"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Durmuşyň gülleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ol maksatnamalaýyn işler ýurdumyzda çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, belent ahlak häsiýetinde terbiýelenmegine oňyn ýardam edýär. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen üstünlikli özgertmeleriň alnyp barylýandygyny äşgär edýär.

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Hal­ky­my­zyň göz­ba­şy­ny ga­dym­dan alyp gaýd­ýan baý me­de­ni mi­ra­sy, mil­li däp-des­sur­la­ry bar. Bu gym­mat­lyk­lar ne­sil­den-nes­le ge­çip has-da kä­mil­le­şip­dir. Şo­la­ryň bi­ri hem maş­ga­la gym­mat­ly­gy­dyr. Hal­ky­myz­da maş­ga­la ter­bi­ýe­si­ne aý­ra­tyn uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Wa­ta­na, il-gü­ne bo­lan be­lent söý­gi maş­ga­la ter­bi­ýe­sin­den baş­lan­ýar. Maş­ga­la döw­le­ti­mi­ziň, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň il­kin­ji dü­zü­mi­dir. Ha­wa, hal­ky­my­zyň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si­niň mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy öz goş­gy se­tir­le­rin­de: «Hu­da ber­se sa­ga­dat­ly bir per­zent, gar­ry­gan ça­gyň­da ýaş eder se­ni» diý­ýär. Per­zen­diň sa­ga­dat­ly­ly­gy maş­ga­la oja­gyn­dan baş­lan­ýar. Ça­ga­jyk he­niz nä­mä­niň nä­me­di­gi­ni bil­me­ýän wagt­la­ry eje­si­niň ak ar­zuw­la­ra eý­le­nen hüw­düsi­niň owa­zy bi­len ulal­dyl­ýar. Ol per­zen­di­niň leb­ziha­lal, tu­tan­ýer­li, myh­man­sö­ýer bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ala­da­lan­ýar. Ça­ga esa­sa­nam ýaş­lyk­dan gö­ren gö­rel­de­si­ne eýer­ýär. Onuň edep-ter­bi­ýe­si­niň düýp bin­ýa­dy hem ter­bi­ýä­niň il­kin­ji bas­gan­ça­gy ha­sap­lan­ýan he­mem ke­ma­la gel­ýän maş­ga­la­dan göz­baş al­ýar. Şun­da ata-enä­niň ýag­şy gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri per­zent­ler üçin dur­muş mek­de­bi bo­lup dur­ýar.

Maşgala bagty (oýlanma)

Ata-babalarymyz: «Maşgalam – baş galam» diýen parasatly pähime eýerip, maşgala binýadynyň berk bolmagyny tekrarlapdyrlar. Biz köplenç maşgala bagty baradaky pikirleri aňymyzda aýlaýarys. Bagt hakynda aýtmaga söz kän, emma ony düşündirmek biraz kyn. Ynsan üçin bagt ummasyz baýlykdyr. Eýsem, bagt, bagtly maşgala diýmegiň özi näme? Meniň pikirimçe, ol ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesinden ýöremek, çagalaryňda iň gowy häsiýetleri terbiýeläp, ilhalar adamlar edip ýetişdirmek, töwerek-daşyňdakylaryň seniň maşgalaňy döwletli, agzybir saýyp, her bir işde ondan görelde almagymyka diýýärin. Sebäbi gözel dünýäniň owadanlygy şol zatlardan başlanýar. Halkymyzda gyz maşgala «kişi maşgalasy» diýip, ýöne ýerden baha berlenok. Sebäbi gyz maşgala ertirki ene, bir döwletli ojagyň eýesi, öý bikesi. Enelerimiz gyzlaryny ertirki durmuşa talabalaýyk taýýarlamaly. Gyz maşgalanyň baran öýi bilen ysnyşmagy, ol öýe mährini, söýgüsini siňdirmegi, ýanýoldaşy, we onuň hossarlary, daş-töweregi bilen agzybir, sylag-hormatly bolmagy onuň ertirki gündäki bagtyna gönezlik bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda türkmen halkynyň gadymy ruhy-ahlak we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlygyň aýdyň nusgasy bolup durýan käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gürrüň berilýär. Arkadagymyzyň bu kitaby biz ýaşlar üçin eziz enelerimize hormat goýmagyň we olary sarpalamagyň bele

