"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Agaçlar plast ikleri arassalaýar

Germaniýaly alymlar gaýyň agaçlarynyň howadaky mikroplastikleri özüne çekýändigini anykladylar. Bu açyşyň howanyň hapalanmagynyň öňüni almakda täsirli boljakdygy bellenilýär. Ylmy barlagy «Studio Austen », IGB we Nemes Ýer bilimleri barlag merkeziniň alymlary amala aşyrdylar. Geçirilen barlagda gaýyň agaçlarynyň we beýleki uzak ýaşaýan agaçlaryň mikroplastikleri özüne çekýändigi we dokumalarynda saklaýandygy ýüze çykaryldy. Gaýyň agaçlary köp wagtdan bäri senagat galyndylaryny we metal külkelerini özüne siňdirýändigi sebäpli zeper ýeten tebigaty dikeltmek üçin ekilýär. Netijeleri «Biofuels Digest » neşirinde çap edilen bu ylmy işde mikroplastik monjuklar gaýyň agajynyň köküniň golaýyna, topraga garylypdyr. Bäş aýdan soňra agajyň köki barlananda mikroplastikler tapylypdyr. Täzegül ÝUSUPOWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Bir na­hal ek­seň, öm­rüň ba­ky

Şu ýy­lyň 11-nji few­ra­lyn­da geçirilen Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we eko­lo­gi­ýa me­se­le­si­ne hem aý­ra­tyn üns be­ril­di. Hal­ky­myz­da bag ek­mek, idet­mek so­gap hem ha­ýyr­ly iş ha­sap­lan­ýar. Bag ba­ra­da bir­nä­çe aýt­gy­lar, pä­him­ler, pa­ra­sat­ly söz­ler bar. Gor­kut ata­nyň: «Bir na­hal ek­seň, öm­rüň ba­ky» diýip, bag ba­ra­da aý­dan pä­hi­mi mu­ňa şa­ýat­lyk ed­ýär.

«Tug reňli baglar sendedir...»

Baharyň tebigata jan berip, töwerek-daşy gözel görnüşe beslemegi adamlara ruhubelentlik eçilip, özboluşly baýramçylyk joşgunyny emele getirýär. Şeýle günlerde tebigata çykmak, onda-da bu görkana görnüşe goşandyňy goşmak her birimizde ýakymly duýgulary döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýylyň-ýylyna Diýarymyzyň çar künjeginde bag ekmek dabaralarynyň ýaýbaňlanmagy bolsa indi halkymyzyň özboluşly dessuryna öwrüldi. Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 4-nji martda geçirilen mejlisinde milli Liderimiziň «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekmegi hem bu ajaýyp dessuryň şu ýylky dowamyna badalga boldy. Ýurdumyzda ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasy her ýylda Halkara Nowruz baýramy bilen utgaşdyrylyp geçirilýär. Çünki gadymy döwürlerden bäri ýaşaýşyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramda ýaşyl nahallaryň ekilmegi iň bir gowy maksatlaryň kalba beslenmegini alamatlandyrýar. Munuň özi ekýän nahallarymyz ýaly, her birimiziň Watan üçin amala aşyrýan işlerimiziň düýp tutup, ösüp, halka, şu topraga eşret eçilmegi baradaky pelsepedir.

Biologik serişdeleriň aýawlylygy

Hormatly Prezidentimiziň ekologik syýasatyny amala aşyrmagyň hukuk esaslaryny düzýän kanunçylyk namalarynyň biri hem «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Ol 2011-nji ýylda kabul edilip, balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak babatdaky işiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýär. Bu Kanun 10 bapdan, 52 maddadan ybarat bolup, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar. Türkmenistanyň balyk tutmak we suwuň bioserişdelerini gorap saklamak hakyndaky kanunçylygynyň esasy ýörelgeleri suwuň bioserişdeleriniň köpeldilişine, goralyşyna döwlet gözegçiligine, balyk hojalyk ähmiýetli suw desgalarynyň rejeli peýdalanylyşyny dolandyrmaga, suwuň bioserişdeleriniň monitoringine, seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy astyndaky suwuň bioserişdelerini goramaga esaslanýar.

