"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Meta» uly möçberde jerime salyndy

Italiýanyň kommunikasiýa ulgamy boýunça kepillik müdirligi (Agcom) «Meta Platforms Ireland Limited» kompaniýasyna humarly oýunlary mahabatlandyrmak kanunyny bozandygy üçin, 5,9 million ýewro jerime saldy. Bu barada Italiýanyň kommunikasiýa ulgamy boýunça kepillik müdirliginiň saýty habar berdi. Habar berlişine görä, derňewiň dowamynda humarly oýunlaryny we gytaklaýyn pul utuşlaryny mahabat edýän «Facebook» we «Instagram» profilleriniň 18 sanysy ýüze çykarylypdyr.

Duýgudaşlygyň we rahatlygyň reňki

Reňkleriň duýgy-dünýämize täsiri hakda köp eşidendiris. Bu hakda okalan, tomaşa edilen, eşidilen zatlaram az däldir. Reňkler we olaryň ruhy dünýämize, duýgularymyza, durmuşymyza täsiri gadymy döwürlerden bäri ynsanlary gyzyklandyryp gelen ugurlaryň biri bolup durýar. Eýsem, reňkler bize nähili täsir edýär? Haýsy reňki halaýan bolsak, şol reňkdäki lybaslary geýnesimiz gelýär. Otaglary şol reňke boýasymyz gelýär. Ykjam telefonlarymyzyň, noutbuklarymyzyň, mahlasy, gözümiz düşýän zatlaryň şol reňkde bolmagyny eý görýäris. Reňkler täsin bir dünýä. Käbir reňkleriň işdäňi açýandygy, käbir reňkleriň ylham berýändigi, käbirleriniň oýlandyrýandygy ýa-da dynç berýändigi ýaňzydylýar. Şol gadymy ýörelgeler häzirki döwürde has-da rowaç. Esasanam, bezeg-zynat (moda) dünýäsi her ýylyň reňkini içgin öwrenýär. Munda adamlaryň ruhy-psihologik ýagdaýlary hem göz öňünde tutulýar. Haýsy reňkleriň göwnüňi göterjekdigi, şatlandyrjakdygy, ylham-joşgun ýa-da rahatlyk berjekdigi hakdaky çaklamalary öňe sürýärler. Şeýdibem, geljek ýylda ýörgünli boljak reňkleri öňünden kesgitleýärler. Munuň üçin ýörite ylmy institutlar hereket edýär. Dünýäniň önüm öndürijileri bolsa, esasanam, moda dünýäsi bu pikirleri alyp göterýär, olary has-da rowaçlandyrýar. Reňk institutlarynyň kesgitlän reňklerini öz önümleriniň bijebaşysy edýär. Ýylyň saýlama reňklerini öz önümlerinde şöhlelendirýärler. Egin-eşiklerde

Jümle-jahan habarlary

Iň köp satylýan we ygtybarly ulaglar Dünýäde iň köp satylýan awtoulaglaryň arasynda başky orny Ýaponiýanyň Toýota Corolla awtoulaglary eýeleýär. Her ýylda bu ulaglaryň 850 müň sanysy satylýar. Ýeri gelende Toýotanyň dünýänyň awtobazarynyň 11,6 göterimini eýeleýändigi, bu görkezijiniň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygy bellärliklidir. Munuň özi, ilkinji nobatda, bu ulaglaryň ygtybarlydygy bilen baglanyşyklydyr. Meşhur kompaniýanyň ulaglarynyň her ýylda 1 million 874 müň sanysy özüniň eýelerini tapýar. Dünýä boýunça iň ygtybarly awtoulaglaryň başky onlugynda bu kompaniýanyň ulaglarynyň dördüsi bar. Olar Lexus GX 460, Toýota Prius Prime, Toýota Prius, Toýota Highlander kysymly awtoulaglardyr.

