Sanly ykdysadyýet – döwrebap ösüşleriň özeni
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky alnyp barylýan uly işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Sanly ykdysadyýet düşünjesi tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda ygtybarly hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar ulgamynyň güýçli depginlerde ösmegi, ilatymyza häzirki zaman ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze hem ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa sanly ulgamyň diňe şu gününiň däl, eýsem, geljeginiň hem ösüşli bolmagyny üpjün edýär. Esasy zat ýurdumyzda häzi