"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Obasenagat toplumyny ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýär. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasy munuň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamak boýunça toplumlaýyn çäreler kesgitlenilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat; nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat; ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çe

Dowardarlaryň üstünligi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Tagtabazar etrabyndaky «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynyň zähmet ussatlary owlak-guzy almak baradaky tabşyryklary üstünlikli berjaý etdiler. Hojalygyň maldarlary 21 müň 307 baş ene goýundan 19 müň 632 sany sagdyn owlak-guzy alyp, ösdürime goýberdiler. Çopanlar bu jogapkärli möwsümi bol otly Täze guýy, Çaý guýy, Hojagär, Gäleçaý ýaly öri meýdanlarynda geçirdiler. Maldarçylyk hojalygynyň birinji bölüminden Arslan Söýünow, Döwletmyrat Ýazjumaýew, ikinji bölüminden Muhammetmyrat Baýmuhammedow, Şöhrat Gylyçmyradow ene goýunlardan owlak-guzy almakda aýratyn tapawutlandylar. Olar ýaşajyk guzulary bol otly öri meýdanlarynda sagdyn ösdürip, seçim döwrüne gurat ýagdaýda eltmegi öňlerinde esasy wezipe edip goýdular.

Netijeli zähmet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýyl ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Ýylda 40 müň tonna pagtany gaýtadan işleýän Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Altyn asyr» Tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynda tohumlyk pagta çigitleri taýýarlanyp, ýazky ekiş möwsümine girişen pagtaçy kärendeçiler doly üpjün edildi. Biziň kärhanamyzda pagta çigidinden başga-da, pagta linti, pagta ulýugy öndürilip, ýurdumyzyň ýag we dokma kärhanalaryna ugradylýar. Kärhananyň agzybir işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerine jogap edip, arman-ýadaman zähmet çekýärler. Halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Ýazky ekinleriň ekişi ýokary depginde

Ilatyň isleg bildirýän harytlarynyň jemlenýän ýeri bolan ak bazarlarymyzy dürli azyk önümleri bilen üpjün etmäge, ýurdumyzy berekediň, bolçulygyň mekanyna öwürmäge mynasyp goşant goşmak maksady bilen, şu günler welaýatymyzda ýeralma we ýazlyk sogan ekmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bu babatda Boldumsaz etrabynyň ekerançylary-da netijeli işleri alyp barýarlar. Olar şu ýyl 1 müň 785 gektar ýerde ýeralmanyň, 470 gektarda ýazlyk soganyň, 90 gektarda kelemiň, 170 gektarda pomidoryň, 20 gektarda hyýaryň, 170 gektarda käşiriň, 900 gektar ýerde bolsa beýleki gök we bakja ekinleriniň irki ekişini amala aşyrmagy maksat edinýärler. Ýazky ýeralmanyň ekişine girişen daýhan birleşikleriniň arasyndan «Abadanlyk», «Guýanagyz», «Guwanç Atamedow», «Bereket», «Gökçäge» daýhan birleşikleriniň kärendeçi daýhanlary ýazky ekinleri öz wagtynda we agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ekmekde görelde görkezýärler.

Tokaý hojalygy kärhanalarynda

Daşoguz welaýatynda tokaý hojalygy kärhanalarynyň üçüsi hereket edip, olarda welaýaty bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýatyň tokaý hojalygy kärhanalary tarapyndan 26 gektar meýdanda tokaý zolaklaryna, 30 müň gektar miweli baglara hyzmat edilip, saýaly, pürli, miweli baglaryň nahallary ösdürilip ýetişdirilýär. Bag nahallaryny oturtmagyň häzirki gyzgalaňly möwsüminde bu kärhanalaryň bagbanlary welaýatda hereket edýän edara-kärhanalaryň buýurmalary esasynda hem bag nahallarynyň köp görnüşini ýazky ekişe taýýarladylar. Has takygy, saýaly baglaryň 150 müň düýbi, pürli baglaryň 80 müň düýbi, miweli baglaryň 30 müň düýbi, bezeg baglarynyň bolsa 15 müň düýbi taýýarlandy.