Türkmenistan ikinji milli emeli hemrany uçurmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew şu ýylyň 14-15-nji dekabrynda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde geçirilen deň­ze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrler maslahatynda telekommunikasiýa hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmak maksady bilen ikinji milli emeli hemrany uçurmak ädimini Türkmenistanyň öň­ünde goýýan möhüm wezipeleriniň biri hökmünde görkezdi. Batyr Annaýew sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly global söwdany we baglanyşyklary özgertmäge bagyşlanan mejlisde eden çykyşynda ýurduň innowasion-tehnologik, ulag-logistik infrastrukturany güýçlendirmegi, bank çözgütlerini integrasiýalaşdyrmagy wajyp wezipe hökmünde görýändigini aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Bilim ulgamynda döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyetiň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Bu bolsa döwletiň ähli çäklerinde, geljekde bolsa tutuş dünýä giňişliginde ylym-bilim boýunça bir bitewi maglumat gurşawyny emele getirmek wezipesini öňde goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamy halk hojalygynyň ähli pudaklaryna häzirki tehnologiýalardan we tehniki ösüşlerden baş çykarmaga ukyply, giň dünýägaraýyşly, täzeçe pikirlenýän, halkara dillerini çuňňur özleşdirýän hünärmenleri taýýarlamakda örän ýokary jogapkärçilige borçly edildi. Täzeçe pikirlenmäge, önümçiligi ygtybarly dolandyrmaga ukyply hünärmenler döwletiň we jemgyýetiň esasy daýanjydyr. Häzirki dünýäniň ruhy hem ahlak ösüşinde hem ylym-bilim esasy orunda goýulýar. Ýurdumyzyň ykdysady

Sanly bilim ulgamy – ýaş nesliň kämilliginiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Elbetde, munuň üçin dünýä bilim ulgamynda peýdalanylýan bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetlerinden we okatmagyň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak zerurdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň orta, ýörite orta, ýokary okuw m

Aý­dyň mak­sat­lar — be­lent sep­git­le­re

Häzirki wagtda ulag-aragatnaşyk, maglumat-kommunikasiýa ulgamy bedew batly ösüşler bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Şonuň bilen baglylykda, häzirki asyrymyz innowasion tehnologiýalaryň asyry, ýokary tizlikli ösüşiň eýýamy hasaplanýar. Çünki häzirki döwri internetsiz, innowasion tehnologiýasyz göz öňüne getirmek kyn. Innowasion tehnologiýalaryň okgunly ösýän döwründe, dünýä ýurtlarynyň dördünji senagat öwrülişigini başdan geçirýän zamanasynda biziň ýurdumyzda hem sanly ulgamy ösdürmäge, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär. Olary ösdürmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenip, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň sanly ukyp-başarnyklaryny kemala getirmek ugrunda amala aşyrylýan işler ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň hem-de maglumat jemgyýetini emele getirmegiň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda: «Biz dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň tejribesine we innowasiýalara daýanyp, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrýarys, ýurdumyzy durmuş taýdan ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýarys. Sanly tehnologiýalaryň gurluşyny, maddy-tehniki, hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämil

Täze “L4S” aragatnaşyk standarty internet bökdençlikleriniň derejesini peselder

“L4S” atly aragatnaşyk ölçegi ýokary ulanyşdaky aragatnaşyk torunda ulanyş trafigi ölçeýän we sazlaýan hyzmatlary goşmak arkaly ulgamdaky nobaty azaltmagy maksat edinýär. Netijede, sahypa ýükleniş tizligi we durnuklylygy hem-de wideoşekillere tomaşa etmek mümkinçilikleri ýokarlanar. Täze ölçegi goldaýan ulgamlaýyn düzüm berilýän trafigi çalt we dogry bermäge şert döreder. Adatça, internetden zat ýüklenende döreýän bökdençliklerde ugradylýan paketler düzümiň ýörite buferinde saklanýar. Bu paket “L4S” aragatnaşyk ölçegli enjamyň buferine düşende, ol ýüklenýän hökmünde bellige alynýar. Munuň üçin berilýän trafigi ulanyşa görä sazlamak üçin az wagt sarp edilýär. Bu bolsa, aragatnaşyk ulgamynda döreýän bökdençlikleri aradan aýyrmaga şert döredýär.

