"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Suw üpjünçiliginiň hukuk esaslary

Bagtyýar zamanada abadan durmuşda ýaşaýan, döredýän we gurýan merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tebigy baýlyklarymyzdan aýawly peýdalanyp, türkmen halkynyň ýaşaýşyny has gowulandyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýär. Döwletimiz adamzadyň ekologiýa babatda ýurt, sebit we dünýä möçberli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiziň ekologiýa syýasatynyň maksady tebigy gurşawyň goralmagyny, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagy, jemgyýetiň ekologiýa hem-de ykdysady bähbitlerini dogry we sazlaşykly utgaşdyrmagy üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmenistanda kabul edilýän milli maksatnamalarda ykdysady, söwda, durmuş we ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň biri-birleri bilen aýrylmaz baglanyşygy göz öňünde tutulyp, bu möhüm meseleler döwletimiziň üns merkezinde durýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Baharda açylan güller owadan!

Şahyr güller hakyndaky goşgy setirlerinde: Ter gülleriň ýaňagynda Gün dogup, Şol gülleriň ýaňagynda Gün ýaşýar

Zenan görki — zemin görki

Bahar her ýurda öz gözelligi bilen gelýär. Tutuş tebigata jan berip, adamlaryň kalbynda aýratyn joşgun, göwünlerde ýakymly duýgulary döredýär. Bu ajaýyp baharda Halkara zenanlar gününiň dabaraly baýram edilmegi, bahar gözelligi bilen zenan gözelliginiň bitewüligini, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda aýal-gyzlara neneňsi hormat goýulýandygyny äleme ýaýýar. Ýazda gözellik bar, ýazda joşgun bar,Ýazda dowamat bar, ýazda bakylyk.Deňizler, derýalar, daglar küýseýär,Kebelekler ýaýradyp ýör çakylyk.

Ajaýyp güller

Güller — toý-baýramyň, şatlygyň, söýginiň, birek-birege bolan belent sarpanyň nyşany. Ynsanyň duýgusyny heýjana salmagy başarýan tebigatyň bu täsinligi barada juda gyzykly maglumatlar kän. Geliň, şolaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň. Gülleri adamlar dört müň ýyl mundan öň medeniýetleşdiripdir. Gadymy müsürlililer gülleriň gözelligine maýyl bolup, ony özbaşdak ösdürip başlapdyrlar. Orta asyrlarda güllere ideg etmek iň abraýly işleriň biri hasaplanypdyr. Eger-de kimdir biri bossanlykda ýetişdirilen güllere zeper ýetirse, oňa jerime salypdyrlar.

Owadan dünýäme ýaň sen, baharym!

— Bahar geldi! Bahar geldi, näzenin gyz ýaly, enaýylyk bilen her wagt bir damja bolup çisňeýän ýaz ýagşyny görsene! Ýaz ýagşyndan soň mele topragyň özboluşly ysyndan doýar ýaly däl, demiňe dartdygyňça dartasyň gelýär — diýip, ýaşlaryň şadyýan sesleri gül-gülüstan bolan meýdanda ýaňlanýar. — Ynha, sähel salymdan meýdan kömelekleri hem gabarlyp çykar, narpyz, ysmanak, baý-bow, olardan ýygyp, tagam taýýarlasaň, gör, nähili lezzetli bolar, hany geliň, gyzyl güläleklerden çemen bogup, mähribanlarymyza sowgat edeliň — diýip, ýene biri seslenýär.

Andyz

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda Bathyz belentliginde bitýän birnäçe ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleriniň bardygy barada aýdylýar. Şolaryň arasynda bir öýli andyz bolup, ol kädiler maşgalasyna degişli, köpýyllyk otjumak ösümlikdir. Bu seýrek duş gelýän ösümlik Bathyzda we Günorta – Günbatar Garagumda ösýär. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu ösümlik berkleşen çägeliklerde, gyrymsy agaçlaryň arasynda ösýär. Maý aýynda gülleýär, tohumyndan hem-de wegatatiw (kluben görnüşli kökler) arkaly köpelýär. Ýerli ilat bu ösümligi kähalatlarda köküniň bölegini ekmek arkaly ýetişdirýär. Ösümligiň şu görnüşiniň ösýän ýerinde gyrymsy agaçlary çapmaly däl, olary ekip, köpeltmeli.