Tejribe — belent maksatlaryň özeni

Tejen etrabynyň Gowkyzereň obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inen Ýusup Bäşimow häzirki wagtda ýaşynyň ýedi onlukdan geçip, segsene ser urandygyna garamazdan, işden çetde durmaýar. Ençeme ýyllaryň tejribeli daýhany saglygyň syryny zähmetden gözleýär. Munuň özüne ýetik sebäbi bar, ol hem Ýusup aganyň kakasynyň-da ömrüne ýer bilen iş salşyp, perzentlerine ýagşy görelde görkezmegidir. Peder ýoluny mynasyp dowam eden daýhan ýaşlygyndan ala meýdanlaryň, miwesi bol bitýän baglaryň, Tejen waharmanynyň, ak bugdaýly pelleriň, «ak altynly» atyzlaryň aşygy bolupdyr. Ýetginjeklik ýyllarynda dörän şol höwes hem ömrüni bu kär bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar. Ussat daýhan harby gullugy tamamlap, gidromeliorasiýa ugrundan ýörite orta bilim alýar. Ol bu ugurdan alan hünäriniň ekinleri suwarmakda kän kömek edendigini belledi. Soňra öýli-işikli bolup, 1978-nji ýylda Ak bugdaý etrabyna göçüp gelýär. Bu ýerde hem jany-teni bilen topraga berlip zähmet çekýär, birnäçe ýyl topar ýolbaşçysy bolup işleýär. 1993-nji ýylda bolsa ýer alyp, oňa yhlas siňdirip, pagtadyr bugdaýyň bol hasylyny harmana tabşyryp başlaýar. Şol ýyldan bäri tejribeli daýhanyň alyp barýan işleri özüniň gowy netijesini berýär.

Owlak-guzy möwsüminiň geçirilişi

Owlak-guzy möwsümi her bir çopandan uly tagallany talap edýär. Ony geçirmek üçin mümkin boldugyça tekiz, çägesöw, şemaldan sowarak, ykyşak ýerler saýlanyp alynýar. Guýular, howdanlar, sardobalar, agyllar, kaşarlar, nowalar gözden geçirilip, arassalanylyp goýulýar. Kaşarlar we agyllar dezinfeksiýa edilýär. Edil şonuň ýaly hem çopan itlerinde degelmintizasiýa (gurçuga garşy göreş) çäresi geçirilýär. Çünki itleriň üsti bilen guzulara senuroz we beýleki keselleriň geçmegi mümkin.

Topragyň bahar demi

3. Lebapda baglar gülleýär Lebap ýakalaryna baharyň gelşem üýtgeşik welin, şoňa laýyk daýhançylyk edilişem «Hä-ä!» diýdirýär. Şu gezekki iş saparymyzda eşiden bir gürrüňimi ýatlaýyn:

«Daýhan — mert, ýer — jomart»

Mälim bolşy ýaly, 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, birnäçe düzümler, şol sanda «Türkmenpagta» döwlet konserni hem döredildi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek, daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrdy. Bu bolsa daýhanlaryň zähmete höwesini has-da artdyrdy. Bäherden etrabynyň Ýarajy obasyndan kärendeçi, indi köp ýyldan bäri şol obanyň ýer bilen iş salyşýan daýhanlaryna ýolbaşçylyk edip gelýän Nurberdi Rejebow bilen gürrüňdeş bolanymyzda, bu hakykata ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik.

