"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Tebigat — biziň öýümiz

JennetI mekana öwrülýär Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary tebigaty goramak meselesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda kabul edýän kararlary tebigatyň bize eçilen baýlyklaryny tygşytly peýdalanmaga we olary gorap saklamaga gönükdirilendir.

Tebigatyň gözelligini goralyň!

Ýur­du­my­zyň gym­mat­ly te­bi­gy baý­lyk­la­ry­nyň bi­ri to­kaý-se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­dyr. Or­ta boý­ly bir bag bir gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da üç ada­myň dem al­ma­gy üçin ge­rek­li kis­lo­ro­dy gaý­ta­dan iş­läp bö­lüp çy­kar­ýar. To­kaý-se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň bir gek­ta­ry bol­sa, şol bir wag­tyň özün­de bäş müň ada­myň dem alyp bö­lüp çy­kar­ýan ýig­ri­mi dört ki­log­ram kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ne çek­ýär. Bir ýy­lyň do­wa­myn­da to­kaý-se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň bir gek­ta­ry el­li­den ýet­miş ton­na çen­li to­za­ny öz üs­tün­den ge­çi­rip, ho­wa­nyň eko­lo­gi­ýa taý­dan has-da aras­sa bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Di­ýa­ry­my­zyň to­kaý-se­ýil­gäh zo­lak­la­ryn­da ýan­gyn­la­ryň dö­re­me­gi­niň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len ka­rar esa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Döw­let ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te me­ýil­na­ma dü­zül­di, Döw­let ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­rin­den dü­zü­len to­par­lar ta­ra­pyn­dan gö­zeg­çi­lik iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.

Gojaman Garagumuň goýnunda

Her ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem tomus dynç alyş möwsüminde gojaman Garagumuň goýnuna gezelenç etmegi ýüregime düwdüm. Ajaýyp sähranyň gözel künjekleri, altyna çalym edýän saralyp ýatan düzlükleri, ösümlikleriň gül açyp, gözelligine gözellik goşýan Garagumuň özboluşly ajaýyp görnüşi özüne bendi edýärdi. Ata-babalarymyzyň «Är dogan ýerini küýsär...» diýşi ýaly, ýaşlyk ýyllarymyň geçen gyzykly, ýatdan çykmajak günleri Garagum sährasynyň goýnunda geçenligindenmi ýa-da arassa howanyň adam bedenine edýän täsiriniň ýokarylygyndanmy, garaz, bu sähralykda gezelenç etmek maňa lezzet berýärdi.

Geçiguş – bagty buşlaýan guş

Gadymy Garagum sährasynyň goýny ösümlik dünýäsine baý bolşy ýaly, haýwanat we guşlar dünýäsine hem örän baý. Ylaýta-da, bu ýerde serçeler maşgalasyndan bolan geçiguşa örän köp duş gelmek bolýar. Geçiguşlar köplenç çopan goşlarynyň golaýynda, adamlaryň mesgen tutunan ýerleriniň töwereginde, ösümlikleriň, ýabany agaçlaryň, şol sanda gyrymsy agaçlaryň şahalarynda ýaşaýarlar. Guşlary öwreniji alymlaryň bellemeklerine görä, bu guşlar dünýäniň çar künjegine ýaýrapdyr. Tokaýçylar geçiguşlary tokaýlaryň hakyky sanitarlary — «şepagat berijileri» hasaplaýarlar. Çünki bu guşlar agaçlara zyýan beriji mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Geçiguşlaryň görnüşleri köpdürli bolup, olaryň Garagum sährasynda ýaşaýan görnüşleriniň köpüsiniň ganatynyň hem-de garnynyň aşagyndaky perleri agymtyl ýa-da sarymtyl, ganatlarynyň üsti bolsa köplenç çäge reňkli melemtil, kä halatlarda bolsa, gögümtil mele öwüsýär.

Sähra pyşdylynyň ýaşyny nädip kesgitlemeli?