Ýaşyl tebigat — ýaşaýyş

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny, arassa ekologiýa gurşawyny döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ähli welaýatlarymyzda we paýtagtymyz Aşgabatda her ýylda köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň geçirilýändigi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Geçen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli 30 million düýp agaç nahallary oturdyldy. Bag ekmek ýaly ata-babalarymyzdan bize miras galan sogaply işiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem ýurdumyzda mynasyp dowam etdirilýändigi aýratyn bellärliklidir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 4-nji martynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekmegi hem aýratyn buýsandyryjy waka boldy. Oňa laýyklykda Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we merjen şäherimiz Aşgabatda ýaşyl zolaklaryň täze tapgyry dörediler. Munuň özi eziz Watanymyzda arassa howa gurşawyny döretmekde, halkymyzyň sagdyn we ruhubelent ýaşaýşyny üpjün etmekde nobatdaky möhüm ädim bolup durýar.

«Bagym bar, barym bar»

Uly ruhubelentlik bilen dowam edýän 2022-nji — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda türkmen halkynyň ata-baba däbine öwrülen bag ekmek ýörelgesi bu günki gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş türkmenistanlylaryň kalbyna aram, ýüregine joş, dünýäsine eşret goşýar. «Ata kesbi ogla halal» diýlişi ýaly, atalarymyzdan ogullara — häzirki türkmen nesillerine çenli dowam edip gelýän bu asylly ýörelgämiziň asyl manysy bagdyr bakjalaryň ekilmeginiň adam saglygyny berkidýändigi bilen baglanyşyklydyr. Baglar — ylham çeşmämiz, saglygymyzyň gözbaşy, arassa howamyzyň Ýer ýüzüne dolmagynda iň möhüm serişdämiz bolup durýar. Saglygy döwlet baýlygyna deňäp, özüne baş ýörelge edinip, «Saglygym — baş baýlygym» diýýän türkmen halkymyz soňky ýyllarda, hususan-da, asylly däbe öwrülen ählihalk bag ekmek dabarasyna uly joşgun, hyjuwdyr isleg bilen gatnaşýar. Köpetdagyň eteginden başlap, mukaddes Watanymyzyň her garyş topragyny bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen ýurdumyzda her ýyl ählihalk bag ekmek dabarasy ýokary ruhubelentlikde geçirilýär.

Bagy-bossanly mekan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna ideg etmek işleri talabalaýyk dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda» Kararyna laýyklykda, 20-nji mart güni ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy guralar. «Geljegiň ähli gülleri şu günüň tohumlarynyň içindedir» diýen pähim bar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan beýik işler hemişe şanly geljegi nazarlaýar. Täze taryhy eýýamymyzda daşky gurşawy gorap saklamak, tebigatyň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Tebigata, daşky gurşawa degişli kämil kanunlar, taryhy kararlar kabul edilýär. Umumadamzat bähbitli meseleleri çözmek boýunça ylmy-amaly maslahatlar, halkara forumlar yzygiderli geçirilýär.

Bagy-bossanly Diýar

Halkymyzda «Bag eken baky ýalkanar» diýen nakyla öwrülen jümle bar. Bu çuň manyly jümläniň aňrysynda bag ösdürip ýetişdirmegiň, oňa ideg etmegiň örän asylly we sogap işdigi hakdaky hakykat dur. Bu gün Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän giň göwrümli, maksatnamalaýyn işler ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine, gymmatly wesýetlerine berk eýerilip, olaryň täze döwrüň ruhuna laýyklykda baýlaşdyrylýandygynyň buýsançly subutnamasydyr. Ýurdumyzda her ýylda ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerine dabaraly ýagdaýda badalga berilýär hem-de Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça şeýle asylly işlere jemgyýetiň ähli gatlagynyň wekilleri işjeň goşulýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeginde pürli, saýaly we miweli baglaryň on millionlarça düýbüniň oturdylyp, täze ýaşyl zolaklaryň emele gelmegi güneşli Diýarymyzy bagy-bossanly mekana öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygynyň görkezijisidir. 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň hormatyna ýurdumyzda 25 million, 2021-nji ýylda bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň şanyna 30 million düýp miweli, saýaly, pürli baglaryň hem-de üzümiň ekilendigini bellemek has-da ýakymlydyr.

Tokaýlaşdyrmagyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döredilýän emeli tokaý zolaklarynda ekilýän sosna, arça, tuýa, ak akasiýa, derek, söwüt we dub agaçlary fitonsid maddasyny bölüp çykarýarlar. Bu madda adamyň we haýwanlaryň saglygyna zyýan berýän keselleriň mikroorganizmlerini hem-de bakteriýalaryny ýok etmek hasiýetine eýedir. Alymlaryň pikiriçe, pürli agaçlaryň tokaýlygynda kesel dörediji bakteriýalar saýaly agaçlaryň tokaýlygyndan 2 esse az bolýar. Mysal üçin, bir gektara ekilen arçalar gije-gündiziň dowamynda 30 kilograma golaý fitonsid bölüp çykarýarlar. Sosnanyň bölüp çykarýan fitonsidi inçekeseli dörediji bakteriýany ýok edýär. Gara derek özünden köp kislorody bölüp çykarýan agaç hasaplanýar. Ol örän çalt ösýär hem-de bir ýylyň dowamynda 100 kub kislorody bölüp çykarmak ukybyna eýedir. Hasaplamalara görä, gara deregiň ösüş döwründe bölüp çykarýan kislorodynyň möçberi tutuş gury agramyndan 1,32 esse, şeýle hem onuň gury agramyndan howadan sorup alýan kömürturşy gazynyň agramy 1,82 esse köpdür. Şeýle hem gara derek howanyň ýere golaý gatlagynyň arassalanmagyna ýardam edýär. Ol 35 metr beýiklige çenli ösýär hem-de 300 ýyla golaý ýaşaýar. Bu agajyň kölegesiniň salkynlygy howanyň yssy wagtyndakydan 20 göterim pes bolýar.

Tebigaty goramak — borjumyz

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak hem-de tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bag nahallaryny oturtmak toplumlaýyn çäreleriň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 18-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Karara gol çekildi. Şol Karary ýerine ýetirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda şu ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakda Karara gol çekdi. Onda şu ýyl ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirilýär. Şonuň 1,5 millionyny Aşgabat şäheriniň häkimligi we beýleki edaralar, 1,5 millionyny welaýat häkimlikleri eker. Şeýle hem olara miweli bag we üzüm nahallaryny aýratyn kesgitlenen ýerlerde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen nahallaryň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Wodorod energetikasynyň mümkinçilikleri

Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek hem-de howa zyňylýan kömürturşy gazyny azaltmak üçin ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalary ulanmak meselesi örboýuna galýar. Şundan ugur alnyp, nebiti we kömri ýangyç hökmünde ulanmaga bolan isleg peselip, olar ekologiýa taýdan arassa tebigy gaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen çalşylýar. Geljekde netijeli energiýa çeşmelerini ösdürmek we howany zyýanly zyňyndylardan arassalamak ugrundaky çärelerde wodorod energetikasyna uly orun degişli bolar diýlip çaklanylýar. Wodorod dünýäde iň giň ýaýran elementleriň biridir. Bilermenleriň bellemeklerine görä, älemdäki ähli elementleriň düzüminiň 99 göterimi wodoroddan ybaratdyr. Ýer togalagynyň jümmüşinde hem wodorodyň ägirt uly gorlary bolup, onuň iň giň ýaýran ýüze çykmasy suwdur. Suwuň molekulasy iki wodorod we bir kislorod atomyndan ybarat. Häzirki wagtda önümçilikde ulanylýan wodorod diňe emeli usulda öndürilýär. Soňky ýyllarda wodorody gazylyp alynýan çig mallardan almak usuly tehnologiýa taýdan özleşdirildi.