Şähribossanda bolan dabara

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň pagtaçylary hem hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň pagta hasyly üçin gowaça ekişine girişdiler. Gowaça ekişine girişilmeginiň dabarasy bu gezek ekerançylygyň gadymy mekany hasaplanylýan Şähribossan düzlüginde bolup geçdi. Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň piriň aramgähini etekläp oturan «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçisi Nurgözel Sapargeldiýewa geçen çarşenbe güni «Tohumyňyz müňlesin!» diýenler köp boldy. Welaýatyň ähli ýerinden gowaça ekişine girişilmegi mynasybetli dabara gatnaşmak üçin köp sanly pagtaçy kärendeçiler welaýatyň, etraplaryň häkimleri, oba hojalygyna dahylly edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, welaýatyň sungat ussatlary we beýleki adamlar bu ýere ýygnandylar.

Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler

Daşoguz welaýaty, 27-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklan tertibine laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde toprak-howa şertlerine laýyklykda, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular gowaça ekişine ak pata berdiler. Olar Beýik Biribardan abadançylyk, Watanymyzyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny dileg edip, ýörite taýýarlanan meýdanlara gowaça tohumlaryny atdylar. Soňra ýaşulular orunlaryny mehanizatorlara geçirdiler.

Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler

Daşoguz welaýaty, 27-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklan tertibine laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde toprak-howa şertlerine laýyklykda, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular gowaça ekişine ak pata berdiler. Olar Beýik Biribardan abadançylyk, Watanymyzyň gülläp ösmegini, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny dileg edip, ýörite taýýarlanan meýdanlara gowaça tohumlaryny atdylar. Soňra ýaşulular orunlaryny mehanizatorlara geçirdiler.

«Tohum al-da, ýere bar...»

Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz welaýatynda-da gowaça ekişine guramaçylykly girişildi. Şu mynasybetli welaýat häkimliginde oba hojalyk düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi. Onda gowaça ekişini bellenilen möhletlerde geçirmek, bu gymmatly çig maly ösdürip ýetişdirmegiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, mineral dökünleri ýeterlik mukdarda ulanmak, taýýarlanan tohumlaryň saklanyş tertibini we gögerijilik ukybyny doly bahaly üpjün etmek, ösümlikleri zyýan berijilerden we haşal otlardan goramak barada giňişleýin gürrüň edildi. Şu ýyl welaýat boýunça 140 müň gektar meýdanda gowaça ekmek, 275 müň tonna «ak altyn» hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Gyzgalaňly möwsüme taýýarlygyň çäginde welaýat oba hojalyk birleşiginiň garamagyndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ekişde ulanyljak tehnikalar düýpli abatlandy. Möwsümde ekijileriň 450-den gowragy, dürli kysymly traktorlaryň 2 müň 200 sanysy hem-de 19 müňden gowrak oba hojalyk iş gurallary bökdençsiz işlediler.

Ýazdaky hereket — güýzdäki bereket

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda gowaça ekişine badalga berildi Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 15-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde oba hojalygynda möhüm möwsüm bolan gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi. Jogapkärli möwsüme Daşoguz welaýatynda 27-nji martda başlamak bellenildi. Düýn welaýatymyzyň Ruhubelent etrabyndaky Aşyk Aýdyň piriň adyny göterýän daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda hormatly ýaşulularymyzyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine girişildi.

Oba hojalygy ösüş ýolunda

Özgertmeler — rowaçlyga badalga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygy hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Bu pudakda öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň netijesinde döwrebap ýyladyşhanalar, maldarçylyk toplumlary, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Amatly şertlerden ýerlikli peýdalanýan edermen daýhanlarymyz sahawatly türkmen topragymyzdan bereketli hasyl öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu bolsa azyk bolçulygynyň ýokarlanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna ýardam berýär.

Maldarlar üçin jogapkärli möwsüm

Babadaýhan etrabynyň zähmetsöýer maldarlary şu günler dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini ýokary depginde alyp barýarlar. Olar öz garamagyndaky mallary sagdyn saklamak we olardan ýokary önüm almagy üpjün etmek bilen bir hatarda mallaryň baş sanyny artdyrmagy maksat edinýärler. Dowarlardan owlak-guzy almakda kärendeçi çopanlaryň aglabasy şertnamalaýyn borçnamalaryna artygy bilen hötde gelmegi başardylar. Maldarlar üçin işiň gyzgalaňly günlerinde dowarlardan guzy almakda iş üstünde ähli mümkinçilikler döredildi. Çopan-çoluklaryň ýanyna kömekçi adamlar berkidilip, nobatçylyk çekilmegi üçin awtoulag hyzmaty ýola goýuldy. Alnan ýaş guzularyň sagdyn ösmegi üns merkezinden düşürilmeýär.