Tebigatda ýaşaýan haýwanlaryň daşky keşbinden olaryň ýaşynyň näçedigini bilmek hemmämiz üçin gyzykly bolsa gerek. Hereketi haýal bolan üýtgeşik jandarlaryň biri hasaplanylýan sähra pyşdylynyň ýaşyny kesgitlemegiň hem dürli usullary bar. Sähra pyşdylynyň daşky keşbine görä ýaşyny anyklamagyň bir usuly onuň gapaklaryndaky örtülen gaty gabyklaryny sanamak arkaly geçirilýär. Täze ýumurtgadan çykan pyşdyl çagalarynyň bedenindäki gapagy ýuka bolup, ol wagtyň geçmegi bilen ýuwaş-ýuwaşdan gataýar. Sähra pyşdylynyň arkasyndaky gapagy «karapaks», garnyndaky gapagy «plastron» diýlip atlandyrylýar. Plastron mese-mälim görnüp duran 16 bölege, karapaks bolsa 13 bölege bölünýär. Karapaksyň böleklerinde agaçlaryň kese-kesigindäki ýyllyk halkalary ýada salýan konsentriki halkalary bar. Edil agajyň ýaşynyň kesgitlenilişi ýaly şol halkalaryň sanyna görä sähra pyşdylynyň hem ýaşy kesgitlenilýär. Sähra pyşdyly dünýä inenden soň ilkinji 2 ýylynda has çalt ösýär. Karapaksyň böleklerindäki birinji halka pyşdyl çagasy ýumurtgadan çykandan soň 3 – 6 aýlygynda emele gelýär. Soňra her ýylyň dowamynda 1 ýa-da 2 halka peýda bolup ugraýar. Pyşdylyň ýaşy ulaldygysaýyn onuň ýaşyny kesgitlemek şonça-da kynlaşýar. Sebäbi karapaksyň böleklerindäki halkalaryň sany köpelip, gapak tekizleşip ugraýar we ol halkalary sanamak gaty kyn bolýar. Takyk maglumat almak üçin karapaksdaky 3 ýa-da 5 sany bölekdäki halka

Garagum sährasyndaky sazak ösümligi

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Sazak ösümligi biziň Türkmenistan döwletimiziň Garagum sährasynda ösüp ýetişýän köpýyllyk ösümlikdir. Ösümligiň häsiýetli aýratynlygy öz-özüňden tebigi taýdan köpelmek bilen bir sazagyň doly ösüp ýetişmekligi üçin ortaça 15-20 ýyl töweregi wagt gerek bolýar. Garagum sähramyzda bitýän sazak ösümligi barada halkymyz tarapyndan peýdaly maglumatlar bar. Howanyň çyglylygyny saklamakda, arassalygyny ýokarlandyrmakda, şeýle hem dermanlyk häsiýetli aýratynlyklary-da bardyr. Diňe bir mallara ot-çöp bolmak bilen çäklenmän, adam saglygy üçin hem örän peýdaly ösümlikdir. Ol göz kesellerinde irki zamandan bäri bejermekde halkymyzyň arasynda giňden peýdalanylypdyr. Sazagyň ajy tüssesi gözüň sowuklama ýagdaýyny hem ajy tüssäniň göze siňmegi bilen gözden monjuk-monjuk ýaş akmagy gözi arassalaýar diýlen peýdaly sözler halkymyzyň arasynda saklanyp galypdyr. Bulardan başga-da, Garagum sähramyzdaky obalarda ýaşaýan adamlar, esasan-da, türkmen göreşi bilen meşgullanýan pälwanlaryň aýtmagyna görä, sazaklyk ýerde türgenleşmek işi geçirilende, adam saglygy üçin örän peýdalylygyny nygtap aýdýarlar. Sazak ösümliginiň hoşboý ysy jana şypa berýär. Ruhy hem-de beden taýdan taplanmagyň üçin örän haýyrlydyr.

Tebigaty goramak ekologiýa abadançylygynyň binýadydyr

Türk­me­nis­tan te­bi­gy baý­lyk­la­ra baý ýurt­dur. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Daş­ky gur­şaw bi­len gat­na­şy­gy saz­la­şyk­ly gu­ra­ma­ga, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa yk­dy­sa­dy­ýe­ti dö­ret­mä­ge mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Daş­ky gur­şaw, ýag­ny te­bi­gat adam­za­dyň iň uly baý­ly­gy­dyr. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de te­bi­ga­tyň gö­zel­lik­le­ri­ni go­ra­mak, bag na­hal­la­ry­ny oturt­mak asyl­ly ýö­rel­ge­le­re öw­rül­di. Şeý­le hem daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça yl­my iş­le­ri alyp bar­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şeý­le giň müm­kin­çi­lik­le­riň esa­syn­da hem te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji alym­lar bu ugur­da asyl­ly iş­le­ri­ni alyp bar­ýar­lar. Hut şu­nuň ne­ti­je­sin­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler yl­my esas­la­ra da­ýan­ýar. Te­bi­ga­ty go­ra­mak iş­le­ri­niň yl­my esas­da ýo­la go­ýul­ma­gy eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na, yn­san sag­ly­gy­na, adam­la­ryň dynç al­şy­na oňat ýar­dam ed­ýär.