Zenan mertebesi — döwrüň buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly kepillendirilýär. 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasy kabul edildi. Onuň maksady jemgyýetiň ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda gender çemeleşmeli döwlet syýasatyny işläp taýýarlamagyň ýagdaýyna we ony durmuşa geçirmäge geljekki ösüş gurallaryny ornaşdyrmagyň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň jyns alamaty boýunça hukuk kemsitmeleriniň ýüze çykmagyna ýol bermezlige gönükdirilen hereketleriniň utgaşdyrylmagy bilen gender deňliginiň üpjün edilmegi we durmuşyň ähli ulgamlarynda aýallaryň we erkekleriň şahsy mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegini üpjün edýän şertleriň döredilmegi bolup durýar.

Zenan mertebesi belentdir

Gadymy döwürlerden bäri nesil dowamatynyň we maşgala ojagynyň bezegi hasaplanýan zenanlara aýratyn hormat we mähribanlyk bilen garalypdyr. Türkmenistanyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan tapyndylar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Tapylan heýkeljiklerde görünýän zenan keşplerinde olaryň geýnişi, edep kadasy hem-de olaryň jemgyýetdäki we maşgaladaky orny babatda çaklamalary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu çaklamalara heýkelleriň uzyn köýnekde, baş daňylarynda, ýaşmakda ýa-da tahýaly bolmagy hem-de golaýynda ir-iýmişleriň şekilleriniň görkezilmegi düýpli esas döredýär. Zenanlarymyz özleriniň el işleri, edep kadalary, durmuş ýörelgeleri bilen öz sarpalaryny belentde saklapdyrlar. Türkmenleriň zenanlary ýüzüniň tuwagy hasaplamagy, olary ajaýyp şaý-sepler bilen bezemegi, her bir işde zenanlara maslahat salynmagy, toý dessurlarynda eneleriň beýemçiligine hormat goýulmagy şu günlerimizde hem dowam edýär.

Myhmanym — mertebäm

Halkymyz toýlaryny toý, baýramlaryny baýram şekilli bellemegi başarýar. Türkmen toý toýlasa, ýüregiňe täsin şatlyk, kalbyňa ruhubelentlik aralaşýar. Göýä diýersiň, çagalyk ýyllaryňa dolanan ýaly duýgulary bagyş edýän milli baýramlarymyzyň, özboluşly toýlarymyzyň ýakymly täsiri çäksiz. Ata-babalarymyzdan gelýän gadymy däp-dessurlarymyza hormat goýmak, ony mynasyp dowam etdirip, nesilden-nesle geçirmek halkymyzyň baş maksady. Gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyzyň hatarynda myhman garşylamak, myhmana mynasyp hödür-kerem etmek halkymyzyň wajyp hasap edýän dessurlarynyň biridir. Toý-baýramlarda adamlar birek-birege myhmançylyga baryp, bir-birine saçak başynda ýagşy arzuw-dileg edýärler. Çünki halkymyz «Myhman ataňdan uly», «Myhman geler işikden, rysky geler deşikden» diýen ýaly onlarça aýtgylary döredip, myhmany aýratyn sarpalap gelipdir. Myhman garşylamagy söýýän halkymyz gadymy döwürlerden bäri gelim-gidimli öýi döwletli ojak hasaplapdyr. Bu, hakykatdan-da şeýle. «Göwün göwünden suw içer» diýlişi ýaly, aňyrdan gelen myhman öý eýesiniň güler ýüzüne, hoşamaý sözüne mätäçdir. Adam mähir tapýan ojagyna dolanagan bolýar. Ynsana berilýän ruhy goldawyň ähli däri-dermandan haýyrly bolýandygyny biz bilýäris. Gerek ýerinde menikli maslahatlary bilen gerdeniňdäki ýüküňi ýeňledip bilýän dogan-garyndaşlara, dost-ýarlara myhman baranyňda ugruňda hozanak bolýarlar.

