"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Çapar Pay» mobil goşundysy dizaýnyny täzeledi

Öňler «Çapar» ady bilen meşhur bolan «Çapar Pay» mobil goşundysy dizaýnyny täzeledi, logotipini üýtgetdi hem-de bar bolan funksiýalarynyň sanawyny giňeltdi. Indi siz «Çapar Pay» goşundysyny şu maksatlar üçin peýdalanyp bilersiňiz:

Türkmenistanyň gümrük edaralarynda harytlaryň deslapky elektron maglumatlaryny bermek mümkinçiligi döredildi

Türkmenistanyň gümrük edaralarynda 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, daşaýjylar ýa-da başga dahylly şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň penşenbe güni habar bermegine görä, deslapky maglumatlary gümrük edaralaryna “ASYCUDA World” gümrük maglumat ulgamynyň we “1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky” Gümrük konwensiýasyna laýyklykda, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) TIR-EPD maglumat ulgamynyň üsti bilen elektron görnüşinde türkmen, rus we iňlis dillerinde berip bolýar.

Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde — innowasion tehnologiýalar

9-njy iýunda paýtagtymyzda «Ýaşyl» ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylymlar gününe bagyşlanyp guralan maslahat türkmen alymlary bilen bir hatarda, 10-a golaý ýurtdan mugallymlary we ýaş alymlary bir ýere jemledi. Forumyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryna beslenen açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Ýeri gelende bellesek, bu ýokary okuw mekdebi döwletimiziň intellektual we ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň ösüşiniň esasy merkezleriniň birine öwrülýär. Bu ýerde uniwersitetiň talyplarydyr ýaş mugallymlary tarapyndan guralan innowasion taslamalaryň we tehnologiýalaryň ajaýyp sergisi ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim ojagynyň bu ugurda gazanýan üstünliklerine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem bu ýerde ak öý gurnalyp, halkymyzyň gündelik durmuşyny, milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligini şöhlelendirýän gymmatlyklar görkezildi. Maslahata gatnaşyjylara milli tagamlar hödür edildi. “Oguzlar” aýdym-saz toparynyň ajaýyp çykyşlary daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýokarlanýar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň garamagyndaky gümrük edaralarynda 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, daşaýjylar ýa-da başga dahylly şahslar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi. Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda döredilen bu mümkinçilikler, gullugyň düzümlerinde sanly ulgamy has-da ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň ýene bir nobatdaky subutnamasydyr. Deslapky maglumatlar gümrük edaralaryna «ASYCUDA World» gümrük maglumat ulgamynyň hem-de «1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen, Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky» Gümrük konwensiýasyna laýyklykda, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) TIR-EPD maglumat ulgamynyň üsti bilen elektron görnüşinde berip bolýar. Harytlar baradaky deslapky maglumatlary gümrük edaralaryna diňe bir türkmen dilinde däl-de, eýsem, rus we iňlis dillerinde elektron görnüşde bermek mümkinçiligi hem ýola goýuldy.

«iPhone» smartfonlarynyň satuwyndan 1,95 trillion amerikan dollar girdeji gazandy

«Apple» kompaniýasy «iPhone» smartfonlaryny öndürip başlaly bäri, olaryň satuwyndan 1,95 trillion amerikan dollary möçber­inde girdeji gazandy. Bu barada «Stocklytics.com» portalynyň hasaplamalarynda mälim edildi. Çeşmede geçen çärýekde «iPhone» smartfonlarynyň satuwynyň 46 milliard amerikan dollaryna deň bolandygy bellenilýär. Şundan çen tutup, kompaniýanyň şu ýylyň dowamynda «iPhone» smartfonlaryndan alnan girdejisini 2 trillion amerikan dollaryna ýetirjekdigini çaklamak bolýar.

«Nvidia» «Appleden» geçdi, öňde «Microsoft» bar

ABŞ-nyň «Nvidia» kompaniýasynyň paýnamalary rekord derejä çenli gymmatlap, ony «Apple» kompaniýasyndan öňe geçirdi hem-de dünýäniň iň gymmat ikinji brendine öwürdi. Has anyk aýtsak, «Nvidianyň» emeli aňyň esasynda çip öndürijisiniň döredilmegi kompaniýanyň bazar bahasynyň 3 trillion amerikan dollardan geçmegine şert döretdi. Häzirki wagtda dünýäniň iň gymmat brendi hasaplanýan «Microsoft» kompaniýasynyň bazar bahasy bolsa 3,15 trillion amerikan dollaryna deňdir. «Nvidia» kompaniýasynyň paýnamalary 5-nji iýunda 5,2 göterim gymmatlap, 1224,40 dollara ýetdi, şol bir wagtyň özünde kompaniýanyň bazar bahasy 3,012 trillion amerikan dollar boldy. «Apple» kompaniýasynyň bazar bahasy soňky gezek paýnamalary 0,8 göterim gymmatlanda, 3,003 trillion amerikan dollary bolupdy.