Ösümliklerden taýýarlanylýan dermanlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Ýur­du­my­zyň çä­gin­de duş gel­ýän der­man­lyk ösüm­lik bo­lan gum ço­mu­jy ba­ra­da mag­lu­mat

Seýrek görünýän guş

Golaýda Balkan welaýatynyň häzirki Magtymguly etrabyndaky Daghojagala geňeşliginiň Gargyly obasynda iş saparynda bolduk. Belentli-pesli, çeşmeli, baglary ir-iýmişli, tebigaty täsin ýerde düşledik. Garaşylmadyk pursatda, baglaryň ýokarky şahalarynda çalasyn hereket edýän, juda seýrek görünýän bu sary reňkli guşy sanly fotoenjam arkaly surata düşürmek başartdy. Aşgabada gaýdyp gelenimizden soň, kitaplary açyp hem internet arkaly tüýdük owazly şol guş barada anykladym. Halkara gyzyl kitaba ady girizilen bu guşuň ady sargyldak. Gyzyl çüňkli, mäkiýany çalymtyl guşuň dünýäde 38 görnüşi bolup, şolaryň biri biziň ýurdumyzda bar eken. Alasardan ulurak bu goňur ganatly guşlar on bäş ýyl töweregi ýaşaýar. Köplenç, ýeke gezýän sargyldak tokaýlarda gür iýmişli baglarda, käwagt baglaryň seýregräk ýerinde-de duşýar.

Gözellik nusgasy — çynar

Dünýä ýurtlarynyň köpüsiniň nyşanyna öwrülen agaçlar bolýar. Mysal üçin, Gresiýada bu hormat zeýtun, Ýaponiýada sakura, Kanadada kerkaw, Awstraliýada altyn akasiýa, Russiýada we Finlýandiýada gaýyň agajyna... degişlidir. Çynar agajyny weli, gündogar halklarynyň köpüsine degişli edip bolar. Sebäbi bu agajyň ady gözelligiň, syrdamlygyň, berkligiň... nyşany hökmünde gündogar halklarynyň ählisiniň diýen ýaly halk döredijiliginde duş gelýär. Bu agajyň ady «belent», «uzyn» ýaly manylary berýän türki sözden gelip çykypdyr. Biziň halkymyzda-da uzyn boýly, owadan, sagdyn... bolup ýetişmegini arzuwlap, gyz çaga Çynar ady dakylýar. Çynaryň saglyga peýdasy adamzada gaty ir döwürlerde belli bolupdyr. Gadymy Rimde çynaryň miwelerinden gaýnadylan dermanlyk içgini ýaralanan, endamyny sowuk aldyran esgerlere beripdirler. Onuň kökünden taýýarlanan içgini ýylan çakanda içiripdirler. Gadymy Rim lukmany Kwint Seren Samonik çynaryň ýapraklaryny gasynlaryň garşysyna peýdalanmagy maslahat beripdir. Rimli zenanlar çynar ýapragy gaýnadylan suwa ýuwnup, onuň gaýnan löderesinden ýüzlerine ýapgy edipdirler. Gerodotyň «Taryhynda» bolsa pars patyşasy Kserksiň çynaryň gözelligine haýran galyp, ony altyn şaýlar bilen bezäp, gorag astyna alandygy barada aýdylýar. Gündogarda keramatly hasaplanansoň, çynaryň suratyny metjitlerdäki mozaikalarda hem görmek bolýar.