Gül açylar baharda

Ýer togalagynyň öz okunyň daşyndan aýlanyp durmagy bilen tebigatda pasyllar çalşyp durýar. Heňňam döräp dowam edip gelýän bu kada, ine, bu gün bahar-ýazyň dünýämize hem kalbymyza dolmagyna sebäp boldy. Her gezek ýaz paslynyň ilkinji güni Halyl Kulyýewiň şu goşgy setirleri kalbyma dolýar: Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi:(Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar), Bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi,Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar.

Asylly däpleriň aýdyň dowamaty

Ata-babalarymyz ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşip, oňa aýawly garamak, goramak ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň hem-de obalaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu giň göwrümli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine halkymyzyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuşyny hem-de medeniýetli dynç alşyny üpjün edýän möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, «Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de A

Bahar geldi

Çagalykda bu sözi kän eşidipdim. Enem ir alabaharda, entek gyşyň sowugy sowlup-sowulmanka öýümiziň ileri başyndaky üýşmek çägäniň üstüne çykyp, «Baharyň ysy gelýär» diýerdi. Onuň ellerinden berk ýapyşyp durşuma gözlerimi elek-çelek edip: «Ene, bu näme diýdigiň bolýar. Men-ä hiç hili ys duýamok» diýerdim. Şonda enem biraz gatyrganardy-da, öýkenimi dolduryp dem almagy maslahat bererdi. «Ýene şahyr bolasym gelýär» diýýäň. Şu ysy duýmaýan bolsaň näbileýin-dä!..» diýip, sözlerini ýarym çyna, ýarym degişmä salyp gürlärdi. Enem gyşyň tamamlanyp barýan şeýle günlerinde Zeminiň deminden baharyň ysynyň gelip başlaýandygyny örän düşnükli dilde aýdyp bererdi. «Saňa ol ysy ýaňy dömüp başlan maýsalar, dürli ot-çöpler, adaja öwüsýän ýeller, mahlasy, ähli zat aýdyp berer. Esasy zat, oňa düşünjek bolmalydyr» diýip, gulpajyklarymy sypardy. Soňam: «Baharyň ysyny alyp bolan bolsaň, ýör öýe gaýdaly» diýip, göýäki bu ys oňa ruhy güýç beren ýaly, göwnühoş halda ädimlerini gataltmak bilen bolardy. Men bolsa ýaýladaky bu söhbetdeşligi uzaldyp, eneme sowal üstüne sowal bererdim. Çomujyň has ýiti ysyny ýatladyp, «Ene, onam baharyň ysy hasap etmelimi?» diýerdim. Şonda enem: «Elbetde, ol hem baharyň nygmatydyr. Çomujyň ysynyň ýitiräkdigine garamaň!» diýip, onuň peýdaly taraplaryndan söz açardy. Men bolsa çaga bolsam hem, «Baharyň ysy diýilýän ysa kän ys degişli öýdýän» diýip, oňa özümçe düşündiriş bererdim

Bahar ýüreklere ylham paýlaýar

Her paslyň öz gözelligi bar. Bahar paslynyň gözelligi has üýtgeşik, täsirli, özüne çekiji. Megerem şonuň üçindir, bu paslyň gözelliginiň waspy-da has belent ýaňlanýar. Owadan sähralara elwan gülleri peşgeş berip, biziň ajaýyp ilimize gelen bahar pasly kalbyňy heýjana getirýär. Şeýda bilbiller türkmen tebigatynyň gözelliginiň waspyny edip saýraýarlar. Giň ýaýlalarymyza bahar paslynyň gelmegi bilen owadan reýhan güller açylýar. Pasyllaryň soltany bahar türkmen topragyny ajaýyp görke getirýär, akylyňy haýran edýär. Türkmen topragyna joşgun bilen gelen bahar, gyşda dynjyny alan topragy janlandyrýar, guşlaryň owazy daş-töwerege ajaýyp sungat eseri bolup ýaň salýar. Baglar pyntyklap, güle beslenýär, güberilip çykan ak kömelekler enaýyja bolup görünýär. Bagt mekanynda ýaşaýan halkymyz 8-nji martda Halkara zenanlar gününi toýlar. Çagalar bagymyzda hem terbiýeçi gelin-gyzlar körpelere terbiýe berýärler. Olar çaga terbiýesine jogapkärli çemeleşip, toparlaryndaky çagalary mähir bilen terbiýeleýärler. Çagalar bagymyzyň işgärleri körpelere terbiýe bermekde, olary mekdebe taýýarlamakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Çagalar bagymyzda ussat terbiýeçiler köp. Şolardan Nazira Rozykulyýewany, Şaira Hudaýewany, Dinara Jumaýewany, Zuhra Hamraýewany we Leýla Hydyrowany atlandyrmak bolar. Bu zenanlar bilim işgärleriniň arasynda guralýan çärelere, bäsleşiklere gatnaşyp, özleriniň başarnyklaryny görkezý