Bag — barlyk hem baýlyk

Türkmençilikde daş-töweregiňi bagy-bossanlyga öwürmeklige ähli döwürlerde hem borç hökmünde garalypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelgeler täzeçe röwüşde dowam etdirilýär. Älemgoşarly ýaz paslynyň ajaýyp görnüşlerinden kalby hyjuwly halkymyz daş-töweregimiziň gülzarlyga beslenmegine ähmiýet berýär. Ýurdumyzda saýaly we miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek baradaky işler günsaýyn kämilleşýär. Bu bolsa ösümlikleriň görnüşleriniň artmagyna getirýär, daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir edýär. Türkmenistanda her ýylda baharyň ilkinji günlerinde bag oturtmagyň ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary derejede — hakyky zähmet baýramçylygynyň ruhunda geçirmek däbe öwrüldi.

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň mart aýynyň 14-20-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...+2o-dan +5...+7o aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+4o-dan +10...+12o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...+1o-dan +4...+6o aralygynda maýyl, gündizlerine +l...+3o-dan +9...+11o aralygynda maýyl bolar.

Ählihalk bag ekmek dabarasy

«7/24.tm», № 11 (94), 14.03.2022.  Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek maksady bilen, şeýle-de «Türkmenistanda 2022-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynyň 18-ine çykaran Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda mart aýynyň 20-sine ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Munuň bilen baglanyşykly ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bag ekmek dabarasy bahar paslynda tebigatyň aýratyn sahawatly häsiýete eýe bolýandygy, mähriban topraga söýgini özünde jemleýän ruhy däplere ygrarlylygy alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe bagyşlandy. Dürli nahallary ekmek ýurdumyzda amatly ekologiýa ýagdaýynyň emele gelmegini üpjün edýär. Şonuň üçin häzirki döwürde ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak ählihalk işi hökmünde bagtyýar durmuşymyzda giňden ýaýbaňlanýar.

Tebigatyň goraglylygy — durmuşyň gözelligi

Ekologiýa diplomatiýasy umumadamzat meselesidir, özi-de juda wajypdyr. Ýer togalagy — biziň umumy öýümiz, onuň haýsydyr bir künjeginde bolýan tebigy hadysa beýleki yklymlara hem belli bir täsirini ýetirýär. Şonuň üçin Halk Maslahatynyň taryhy mejlisindäki çykyşynda milli Liderimiz döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllary içinde düýpli kämilleşen ekologiýa diplomatiýasynyň mundan beýläk-de has giňeldilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy gorap saklamak ugrunda bitirilýän işler sanardan kän. Garagumuň gujagynda döredilen hem-de taslama kuwwaty artdyrylýan «Altyn asyr» Türkmen köli hakykatda ekologiýa abadançylygynyň tutuş Aziýa yklymyndaky nusgasydyr. Ekologlar bu kölüň kenarynda öň görülmedik guşlaryň dürli görnüşleriniň gyşlamaga galýandygyny ýa-da pasla görä düşläp geçýändigini eýýäm hasaba aldylar. Guşlar ekologiýa diplomatiýasynyň habarçylarydyr. Olar diňe howpsuz, ot-iými ýeterlik, rahat ýerde düşleýär ýa-da hemişelik höwürtge edinýärler.

