Gümrük edaralarynda sanly maglumat ulgamlary bilen tanyşmaga niýetlenen monitorlar ornaşdyryldy
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda üstaşyr ulag geçirijiligini ýokarlandyrmak we halkara logistika ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň yklymara ulag ýollarynyň geografik taýdan amatly çatrygynda ýerleşmegi ýurdumyzyň Ýewraziýa döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge, şonuň ýaly-da milli ulag-aragatnaşyk ulgamyny netijeli we amatly peýdalanmaga giň mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan hem ýurdumyzyň gümrük serhedinden ulaglaryň we ýükleriň geçirilmegini çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri döretmek boýunça döwrebap işler alnyp barylýar. Gümrük edaralary tarapyndan amala aşyrylýan işleri has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ulag üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga we harytlary daşaýjy taraplara has-da amatlyklary döretmekde gümrük nokatlaryna ornaşdyrylýan sanly mümkinçiliker özüniň oňyn netijelerini berýär. Soňky ýyllarda gümrük nokatlarynda sanly hyzmatlaryň mümkinçilikleri has-da ýokarlanýar. Biz munuň aýdyň subutnamasyny halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan awtoulaglaryň gümrük serhedinden geçirilmegini tizleşdirmäge mümkinçilik döredýän «TIR-EPD» sanly ulgamynyň işiniň ýola goýulmagynda, maglumat alyş-çalşygyny ýokary derejede amala aşyrmak üçin bitewi toruň hereket etme