Ýazyň gelişin görüň!

Eda bilen basyp seýkin,Gelişini görüň ýazyň!Synlasaň, göterler keýpiň,Gelişini görüň ýazyň! Aý-günler öwrüldi telim,Görüşeli uzat eliň,Mysaly näzenin gelin,Gelişini görüň ýazyň!

Bagy-bossanlyk — bagtyýarlygyň nyşany

Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek dabaralary özboluşly baýramçylyga öwrülýär. Bu işe ähli türkmenistanlylar işjeň gatnaşýarlar. Döredilýän tokaý zolaklary, seýilgähler daş-töweregiň gözelligini artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty uzak geljegi nazarlap, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň üns berilýän esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen ýörite Karara gol çekmegi munuň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Şol resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp nahaly ekiler. Bu ählihalk çäresine her birimiziň işjeň gatnaşmagymyz zerurdyr.

Jümle-jahan habarlary

Gyzjagaz dinozawryň yzyny tapdy

Bahar geldi Diýara

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzy köpugurly gurluşyklaryň mekanyna öwrüp, täze senagat, medeni-durmuş, ýaşaýyş maksatly binalaryň ýüzlerçesini, döwrebap oba-şäherçeleri halkymyzyň rowaçlygyna bagyş edýän eziz Arkadagymyzyň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy bilen bagly her bir tutumly işi kalbymyza egsilmez buýsanç bagyşlaýar. Şunda aýratyn hem gözel tebigatymyzy baýlaşdyrmak babatdaky beýik işler mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde paýtagtymyzyň dag eteklerinde, baýyrlyklarda kemala getirilen gür tokaýlar, ajaýyp seýilgähler, biri-birinden kaşaň köşkleriň, belent binalaryň, täsin suw çüwdürimler toplumlarynyň töwerekleriniň läle-reýhan bolup açylýan täsin gülleri bu gün bahar paslynyň ajaýyp bezegine öwrülýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri taryhy wakalary, şanly seneleri bilen toý-baýramlara beslenip, gün-günden gözelleşýän Diýarymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar pasly özüniň ajaýyp öwüşgini bilen ýurdumyzyň sähra-ýaýlalaryna doldy. Bahar paslynda tebigatyň janlanmagy, daş-töweregiň gözüňi dokundyrýan al-elwan güllere we reňklere beslenmegi göwnüňi göterip, ýaşaýşa, bagtyýar durmuşa bolan höwesiňi artdyrýar. Gözel paýtagtymyzyň ajaýyp binagärligi bu gün tebigatyň özboluşly owadanlygy bilen kämil sa

Täzeden gül açýar gözel tebigat

Gyş gutaryp, baharyň gelmegi bilen tebigat janlanyp başlaýar, göýä durmuş gaýtadan başlanýan ýaly bolýar. Türkmen topragynda baharyň gelenini buşlaýan guşlaryň saýraşýan sesleri, ýazyň hoştap howasy, çagalaryň şat gülküleri ruhuňy göterýär, kalbyňy heýjana salýar. Daş-töwerek gül-gülzarlyga, beslenýär. Baýyrlar ýaşyl don geýnip, depe-düzlerde gyzyl güläleklerden misli haly ýazylan ýaly bolýar. Her gülüň öz ysy bolşy ýaly, her paslyň hem öz gözelligi bar. Bahar paslynyň kalbyňy heýjana salýan gözelligi başgaça bolýar. Tebigatyň al-elwan güllere bürenmegi, çeşme-çaýlaryň şildiräp akýan sesi baglarda guşlaryň saýraýan sesi bilen sazlaşyp, her bir ynsana ruhy lezzet berýär. Her gezek tebigat läle-reýhana beslenip bahar pasly gelende şahyr Halyl Kulyýewiň:

