önümçiligiň beýleki bir ugrunda peýdaly ulanmak ýaly başlangyçlar öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda, ýurdumyzda önümçilige zyýansyz, ýagny «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze gurlup ulanylmaga berilýän zawodlardyr fabriklerde zyýanly gazlaryň mukdaryny düýpli peseldýän tehnologiýalary ulanmak üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üstümizdäki ýylda bolup geçen mejlisinde eden çykyşynda: «Daşky gurşawyň arassalygyny we baýlygyny gorap saklamak, tebigy serişdelere aýawly garamak we olary tygşytly ulanmak, önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarydyr» diýip belläp geçmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 —11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm. Çyglylygy 20 — 40 %.

Garaşsyz Türkmenistan: durnukly ösüş we ekologiýa

Döwletimiz BMG-niň tebigaty goramak baradaky ylalaşyklaryny, şol sanda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýany, Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýany, Çölleşmä garşy göreş baradaky Konwensiýany, Biologik dürlülik hakyndaky Konwensiýany, Ozon gatlagyny goramak hakyndaky Wena Konwensiýasyny, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna we olaryň çykarylyşyna gözegçilik etmek baradaky Bazel Konwensiýasyny, Habara elýeterlilik, kararlary kabul etmek işine jemgyýetçiligiň gatnaşmagy hem-de daşky gurşawa dahylly meseleler boýunça adyl kazyýetlige elýeterlilik hakyndaky Orhus Konwensiýasyny, Serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri peýdalanmak hakyndaky Konwensiýany, Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýany hem-de howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny goldamak bilen, olardan gelip çykýan borçnamalaryny yzygiderli amala aşyrýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri, hususan-da, BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkezi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy we beýleki abraýl

Suwly ýer — gül

Halkymyzyň arasynda her damjasy altyn dänesine deňelýän suwuň gadyr-gymmaty başgaça. Ýaşaýyş-durmuşymyzy suwsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Suw ýaşaýyş üçin esasy zerurlyklaryň biri bolmak bilen, ösümlik we haýwanat dünýäsinde-de dirilik çeşmesi hasap edilýär. Şonuň üçin suw üpjünçiligi esasy meseleleriň biri bolup, halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak we onuň gorlaryny goramak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, gurplulygyny ýokarlandyrmak boýunça ýurdumyzda köpugurly işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabatda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Gadymy türkmen topragy suwarymly ekerançylygyň ilkinji mekanlarynyň biri bolupdyr. Ata-babalarymyz bol hasyl berýän bereketli toprakda ýaşamak bilen, ýeri işläp bejermegiň, suwa sarpa goýmagyň we ony tygşytly ulanmagyň nusgalyk usullaryny bize miras galdyrypdyr» diýip belledi. Şeýle bolansoň, ata-babalarymyz «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl», «Daýhanyň hazynasy — ýer, suw», «Damja suwdan tal çykar», «Ýer görki — suw, suw görki — guw», «Suw ýygnanyp köl bolar...» diýen ýaly nakyllary, atalar sözlerini, pähimleri döredipdirler.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 7-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +7... +9°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 741 mm. Çyglylygy 30 — 50 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 5-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10... +12°, gündizine +20... +22° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 4-10-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6...+8o-dan +10...+12o aralygynda maýyl, gündizlerine +15...+17o-dan +21...+23o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: az-kem bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +5...+7o-dan +9...+11o aralygynda maýyl, gündizlerine +14...+16o-dan +20...+22o aralygynda maýyl bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 2-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +10... +12°, gündizine +19... +21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm. Çyglylygy 25 — 45 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 25-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +21... +23°, gündizine +33... +35° maýyl bolar. Howanyň basyşy 728 mm. Çyglylygy 20 — 40 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 23-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +21°, gündizine +34... +36° maýyl bolar. Howanyň basyşy 729 mm. Çyglylygy 5 — 25 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 21-nji sentýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +19... +21°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 731 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Ekologiýa syýasaty dabaralanýar

Häzirki wagtda dünýäde global ýylama giňden ýaýbaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bu ugurda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ynsanperwerligiň ýokary nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyz diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, sebitiň, dünýäniň halklarynyň aladasyny etmek maksady bilen umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Ýeriň daşyndan aýlanýan hemralardan we Ýerdäki gözegçilik merkezlerden alynýan maglumatlar howadaky parnik gazlarynyň ýaramaz galyndylarynyň, esasan hem, kömürturşy gazynyň artýandygyny görkezýär.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-26-sy aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: az bulutly, hepdäniň ahyrynda az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18...+23o, gündizlerine +31...+35o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: az bulutly, hepdäniň ahyrynda az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 6-8-den 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17...+22o, gündizlerine +30...+34o aralygynda maýyl bolar.