Innowasion tehnologiýalara daýanyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasaty ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir. Şol maksat esasynda eziz Diýarymyzda soňky iki ýylda nebitgaz ýataklarynyň gözlenilmegi we özleşdirilmegi bilen, nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak işlerine gönükdirilen milli maýa goýumlaryň hasabyna «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri tarapyndan geçirilen degişli işleriň netijesinde Tagtabazar — 1 gaz känindäki guýularyň birinden senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy ýüze çykaryldy. Şonuň ýaly-da, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 312-nji belgili guýuda gazuw işleri ýerine ýetirilip, tebigy gaz akymy alyndy. Şeýle hem Uzynada käninde gazuw işleri üstünlikli tamamlanyp, bu känden her biriniň önüm berijiligi bir günde ortaça 60 tonnadan gowrak bolan guýularyň üçüsinden gaz kondensat akymy alyndy. Uzynada käninde geçirilen gazuw işleriniň netijesi Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda beren gymmatly maslahatlarynyň öz oňyn beýanyny tapýandygynyň güwäsidir. Türkmenistan tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemäge ähmiýet berip, energiýa serişdelerini iri eksport ediji ýurt hökmünde dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny diňe bir berkitmän, eksportyň harytlar düzümini diw

«TmCars» — onlaýn mümkinçilikleriň kesişýän nokady

(Habarlar, bildirişler we mahabatlar bilen birbada tanyşmaga mümkinçilik berýän köpugurly onlaýn platformasy barada söhbetdeşlik) Sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň artmagy häzirki zaman tehnologiýalaryna bolan islegi ýokarlandyrdy. Daşymyzy gurşap alan amatly şertlere, ýeňilliklere indi halys öwrenişipdiris. Häzir biziň sähel salymyň içinde diňe bir ýurduň däl, eýsem, dünýäniň o çetindäki döwletlerde bolup geçýän wakalardan hem habarly bolmaga ýa-da özümize gerek bolan islendik harytlar we hyzmatlar bilen onlaýn platformalary arkaly tanyşmaga mümkinçiligimiz bar. Türkmenistanyň we älem-jahanyň habarlaryny, täzeliklerini, ildeşlerimiziň satlyk harytlaryny, telekeçilerimiziň hödürleýän hyzmatlaryny we bildirişlerini halka dessin ýetirmekde 6 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli hereket edýän, halk arasynda «TmCars» diýlip bilinýän «Gerekli hyzmat» hususy kärhanasynyň tmcars.info web saýtynyň we ykjam goşundysynyň iş ýörelgesi hemmämiz üçin gyzykly bolsa gerek. Şonuň üçin-de gazetimiziň şu sanynda kärhananyň «Habarlar» bölüminiň hünärmeni, žurnalist Maksat Geldiýew bilen söhbetdeş bolduk.

«Mercedes-Benz E-Class» oktýabr aýynda «biznes klas» kysymly görnüşleriň arasynda iň köp satylan awtoulag boldy

«Focus2move» portalynyň yglan eden hasabatynda laýyklykda, 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda «Mercedes-Benz E-Class» dünýäde «biznes klas» kysymly görnüşleriň arasynda iň köp satylan awtoulag boldy. Çeşmäniň habar bermegine görä, oktýabr aýynda «Mercedes-Benz E-Class» kysymly awtoulaglaryň 233 müň 10 sanysy satylypdyr. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 0,3 göterim ýokarydyr. Sanawda ikinji orny 215 müň 575 sanysy satylan «BMW 5-Series» eýeledi. «BMW 5-Series» kysymly awtoulaglaryň satuwy oktýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15,7 göterim azalypdyr. Sanawyň ilkinji üçlügini bolsa satuwy geçen ýylyň oktýabr aýyndaka garanyňda, 36,4 göterim peselip, 204 müň 857-ä deň bolan «Audi A6» eýeledi.

“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamyň işini düýpli kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sanly bilimi ornaşdyrmakda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilen beýik işleriň her biri halkymyzyň eşretli şu gününi, röwşen geljegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlarda uly-uly üstünlikler gazanyldy, ýurdumyz guwandyryjy ösüşl

AŞTU aragatnaşyk hyzmatlary bermegiň häzirki zaman görnüşlerini ýaýbaňlandyrýar

Yslam Ösüş banky tarapyndan ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen goýberilen ýeňillikli karzy özleşdirmek arkaly durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalaryň çäklerinde Aşgabat şäheriniň telekommunikasiýa infrastrukturasyny düýpgöter özgertmek, iň bir häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmeklige ukyply tehnologiýalary gurnamak işleri hem alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagyny ösdürmek bilen bagly durmuşa geçirilýän çäreleriň çäklerinde, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ paýtagtymyz, ak mermerli Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we edara-kärhanalaryna häzirki zaman GPON (Gigabit passive optical network) tehnologiýasyny ulanmak bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny ýokary hil derejede amala aşyrmagyny dowam edýär.