Gadymy çaga eşikleri

Türkmen halkynyň milli ýörelgeleri, däp-dessurlary örän gadymylygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Asyrlardan aşyp, kämilleşdirilip gelen milli gymmatlyklarymyzyň biri-de milli çaga egin-eşikleridir. Ene-mamalarymyzyň sünnäläp tiken el işleri üstünden ençe asyr geçse-de, özüniň keşbini, owadanlygyny, reňk öwüşginini ýitirmeýär. Türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, yrym-ynançlaryny, medeniýetini, ýaşaýyş-durmuşyny özünde jemleýän milli lybaslar döwre görä kämilleşip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu babatda çaga egin-eşiklerini öwrenmegiň ähmiýeti uludyr. Çaga eşikleri uly adamlaryň eşigine meňzeş bolup, bezeliş aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Olaryň lybaslary täsin we özboluşly bolýar. Çaga eginbaşlary barada hüwdi setirlerinde: Akja bilekli, ballym, Mahmal gadakly, ballym,Ulalyp alym bolsa,Ile gerekli, ballym –

Bilgirjä sowal

— Bilgirje, garpyz-gawundan, miwelerden, ir-iýmişlerden we gök-önümlerden owadan şekilleriň ýasalyşy barada gürrüň beräýseň... Mähriban çagalar, saçaga alnan tagamyň ýörite bezelmegi şol tagamyň süýji hem işdä has ýakyn görünmegine öz täsirini ýetirýär. Irki döwürlerde Gündogar ýurtlarynda patyşalaryň, soltanlaryň, imperatorlaryň saçagyny bezemek üçin köşklerde ýörite adamlar hyzmat edipdirler. Olar miweleri, ir-iýmişleri we gök önümleri şeýle bir sünnäläp bezeýän ekenler welin, daşary ýurtlardan gelen ilçilerdir myhmanlar tagamlaryň daşky görnüşine haýran galýan ekenler. Soňra orta asyrlarda bu sungat Ýewropa ýurtlaryna hem ýaýrap başlapdyr. Ýokary gatlagyň maşgalasyna degişli bolan ýaş gyzlara bu sungat ýörite hünär hökmünde öwredilipdir.

Kitabyň arasynda goýulýan bellikçe

Mähriban çagalar, hemmäňize edebiýat dersinden okadýan mugallymlaryňyz tomusky dynç alyş möwsüminde okamaly kitaplaryňyzyň sanawyny beren bolsa gerek. Kitap okanyňyzda bolsa galan sahypaňyzy bellemek üçin ýörite bellikçeler ulanylýar. Geliň, hemmämiz bilelikde kitabyň arasynda goýulýan bellikçäni ýasamagy öwreneliň! Gerekli esbaplar:

Üljeli we limonly şerbet

Gerekli önümler: • 500 gram ülje;

Oýlan, pikirlen!

Täsin hasaplamalar 12345679 x 9 = 111 111 111

Edep­li ile ýa­rar

Kal­by­my­zy we da­şy­my­zy gur­şap alan bu owa­dan te­bi­ga­ty mil­li ruh­da, çe­per sun­gat ar­ka­ly wasp et­mek üçin ze­nan­la­ra el zäh­me­ti­ne bo­lan ukyp, dö­re­di­ji­lik­li çe­me­le­şiş, dü­şün­je­li üşük be­rlip­dir. Bu ba­bat­da ze­nan­lar göz­le­ri­niň gör­ýän we gö­wün sö­ýen aja­ýyp­lyk­la­ry­ny el iş­le­ri­ne, gaý­ma­la­ra­dyr keş­de­le­re ge­çi­rip, duý­gu­ly dün­ýä­niň gö­zel­lik­le­ri­ni ba­ky ýa­şad­ýar­lar. Ada­myň kal­by we göw­ni gö­zel­li­ge aşyk. Gö­wün teş­ne­li­gi­ňi gan­dyr­ýan şol gö­zel­lik­le­riň ag­la­ba­sy yn­san el­le­ri­niň zäh­me­ti bi­len ke­ma­la gel­ýär, gözelligi bol­sa adam­la­ra te­bi­gat ba­gyş ed­ýär.