Tebigat — göwünleriň ganaty

Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda kabul edilen ähli iri milli özgertmeler maksatnamalary we meýilnamalary Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlary, şol sanda ekologiýa düzümi bilen berk utgaşýar. Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretleri nazara alnyp, ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen bitirilýän beýik işler halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Hut şu belent maksatlardan ugur alnyp, ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilip geçilýär. Ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli amal etmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ilat üçin oňyn şertleri döretmek babatdaky strategiýa dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky çagyryşlaryna, tagallalaryna doly laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen tebigatyny bagy-bossanlyga büremek we gülzarlyga öwürmek ugrunda ýadawsyz aladalary ynsan saglygyna oňyn täsir edýän amatly daşky gurşawyň durnuklylygyny saklamagyň, adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmegiň baş wezi

Tebigaty ýangyndan goralyň!

Dynç günlerinde ýa-da zähmet rugsady wagtynda howanyň yssy günleri ildeşlerimiz maşgala agzalary bilen tämiz howaly, akar suwly tokaý-seýilgäh zolaklarynda dynç alýarlar. Ol ýerlerde nahar bişirmek üçin ot ýakmagyň özboluşly düzgünlerini berjaý etmezden, ýangynyň ýüze çykmak howpuny döredýärler. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda köpçülikleýin dynç alynýan ýerlerde ot ýakmak doly gadagan edilýär. Eger-de çykgynsyz ýagdaý emele gelende, ot ýakmak üçin, çägeli ýa-da akar suwuň golaýynda ýerleşýän daşlyk ýerden peýdalanmaly. Ot ýakylmazdan öň, şol ýeriň 15 metr daş-töweregi guran ot-çöplerden topraga çenli arassalanmalydyr. Ody ýarym metr çuňlukda ýa-da daşlyk ýer bolanda, töweregine daşlary örüp ýakmalydyr. Otdan peýdalanyp bolnandan soň, ot, suw, gum ýa-da çäge sepilip, doly söndürilmelidir. Dynç almaga maşgala bolup gidilende, çagalary gözegçilikde saklap, olaryň ot bilen garagolluk etmekleriniň öňi alynmalydyr. Kähalatlarda adamlaryň köpüsi özleriniň şahsy awtoulaglary bilen tebigata çykýarlar we guran ot-çöpleriň üstlerini basalap geçýärler. Bu bolsa iň bir howply ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna getirýär. Sebäbi awtoulagyň tüsseçykaryndan guran ot-çöplere uçgun düşüp, ýangynyň döremegine getirjekdigi ikuçsuzdyr. Käbir ýagdaýlarda bolsa sürüjiler dynç alyş ýerlerinde şahsy awtoulaglarynda bejeriş-abatlama işlerini geçirip, ellerini ýa-da awtoulagyň şaýlaryny esgiler bilen süpürip,

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 117-nji sanynda). Togalak daşlar

Eziz Di­ýa­ry­my­zyň gözel te­bi­ga­ty

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de daş­ky gur­şa­wy, bioköp­dür­lüli­gi go­ra­mak hem-de art­dyr­mak, te­bi­gy baý­lyk­lar­dan re­je­li peý­da­lan­mak ug­run­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ugur­da «Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da Mil­li stra­te­gi­ýa­nyň» re­je­le­nen gör­nü­şi, şeý­le hem Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy we ola­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­la­ry ka­bul edil­di. Ýur­du­myz­da te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär, şol san­da halk ho­ja­lyk pu­dak­la­ry ta­ra­pyn­dan eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­nyň we eko­lo­gi­ýa gö­zeg­çi­li­gi­niň ta­lap­la­ry, su­wy aýaw­ly we ne­ti­je­li ulan­mak, aý­ra­tyn go­ral­ýan te­bi­gy ýer­le­ri aýaw­ly sak­la­mak bo­ýun­ça eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry gy­şar­nyk­syz ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Bu ta­lap­la­ryň ber­jaý edil­me­gi ada­m­la­ryň aba­dan ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­me­giň mö­hüm şer­ti­dir.

Milli baýlygyň goragynda

1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 27-nji sessiýasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni döredildi. Bu şanly sene şondan bäri her ýylyň 5-nji iýunynda tutuş Ýer ýüzünde bellenilip, ol häzirki zaman dünýäsiniň iň derwaýys ekologiýa meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Düýn hem Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenildi. Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Watanymyzyň ajaýyp tebigaty, ony aýap saklamaga has-da baýlaşdyrmaga, ýurdumyzyň ekologik abadançylygyny gazanmaga biziň her birimizi borçly edýär.