Sanly bilim ulgamy – döwrebap mümkinçiliklere badalga

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimizde ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly sanly bilime geçmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, bilim bermegiň usullaryny has-da ösdürmek maksady bilen, ulgamy halkara ülňülere laýyklykda sanlylaşdyrmak işleriniň alnyp barylmagy netijesinde uly üstünlikler gazanylýar. Şu maksat bilen ýörite bilim portallary döredilip, raýatlaryň sanly ulgamdan peýdalanmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi häzirki döwürde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň döwletimiz tarapyndan işjeň peýdalanylýandygyna şaýatlyk edýär. Ösüşleriň ak ýoluny nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak, düzümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna durmuşymyzda gündelik zerur bolan hyzmatlaryň islendigini hiç ýere

Türkmenistanda täze 71 ulgamlaýyn kod elýeter boldy

Türkmenistanyň “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk operatory täze 71 ulgamlaýyn kody ornaşdyrdy. Halkara formatyndaky täze ulgamlaýyn kodly abonent belgileri şele bolar+99371хххххх.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak barha rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda kabul edilen 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ylym-bilim ulgamynda hem, täzeçe maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly birnäçe işler durmuşa geçirilýär.

Täsinlikler äleminde

Özboluşly sazlaşyk «Cliff Garten» studiýasy tarapyndan işlenip düzülen «Bayview Gateway» binasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde ýerleşýär. Binalar toplumy iki bölümden ybarat bolup, biri poslamaýan polatdan ýasalyp, ol ýeriň keşbini janlandyrýar. Ikinji bölegi gök reňkde bolup, polihrom bürünjinden ýasalan. Ol Islais derýasynyň keşbini suratlandyrýar. Bina 6 metrden gowrak bolup, gijelerine ajaýyp ak yşyklandyryş esasynda özboluşly keşbe eýe bolýar. Şeýle-de, bu binany LED çyralary bezeýär. Bu iki düzüm birlikde çuň mana eýe bolup, ol wagty we jemgyýetiň özboluşly sazlaşygyny suratlandyrýar.

AŞTU aragatnaşyk hyzmatlary bermegiň häzirki zaman görnüşlerini ýaýbaňlandyrýar

Yslam Ösüş banky tarapyndan ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen goýberilen serişdeleri özleşdirmegiň hasabyna durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalaryň çäklerinde Aşgabat şäheriniň telekommunikasiýa infrastrukturasyny düýpgöter özgertmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu babatda «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we edara-kärhanalaryna häzirki zaman GPON (Gigabit passive optical network) tehnologiýasyny ulanmak arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryny ýokary hil derejesinde amala aşyrmagyny dowam edýär.

Daşkendiň metropoliteninde eliň aýasyny skaner etmek arkaly töleg amaly synag edilýär

Özbegistanyň paýtagtynyň metropolitenindäki “Halklaryň dostlugy” stansiýasynda ilkinji gezek eliň aýasyny skaner etmek arkaly töleg amaly ýola goýuldy. UZINFOKOM kompaniýasynyň işläp taýýarlan we gan damarlaryň şekilleri esasynda tanamagy başarýan Palm lD täze biometrik taslamasy ýolagçy töleglerini bank ýa-da ulag kartlaryny, QR-kodly çekleri ulanmazdan tölegi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

“Airbus” dikuçary uzak aralykdan planşet arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýän ulgamy işläp düzdi

“Airbus” kompaniýasy has aňsat we has ygtybarly dikuçar dolandyryşy üçin tehnologiýany kämilleşdirmegiň bir bölegi hökmünde dikuçarlary planşet arkaly özbaşdak dolandyrmaga mümkinçilik berýän ulgamy döretdi. Kompaniýa, ýönekeýleşdirilen dolandyryş ulgamlarynyň bir bölegi bolan “UpNext” tehnologiýasyny synagdan geçirdi. Synaglar görüş duýgusyny ulanýan datçiklere, ýagdaýlara baha bermek we päsgelçilikleri kesgitlemek algoritmlerine we planşet esasly interfeýse – “HMI-e” esaslanýar.