Döwletliligiň gözbaşy

Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Watanymyzda amala aşyrylýan her bir iş, belent tutumlar köňülleriň guwanjy bolan şadyýan çagalaryň bagtly geljegine gönükdirilendir. Ynsanyýet durmuşynda çagalaryň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni, 20-nji noýabrynda bolsa Bütindünýä çagalar güni bellenilýär. 1946-njy ýylda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) häzirki wagtda dünýäniň 190-dan gowrak ýurdunda çagalaryňdyr ýaş raýatlaryň goraglylygyny, sagdynlygyny we bilimliligini üpjün etmek ugrunda iş alyp barýar.

Nepis sungatyň us­sa­dy

Dö­re­di­ji­lik ýo­ly syr­ly wa­ka­lar­dan pü­re-pür türk­men özü­niň mil­li buý­san­jy­ny adam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň sa­na­wy­na go­şup, ta­ryh­da my­na­syp yz gal­dy­ran halk. Onuň pä­him-paý­ha­sa, yl­ham-joş­gu­na ýug­ru­lan bu ýo­ly kal­byn­da dür­le­re bes­le­nen­dir. Gö­zel­lik­den yl­ham alyp, da­na­ly­ga gul­luk eden türk­me­niň bu ýo­lu­nyň göz­ba­şyn­da mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry hiç bir mil­let­de gaý­ta­lan­ma­ýan öz­bo­luş­ly gym­mat­lyk­la­ry­myz ýyl­dyz­lar ki­min dün­ýä şöh­le saç­ýar. Na­gyş­la­ry urp-adat­ly, dur­muş-ta­ryh­ly ha­ly­sy, ýel­den ýüw­rük dal be­de­wi, hoş owaz­ly gaz­ma du­ta­ry, we­pa­dar ala­ba­ýy, küşt­dep­di­si..., ga­raz, pe­der­le­ri­mi­ziň paý­ha­sy bi­len dün­ýä inip, türk­men hal­ky­nyň göz gu­wan­jy­na öw­rü­len ol ga­dy­my gym­mat­lyk­lar­da ba­ky­lyk şöh­le­len­ýär.

Ata mähri

Merjen ata-enesiniň ýekeje gyzydy. Ol özüni bileli bäri kakasyny örän gaharjaň hasaplaýardy. Ol ejesi ýaly däldi, sähel zada gaharlanardy. Merjen ilki kakalar şeýle bolmalydyr diýip düşündi. Ýöne ulaldygyça goňşy ýaşaýan joralarynyň, synpdaş gyzlarynyň gürrüňlerinden kakalaryň hemmesiniň beýle däldigine göz ýetirip ugrady. Kakasyny olaryň kakalary bilen deňeşdirip gördi. Netijede, gyzjagazda, «Kakam meni gowy görmeýär» diýen pikir döredi we muňa gaty gynandy. Merjeniň ejesi mylaýym, salyhatly zenandy. Özem ökde tikinçidi. Merjen okuwdan boş wagtlary ejesiniň ýanynda bolup, tikin tikmegiň inçe tärlerini öwrendi, nahar bişirmäge, dürli işdäaçarlary taýýarlamaga ökdeledi. Ejesi her gezek orta nahar alnanda: «Merjen jan bişirdi, gyzyň, tüweleme, basym aşhananyň işini elimden aljak» diýip, Merjeni öwse-de, kakasy sesini çykarmazdy. Merjen oňa-da gynanardy. Ýöne syr bermezdi. Içinden welin, kakasynyň öwgüli sözlerine näler garaşardy.

Uýa bolmak bagty

Bezirgen ýaly begzada ýigidiň Görogly bege ýüzlenip: «Aýsoltan diýen uýam bardyr» diýip, buýsanç bilen aýdan jümlesi gyz uýalara bildirilýän uly ynamdyr. Uýa. Tebigaty boýunça näzik, mähriban hem eziz ynsan. Onuň tarypyny şahyr şeýle wasp edýär: Päk dünýäm siz, geregim siz,Güllere jan berenim siz,Bagt gülünden çemenim siz,Mähriňizden boý alanym,Uýalarym, uýalarym!