Ýagşydan bag galar

Bag ekip ýetişdirmek halkymyzda hemişe-de iň bir sogaply, haýyrly iş hasaplanyp gelinýär. Muny pederlerimiziň paýhas ummanynyň miwesi bolan «Gury agajy egmegin, degmedige degmegin», «Agaç barly bolsa, başy aşak», «Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan», «Bag — barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Ýagşydan bag galar, ýamandan ýürekde dag» ýaly nakyllar hem tassyklaýar. Bag-bossanlygyň tebigata, adamzada diňe bir gözellik eçilmän, onuň saglygyň, arassalygyň çeşmesidigini hemişe nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün Diýarymyz ägirt uly seýilgähi ýada salýar. Diňe geçen ýylyň özünde 30 million düýp bag nahallarynyň oturdylmagy hem bu işde ägirt uly öňegidişligi emele getirdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 4-nji martda geçirilen mejlisinde «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda, 20-nji martda geçirmeklik soňky ýyllarda asylly dessura öwrülen bag ekmek daşky gurşawyň goraglylygyna, durmuşymyzyň ýylsaýyn gözelleşmegine gönükdirilen ýazky çärelere badalga bolar. Hormatly Prezidentimiz salkyn saýa berýän, miweli baglary ýetişdirmek işlerine aýratyn üns berýär. Hut şonuň üçin hem her ýylyň ýazky we güýzki bag ekmek möwsümine badalga berilmegi ýurdumyzda baýramçylyk ruh

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň mart aýynyň 7-13-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-10-dan 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+5o-dan +9...+11o aralygynda maýyl, gündizlerine +11...+13o-dan +23...+25o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+4o-dan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +10...+12o-dan +22...+24o aralygynda maýyl bolar.

Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelliklerini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin gorap saklamak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Biodürlüligi gorap saklamak, çölleşmä garşy göreşmek babatda durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa syýasaty üstünlikli ösdürilýär. Milli Liderimiz 11-nji fewralda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda: «Ekologiýa diplomatiýasyny mundan beýläk-de wagyz etmek biziň üçin örän möhüm soraglaryň biri bolup durýar. Biz bu ugurda halkara guramalar bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy alyp bararys. Şu ugurda Gaaga konwensiýasyna laýyklykda alnyp barylýan işler hem biziň üçin möhümligine galar» diýip belledi. Munuň özi ekologiýa diplomatiýasyna döwlet Baştutanymyz tarapyndan berilýän aýratyn ünsüň nyşanydyr.

Milli binagärlikde döwrebap ugur

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde geljek 30 ýyla gönükdirilen Maksatnamanyň taslamasynda esasy göz öňünde tutulan wezipeler barada bellenildi. Olaryň hatarynda «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça hem giň göwrümli wezipeler bar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň sebitde «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga girişmek boýunça öňdäki orunlary eýeleýändigi buýsandyryjy hakykatdyr. Milli ykdysadyýetiň desgalarynyň ekologiýa taýdan arassa, önümçiligiň tebigata zyýan ýetirmeýän «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanmagyna uly üns gönükdirýär. Milli ekologiýa syýasatynyň aýrylmaz bölegi hem «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryny giň gerimde ornaşdyrmak we bu ugurda ylmy işleriň netijeliligini gazanmak bilen baglydyr. «Ýaşyl» tehnologiýalar, esasan, «ýaşyl» gurluşyklarda — ekogurluşyklarda giňden ulanylýar. «Ýaşyl» gurluşygyň usullary esasynda binalar, desgalar gurlanda we olar peýdalanylanda, sökülende-de, umuman, olaryň hyzmat edýän döwrüniň tutuş dowamynda daşky gurşawa täsiri az bolýar. Beýle binadyr desgalar tebigy serişdeleri, energiýany tygşytlamaga we aýawly ulanmaga ýardam etmek bilen birlikde, ýokary hilliligi, amatlylygy, çykdajylarynyň arzanlygy bilen tapawutlanýar. «Ýaşyl» gurluşyklaryň usullary we tehnologiýasy barha kämilleşdirilýär we öwrenilýär. Ekologiýa medeniýetiniň ösmegi bilen, adamlarda «ýaşyl» gurluşyklar

Türkmenistan boýunça 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 28-i — mart aýynyň 6-sy aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+5o-dan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +13...+15o-dan +21...+23o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+4o-dan +7...+9o aralygynda maýyl, gündizlerine +12...+14o-dan +20...+22o aralygynda maýyl bolar.