Hytaýda “Super Virtual Rail Train” ýokary tizlikli otlusy hereketine başlady

«CRRC Zhuzhou Locomotive» tarapyndan işlenip düzülen «Super Virtual Rail Train» (SRT3.0) «Pintan» ýokary tizlikli otlusy demir ýol menzilinden Hytaýyň Longwangtou okean seýilgähine çenli täze ugurda synagdan geçirilip başlandy. «Super Virtual Rail Train» — bu «ösen demir ýol we ýol tehnologiýalaryny birleşdirýän täze önüm». Metro wagon gabarasy adaty awtobus merkezlerine birikdirilip, ulagyň belli bir ugruny yzarlamagyna mümkinçilik berýän «wirtual ýol tehnologiýasy» bilen enjamlaşdyrylandyr.

Hytaýyň «Çane-6» stansiýasy Aýyň arka tarapyndan toprak nusgalaryny orbita iberdi

Hytaýyň «Çane-6» atly awtomatiki planetara stansiýasynyň uçuş moduly Aýyň arka tarapynda toplanan toprak nusgalaryny emeli hemranyň orbitasyna çykardy. Bu waka ýerdäki kosmonawtikanyň taryhynda täze bir sahypany açýar, sebäbi alymlarda heniz Ýeriň hemrasynyň görünmeýän tarapyndan alnan toprak nusgalary ýokdy. Amallaryň esasy bölegi stansiýa tarapyndan awtomatiki tertipde geçirildi. Şeýle hem Ýerden berlen görkezmeler «Sýuesýao-2» retranslaýtor hemrasynyň kömegi bilen enjama ýetirildi. Nusgalar ýygnalanda heläkçilikleriň öňüni almak üçin Ýerdäki gonuş modulynyň takyk göçürmesiniň töwereginde «Çane-6» moduly üçin Aýdaky ýaly gurşaw döredildi.

Ýaponiýa ilkinji agaçdan ýasalan emeli hemrany äleme uçurar

Ýaponiýada dünýäde ilkinji gezek agaçdan emeli hemra taýýarlanyldy. Ol golaýda äleme uçurylar. Ýaponiýanyň Kýoto uniwersitetiniň we Sumitomo tokaý hojalygy korporasiýasynyň bilelikdäki gözleg topary agaç emeli hemrany taýýarlamaga 2020-nji ýylyň aprelinde girişdi. Şeýle emeli hemrany döretmekden maksat daşky gurşawy goramak baradaky tagallalardan ybaratdyr. Sebäbi agaç emeli hemra älem giňişligindäki wezipesini tamamlandan soňra Ýere dolanan mahaly atmosfera giren badyna doly ýanyp ýok bolýar. Bu bolsa atmosfera zyýanly galyndylaryň zyňylmagynyň öňüni alýar.

23000-den gowrak awtoulagyny yzyna alar

Russiýanyň Tehniki kadalaşdyrmak we metrologiýa boýunça federal agentliginiň habar bermegine görä, «KAMAZ» kompaniýasy 23 müňden gowrak ýük awtoulagyny yzyna alar. Bu sanaw 2022-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli Rus­siýada satylan ýük awtoulaglaryny öz içine alýar. Köpçülikleýin yzyna çagyrmagyň esasy sebäbi möhüm howpsuzlyk ulgamynyň — gyssagly kömek hyz­matlaryna jaň etmek üçin enjamyň ýoklugy. Bu ýetmezçilik sürüjiler üçin hem, beýleki ýol ulanyjylar üçin hem uly howp döredýär. Şu howpy aradan aýyrmak maksady bilen, kompaniýa yzyna çagyrylan ähli ýük awtoulaglaryny möhüm howpsuzlyk enjamy bilen mugt üpjün eder.

Startaplaryň bäsleşigi: innowasion telekeçiligiň baýramçylygy!

Tehniki ösüş biziň durmuşymyzy amatly edýär, dürli innowasiýalary döredýän höwesjeňler toparlary-startaplar bolsa tehniki ösüşiň möhüm hereketlendirijileri bolup durýar. Tehniki ösüşi tizleşdirmek üçin startaplara dürli goldawlary berýärler, meselem: biznes-inkubatorlar pikiri durmuşa geçirmäge ýardam edýärler.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň topary maglumat howpsuzlygy boýunça halkara kiberçempionatynyň ýeňijileriniň hataryna girdi

“Senagat Russiýasynyň sanly industriýasy” maslahatynyň çäklerinde kiber durnuklylygy synag etmek hem-de halkara derejesinde tejribe alyşmak üçin sanly ulgam arkaly ýaryş geçirildi. Iki tapgyrda geçen ýaryşa dürli ýurtlardan 40 topar gatnaşdy. Jemleýji tapgyra Russiýadan, Türkmenistandan we Mýanmadan 7 topar geçmegi başardy.

Hytaýda «Apple-iň» taryhdaky iň uly arzanladyşlardan soň «iPhone» smartfonlarynyň satuwy artdy

«Apple» üçin iň möhüm bazarlaryň biri hasaplanýan Hytaýda kompaniýa tarapyndan smartfonlaryň we beýleki önümleriň bahalary arzanladylandan soň «iPhone» smartfonlarynyň satuwy 52% artdy. Şeýlelikde, Hytaýda «iPhone 15» smartfonlarynyň bahasy 320 dollara çenli arzanlady.