Maşgala mukaddesligi

Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýaşan Ata Salak ady bilen adygan doganoglanymyň nurana keşbi henizem göz öňümde dur. Ol öz döwründe iliň-günüň alkyşyny alan adamdy. Ol alty ogul, dört gyzyň atasydy. Haçan-da ata-ene öz ýerinde berk duranda döwletli maşgala kemala gelýär. Bu maşgalanyň hem berk, tertip-düzgünli bolmagynda gelnejem Baýrambibiniň hem uly paýy bardy. Sebäbi maşgala sütüniniň berdaşly bolmagy, ilki bilen, şol öýüň bikesine baglydyr. Aradan ençeme wagt geçen hem bolsa, gelnejemiň öz ogul-gyzlaryny daşyna üýşürip: «Atanyň çagalary ýaly çagalaryň bolaýsa diýdirseňiz, men sizden iki dünýe razydyryn» diýýän sözleri häzirem gulagymda ýaňlanyp dur. Ata Salak ömrüniň köpüsini söwda merkezinde işledi. Ol: «Arassa, halal işläň. Adamlaryň göwnüne degmejek boluň. Özüňizi gaýgyrman olaryň ýumuşlaryny bitirjek boluň. Güler ýüzüňizi, süýji sözüňizi adamlardan gysganmaň. Adamyň jinnek ýaly göwni bardyr» diýip, perzentlerine sargyt ederdi.

Öý bikesi öwrense...

MIWELI ŞERBET Gerekli önümler:

Wagyz-nesihat çäresi

Maşgala ojagynda çaga terbiýesi Ýakynda etrabyň Mülkamaşa geňeşliginde TMÝG-niň etrap geňeşi TDP-niň etrap komiteti, TAP-nyň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi bilen bilelikde oba ýaşaýjylarynyň arasynda “Nesil terbiýesi — maşgalanyň baş galasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. “Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, ogul atadan görelde almasa, saçak ýazmaz” diýlişi ýaly, nesilme-nesil geçip gelýän pähimler terbiýeçilik mekdebiniň özboluşly ýollaryny goýupdyr. Edep-terbiýäniň ilkinji düzgünleri maşgalada öwredilýär. Çaga asylly terbiýe bermekde esasy şertleriň biri-de maşgaladaky agzybirlikdir. Eneler bizi geljege ruhlandyrýan, güýç-kuwwat berýän beýiklikdir. Şonuň üçin halkymyzyň maşgala ojagynyň geljekki eýeleri boljak gyz çaganyň terbiýesine uly üns berýändigi bellenilip geçildi.

Dünýe malyna berimsiz baýlyk

Maşgala bagtyýarlygy, maşgala asudalygy dünýe malyna berimsiz baýlykdyr. Maşgala — bu uly bir institut diýsek-de bolar. Döwlet özüniň raýatlaryny jemläp, bir bitewi ýurdy emele getirýän bolsa, maşgala hem öz agzalaryny jemlemek bilen, şonuň kiçijik şahasyny emele getirýär. Döwletde akylly-başly, ylymly adamlaryň köp bolmagyna bolsa, ilki bilen, maşgala mekdebinde berlen terbiýäniň täsiri uludyr.  Bir wagtlar bir adam: «Men özümi maşgalamda rahat we şadyýan duýýandygym üçin, işimde we beýleki gatnaşyklarda bolýan kynçylyklary ýeňil kabul edýärin» diýipdir. Abram Linkoln bolsa bu barada: «Eger adam özüni öz öýünde rahat duýýan bolsa, şol adam bagtlydyr» diýip belleýär. Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalada är-aýalyň hem-de olaryň çaga terbiýesi babatdaky hukuk gatnaşyklary kesgitlenen hem bolsa, är-aýalyň birek-birege hormat goýmaklarynda, özara düşünişip ýaşamaklarynda jemgyýet tarapyndan kabul edilen — ýazylmadyk kadalaryň bardygy hukuk gatnaşyklaryň milli binýadydyr.