Tohumyň müňlesin, Babadaýhan!

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gowaça ekişine ak pata bermegi bilen, welaýatymyzyň pagtaçy babadaýhanlary 20-nji martda dili senaly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen oba hojalygyndaky jogapkärli möwsüme dabaraly ýagdaýda başladylar. Şu mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekerançylyk meýdanynyň golaýynda ýaýbaňlandyrylan dabara egsilmez şatlyga beslendi. — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatymyz boýunça 135 müň gektarda gowaça ekişini geçirmek we şonça meýdandan hasylyň 280 müň tonnasyny öndürmek maksat edinilýär. Şoňa görä-de, welaýatymyzda gowaça ekişine ýokary taýýarlyklar bilen gelindi. Ekiji tehnikalaryň jemi 400-den gowragy, şol sanda sanly telematik ulgam ornaşdyrylan takyk ekijileriň 68-si möwsüme öňünden doly taýýar edildi hem-de tejribeli mehanizatorlara berkidildi. Welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ekiljek «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 14», «Ýolöten — 39», «Aşgabat — 140» we «Jeýhun» ýaly gowaça görnüşleriniň tohumlarynyň taýýarlygyna hem aýratyn jogapkärli çemeleşildi. Bu zatlar gowaça ekişine guramaçylykly girişmäge mümkinçilik berýär — diýip, ýaz ekişiniň öňüsyrasynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen usuly maslahatda aýratyn bellenip geçildi.

Daýhandan hereket — ýerden bereket

Geçen hepdäniň çarşenbe güni ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap, Mary welaýatlarynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi, aksakgal ýaşulularyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine badalga berildi. Şu gün bolsa, ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine girişiler. Pagtaçy kärendeçiler üçin uly şatlyk-şowhuna beslenýän şeýle dabaraly günlerde gazetimiziň ýerlerdäki habarçylary kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildiler.

Ussat daýhan

Gözlegiň daýhan bolsa, ony başga nireden tapjak diýsene!? Elbetde, ep-esli aralyga uzap gidýän atyzly meýdandan taparsyň-da! Dänewli daýhan Ahmet Taşmämmedowy hem özüne ynanylan kärende meýdanyndan tapdyk. Ol hem edil beýleki kärdeşleri ýaly, topragy ekişe taýýarlamak bilen meşgul eken. Daýhan bilen tekiz sürlüp goýlan atyzlaryň arasynda gürrüňdeş bolmak biziň üçin hem ýakymly boldy. Sebäbi işleriň gidişi barada pikir alyşmak üçin işiň ýerleşýän ýerinden oňaýlysy ýok. ― Ýuwuş suwuny tutup, topragy ýaz ekişine taýýarlaýarys. «Daýhan garda dynar» diýlenem bolsa, gyşyňam işi özüne ýetik. Indi-hä bahar paslynyň ilkinji aýyny hem jemläp barýarys. Işler günsaýyn köpelýär ― diýip, 30 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi gürrüň berýär.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň köp ugurly pudaklarynyň biridir. Agrosenagat pudagynyň okgunly ösmegini şertlendirýän esasy strategiýalaryň biri-de oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň döwlet tarapyndan ýola goýulmagydyr. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň agrosenagat pudagyny düýpli özgertmek we kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigini, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigini, «Türkmenpagta» döwlet konsernini hem-de «Türkmenobahyzmat» birleşiginiň döredilmegi hakyndaky Permana gol çekmegi aýdyň mysaldyr.