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +14... +19 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

Agaçlaryň täsin dünýäsi

Kaliforniýanyň Milli sekwoýa parkynda ýerleşýän «General Şerman» agajy dünýäniň iň giň göwrümli agajydyr. Ýaşy 2300 — 2700 ýyl hasaplanylýan bu agajyň beýikligi 83,8 metre, tutýan meýdany bolsa 1487 metre barabardyr. * * *

Dört pasla başdyr ýaz

Ýaz paslynyň ýetip gelmegi bilen ähli zatlaryň janlanyp, tebigatyň al-ýaşyl reňke bürenmegi adamlaryň ruhuny göterip, olary täze umyt-arzuwlara atarýar. Türkmeniň baharynda ene mähriniň mylaýymlygy duýulýar. Aslynda baharyň keşbi gözellik babatynda ajaýyp sungat eseri bilen bir umumylyga kybapdaş — ol al-elwan gülleri, täsin jadysy bilen özüne çekýär. Baglardaky pyntyklar daş-töweregimize özboluşly bezeg berýär. Guşlaryň naşyja jürküldileri ynsan ýüregini joşdurýar. Älem-jahany Günüň şöhlesi bilen täzeläp gelýän ýazyň keşbini görmäge göz gerek. Ak bulutlary bahar ýagşyna öwrülip, Asmanyň Zemin bilen tapyşýan ýerinden bölünen düýe sürüleri ýaly, dargap, otluklara siňip gidýär. Ümmülmez giňişligi eýeleýän Garagumuň säher kemeri ertiriň şapagynda gyzgylt görünýär. Beýik baýra çykyp, sagyňa hem soluňa garasaň, Zemine ýapylan gülli halyda nazaryň eglenýär. Şol halynyň merkezinde möwç urýan deňiz tolkunlaryny ýatladýan maýsalaryň bahar şemalyna gapdala gyradeň gyşaryp, soňra öňki halynda dikelmegi we bu görnüşiň gaýtalanmagy kalbyňy göterýär, başyňy dik tutup, tämiz howany işdämenlik bilen demiňe dartýarsyň. Ynsan şeýle ahwalatda şol maýsalardan halkyň ammarlaryny doldurjak däne harmanlaryny göz öňüne getirýär.

Daglar ýeriň myhydyr

Allanyň nazary düşen bu jennet mekanyň her bir barlygy kerem-keramata ýugrulan. Bütin durky genji-hazyna beslenen tebigatymyzyň goýnunda näçe diýseň gözellik bar, gudrat bar. Onuň umman ýaly giň gujagyndaky täsinlikler sanap gutarardan aşa çäksiz. Olar aňyrsyna göz ýetmeýän ümmülmez älem mysaly. Zemin üste öz ýyly çoguny bolluk bilen çaýyp duran nurly güneşem, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän uç-gyraksyz parahat gök asmanam, onuň ýüzünde tirkeş-tirkeş bolup göçüp-gonup ýören ak bulutlaram, gündogardan günbatara uzap ýatan belent-belent daglardyr mele derýalaram, yzy üzülmeýän ulgam-ulgam mele çägeli bereketli ymgyr çöllerem waspyny taryplap gutaryp bolmajak giden bir dünýä. Adamlary ýyly mähir bilen gurşaýan gözel tebigatymyzyň bu barlyklarynyň her birinde, gör, niçe syr, niçe hikmet ýatyr. Behişdi ýurdumyzdaky keramatly barlyklaryň biri-de, ençeme täsinlikleri özünde jemleýän, Zeminiň diregi bolan başy heserli, bili kemerli goja daglardyr. Adamzat döräli bäri bu gudratly daglary penalamadyk, onuň huzuryna baryp dalda tapmadyk, goýnunda mesgen tutmadyk wagty boldumyka? Süýji suwly akar-bulaklary, umgaly-jerenli awlaglary, şir-peleňli jülgeleri, bürgütli kert gaýalary gujagyna alyp, seleňläp oturan seri dumanly belent daglar öz sahawatyny ynsan balasyndan hiç wagt aýan däldir. Gör, niçe ozandyr bagşylar bu haýbatly daglaryň waspyny ýetirip, ençe aýdym-gazallary döredipdirler. Eýsem