Te­bi­gat bi­ziň baý­ly­gy­myz­dyr

Her ýyl bü­tin dün­ýä­de Daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­gyň bü­tin­dün­ýä gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu se­ne daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gy baý­lyk­la­ry aýaw­ly peý­da­lan­mak, ola­ry kö­pelt­mek, te­bi­gat bi­len el­my­da­ma saz­la­şyk­da bol­mak ýaly asylly ýörelgeleri rowaçlandyrýar. Ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da daş­ky gur­şa­wy aýaw­ly sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­tan­da to­kaý we ýa­şyl zo­lak­la­ry dö­ret­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şä­her­le­riň, şä­her­çe­le­riň, oba­la­ryň tö­we­rek­le­rin­de, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da köp­san­ly sa­ýa­ly we pür­li agaç na­hal­la­ry otur­dyl­dy.

Tomus täsinlikleri

«7/24. tm», №23 (158), 05.06.2023. 1-nji iýun Ça­ga­la­ry go­ra­ma­gyň hal­ka­ra gü­nü­dir.

Jennet berjek jennet saýla diýseler, saýlardym men öz ilimiň howasyn!

«7/24. tm», №23 (158), 05.06.2023. Yn­sa­nyň dur­mu­şy te­bi­gat bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly. Ga­dym­da ata-ba­ba­la­ry­myz hem te­bi­gat bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk sak­lap, on­dan üz­ňe ýa­şa­man­dyr. Bi­ziň aras­sa ho­wa­myz, gö­zel te­bi­ga­ty­myz, jan­ly-jan­dar­lar, ösüm­lik­ler... bi­ziň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­my­za oňaý­ly tä­sir­le­ri­ni ýe­tir­ýär­ler. Ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek­de, te­bi­ga­ty­my­zy gö­zel hem aras­sa sak­la­mak­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler öw­gä my­na­syp­dyr. Ýa­şa­mak üçin sag­dyn te­bi­ga­ty go­rap sak­la­mak me­se­le­si soň­ky dö­wür­de hal­ka­ra äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Türk­me­nis­tan hem eko­lo­gi­ýa­ny go­ra­mak ýa­ly bu wa­jyp iş­den çet­de dur­man, gaý­ta hal­ka­ra de­re­je­de äh­mi­ýet­li baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş ed­ýär.

Tebigat — gözelligiň nusgasy

Halkymyzyň daşky gurşawa aýawly garamagy, tebigaty goramagy gaty ir döwürlerden bäri durmuş ýörelgesine öwrendigine Oguz han atamyzyň: «Bir agaç ekseň, ömrüň bakydyr» diýen sözleri-de şaýatlyk edýär. Bag ekmegiň sogapdygy bolsa biziň her birimiziň aňymyza çagalykda terbiýäniň ilkinji sapaklary bilen bilelikde guýulýar. Tebigatyň goraglylygy baradaky meselelere dünýä ýüzünde birnäçe asyr bäri uly üns berlip gelinýär. Bu işiň wajyplygyna A.I.Gersen hem öz döwründe ünsi çekipdir: «Ägirt uly işler ägirt uly serişde talap edýär. Diňe tebigat ähli täsinliklerini, akylyňa sygmajak ajaýyplyklary bize mugtuna bagyş edýär. Ýöne şol ajaýyplyklaryň gymmatyna düşünmesek, tebigatyň mugt eçilen zatlary üçin ägirt uly töleg tölemeli bolmagymyzyň ahmaldygyny unutmaly däldiris». Ine, şular ýaly, daşky gurşawa ýaramaz täsirleriň öňüni almak bilen baglanyşykly işleriň netijesinde, 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 27-nji sessiýasynda 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Bu sene daşky gurşawy goramak boýunça 1972-nji ýylda geçirilen Stokgolm konferensiýasynyň işiniň başlanan güni hökmünde saýlanyp alyndy. Baş Assambleýanyň şol sessiýasynda BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy (ÝUNEP) hem döredildi.

Tebigat — tebigy baýlyk

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak babatda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär.   Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Türkmenistan ekologiýanyň we daşky gurşawyň goralmagy babatdaky tagallalaryny ählumumy derejede işjeň görnüşde alyp barýar».