Türkmenistanda kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasy işlenip taýýarlanylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag we kommunikasiýalar pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kosmos pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, hemra aragatnaşygynyň täze hyzmatlaryny döretmek, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşmak maksady bilen, Kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär.

IT hünärmenleri döwletleriň häkimiýetlerini kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek üçin birleşmäge çagyrýarlar

«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara forumynyň işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde 15-nji maýda geçirilen «Geljegiň kiberhowpsuzlygy: sanly immunitetiň ýolunda» atly mejlisiň netijeleri boýunça metbugta maslahatyna gatnaşyjylar internetde howpsuzlygy üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň zerurdygy hakynda ylalaşdylar. IT pudagynyň wekilleri forumyň hyzmatdaşlygy ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin täsirli meýdança bolandygyny bellediler.

Ilon Maskyň «xAI» emeli aň kompaniýasy superkompýuter gurar

Amerikaly işewür Ilon Maskyň eýeçiligindäki «xAI» kompaniýasy özüniň «Grok» atly emeli aň botunyň işlemegini üpjün etmek üçin şahsy kompýuterini gurmagy maksat edinýär. Milliarder bu barada ýakynda maýadarlar bilen bolan duşuşygynda habar berdi. Superkompýuteriň indiki ýylyň güýzünde iş girizilmegine garaşylýar. Enjamda emeli aň ulgamynda ulanylýan maglumaty gaýtadan işleýiş merkezleriniň çipleri üçin bazarda öňdebaryjy orny eýeleýän N«vidia H100» tizlendirijileri ulanylar.

Höwesjeňler «Archie» atly ilkinji gözleg ulgamynyň işini dikeltdiler

Höwesjeňler «Archie» atly ilkinji gözleg ulgamynyň işini dünýä derejesinde gaýtadan dikeltmegi başardylar. Oňa elýeterlilik «Serial Port» web saýtynda peýda boldy. Bu gözleg ulgamy heniz ulgam inženeri Alan Emtaž tarapyndan internetiň döredilmeginden öň peýda bolupdy. Şol döwürde köp sanly kompýuterler eýýäm fiziki torlara birikdirilipdi. Maglumatlaryň köpüsi FTP faýl serwerleriniň üsti bilen ýaýradylýardy we «Archie» olary gözlemek üçin ilkinji programma boldy.

Ýaponiýada 6G ulgamynda maglumatlary 100 Gbit/с tizlik bilen geçirdiler

Ýaponiýadaky kompaniýalar topary altynjy nesil öýjükli aragatnaşyk ulgamlary üçin dünýäde ilkinji ýokary tizlikli sim geçirijisiz ulgamyň synagyny amala aşyrdy. Olar 100 metr belentlikde 90 metr aralyga maglumatlary 100 Gbit/с tizlik bilen geçirmegi başardylar. Munuň özi ykjam aragatnaşygyň bäşinji nesli üçin iň ýokary görkezijiden hem 10 esse uludyr. Meselem, şeýle tizlik şol bir wagtyň özünde HD formatyndaky 5 filmi bir sekuntda geçirmäge mümkinçilik berýär.

Sanly bilimde özara hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak babatda netijeli işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesle dünýä derejesinde bilim we terbiýe bermek bilen baglanyşykly tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, orta hünär okuw mekdeplerinde hem okatmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny işjeň peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Orta hünär okuw mekdeplerinde okuw-usuly işleriniň alnyp barlyşyny, resminamalaryň ýöredilişini kämilleşdirmek maksady bilen, ugurdaş ýokary okuw mekdepler bilen hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi bilen şeýle hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu babatda bilelikde guralýan okuw-usuly maslahatlara uly orun degişlidir. Golaýda Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň hünärmenleri bilen geçirilen okuw-usuly maslahatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak, uzak aralykdan okatmagyň usulyýeti, programma üpjünçiligi, «Moodle» bilim portalynyň işleýşi we aýratynlyklary, tebigy, taryhy we medeni ýadygärlikleri fotogrammetriýanyň esasynda VR we AR görnüşlerde öwrenmegiň mümkinçil

Kiberhowpsuzlyk boýunça halkara kiber çempionaty: “Türkmentelekom” topary üçünji ýeri eýeledi!

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmentelekom” topary 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15-22-nji maýy aralygynda geçirilen Maglumat howpsuzlygy boýunça halkara kiber çempionatynda hormatly üçünji orny eýeledi. Çempionat 25 ýurtdan 40 topar ýygnap, kiberhowpsuzlyk ugrundaky iň uly ýaryşlaryň birine öwrüldi.Hakyky kiber howplary simulasiýa edýän çylşyrymly meseleleri çözmek bilen, bäş hünärmenden ybarat “Turkmentelekom” topary öz maksatlaryna ýetdi. Bu üstünlik, agyr türgenleşigiň, utgaşdyrylan we toparlaýyn işiň netijesidir.